| Turkmensahra |
ترکمنصحرا |
EUROPADA ÝAŞAÝAN TÜRKMEN TOPLUMLARYNA
ÝÜZLENME!
Annadurdy Hajyýevi goramak boýunça 1-nji martda Berlinde piket
geçirilýär
Bolgariýada türkmen dissidenti Annadurdy Hajyýev türkmen rejiminiñ
talabyna görä, esassyz ýerden tussag edildi.
Annadurdy Hajyýev birnäçe ýyl mundan öñ türkmen häkimýetleriniñ
eden-etdilginden we ýanamalaryndan gaçyp, öz maşgalasy bilen Bolgariýa gelipdi
we ol ýerden oturym sorapdy. Edil şol wagt hem Annadurdyny yzyna tabşyrjak bolupdylar,
ýöne sud procesinde Annadurdy özüniñ günäsizdigini subut etmegi başarypdy. Şondan
soñ ol özüni nähak ýerden tussag edendikleri üçin bolgar häkimýetleri bilen sudlaşyp,
ilkinji sud instansiýasynda ýeñiş gazanypdy.
Emma muña garamazdan, bu ýylyñ 19-njy fevralynda bolgar häkimýetleri
Annadurdyny gaýtadan gözenege gabadylar, ertesi 20-nji fevralda ony öýe goýberdiler,
emma şol gün bary-ýogy 1 sagatdan ýene-de tutup äkitdiler. Bolgar häkimýetleri
ony Türkmenistana gaýdyp bermäge taýýarlyk görýändiklerini gizlänoklar.
Annadurdy tussaglykda oturan ýerinde 20-nji fevraldan başlap açlyk
yglan etdi. Annadurdy Hajyýevi goramak üçin Stockholmda Bolgar ilçihanasynyñ öñünde
Türkmenistanyñ ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketiniñ Daşary ýurt bölümi tarapyndan
eýýäm 23-nji fevralda piket demonstrasiýasy gurnaldy.
Indi edil şeýle demonstrasiýa 1-nji martda Berlindäki Bolgar ilçihanasynyñ
öñünde geçirilýär. Biz Germaniýada ýaşaýan ähli türkmenleri 1-nji martda Berlindäki
Bolgar ilçihanasynyñ öñünde sagat 11.00 - 13.00 aralykda boljak piket-demonstarsiýasyna
gatnaşmaga çagyrýarys!
Şuña meñzeş protestler Europanyñ beýleki ýurtlarynda ýaşaýan türkmen
toplumlary tarapyndan-da geçiriler diýip, biz umyt edýäris.
Adresi:
Mauerstraße 11, 10117 Berlin
Türkmenistanyñ ”Agzybirlik”
Demokratik Halk Hereketiniñ Daşary ýurt bölümi
|
|
|
استفاده از
مطالب اين سایت با ذکر منبع بلامانع مي باشد |
|
|