Bahar (Nowruz) baýram gutly bolsun
 
Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,
 edirler awaz urup, dag kylar duman peýda,
 bijanlar jana girip, edirler dahan peýda,
 wabeste dahan guşlar kylarlar zaban peýda.
Magtymguly
 
Ir zamanlar-dan bellenip gelinýän BAHAR( NOWRUZ) baýramy,  ähli Ildeşlere hem watandaşlara tüýs ýürekden gutlamak bile hemmelerine jan saglyk we gün saýin üstünlikler arzu etýäris.
 
Taryhyň çümişinde,  ynsanlar gaty ir wagtlar dan bäri ýaz( bahar) pasly gelende tebigatda başlanýän ýakymly üýtgemeleri toý tutup garşy alypdyr. Emma  ynsan toplumlary tebigatda gaýtalanap duran bu özgerişigi, “tagwim jelali“ adly kalandar düzilene çenli haýsy gün başlanýanlygyny bilmäni bir- iki aýyň inçinde aýry-aýry günlerde baýram geçirip gelipdirler.
Bu mesele ilkinji gezek Türkmen soltany Jelalätdin Mälikşa Saljugynyň beren buýrugy bile hijiri-şämsi kalandary döredilende çözilipdir. Ol kalandarda gyşyň soňynda gije bile gündiziň deňleşen wagtyny ýaz paslyň hemde hijiri-şämsi ýylyň başlanýan wagty edilipdir,  we 21-nji Mart gününe gabat gelýän şol güne NOWRUZ ady berilipdir. 
Hijiri-şämsi kalandary boýunça üstümizdäki 2005-nji milady ýylyň bahar paslynyň başlanmagy bile, 1384-nji hijiri-şämsi ýyly hem-de Nowrz baýramy başlanýar.  Biz, ähli Türkmenlere hem  watandaşlara  täze hijiri-şämsi ýyly we Nowruz baýramy gutlamak bile  ýagşy arzular doga edip dileýäris.
   edebiýat-we-sungat.com internet sahypa 
 “Türkmen edebiýat we sungat” paltak otogyň adminleri
 
18-3-2005 ( 28-12-2005)
 

       [ Baş sahypa ]            [ Çap ]             [ Dostuňa ýolla ]

turkmensahra.org