| Turkmensahra |
ترکمنصحرا |
TÜRKMENISTANDA
GEÇIRILJEK PREZIDENTLIK SAÝLAWLARYNA
Türkmenistanyñ
Birleşen Demokratik Oppozisiýasy (TBDO) Türkmenistanda 2007 ýylyñ 11-nji fevralynda
geçiriljek prezident saýlawlaryna kandidatlyga öz adyndan Türkmenistanyñ ”Agzybirlik”
Demokratik Halk Hereketiniñ baştutany Nurberdi Nurmämmedovy hödürleýär.
Nurberdi
Nurmämmedov
1943 ýylda
Aşagabat
raýonynyñ
Akdaşaýak
obasynda
dogulýar.
Ol
1970 ýylda
Türkmenistanyñ
Oba
hojalyk
institutynyñ
transport
bölümini
tamamlaýar.
Soñra
ýurduñ
transport
pudagynda
zähmet
çekýär.
Ol
1984-89 ýyllar
aralygynda
Türkmenistan
SSR
awtomobil
ýol
transporty
Ministrliginiñ
Merkezi
proekt-konstruktorlyk
burosynyñ
direktory
wezipesinde
işleýär.
Türkmenistanda
demokratiýa,
söz,
metbugat
azatlygy
ugrundaky
syýasy
göreşe
goşulanlygy
üçin
öz
wezipesinden
çetleşdirilýär.
Türkmenistanda
S.Nyýazovyñ
guran
despotçylyk
rejimine
garşy
batyrgaý
we
durnukly
göreşiji
hökmünde
halka
özüni
tanadan
N.Nurmämmedov
1989 ýyldan
bäri
Türkmenistanyñ
”Agzybirlik”
Demokratik
Halk
Hereketine
baştutanlyk
edip
gelýär.
Bu
döwürde
ol
özüniñ
liderlik
zehinini
doly
görkezdi.
N.Nurmämmedov
Türkmenistanda
demokratik
gymmatlyklaryñ,
azatlygyñ
ideallarynyñ
we
adam
hukuklarynyñ
dabaralanmagy
ugrunda
köp
işleri
bitiren
adam.
Türkmenistanda
hukuk
döwletiniñ
gurulmagy
ugrundaky
alyp
barýan
yzygiderli
göreşi
oña
halk
arasynda
we
demokratik
oppozisiýanyñ
hatarlarynda
uly
abraý
getirdi.
Onuñ
ady
ýurduñ
çäklerinden
uzaklarda-da
gowy
tanalýar.
Alyp
barýan
syýasy-oppozision
işi
üçin
N.Nurmämmedov
birnäçe
gezek
tussag
edilýär.
Soñky
gezek
ol
2000 ýylyñ
ýanwarynda
galp
aýyplamalaryñ
esasynda
5 ýyl
türme
tussaglygyna
höküm
edilýär.
Ýöne
Halkara
jemgyýetçiliginiñ
we
Adam
hukuklaryny
goraýan
Halkara
guramalaryñ
zor
salmagy
astynda
şol
ýylyñ
ahyrynda
azatlyga
goýberilýär.
Türkmenistanyñ
Birleşen
Demokratik
Oppozisiýasy
2006 ýylyñ
23-nji
dekabrynda
”Azatlyk”
radiosynda
çykyş
edip,
ýurtda
söz,
metbugat
azatlgynyñ
yglan
edilmegini,
syýasy tussaglaryñ türmelerden boşadylmagyny talap
edenligi
üçin
gaýtadan
bikanun
ýagdaýda
tussag
edilen
N.Nurmämmedovy
şu
ýylyñ
11-nji
fevralynda
geçiriljek
prezidentlik
saýlawlaryna
kandidatlyga
hödürleýär.
Prezidentlige
hödürlenen
dalaşgärleriñ
hatarynda
öz
kandidatlyk
borjuny
berjaý
etmegi,
saýlawçylar
bilen
duşuşyp,
olara
öz
programmasyny
ýetirip
bilmegi
üçin
N.Nurmämmedov
tizden
tiz
tussaglykdan
boşadylmalydyr
we
oña
beýleki
kandidatlar
bilen
deñ
şertler
döredilmelidir!
Türkmenistanyñ
Birleşen
Demokratik
Oppozisiýasy
Günbataryñ
öñdebaryjy
demokratik
döwletleriniñ
baştutanlaryndan,
Birleşen
Milletler
Guramasyndan
we
Europada
Howpsuzlyk
we
Hyzmatdaşlyk
Guramasyndan
Türkmenistanyñ
prezidentligine
kandidat
Nurberdi
Nurmämmedovyñ
günübirin
tussaglykdan
boşadylmagyny
talap
edip,
Türkmenistanyñ
wagtlaýyn
hökümetine
syýasy
basyş
görkezmeklerini
towakga
edýär!
Biz
Türkmenistanyñ
ilatyny
öñdäki
prezident
saýlawlarynda
demokratiýa
ugrunda
ýanbermez
göreşiji
Nurberdi
Nurmämmedovyñ
kandidaturasyny
aýgytly
goldamaga
çagyrýarys!
Türkmenistanyñ
Birleşen
Demokratik
Oppozisiýasynyñ
lideri
Avdy
Kulyýev,
Norwegiýa,
2006 ýylyñ
26-njy
dekabry
Telefon: +4722741185
Mobil:
+4746473207
E-mail:
avdy_kuly@hotmail.com
|
|
|
استفاده از
مطالب اين سایت با ذکر منبع بلامانع مي باشد |
|
|