| Turkmensahra |
ترکمنصحرا |
Dr. Araz Parwiş bilen söhbetdeşligiň 3-nji bölegi
Mahmut Kaşgarly
kim?"Diwan Lugati't-Türk" nähili ktap?
TS. Öňki söhbetdeşliklerde Mahmut Kaşgarlynyň
bize miras goýan gymmatly eserine käbir salgylanmalar bolsa-da, gürrüň umuman
alymyň özi barada boldy. Bu gezek onuň eseri "Diwan Lugati't-Türk" barada giňräk
maglumat beräýseňiz.
Söhbetdeşligiň başynda aýdyşymyz ýaly "Diwan Lugati't-Türk" nähili
kitap?
A.P. Mahmut Kaşgarlyny
dilçilik hem ylym dünýäsine tanadan "Diwan Lugati't-Türk" türki dilleriň bir ensiklopedik
sözlügidir. Alym bu eserini, öňki söhbetdeşlikler-de hem aýdyp geçişimiz ýaly,
1072 ýylda ýazmaga başlap, 1074-nji ýylda soňlapdyr. Ol muny Kaşgarda ýazypdyrmy
ýa-da Bagdatda? Bu soraga kitabyň özünde berilýän jogap ýok. Ýöne köplenç ol Bagdatda
ýazylandyr diýen pikirden ugur alynýar.
Nirede hem bolsa,
"Diwan Lugati't-Türk" bir-iki ýylyň içinde ýazyp boljak kitap däl. Ozal aýdyp
geçişimiz ýaly, Mahmut Kaşgarly bu eserini ýazmak üçin ençeme ýyllap türki taýpalayň
arasyna birin-birin aýlanyp materiýal ýygnapdyr. Muny hem özi aýdýar. Soň hem
bu materiýallaryň üstünde işläp, arap diliniň düzgünlerine görä tertibe salyp,
ony bir sözlük edipdir. "Diwan Lugati't-Türküň" häzir dünýäde birje golýazmasy
bar. Ol hem türki halkaryň bagtyna tötänden tapylan zat.
TS. "Diwan Lugati't-Türkde"
türki sözlere arap dilinde düşündiriş berilýändigini aýdypdyňyz. Onda takmynan
näçe söz bar?
A.P. Kitap 2 bölümden
durýar. Birinji bölümde türki diliň umumy ulanyş düzgünleri barada arap okyjylaryna
maglumat berilýär. 2-nji bölüm hem mazmun taýdan gaty giň ýedi müň bäş ýüzden
artyk söz we söz düzümlerini öz içine alýar. Alym her bir sözi harplaryň az-köplüne
görä, arapça bogun esasynda elipbiý tertibinde berip, sözleriň ulanylyş ýollaryny
doly bildirmek üçin berk sözlemler gurupdyr. Kä ýerlerde hem getirilýän söze degişli
hikmetler, ata sözleri, guşak we şygyr ýaly serişdelerden peýdalanypdyr. Kaşgarly
halk dilini, köne dil, şeýle hem beýleki dil faktorlaryny bir bulak hökmünde ökdelik
bilen ýugrup beripdir.
TS. Kitabyň mazmuny
barada biraz durup geçsek. Alymyň türki halklaryň taryhy, geografiýasy, çeper
edebiýaty hakda giň maglumatlar berenligi aýdylár.
A.P. "Diwan Lugati't-Türkde"
okyjylar türki taýpalar bilen tanyşdyrylyp, olaryň taryhyna degişli gymmatly maglumatlar
berilýär. Kitabyň ýazylan mahallary taryha yslam filosofiýasy nuktaýynazaryndan
baha bermek birinji orunda durýardy. Ýöne Mahmut Kaşgarly bu dini-idea çäklendirmelere
garaman, bu halkara degişli taryhy wakalary beýan edeninde başartdygyndan olary
bolşy ýaly edip bermäge synanyşypdyrr. Onuň aýdyp geçen ýagdaýlary arap, pars
syýhatçylarynyň ýatlamalaryna, Hytaý dilindäki taryhy kitaplarda bellenen käbir
wakalara ters gelenok-da, köplenç olaryň bolup geçen ýerlerini anyklamaga kömek
bolýar. Eserlerini arap dilinde ýazan awtorlaryň arasynda Mahmut Kaşgarly Orta
Aziýa halklary dogrusynda berýän maglumatlaryny ýeke kitaplar däl, eýsem halk
arasyndaky janly faktlar ve rowaýatlar esasynda döreden ýeke-täk awtordyr.
Kitapda türki tire-taýpalaryň
ýaşaýan ýerleri, aýratyn-da Garahanlylar topragy, şeýle hem türki taýpalar bilen
goňşy illere degişli geografik atlaryň tanymallary berilýär. Kähalatda hem bular
ýeke bir at hökmünde berilmän, eýsem käbir möhüm wakaryň üsti bilen has içgin
aýdyňlaşdyrylýar. Onuň dürli şäherler barada berýän gysgaça maglumatlarynyň üsti
bilen biz ozal bilmeýän köp wakalarymyzy bilip galýarys.
Mysal üçin Mahmut
Kaşgarly şol wagtlarda yslam dinine girmedik gündogar uýgurlaryň uly şäherlerini
birin-birin sanap geçýär. Aýratyn-da „Hakaniýe Ülkesini“ tanadanynda ýeke uly
şäherler däl, eýsem ownuk obalary, daglary we ýollary-da agzaýär. Yslam ýurtlaryna
degişli maglumatlary ýazanda Kaşgarlynyň arap-yslam materiýallaryndan peýdalanan
bolmagy mümkin. Ýöne türki halklaryň ýaşaýan ýerleri, ylaýta-da Garahanlylar geografiýasy
barada berlen maglumatlary onuň özüniň toplandygyna şübhe ýok.
Mahmut Kaşgary türki
halklaryň ýurt edinen regiýonlaryny ýer şary düşünjesi boýunça çak bilen karta
edip çyzyp-da beripdir. Awtoryň öz dili bilen aýdanyňda „daire“ diýip atlandyrylan
bu karta Aziýanyň şol döwre çenli düzülen iň kämil, iň gadymy kartasy bolup durýar.
Bu kartada daglar, deňizler, derýa we köller sada hem geometrik suratda şekillendirilip,
möhüm şäherler we dürli milletleriň oturýan ýerleri görkezilýär.
Edebiýat barada
bolsa,, kitapda köp sözleriň aňladýan manylary giňleýin düşündirilip, edebi bölekler
beriýär. Bu edebi bölekler türki halklaryň gadymy baý edebi mirasynyň ajaýp nusgalarydyr.
Türki halkar arasyndaky
Oguz Han, Afrasiýp ýaly gahrymanlar baradaky agy we öwgülerden Kaşgarly bize az
hem bolsa, gaty gymmatly bölekler beripdir.
"Diwan Lugati't-Türkde"
dürli temalar hakda jemi 242 edebi bölek bar. Bu edebi bölekleri mazmun we şekil
taýdan 4 bölege bölmek mümkin. Birinjisi, dessanlar, ýagny Tangutlar bilen bolan
uruş, tire-taýpalaryň özara çaknyşyklary, musulman „türklerň“ din sebäpli
Uýgurlara „Tatlara“ garşy alyp baran ýörişleri, Türgeşler we Ýabagular bilen bolan
söweşler, Dokguz Oguz taýpalarynyň birliginde durýan uly taýpalaryň özara oňuşmazlyklary
hakday dessanlardan bölekler. Ikinji, Alp Är Tuňa we ýene bir näbelli gahryman
hakdaky agylar. Üçünji, söýgi, zähmet, tebigat, watan, il-gün baradaky goşuklar.
Dördünji şeraply meýlisler, awçylyk baradaky goşuklar. Bu goşuklaryň käbiri gaty
irki zamanlary ýatladýar.
Kitapda berlen çuň
manyly sözler, ýagny hikmetler, nakyllar, ata sözleri 200-den ýokary. Bular dünýä
we durmuşa bolan garaýyşlary, uzak geçmişdäki jemgiýetçilik-ahlak kadalaryny şöhlelendirýän
sözlerdir. Şeýle hem türki halklaryň şol sanda türkmenleriň-de maddy we medeni
durmuşyna degişli diýseň ähmiýetli maglumatlar bar.
Dr. Araz Parwiş bilen söhbetdeşlik
Mahmut Kaşgarly
kim?
Diwan Lugati't-Türk" nähili kitap?
2-nji
bölüm
1-nji
bölüm
|
|
|
استفاده از
مطالب اين سایت با ذکر منبع بلامانع مي باشد |
|
|