| Turkmensahra |
ترکمنصحرا |
Akmýrat
Gürgenli Tarýh ýlýmlarýň kandidatý
İkinji jahan urşunyñ
Türkmen halkyna salan ýarasy
(1941-1945)
1941–45-nji ýalynly ýyllary... ol ýyllar bütin
SSSR-de boluşy kimin Türkmenistan we Türkmen halkynyñ taryhynda sönmez yz, öçmez
tyg-ýara galdyrdy. SSSR halklary faşistik hitlerçileri ýeñmek üçin 20 million
ynsan pydasyny berdi. Türkmenistandan jemi 800 müñden gowrak adamynyñ urşa gatnaçandygyny
görkezilýär. Eger şolardan azyndan 2/3 böleginiñ heläk bolandygyny çen etsek,
onda Türkmenistanyñ uruşda çeken ýitgisi ýarym million adama barabar bolýar. Bu
Türkmenistanyñ jemi ilatynyñ tas 1/3-ne golaýynyñ urşuñ gurbany bolandygyny añladýar.
Her bir Türkmen maşgaladan urşa gidenlerden ortaça 1-2 hatta 3 adamynyñ gaýdyp
gelmändigini nazara alsak onda urşuñ salan ýaralary aýdyñ göz öñüne gelýär.
Eýsem bu gandöküşiklik kim üçin, näme üçin edildi? Ol Stalin üçinmi? Sowet häkimiýetini
goramak üçinmi? Watan üçinmi edildi? Başgaça aýtsak, bu urş Sowet taryhynda aýdylşy
ýaly «Beýik Watançylyk urşy» boldumy? Ýa-da Sowet häkimiýeti özüni gutarmak üçin
oña baş urdumy? Ýa-da «iki at depişer, arasynda eşek öler» diýlen ata sözleri
ýaly iki totalitar diktatura we iki diktator aralygynda baran urşda, halklar öz
ýigrenýän rejimlerini goramak üçin pyda edildimi?
1939-njy ýylyñ awgustynda Sowet-German paktini/ylalaşygyny baglaşan Stalin, Hitler
bilen özara ýaranlykda 39-njy ýylda Polşany 4 gezek paýlaşdy, kiçijik Finlandiýa
garşy agressiýa urşuny etdi, Ruminiýanyñ bir bölegi bolan Bessarabiýany we Bukowinany
basyp aldy. 1940-njy ýylda garaşsyz Pri-Baltika döwletlerini zor bilen SSSR-e
goşup aldy. Hitler Germaniýasy bilen dildüwşiklikde dünýäni «täsir ediş sferalaryna»
bölüşmek boýunça söwdalaşyldy. 1939–40-njy ýylda Berlinde SSSR-iñ daşary işler
ministeri Molotow bilen Germaniýaly kärdeşi Ribbentrop arasynda bolan ýaşryn gepleşiklerde,
Stalynyñ, Balkanlarda, Türkiýäniñ suw bogazlary barasynda we Kawkaz bilen araçäklerinde
ýer we täsir zonalary boýunça şeýle-de Eýranda we Hindistanda Britan imperýasynyñ
kloniýallaryny bölüşmek boýunça talaplaryny goýdy.
1939–40-njy ýyllarda Ýewropada başlanan ikinji dünýä urşunda 2 ýyla golaý SSSR
«bitarap» galan bolsa-da, hakykat ýüzünde Stalin çig mal, nebit we beýleki önümler
bilen Hitler Germaniýasyny goldap geldi we onuñ Fransiýanyñ üstünden ýeñişini
gutlady. Şonlukda ozal başda SSSR, anti-Hitler koalisýasynda däl-de, eýsem Hitler
Germaniýasy bilen bir lagerde durýardy. Emma iki diktator, iki «Serdar» dünýäni
böleşip bilmediler we biri-birini aldajak boldular. Şonlukda 1941-nji ýylyñ 22-nji
iýulynda faşistik Germaniýanyñ «Serdary» Hitler ähdiýalanlyk bilen öz ýarany SSSR-iñ
üstüne çozdy.
Stalin bu barada öñünden edilen anyk duýduryşlara ynanmady we oña gulak asmady.
Şonda urşuñ ilkinji hepdelerinde näme etjegini bilmän, aljyrady. Hitleriñ goşunlary
urşuñ alty aýynyñ içinde SSSR-iñ Ýewropa böleginiñ köpüsini eýeläp, Pri-Baltika
ýurtlaryny, Ukraina, Belorussiýany aşyp, Moskwanyñ eteklerine çenli baryp ýetdi.
Gyzyl goşunyñ hatarynda söweşýän Türkmen esgerleriniñ-de sany az däldi. Türkmenistan
diñe esger däl-de, eýsem urşuñ arkasynda tyl hökmümde fronta maddy kömegi gaýgyrman
ýetirip durdy, ýurtda açlyk höküm sürse-de «Hemma zat front üçin, hemme zat ýeñiş
üçin» şygary astynda tonnalap-tonnalap azyk-imit, 7400 kg töweregi altyn-kümüş,
170 million manat pul we beýleki gymmat bahaly zatlar fronta iberildi. Atçylyk
diwiziýa üçin müñläp-müñläp tohum atlar urşa iberildi, olaryñ hemmesi diýen ýaly,
edil eýeleri ýaly ojaklaryna dolanyp gelmediler.
«Hemma zat front üçin, hemme zat ýeñiş üçin!»
Aşgabat şäherinde fronta sowgat berilen pul we altyn-kümüşi kabul edýän edara
(TSE)
2-nji jahan urşunda näçe Türkmeniñ pida bolandygy barada henize çenli resmi maglumat
ýaýradylman gelýär. Bu barada ne Sowet döwründe, ne-de Garaşsyzlyk ýyllarynda
barlag işi alnyp barylmady. Ýöne çak edilşine görä 50 müñden gowrak Türkmen faşsitik
Germaniýany ýok etmek üçin gurban bolup, şonça-da maýyp bolup ýurda dolanyp geldiler.
Ýüzlerçe Türkmen ýesir düşýär, ýöne Staliniñ: «bizde ýesir ýok, diñe dönükler
bar» diýen permanyndan howatyrlanan ýesirler, hatta urş tamam bolandan soñam,
öz öýlerine dolanyp bilmeýärler. Olardan tanaýanymlardan doganlar Aman we Gurt
Berdimyradowlar, Herrikgaladan Allamyrat Halmyradow, Gökdepeden Myrat Täçmyradow,
Garrygaladan Gurban (Remezan Familýasyny bilmedim) we ... Şeýle-de Eýran Türkmenleriniñ
görünki alymy, Türkmenistanda we Leningratda ýokary ylym alan Ahmat Ahundow Gürgenli-de
2-nji jahan urşa gatnaşyp, faşistik Germaniýany ýeñmek ugrunda gurban boldy.
«Hiç zat unudylmaz, hiç kim unudylmaz»
|
|
|
استفاده از
مطالب اين سایت با ذکر منبع بلامانع مي باشد |
|
|