Turkmensahra

  ترکمنصحرا

TÜRKMENISTANYÑ BIRLEŞEN DEMOKRATIK OPPOZISIÝASY (ODOT)
Külli turkmen bolup Nurberdi Nurmammedofyň goragina cykaýliň


NURBERDI NURMÄMMEDOVYÑ ÝITIRIM BOLMAGY BILEN BAGLANYŞYKLY BEÝANNAMA

Nurberdi Nurmämmedov 23 dekabrda ”Azatlyk” radiosynyñ Aşgabatdaky habarçysy bilen duşuşmak üçin öýden çykýar.
Bellenilen duşuşyk bolup geçýär we şondan soñ ol öýe gaýdýar. Emma ýolda garaşylmadyk ýerden onuñ maşyny kemçilik tapynýar. Bu barada ol öz mobil telefony arkaly maşgala agzalaryna habar berip ýetişýär.

Birnäçe sagat geçip, Nurberdi geler ýerde öýe gelmänsoñ, onuñ ýakynlary aladalanyp başlaýarlar we onuñ mobil telefonyna yzygiderli jañ edip ondan habar bilmäge synanyşýarlar. Emma Nurberdiden hiç hili jogap bolmaýar.

Nurberdiniñ ýakyn hossarlary onuñ dostlaryna we garyndaşlaryna telefon edip, olardan habar tutýarlar, bu gözleg-de netijesiz gutarýar. Şondan soñ Nurberdiniñ hossarlary onuñ nirededigini anyklamak üçin Türkmenistanyñ hukuk goraýjy guramalaryna, häkimýetlere ýüz tutýarlar. Emma ýurduñ hukuk goraýjy guramalary ”biz onuñ niredeligini bilemzok” diýip başdansowma jogap berýärler.

Türkmenistanda 11-nji fevralda geçiriljek prezident saýlawlaryna Demokratik türkmen oppozisiýasy tarapyndan kandidaturasy hödürlenen Nurberdi Nurmämmedovyñ ykbaly barada dürs maglumat bermekden türkmen häkimýetleri häzire çenli-de boýun gaçyrmaklaryny dowam etdirýärler.

Şu gün, ýagny 27-nji dekabrda ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketiniñ Daşary ýurt bölümine gelip gowşan barlanylmadyk maglumatlara görä, Nurberdi Nurmämmedov Aşgabatda Milli Howpsuzlyk Ministrliginiñ deslapky tussaglyk kamerasynda saklanýan bolmaly. Iñ bärkisi 23-nji dekabrda ýitirim bolansoñ, ilkinji günlerde Nurberdiniñ şol ýerde saklananlygy barada habar berilýär.

Türkmenistanyñ ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketiniñ Daşary ýurt bölümi ”Agzybirligiñ” lideri, Türkmenistanda demokratiýa, adam hukuklary, söz azatlygy, hukuk döwletiniñ gurulmagy ugrunda ýadawsyz göreşiji hökmünde ýurduñ içinde we Halkara arenasynda ykrar edilen şahsyýet bolan Nurberdi Nurmämmedovyñ tussaglykdan günübirin boşadylmagyny berk talap edýär!

Nurberdi Nurmämmedova Türkmenistanyñ Baş kanunyna görä prezidentlige kandidat hökmünde 11-nji fevralda geçiriljek prezident saýlawlaryna taýýarlanmaga we kandidat hökmünde öz saýlaw kampaniýasyny geçirmäge zerur mümkinçilikler döredilmelidir.

”Agzybirligiñ” Daşary ýurt bölümi we Türkmenistanyñ Birleşen Demokratik Oppozisiýasy muny ýurduñ wagtlaýyn hökümetinden berk talap edýär!

Halkara abraýa eýe bolan demokratiýa we adam hukuklary ugrundaky ýadawsyz göreşiji Nurberdi Nurmämmedov tiz azatlyga çykarylmasa, Türkmenistanyñ garamatyny wagtlaýynça öz üstlerine alan adamlara uly biabraýçylyk garaşýanlygyny olar bilmelidirler.

TÜRKMENISTANYÑ BIRLEŞEN DEMOKRATIK OPPOZISIÝASY (ODOT)
2006-12-28


[ نسخه قابل چاپ ] [ اين متن را با ايميل بفرستيد ] [ بازگشت به صفحه اول ]

استفاده از مطالب اين سایت با ذکر منبع بلامانع مي باشد