| Turkmensahra |
ترکمنصحرا |
Akmyrat Gürgenli
(Taryh
ylymlaryñ kandidaty)
این عمل استونیا با طالبان افغانستان
چه فرق دارد؟
(دورویي
مطبوعات غرب)
Eston hökümeti halkara
jemgiýetçiliginiñ duýduryşlaryna garamazdan 27-nji aprelde dañdan, heniz halk
oýanmanka jedelli ýadigärligi näbelli ýere alyp gaçdy. Rejim hatta söz beren taryhy
muzeýde-de bu ýadigärligi ýerleşdirmändir.
1941-nji
ýylda Ýewropa hitlerçi faşistleriñ oduna ýanyp gowrulýarka, bir topar döwlet bu
ganhorlar tarapyndan basylyp alyndy. Şol sandan 41-nji ýylda Estonýada faşistleriñ
penjesine düşdi. Faşistleri yýzyna serpikdirmek üçin Sowet halky şol sandan
Türkmenler aldym-berdimli söweşe girişýär. Türkensähraly goç ýigidimiz,
alym Ahmad Gürgenli-de hiterçi faşistlere garşy söweşde şehit bolýar. Gepiñ
tümmek ýeri 20 million şehit berilip, guduzlan faşistler ýok edilýär. Kerim
şahyr aýtmyşlaýyn:
«Berline
çenli ölçäp garyşma-garyş,
Ýigrimi
milliony edipdik bagyş,
Şonça
pyda bilen öldürlen uruş,
Gaýta
jandyrşyñ besdir.»
Polşanyñ,
Ukrainanyñ, Estoniýanyñ we beýleki günbatar Ýewropa döwletlerini faşistlerden
halas etmek üçin millionlarça adam gyryldy, olaryñ köpüsi Sowet halkydy, Gyzyl
goşunyñ hatarynda urşan esgerlerdi. Estonýanyñ azat edilmeginde 140 müñ Gyzyl
goşun esgeri wepat boldy. Şolaryñ hatyrasyna bolsa şu kiçijek ýadigärlik oturdyldy.
Şol heýkeliñ aşagynda 140 müñ esgeriñ süñki ýatyr.
Geçen birnäçe
aýlykda Estonýanyñ parlamenti hamana bu ýerden geçirljek tramwaý liniýasyny bu
heýkeliñ böwet berýänligi sebäpli onuñ ol ýerden goparylyp aýrylmagy hakynda karar
kabul etdi. Bu karara garşy Eston halkynyñ bir topary garşy durdy. Ahyry 26-njy
aprel agşamy polisiýa bilen heýkeli goraýjylaryñ arasynda deñ bolmadyk göreşde
bir adan pyçaklanyp öldürildi, ençemesi bolsa ýaralandy. Halkyñ gahar-gazabyndan
gokan hökümet dañdan bu heýkeli goparyp, näbelli ýere alyp gidýär.
ý
Eston hökümeti
edil 9-njy maý faşistik germaniýa garşy göreşiñ 67-njy ýylyny, ýeñiş baýramçylygyny
bellenmäge taýýarlyk görülýän bir wagtda şeýle hereketi, olaryñ faşistlere hyzmat
etmekden başga nämäni añladýar?! Hatta Berlinde faşizme garşy göreşiñ ýadigärligi
äpet uly heýkeller, «Treptow» parkda saklanýar. Britanýada, Fransiýada-da şeýle.
Çehiýada hem edil Stonýa ýaly assyrynlyk bilen ýakyn taryhyñ yýzlaryny ýok etdiler,
ýöne Slawakiýada ol ýadigärlikleri köçelerde görse bolýar.
Gepiñ kelte ýeri Eston hökümetiniñ bu jenaýaty, Owganystandaky
Talyplaryñ baryp 2000 ýyllyk Budda heýkelini ýok etmegi bilen dep-deñdir.
Türkmenistanyñ
diktatory Nyýazowda öz wagtynda ýüpek ýola degişli 5000 ýyllyk taryhy ýadigärli,
Aşgabadyñ ortarasynda ýerleşen depäni ýok edip, ýerine ýumurta togalapdy.
Günbataryñ
metbugaty, Eston döwletine «dur!» diýmegiñ, iki ýüzlilik edip, «Sowet Soýuzynyñ»,
«Gyzyl goşunyñ» simbollary ýok edildi diýip halkyñ beýinlerini bulaşdyrmaga syýnanşýarlar.
|
|
|
استفاده از
مطالب اين سایت با ذکر منبع بلامانع مي باشد |
|
|