| Turkmensahra |
ترکمنصحرا |
Akmyrat Gürgenli
GoliA@rferl.org
وضعيت کنوني روشنفکران ترکمن
Türkmen intellegentsiýasyñ
şu günki ýagdaýyna syýn
«Eger bizi ýedi
gat ýere gömseñiz almaza öwrüleris,
eger-de bizi kül-owram
etseñiz, ýyldyzlara dönüp, dünýä ýagty saçarys.»
Eme Sezer. Afrikan
şahyry
Jemgiýeti herekete
getierýänligi üçin syýasy adalgada/terminologiýada intellegentsiýa “lokomotiv”
hökmünde baha berilýär. Biziñ intellegentsiýamyz şeýle baha mynasyp bolup bildilermi?
Olar boýunlaryna düşýän agyr ýükden habarlymyka, iliñ-günüñ öñe gitmegine, täze
menzillere aşmagyna ýardam edip bilýärlermi? Ýa-da halkyñ arkasyna “hopba” bolup,
iliñ gerşini ýagyr edip
gelýärlermi? Biz bu makalada
Türkmen integellentsiýasynyñ geçmiş ýoluna ser salmaga syýnanşýarys.
Näme üçin Türkmen
intellegentsiýasy
öz syýasy hereketini/partiýasyny
döredip bilmediler ?
Ýakyn taryhymyzda ylaýta-da
Orsýetde we Eýranda öwrüliş nokat hasaplanýan «konistitutsiýon revolutsiýasy/
meşrute ynkylaby» Türkmen topragyna-da gelip ýetdi. Aşgabatda we Kümüşdepede emele
gelen şertlerden peýdalanan öñde baryjy güýçler Türkmen halkynyñ ýagty geljegi
ugrunda göreşe girişdiler. Mugallým Muhammetguly Atabaýev Aşgabatda «Roozname-ýe
mavera-ýe Hazar» gazetine redaktorlyk etmek bilen halkyñ dünýäde bolup geçýän
waklarardan ylaýta-da 1-nji jahan urşuna gatnaşmaga mejbur edilen Türkmenler barada
maglumat bermek bilen öz halkynyñ gözýetiminiñ ösmeginde uly rol oýnady. Edil
şol döwürde Gürgen ýaýlasynda Kümüşdepede, Bäşýusgada, Omçaly ýaly ilatly ýerlerde
Eýranda barýan ynkylaby hereketiñ täsiriniñ artmagy netijesinde Osman ahun,
Rejep ahun, Annajan ahun Ýaraly ýaly öñde barjy Türkmenler öz halkynyñ bähbidini
goramak ugrunda billerini guşadylar. Bu hereketleriñ netijesinde 1924-nji ýylda
Türkmenistan Sovet Sosýalistik Respublikasynyñ (TSSR) hem-de Türkmensähra jemhuriýetiniñ
düýbi tutulýar.
Şondan soñra bu iki milli
hereket özboluşly akym bilen akmaga mejbur edilýär. TSSR Moskvanyñ penjesine düşýär,
Türkmensähra jemhuriýetini bolsa Britanlaryñ dikmesi Yrza şah gana çaýkaýar.
Biz bu wakalaryñ
jikme-jigine girmek islämizok, sebäbi ol bir makala sygmaýar. Esasy belläp geçmek
isleýän meselämiz bu hereketlerde intellegentsiýamyzyñ halkymyzyñ peýdasyna oýnan
roly hakynda. Mysal üçin şol döwürde äzerbegjanlylar, Kafkazdan gelýän ynkylaby
tolkunlardan ylham alyp «Sosýal Demokrat» ýaly öz syýasy partiýalaryny esaslandyr
magy başardylar. Emma biziñ Türkmenlerimiz Türkmenistanda bolup geçýän revolutsiýon
hereketlerden täsir alyp bilmediler-elbetde munuñ ýene-de özüne mahsus sebäpleri
bar, şeýlelik bilen Türkmensähraly Türkmen intellegentsiýasy kürtler ýa-da äzeriler
ýaly özlerine degişli syýasy partiýany döredip bilmediler. Muña sebäp bolan esasy
zat, Yrza şanyñ Türkmensährany gana çaýkap, olaryñ gözlerinde ot ýakandygy esasy
sebäp bolsa gerek.
1944-nji ýylda Eýranda
Gyzyl goşunyñ saýasynda dörän atmosferadan peýdalanyp, parslar «Tudeh» partiýasy
esaslandyrýarlar. Özlerini sosýal-demokrat we azçylykda ýaşaýan halklaryñ tarapdary
saýyp, olaryñ isleglerini-de şygar arkaly beýan eden bu partiýanyñ hataryna
Gaýyp Bähelke, Sapar Ensary, Nurmuhammet Aşyrpur...ýaly Türkmen intellegentsiýasy
topar-topar bolup girdiler. Ýöne bu pursatdan peýdalanyp bilmedik Türkmen liderleri,
Tudeh partiýa «lepbeý aga» diýmekden başga roly oýnap bilmediler.
1950-nji ýyllardan
soñra Eýranda SAVAK(rejimiñ ynkylaby hereketlere garşy ýörite gullugy
سازمان
امنيت و اطلاعات کشور) azatediş hereketlere goşulýanlary
berk darap başlady. Şol döwürde partizanlyk hereketler bilen Mämetreza şanyñ rejimini
agdarmak ugrunda göreş alyp baran «Halkyñ Fedaýylary» we «Halkyñ Mujahidleri»
diýen gizlin hereketler esaslandy. Universitetlerde okap ýören Türkmen studentleri
bu toparlar bilen tanyşyp, olar bilen gatnaşyp, azda-kände olaryñ bu ideýasyny
Türkmenleriñ arasynda ýaýyp başladylar. Şanyñ howpsuzlyk gullugy bu hereketiñ
köküne palta urmak maksady bilen 1971-nji ýylda 20-den gowrak Türkmen intellegentsiýasyny
tussag edip, gyýnag astyna çekdi. Türkmenleriñ medeni ugurlardaky hereketleri,
ylaýta-da Türkmenistandan ýarym gizlin getirilýän gazet-jurnallar bilen dowam
etdi. Elbetde ol neşirlerde syýasatdan habar ýokdy, diñe ene diliñ ösmeginde kömek
etdi diýýämeseñ, olarda revelutsiýon ideýalardan nam-nyşan ýokdy. Mysal üçin Eýranyñ
çäginde ýaşaýan Türkmenleriñ milli azatediş hereketine, olaryñ avtonomiýa ugrundaky
talaplaryna nädip ýardam bermeli diýen garaýyşlardan damja eser ýokdy. Esasan
Eýran bilen SSSR Türkmen halkyny öz penjesinde gysyp saklamakda birmeñzeş syýasaty
alyp geldiler.
1979-nji ýylda Eýranda
monarhiýa rejimi agdarylýança Türkmenler özlerine degişli syýasy hereketi esaslandyryp
bilmediler. Diñe şa tagytdan agdarylndan soñra Türkmenleriñ intellegetsiýa wekilleri
şol sandan Şirmuhammet Tumaç, Hajytuwak Wahedi, Abdulhekim Magtym we
Söýün Jürjäni...dagy «Medeni we Syýasy Ojak» diýen hereketi döretdiler.
Muña bir söz bilen Türkmenleriñ ilkinji milli-syýasy guramsy diýip aýtsa bolýar.
Biraz soñra ekerançylyk ýerleriñ daýhanlaryñ arasyna paýlanmak meselesi, feodallaryñ
basyp alan ýerlerini gaýtaryp daýhanlara alyp bermek we ýer-suwda reforma geçirmek
ýaly çäreleri guramaçylykly amala aşyrmak üçin «oba şuralar», olary bir ýere birigdirýän
«daýhan birleşigi- it-tihadiýe rustaýy
اتحاديه
روستايي» we bularyñ hemmesiniñ bir merkezden dolandyrylmagy
üçin «Şuralaryñ merkezi kargähi
ستاد مرکزي
شوراهاي ترکمنصحرا» diýen sosýo-ykdysady gurama esalandyryldy.
Ýöne mör-möjek ýaly çyrpynşyp ýören fedaýylar bu hereketleri haýal edmän öz ellerine
almagy başardylar, ony mazmundan boşadyp, öz syýasy bähbitlerine öwürdiler. Muña
Türkmen intellegentsiýasynyñ gözýetimiñ darlygy, olaryñ ýoñ bolup gelýän agzalalyk
keseli, fedaýylaryñ köşgünde ýokary wezipelere eýe bolmak isleýänleriñ hyýanaty
sebäp boldy. Avanturist Fedaýylar öz syýasy teoriýalaryny syýnagdan geçirmek üçin
Türkmensährany laberatoriýa, Türkmen halkyny bolsa laberatoriýa şyçany hökmünde
ulandylar. Bu syýnagda feadaýylaryñ «gany arassa bolman, olaryñ kesellidigi aýan
boldy, ýöne olar öz keselini bütin Türkmensähra ýaýradyp, Türkmen intellegentsiýasyna
bulaşdyrdylar, ahyrky netijede bir topar goç-goç ýigitlerimiziñ ölümine sebäp
boldular.
1978-nji ýylyñ 26-njy
martynda/6 ferverdin 1358 we 1979-njy ýylyñ 11-nji fevralynda/ 22 behmen 1358-da
Eýran yslam rejimi iki gezek Türkmen topragyny gana çaýkady. 100-den gowrak halkymyzy
şehit etdi. Rejimiñ ganly penjesine düşen ýok edildi, sürgüne iberildi, düşmejek
bolanlar bolsa daşary ýurtlara, esasan-da Sovet Türkmenistana sygyndylar. Bu syýgynma
prossesi 1983-nji ýyldan başlap 1999-njy ýyla çenli dowam etdi. Şeýlelik bilen
1924-nji ýylda Osman ahunyñ ýolbaşçylygyndaky hereket basylyp ýatyrlandan soñra
TSSR-e başlanan bosgunlyk hereketi, 1945-nji ýylda Tudeh partiýasynyñ basylyp
ýatyrylmagy netijesinde ýene-de dowam etdi, 1983-nji ýylda bolsa ýene bir gezek
gaýtalandy.
Bosa-bosluk eden Türkmensähraly
Türkmenler daşary ýurtda-da Fedaýylaryñ duzagyndan halas bolup bilmediler. Duzaga
düşen bu Türkmenleri ellerinden sypdyrmajak bolup olar: «siziñ azatlygyñyz, bütün
eýranlylaryñ azat bolmagy netijesinde hasyl bolar», «ýaşasyn eýran halkynyñ göreşjeñ
ogul-gyýzlary»... diýen şygarlary öñe sürüp, bu Türkmenleri öz gullaryna öwürip,
mañkurtlaşdyrdylar. Türkmenistanda-da parslar Türkmensähraly Türkmenlere agalyk
etdiler, sebäbi öz Türkmen iline-gününe kem göz bilen garaýan käbir Türkmenler,
fedaýylara öz halkyndan köp hormat goýýardylar.
Şeýdip ýene-de «Medeni
we Syýasy Ojak» Fedaýylaryñ oýnawajyna öwrüldi we bu ýagdaýy 1986-njy ýyla çenly
dowam etdi. Şondan soñra özbaşyna hereket etmeli diýen Türkmen topary bilen Fedaýylardan
göbeklerini kesip bilmedikleriñ arasyna tow düşdi we ol henize çenli dowam edip
gelýär.
Biri çykypde: «Ne bu toparyñ,
ne-de ol tarapyñ aýdýanlary dogry, M.S.O/ KANUN kyýn şertde, agyr pursatda, onçakly
oýlanşykly bolmadyk ýagdaýda döredilipdi, şoña göra munuñ ýerine ähli Türkmen
intellegentsiýasy, esasan-da bosgunlykda ýörenler geliñ “Bosgunlykdaky Türkmen
Demokrat Partiýasyny” ýa-da şoña meñzeş syýasy topar döredeýliñ.» diýmeýär,
diýýän bar bolsa-da oña gulak asylmaýar. Gaýtam «Medeni we Syýasy Ojagy»,
«Medeni–Syýasy» ojagyñ dürli görnüşdäki ýazylşynyñ üstünde uly goh-galmagal
turuzylýar, “Ojagy” edil “Ependiñ ýorganyna” öwrüp, hersi bir çetinden çekip,
ony diýdýärler.
Häzirki höküm sürüp gelýän
ýagdaý biziñ intellegentsiýamyzyñ gözgyny, ejizligini ýagdaýyny ýene bir gezek
aç-açan subut etdi. Bir söz bilen aýdylandan obýektiv hem subýektiv sebäplere
görä Türkmen intellegentsiýasy öz milli-syýasy guramasyny döredip bilmedi ýa-da
döretmäge oña pursat berilmedi.
Birek-birege
çydam edip bilmedik,
toleranssyz
integellentsiýamyz
Gündogaryñ beýleki halklar
ýaly biz Türkmenler-de gyzmaç millet. Ozal gürläp, aýtjak zadymyzy aýdyp soñra
oýlanýarys. Biz Türkmenler örän tiz duýgulanýan, gyzyşy ýaly, tiz gahary ýataşan
adamlar bolmaly. Elbetde beýle edim-gylymlar hakynda psihiki alymlar anyk maglumatlary
aýdyp biler, biziñki diñe göze ilýärn we durmuşda özüni görkezip gelýän ýagdaýlardan
ugur alyp bir zat aýytmak.
Garaz, biziñ Türkmen intellegentsiýamyzyñ
arasynda şeýle bir gyzmaçlyk, şeýle bir men-menlik, pañlyk, beýlekilerden öñ wezipä
dyrmaşmak ýaly köp ýaramaz häsýetler ýaýrap kök urdy. Hemme zady özi bilermen,
beýlekilere ynamsyzlyk, ýeke-mezeklik/individuallyk, toparlaýyn/kollektiv herekete
kem baha bermek olaryñ oñaýsyz taraplarydyr.
Şeýle keselden saplanyp
bilen ýagdaýynda, şahsy bähbitden milli bähbidi öñde goýan ýagdaýynda Türkmen
intellegentsiýasy boýun alan il garamatyny maksada ýetirip biler, ýogsa başda
agzap geçişimiz ýaly, iliñ boýnuna hopba bolmakdan başga zada ýaramaz.
Meniñ pikrimçe biziñ intellegentsiýamyz
özleriniñ haýsy ugra, haýsy maksada doly hyzmat edýändigine doly göz ýetirip bilen
ýagdaýynda negativ häsýetlerden daşlaşyp biler. Gyýnansagam biziñkiler nirä
barýandyklaryny, nämä gulluk edýändiklerini özleri-de bilenoklar. “Türkmen-Türkmen”
diýip, bir topary fedaýylaryñ, başga bir topary bolsa beýleki bir pars toparyñ
guluna öwrülip, olara “ak ýürek” bilen hyzmat! edýändiklerini duýman ýörler.
Türkmen intellegentsiýasynyñ
iñ uly keçiligi öz taryhyndan, milli däp-dessurlaryndan iñ ýamany ene dilinden
habarsyzlygy ondan şermendeligidir. Olaryñ bir topary Ýefram han ermenini, Ysmaýyl
han Semitgo kürdi, Kolenel Pesýany, Miraza Küçek hany, baryp Afrikadaky Nelson
Mandellany, Latin Amerikadaky Çegovarany düýp-türşegi bilen tanaýarlar-has dogrusy
olara oñat tanadyplar, emma Muhammetgulý Atabaýevi, Gaýgysyz Atabaýevi, Nedirbaý
Aýtakovy, Arazmuhammet Wepaýevy, Kümşaly Böriýevi, Allaguly Garahanovy, Abdulhekim
Gulmuhammedovy, Annadoltan Kekilovany, Paýzy Orazovy, Osman ahuny, Güllidag şiri
Meredaly batyry, Annageldy Ajy, Aşyr Kütini, Çopan serdary... tanamaýarlar,
hatta atlaryny hem eşiden bolmaly däl. Ýogsa ýokarda agzalan bu Türkmenler Stanlinçilik
ýa-da pähleviçilik rejimine garşy göreşde gurban bolupdylar. Biziñkiler öz milli
taryhyny öwrenmäge syýnanşyp, bu gerçekleriñ göreş ýoly bilen tanyş bolan ýagdaýynda
özlerine dolanyp, öz halkynyñ bähbidini gorap bilerler diýip çak edýäris. Edil
şonda intellegentsiýamyz bir ten, bir jan bolup, bir-birlerini göz göreji ýaly
söýerler, gorarlar hem syýlap hormatlarlar, başgaça aýdylanda «Bir çukura tüýkürerler».
Milli
mentalitetden,
ata-baba
identitetinden daşlaşan intellegentsiýamyz
Geñ galmaly, diýseñ geñ
galmaly, biziñ “intellegentsiýamyz” öz başarmadyk, başarmaýarn we başaryp bilmän
gelýän işlerini, boýun agyr borçlaryny, ýüklerini başgalaryñ üstüne atmagy gowý
öwrenipdirler. Olar ýokardan buýruk beriji komada düzgünden, sistemada daşlaşyp,
ondan el üzüp bilmän gelýändiklerini her bir ädimlerinde, sözlerine aç-açan görkezýärler.
İntellegentsiýa
gatlagy bir tarapdan ene dilimize eýe çykmaly, milli kimligimizi, identitetimiz,
barlygymyzy goramaly diýýärler, aýry tarapdan bar güýji, “jany-teni” bilen Türkmen
diliniñ köküne palta urup gelýän pars diline we medeniýetine gulluk edip, olaryñ
dilinde gürleýärler, olaryñ dilinde ýazýarlar, muny görüp haýran galyp, otrup-oturyp
geñ galyp, näme diýjegiñi bilenok. Käşki bular gödek söz bilen aýdylanda maýmyn
ýaly bu üýkünmäniñ howpuny bilmeýän adamlar bolsady, bilýänleri “doñuz beter”
bilýärler. Biziñ dilimiziñ, medeniýetimiziñ niresi parslaryñkydan pes diýesiñ
gelýär. Baryp 15-njy asyrda alym Alyşir Nowaýy «Muhakimet ul logateýin
محاکمه الغـتـين
diýen eserinde Türki diliniñ pars dilinden üstündigini, söze baý dildigini subut
etdi. Pars dilçileri şondan bäri muña jogap berip bilmän gelýärler, dogrusy näme
jogap bersinler, hak söze jogap bolarmy? Bu zatlary bilip, bir tarapdan «aý, el
çeksene näme etseler şony etsinler-de, gepe-ha gulak asanoklar, goý, pälleri ýoldaşlary
bolsun» diýesiñ gelýär, aýry tarapdan internet ýaly serişdelerden giýñ köpçülige
ýüzlenýändigini nazara alyp, olaryñ ile-güne hyzmat etmeýändiklerini görüp sesiñi
çykarmanam bolanok.
Golaýda Kümmetgowuzda «Türk-Türkmen»
dili konferensiýada çykyş eden Ýüsüp S, pars dili we medeniýetiniñ agalyk
edýän atmosferasynda Türkmen dilinde çykyş edip, ene mähri bilen badaşan ene dilimize
abanýan apatlary hakyndan gyzykly gürrüñ berdi. Ýüsüp S. çykyşynda Şvetsiýada
ene dilinde okajak bosgunlara şol döwletiñ mümkinçilik berýändigini jaý ýerinde
belleýär, ýöne edil şeýle açyk jemgiýetlerde, Ýevropanyñ dürli döwletlerinde öz
ene dillerine buýsanyp, ene dilinde ýazmaga mümkinçiligiñ bar bolan döwletlerde
ýaşaýan we özlerini «Türkmen halkynyñ milli hak-hukuklaryny goýajylary» hökmünde
agyzlarynda aş gatykladýanlar, dermanlyk üçin ene dillerinde ýekeje gezek-de çykyş
edmän gelýärler. Belki olar başarýandyr däldirler?! Pars dili bilen alynjak gala
bar bolsa alynardy. Biziñ çorba çykan syýasatçylarymyz baryp 40-50 ýyldan bäri
pars dilinde nutuk edip, märeke-meýlisde bu dilde doklad edip geldiler we gelýärler.
İndi ýeter, has bolmanda halkara dillerde inglisçe, almança, fransuzça çykyş
ediñ. Aý howa-da pars diline gulluk edip, başga dilleri öwrenmäge elleri ýeten
däldir-dä.
Günä
kimde?
Biziñ intellegentsiýamiz öz
ene dilinde okap, ýazyp bilmeseler, «gara maýak» halkdan nämä garaşmaly diýýänler-de
bar. Men bu mesele-de başgaça oýlanýaryn, oba ýerlerine baryp görüñ, ol ýerde
“pars medeniýeti” diýen mikroba ýokaşmadyk, ýugrulmadyk, ene-atalarymyz arassa
Türkmençe gürläp, bir topar men diýen intellektuallarymyzy gaýra oturdýarlar,
sag bolsunlar, uzak ýaşasynlar.
Biziñ Türkmen intellegentsiýamyzyñ
ata-baba medeniýetlerinden daşlaşyp, hatta Türkmençe ýazyp ýa-da okap bilmeýäniniñ
sebäbi näme, munuñ günäkäri kim? Agalyk ediji pars dilinde hatly-sowatly bokandyklary
üçin, ene dilden mahrum galandyklaryny öñe sürmekleri mümkin. Meniñ pikrimçe bu
hakykatyñ barysy däl-de, ýarysy. Sebäbi öwrenmäge hemişe pursat bar. Pars mekdebine
gitmän, Türkmençe goşgy-gazallary düzen şahyrlarymyz azmy? Bagşy Annamuhammet
Kötügi ýakeje klasda parsça okamandy emma onuñ batly sesi bilen aýdan «Dostlar!
biziñ illerimiziñ merdanadar ýigitleri», «Daglar gümmürlendi» diýen aýdymlaryny
eşideñde, şeýle bir ruhlanýarsyñ, arzu-hyýallaryñ şeýle bir ganatlanýar welin,
añyrsy ýok. Müñ sany syýasy propagandany ündeýän makaladan güýçli bu jadyly sesler.
Halypa Gazak Pañ, Nazarly Mehjuby ýalylar, öz döwründe ol ýa-da bu syýasy
partiýanyñ- has dogrusy gula öwrürýän pars guramalrynyñ hatarynda göreşen Türkmenlerden
kän-kän, öz halkyna hyzmat etdiler we myras galdyran ajaýyp eserleri, simfoniýalary
bilen bizi jadylap gelýärler. Emma mysal üçin “Tuda” partiýasynyñ hatarynda göreşen,
heniz aramyzda ýaşap ýören ýa-da dünýälerini täzelän bir topar ýaşullarymyz, ýaş
nesile haýsy bir buýsandyryjy zady miras galdyrdylar, ilimizi galkyndyryp biljek
haýsy hyzmaty etdiler, haýsy zady ýadigär galdyrdylar?
Kämahal gaharymyz gelip: «30
ýyllap Türkenistanda bolup geldiler, kelam agyz şol ýerdäki hakykatlar barada
dil ýarmadylar, ýaş nesiliñ SSSR baradaky hyýalbentliginden halas bolmaga damja
kömek etmediler» diýip, ozalky bosgunlara, ýaşullarymyza ýüzlenýäris.
Ýene-de agzap geçmeli
esasy bir mesele-de syýasy hereketlere ýolbaşçylyk edýän käbirleriñ gypynç edmän
özlerini «eýran Türkmenleriniñ ... guramasy», «eýranly Türkmenler» diýmekleri.
Bular nädip öz topraklaryny, öz halkyny eýranyky diýip bilýärlerkä?! Has üwläp-çydap
bilmeseñiz «İlerki Türkmenistan», bolmanda häzirlikçe «Türkmensähra» diýiñ bir
ahyry.
Öz halkynyñ medeniýetinden
daşlaşan, öz ene dilinde gürläp bilmeýän, Türkmençe ýazyp bilmeýän “intellegentlere”-de
şeýle ajy ykbalyñ garşýanlygy iküjsizdyr.
Hiçden
giç ýagşy !
Daşary ýurtlarda Türkmenler
tarapyndan ýola goýlan internet site-larda ýerleşdirilýän materiallarynyñ 95%-den
gowragy pars dilinde, ýurduñ içinde bolsa tas 100% şeýleräk. Ýurduñ içindäkilere
diñe bir zat diýesim gelýär: «Eger ene diliñde ýazyp bilmeýän bolsañyz, ýa-da
ýazdyrmaýan bolsalar, onda pars dilinde ýazyp, bu dile hyzmat etmeñizi bes ediñ.
Siziñ pars dilini reklama etmegiñiz halkymyza zyýan bermekden başga zat däl. Siziñ
pars dilinde azap edip taýýarlaýan we pars dilinde neşir edýän maglumatlary parslar
okaýandyr oýdýäñizmi? Käşki maglumatlaryñyzy mysal üçin inglis dilinde taýýarlasadyñyz,
şonda rejimiñ Türkmenleri ezip horlap gelişi barada halkara hukuk goraýjy guramlar
habarly bolardy, belki ile-güne peýdasy ýeterdi.
Ýurt daşynda internet
ýa-da weblag-lar arkaly halkymyzyñ beýnisini zäherleýänleriñ günäsi, ýurduñ içindäkilerden
köp bolsa köpdür, az däldir, sebäbi bular özlerini syýasy aktivistler, polit/syýasy
emigrantlar diýip her iki sözde döşlerine kakyp, tumşuklaryny depä tutýarlar.
Şoña görä bularyñ bizi ezip aýak astynda alyp gelýän pars diline we medeniýetine
bile-bile edýän “hyzmatlaryna” halkymyz öz wagtynda gerekli jogaby berer diýen
tama hem-de dogrudanam balyk başyndan porsaýan eken diýmek bilen sözümi
jemleýärin.
Parag şäheri
1-nji maý 2007.ý
|
|
|
استفاده از
مطالب اين سایت با ذکر منبع بلامانع مي باشد |
|
|