Turkmensahra

  ترکمنصحرا

Ajy hakykatyñ bir kitaplyk gürrüñi
AJY HAKYKAT (5)

(Iki ýyl hökümetde. On üç ýyl oppozisiýada).


Ata watanа dolanyş. Ilkinji duşuşyklar türkmen resmilerinden Han Ahmedow – hökümet baştutany, Tuwakbibi Kulyewa – hökümet baştutanynyñ orunbasary dagylar bilen boldy. Olar meni güler ýüz bilen garşy aldylar diýip biljek däl. Onuñ tersine meniñ niredendir bir ýerden olaryñ içinde peýda bolanyma hoşlarynyñ gelmeýändigini olar maña her bir aýdan sözleri, ýüzleriniñ gymyldysy bilen duýdurdylar. Soñra men Nyýazow bilen duşuşdym. Ol ýerinden turup meni güler ýüz, mylakatly sözler bilen garşy aldy. Nyýazow bilen bolan duşuşykdan hem gürrüñden soñ men bir ganat baglap uçmadym. Ol göwnümi göterdi, işe bolan höwesimi hasam artdyrdy. Nyýazow maña öz programmam, daşary işler ministri hökmümde nämeler etmekçidigim barada parlamentde çykyş etmeli boljakdygymy, şol çykyş esasynda deputatlaryñ meniñ kandidaturamy tassyklajakdyklaryny aýtdy. Ol bu barada parlamentiñ daşary işler boýunça komitetiniñ başlygy Žadan Aleksandr Nikolaýewiçe görkezme berendigini aýtdy. Soñra men Žadan bilen duşuşdym. Ol mende hiç hili oñaýly täsir galdyrmady. Daşyndan göräýmäge ol iýmek-içmekden başga hemme zada biperwaý garaýan adama meñzeýärdi, ýöne weli hakykatda ol Nyýazowyñ hiç haçan “ýumulmaýan gözi” hem “gapylmaýan gulagy” bolmaly. Ýeriñ astynda ýylan gäwişese-de, ony Nyýazowa eltip berýän Žadan bolmaly. 1990-njy ýylyñ 24-nji maýynda daşary işler ministrligine meniñ kandidaturam Türkmenistanyñ ýokary sowetiniñ sessiýasynda garaldy. Men oña taýýarlykly barypdym. Tribuna çykyp uzak bir söz sözlemedim. Ministrligiñ öñünde durýan esasy meseleleriñ has derwaýysynyñ kadrlar meseleleridigini aýdyp, oña uly üns beriljekdigine, ministrlikde hubbulwatan adamlaryñ işlemelidigine deputatlaryñ ünsini çekdim. Meniñ bu sözlerim halk wekillerniñ göwünlerinden turdy öýdýän. Olar el çarpyşdylar hem meniñ kandidaturamy goldadylar. Bu, elbetde, meseläniñ dabaraly tarapy. Onuñ humary bir gün, iki gün dowam edip, soñra ýatyşýar. Onuñ ornyny aladalar eýeleýär. Mende uly alada döredýän mesele turuwbaşdan kadrlar meselesidi. Daşary işler ministrliginde bu mesele beýleki ministrliklere garanyñda hasam beter içgysdyryjydy. Her zadam bolsa sowet döwletiniñ düzüminde Türkmenistan Respublika bolup, köp zatlary belli bir derejede özi amala aşyrýardy, şol sebäpden döwlet apparatynyñ köp ugurlary boýunça işini bilýän adamlar onçakly ýeterlik bolmasa-da, bardy. Bu meselä aýratyn üns berilmelidigini men ýurdyñ prezidenti bilen bolýan duşuşyklarda aram-aram ýatladardym. 1990-ynjy ýylda Sowet Soýuzynyñ uzak dowam etmejegi, basym dargajagy köpimize aýdyñ boldy. Ýurduñ içinde eden-etdilik höküm sürüp, işler “it eýesini, pişik bikesini tanamaz” ýaly derejelere baryp ýetdi. Iş bilýän, kärine ökde adamlar ýurdy terk edip, yrsgallaryny daşary ýurtlardan, hasam beter Günbatar döwletlerinden gözläp başladylar. 1990 -1991–nji ýyllarda Türkmenistanyñ döwlet adamlary, şol sanda menem, Moskwa köp gatnapdyk, bir aýagmyz Aşgabatda bolsa, beýleki aýagmyz hemişe Moskwadady. O zaman bir zadyñ üstünde oýlanyşylýardy – näme etmeli, mundan beýläk nähili ýaşamaly, Sowet Soýuzyny nädip üýgetmeli? Onuñ öñki durşuna saklanmaly däldigine hem saklanyp bilmejekdigine hemmeler diýen ýaly düşünýärdi. Ony federatiw döwletligine galdyryp, içinde düýpli ykdysady hem syýasy reformalar geçirmelimi ýa-da bolmasa düýbünden täze ýoly saýlap alyp, konfederatiw döwlet gurmalymy? Ýa-da bolmasa birek birekden aýrylyşyp, özbaşdak döwlet bolup ýaşamalymy? Döwlet adamlarnyñ aralarynda bolýan duşuşyklarda esasan şu meselelere garalýardy. Şol wagtlar bu mesele barada halkyñ pikirini sorap, referendum hem geçirilipdi. Sowet Soýuzynyñ ilatynyñ aglabasy Sowet Soýuzynyñ saklanyp galmagyna ses beripdi. Ýöne ahyrynda halkyñ garaýşy alga alynmady, ýurda ýolbaşçylyk еdýän gatlak, esasanam ol gatlagyñ slawýan respublikalarynda, ýagny Orusýetde, Ukrainada hem Belarusýada oturan bölegi, Sowet Soýuzyny dargatmak kararyna geldiler. Belorussiýanyñ Belowež tokaýlygynda Ýelsiniñ (rus prezidenti), Krawçugyñ (ukrain prezidenti) hem Şuşkewiçiñ (belarus prezidenti) aralarynda 1991-nji ýylyñ awgustynda bolup geçen duşuşyklar Sowet Soýuzynyñ dargadylmagy barada gelnen ylalaşyga gol çekişmek bilen tamamlandy. Bu habar, şeýleräk bir wakanyñ boljagyna garaşylan hem bolsa, köpleri eşekden ýykylan ýaly etdi. Ýurduñ birinji adamsy bolup oturan Nyýazowyñ keşbinde şol günler ullakan bir gala-gopluk, aljyraññylyk duýulmaýardy. Näme üçindir ol arkaýyndy, ýüregi suwlyjady, onuñ arkasynda ynamly bir güýjüñ bardygy duýulýardy. Biz slawýan respublikalarnyñ ýolbaşçylarnyñ bu eden işine bizi kemsitmeklik, äsgermezlik hasap edip, munuñ garşysyna bir hereketler etmeli diýişsek, Nyýazow howlukman, seresaplyk bilen gymyldamalydygyny aýdýardy. Nämäniñ nämedigi aýdyñlaşýança gymyldaman oturandan gowusy bolmaz diýip, Nyýazow biziñ jylawymyzdan çekýärdi hem Moskwadan gelýän telefon jañlarynyñ ählisine, hala ol Ýanaewden bolsun, hala onuñ garşydaşlaryndan, juda mylaýym, ýakymly ses bilen jogap berip, özüniñ iki tarapyñam tarapyndadygyny duýdurýardy. Umuman alanyñda bu ýerde geñ görüp oturasy bir zat bardyr öýdemok. Gowşak tarap hemişe güýçlileriñ arasynda turýan dawa goşulman güýçlileriñ haýsynyñ rüstem gelerine garaşyp oturýar hem haýsy ezber bolsa şony goldaýar. Nyýazowam şeýle etdi. Belki-de, onuñ şol edeni dogrudyr. Şol günler Nyýazow meni, ministrler kabinetiniñ başlygynyñ birinji orunbasary Ata Çaryýewi kabinetine çagyryp, biz bilen ýygy-ýygydan maslahat geçirýärdi. Nämе etmeli, bolan işlere biziñ reaksiýamyz nähili bolmaly diýen soraglar maslahatlaşylýardy. Ata Çaryýew ikimiziñ pikirimiz meñzeş çykypdy. Eger slawýan respublikalary bize sylag-hormat goýman, äsgermezlik edip öz aralarynda birleşmek kararyna gelen bolsalar, bizi hossa görýän bolsalar, goý birleşsinler. Eger olar bizsiz oñjak bolsalar, bizem olarsyz günümizi göreris diýişdik. Nyýazow biziñ bilen ylalaşyp, soñ näme etmeli diýen sowaly goýdy. Biz Orta Aziýa respublikalary bilen habarlaşyp, olar bilen Aşgabatda duşuşyk geçirmeli diýişdik. Duşuşykda garalmaly esasy mesele – Orta Aziýa döwletlerniñ bileleşigini döretmek meselesi bolsa slawýanlaryñ edenlerine mynasyp jogap bolardy diýip, biz Nyýazowy bu teklibi goldamaklyga yrdyk. Ahyry Nyýazow öz razyçylygyny berdi hem Orta Aziýa döwletlerniñ birleşigini döretmek barada ylalaşygyñ taslamasyny taýýar etmekligi bize tabşyrdy. Biz ol dokumenti taýýarlap Nyýazowa berdik. Nyýazow Orta Aziýa döwletleriniñ birinji ýolbaşçylarnyñ arasynda bolan duşuşyklaryñ birinde olary bu dokument bilen tanyşdyrypdyr. Şonda Karimow hem Nazarbaýew beýle dokumente gol goýmakdan entek ir, birden ruslaryñ gaharyny getirip, erbet güne düşäýmäliñ diýip ätiýaç edipdirler. Elbetde, garaşylan netijäni bermedigem bolsa, biziñ diýen ugrumyzdan gidilmedigem bolsa, Aşgabat duşuşygynyñ ähmiýeti uly boldy. Iñ bärkisi, Orta Aziýa respublikalary halkara arenasyna özbaşdak çykyp bilip, öz siñeklerini özlerniñ gorap biljekdiklerini duýdurdylar. Ol döwür diýseñ aladaly, gyzgalañly döwür bolupdy. Bir günüñ ýerde geçse, beýleki günüñ asmanda, uçaryñ üstünde geçýärdi. Men Orta Aziýa respublikalaryna, Azerbeýjana baryp, ol döwletleriñ daşary işler ministrleri bilen gepleşikler geçirip, geljekki gatnaşyklarymyzy birek birege peýdaly bolar ýaly edip gurnamaklygyñ maslahatyny edýärdim. Ýöne ol gürrüñler gürrüñligne galdy. Işler soñra, gynansagam, başga ýollar bilen edilip başlandy. Indi bu gep bu erde galsyn, soñra oña dolanaryn... Dowami bar...

[ نسخه قابل چاپ ] [ اين متن را با ايميل بفرستيد ] [ بازگشت به صفحه اول ]

استفاده از مطالب اين سایت با ذکر منبع بلامانع مي باشد