1924-nji ýylyň maý aýynda 83 ýyl mundan ozal Türkmensährada Jemhuriýet
düzgüny yglan
edylyär. Bu Jemhuriýet Türkmen ýaşullaryň we ahunlaryň maslahty
bilen Omçalda dörän şuranyň tarapyndan
yglan edilýär.
Döredilen Şura
ýaşullardan Hojaniýaz han, Göky Sofy , Jänmät
han we beýlekiler;
we Ahunlardan bolsa
welijan Ahun, Rejeb Ahun we Osman Ahun gatnaşypdirlar. Şuranyň
agzalarnyň adlary taryhda sept bolypdir we olar öz arasyndan Osman
Ahuny
Jemhuri başlygy edip saýlapdirlar.
Osman Ahun kim?
Taryhy
çeşmeleryň berýän maglumatlarna görä Osman Ahun bilimli we beýik mertebeli
adam bolypdir. Ol 1867-nji ýylda Kümişdepede enden dogupdyr. Buharanyň
göklydaş medresesynde okapdyr we okuwy gutarandan soň öz
halkynyň Arasyna gelyp Mektep açyp türkmen çagalarny mektepde
okadypdyr. Osman Ahun syýasy taýdan hem ösen we tejribely adam
bolupdyr. Ony Türkmensahra Jemhurysnyň
ýollabşçylarnyň Eýranyň Merkezy Hökumetinden eden talablaryndan
aňlap bolyär.
Osman Ahuny tanaýän adamlar
we ony ýakyndan gören käbir ýaşullar häzyr arada we Türkmensährada
ýaşaýärler.
Eýran Türkmenlernyň taryhny
öwrenýän adamlar ýäde olaryň ýakyn taryhy barada barlak işini geçirýänler
Osman Ahunyň ýolbaşçylygy baradada soňky wagtlarda azda bolsa maglumat
berýärler.
Türkmenleriň islegleri
we merkezy hökumetden talablary
Täze
dörän Türkmensähra jomhurýeti öz
isleglerne parahatçylyk ýol bilen ýetmäge niýet etýär. Türkmenler öz ilçilerni
merkeze (Tährana) ýollaýarlar. olaryň käbir islegleri şular bolupdyr:
1. Türkmensahrada Goşunug ýolbaşçylary ýerli ilatdan bolmali.
2.
Türkmensähraň ekin ýerleri türkmenlere
berlmely.
3. Maşatda 28 sany
günäsiz ýatan türkmenler tussaghanadan azat bolmaly.
4. Türkmenleryn ýaraglary öz
ellerinde galmaly.
Türkmensähra Jemhurýetinden
gazanylan Tejribeler
Iran
Türkmenlerniň ilkinji gezek Türkmensährada öz ýerli hökmetini dörtyär we bir
ýyl ýaryma golaý dowam
etýär. Ýöne
türkmen Serkerdeleri bir näçe ýyl öz söweşlerni Riza şaň
garşysyna dowam etdirdýärler. Türkmenleriň gozgalaňy we eden Hreektleri
hiç bir ýere bagly bolmandyr. Iran Türkmenleri birinji gezek Iran
Taryhynda Jemhuri
Düzgünniň döremegny teklip etýär şonuň üçin hem olaryň eden
syýasy hereketi bir progresiw häsiýete eýe bolýar. Başga bir häsiýeti Türkmen
Tiýre Taýpalaryň birleşdirmegi bolýär.
Jemhurýetyň ykbaly
Türkmensährada dörän Jemhurýeti Riza
Şa Pählewiýniň tarapyndan gahar gazab bilen
basylyb ýatyrlaýär. Iran Türkmenleryde ýurdyň başga miletlery ýaly tarýh
boýy eýeläp gelýän özerkinliklerni elden berýärler. Köp sanly Türkmenler bolsa
Riza Şaň hökmetiniň tarapyndan atylýär ýäde tussaga edilýär.
Ýuwurtde bolsa
parslaşdyrma prosesy zor billen gün tertibne girýär. Eýran halklary
öňkidende beter gysylýär. Täze dörän ýagdaýa jydamany köp sany Türkmenler bolsa
öz dogdyk mekanlarny terk edip gidmäge mejbur bolýärler.
Merkezleşen Riza şanyň
hökumety Pars dilini Türkmensahrada-da resmi dil etýär.Türkmen Milli egin
eşikleriň geýlmegi gadagan bolýär hatta käbir
Taryhy çeşmeleriň
berýän maglumatlarna görä gök çaý içmek hem gadagan bolýär.
Merkezi hökmet Türkmensähra
Jemhuriýeti ýeňylenden soň Türkmen jemygatnyň tertib düzgünni
degişdirmek üçin Hezaralary göçürp getirýär.
Ynha
83 ýyl Türkmensährada Jemhuriýet yglan edilenden
geçdi. Eýranda ýaşaýan Türkmen ildeşlermize ýakyn Taryhyna degişly wakalar barada
az maglumat berilyär.
Osman Ahun we Türkmen ýaşullary dindar
adamlar bolsalarda olar hiç haçan Eýranda tanadylmaýär. Türkmen taryhçylarnyň
we Alymlarnyň bir borji şu möhüm taryhi waka
barada maglumat
beryp Jemhuriýet günini Türkmensährada belläp geçmekleridir.
|