| Turkmensahra |
ترکمنصحرا |
TÜRKMENISTANDA GEÇIRILÝÄN
PREZIDENT
SAÝLAWLARYNDA MYRAT
GARRYÝEV ÖÑE SAÝLANDY…
Türkmenistanda geçirilýän prezident
saýlawlarynda Myrat Garryýev öñe saýlandy. Ol Halkara saýlaw düzgünlerini, adamzada
öñden belli ähli kada-kanunlary bozup, günortana galman, bu gün Türkmenistanda
geçirilýän prezident saýlawlaryny başa bardy diýip yglan etdi.
Halkara derejesinde belli bolan düzgünlere
görä, beýçle beýanaty etmek üçin iñ bärkisi agşama çenli, ýagny saýlaw bölümleriniñ
ýapylaryna garaşmaly. Soñra iñ bärkisi despapky hasaplamalar geçirilmeli, soñra-da
olary garaşsyz gözegçiler barlamaly. Diñe şondan soñ onuñ netijesi yglan edilmeli.
Emma Türkmenistanda düzgüne boýun egilmejekligi Merkezi saýlaw komissiýasynyñ
başlygy Myrat Garryýeviñ sözlerinden belli. Ol, görnüşine görä, hatda günortana
galman, prezident saýlawlarynyñ gutarnykly netijesini yglan etmäge-de taýyn!
Ýogsa näme, ozalky prezident ölenden
bary-ýogy 3 gün geçensoñ, ýagny 2006 ýylyñ 26-njy dekabryndaky Halk maslahatynda
eýýäm alty dalaşgäriñ birini prezident diýip jar etmäge taýýn bolup duran adamdan
başga nämä garaşjak? Aslynda şol Halk maslahatyndaky diýen antikonstitusion beýanaty
üçin ol Merkezi saýlaw komissiýasynyñ başlyklygyndan bada-bat boşadylmalydy. Sebäbi
ol şol gün özüniñ Halkara kanunlaryndan baş çykarmaýanlygyny, asla hiç hili kanuna
boýun egmekçi däldigini görkezmänmidi näme? Şondan soñ ony eýeleýän wezipesinde
galdyrmak hamana demokratik esaslarda geçirilýän prezident saýlawlarynyñ netijesini
Halkara jemgyýetçiliginiñ gözüniñ öñünde gümana goýmakdy. Sebäbi düzgüni bilmeýän,
oña boýun egmeýän adamyny iñ möhüm işiñ başynda saklamak – diñe öz abraýyña kast
etmek we geljekki saýlawlaryñ netijesini gümana goýmakdyr.
Bu hut şeýle-de boldy. Prezident saýlawlarynda
Merkezi saýlaw komissiýasynyñ başlygy Myrat Garryýeviñ özüni görkezjek bolup edýän
suwjuk hereketleri külli türkmeniñ ýüzüni ýere salýar. Biz onuñ bu gün agşama
galman, eýýäm prezident saýlawlarynda alty dalaşgärden kimiñ ýeñenligini we kimiñ
Türkmenistanyñ täze prezidenti bolandygyny jar etjekligine şübhelenemzok.Ýöne
bu spektaklyñ, bu gözboýagçylygyñ demokratik saýlawlar bilenem, türkmençiligiñ
salykatly düzgünleri bilenem işi ýok.
Eger-de Türkmenistan mundan beýlägem
Myrat Garryýev, Onjuk Musaýev ýaly suwjuk adamlaryñ ýoly bilen ýörese, onda täze
saýlanýan prezidente-de Saparmyrat Nyýazovyñky ýaly abraýsyz, Halkara guramalary
we Halkara jemgyýetçiligi tarapyndan äsgerilmeýän, deñli-derejeli gatnaşyk edilmeýän
wezipe garaşýar.
Türkmenistanyñ oppozisiýasynyñ bu günki
geçirilýän prezident saýlawlarynyñ netijesini ykrar etjekligi-etmejekligi entek
sorag astynda. Munuñ nähili boljaklygyny geljek görkezer.
”AGZYBIRLIK” HALK DEMOKRATIK
HEREKETINIÑ DAŞARY ÝURT BÖLÜMI
2007-02-11
|
|
|
استفاده از
مطالب اين سایت با ذکر منبع بلامانع مي باشد |
|
|