Gutlag hatymyz
40 ýyl medeni-edebi gullygyň, hormatyna tutulýan toý gutly bolsun

SAWÇY şahyryň türkmen edebiýata we sungata eden hyzmatyny
hormatlap Akgala şäherinde geçiriljek toý – dabara
40 ýyl medeni-edebi hyzmaty homatlap geçiriljek toý-dabara, gutlag hatymyz:

Sawçy şahyryň medeni-edebi gullygyny hormatlap
toý-dabara gurnajak setadyň hormatly agzalary !

Biz, edil toýa gatnaşyp duran hal-howa bile, 40 ýyl medeni – edebi hyzmaty hormatlap tutýan toýyňyzy tüýs ýürekden gutlaýarys we arzu-dogalarmyz hasyl bolsun diýip Beýik Taňry dan dileg etýäris.

Hormatly Settar Sowgy Türkmensahramyzyň
köp döredijlikli söz ostady we tanymal şahyry !

Milletimiz Sizi 40 ýyldan gowyrak bäri, ýany ynkylabdan öň hem soň, uruş we ondan soňraky döwirlerde, umuman ýaşýyşyň dürli şertlerinde, ýürek dugy-larňy hem düşinjäňy ýaňlandyrýan goşgylarňyz bile öz ýanlaryda görip geldiler we ýenede görip durjaklaryna biz ynanýarys. Şu ynamy janyňyz sag, we başyňyz dik bolup ýaşadyp hem ösdirip durmak, biziň tüýs ýürekden etýän arzu-doalarmyz dandyr.

Soňky günlerde Latif Izedi we Nurberdi Iri daxyň Siziň hem eserlerňiziň aýratynlyklary hakynda ýazanlaryna goşulyp, ýene bir uly aýratynlygyňyza degip geçjek bolýarys. Biz, Siziň esasy aýratynlygyňyzy Magtymguly atamyza we onuň atasy hem ostady Döwletmämed Azadyýa goýýan sarpaňyzda we olardan öz boluşly görelde almagy başarşyňyzda görýäris.

Şu ýerde Magtymguly atamyza geçirilýän ýadlama dabaralarynda we Aktokaý kerwenlerinde işeňňir gatnaşýanyňyzy dile getirip, 1367-nji ýylda ýüzlenip ýazan goşgyňyz dan nusga getirmek ýerliksiz bolyp bilmez:

“ Sözim gysga bagyşla söz gutardy,
bolyp bilmez beýikligiňe ýeterli,
kiçi sawgat kiçi göwnimiň dagy,
Kabul et sen Magtymguly Pyragy.”

Toýy ýene bir gezek gutlamak bile ömriňiziň uzyn bolmagyny hem günsaýin üstünlik gazanyp durmaklarňyzy arzu-doa edip dileýäris.

Hormatlamak bile

edebiýat we sungat internet sahypasy we
Matymguly adyndaky türkmenkultur ojagy,
Tuerkmen edebiýaty we sungaty paltalk otogy .


Alman, 08-11-83(27-01-2005)
 

       [ Baş sahypa ]            [ Çap ]             [ Dostuňa ýolla ]

turkmensahra.org