| Turkmensahra |
ترکمنصحرا |
BU GÜN AVDY KULYNYÑ KYRKY
BELLENILÝÄR
Bu gün Türkmenistanyñ ilkinji
Daşary işler ministri, Türkmenistanyñ Birleşen Demokratiki Oppozisiýasynyñ baştutany
(ODOT) Avdy Kulynyñ dünýäden ötenine kyrk gün.
Avdy aganyñ kyrky diñe bir ýurduñ
içinde däl, eýse daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen toplumlarynyñ arasynda-da
bellenilýär.
Avdy Kuly külli türkmende –
ýurduñ içinde-de, daşynda-da, tutuş Orta Azyýanyñ oppozision töwereklerinde-de,
Halkara Hukuk gurmalarynyñ wekilleriniñ arasynda-da uly abraýyñ eýesidi. Ol
bu abraýy türkmen topragyna hem öz sözüne wepalylygy, arassa ynsaby, ygrary,
söz azatlygy, demokratiýa ugrundaky düşünjeli we mert göreşi bilen gazandy.
Avdy Kuly biziñ aramyzdan ir
gitdi. Ol entekler ýaşamalydy, göreşmelidi. Türkmen topragyna adalatly saýlaw
düzgünlerini, söz azatlygyny, demokratiýany getirmek ugrundaky göreşde bu gün
onuñ ýeri garalyp dur. Avdy aga entek göreşden ýadan adam däldi, onda bu göreşi
dowam etdirmek üçin hyjuw-da, gaýrat-da näçe diýseñ bardy. Ol entekler gojalygy-da
per bererli däldi. Emma duýdansyz gelen ajal ony biziñ aramyzdan sogrup alyp
gitdi.
Biz bu gün hormatly ýaşulymyz,
türkmeniñ söwer ogly Avdy Kulynyñ dünýäden ötmeginiñ kyrk gününi belleýäris,
onuñ ýasyny tutýarys. Avdy aga öz mertligi, durnuklylygy, salykatlylygy, arassa
ynsaby bilen türkmeniñ ýadynda ömürlik galar. Avdy Kulynyñ şahsyýetini biz diñe
Gaýgysyz Atabaý, Nedirbaý Aýtak, Şaja Batyr ýaly gerçekler bilen deñäp bileris.
Avdy aganyñ Türkmenistanda Adam
hukuklary, Söz azatlygy, Demokratiýa ugrundaky alyp baran göreşini bu gün diñe
bir onuñ Birleşen Demokratiki Oppozisiýadaky egindeşleri däl, eýse ähli düşünjeli
türkmenler, türkmenistanlylar dowam edýärler. Hakyky demokratiki gymmatlyklar
ugrundaky bu arassa, ynsaply, salykatly göreş hökman öz degerli netijesini berer.
Goý, beýik Tañry o dünýäde merhuma
garaşyk etsin! Avdy aganyñ jaýy jennetiñ töründe bolsun!
TÜRKMENISTANYÑ BIRLEŞEN DEMOKRATIK
OPPOZISIÝSYNYÑ ÝOLBAŞÇYLYGY WE ”AGZYBIRLIK” HALK DEMOKRATIK HEREKETINIÑ INTERNET
SAÝTYNYÑ REDKOLLEGIÝASY
|
|
|
استفاده از
مطالب اين سایت با ذکر منبع بلامانع مي باشد |
|
|