| Turkmensahra |
ترکمنصحرا |
|
Kümmetkowus şaherining taryhy
Gülüstan welaỳatynyñ gündogar-demirgazyk
sebitinde ỳerleşen Kümmetkowus şäheristany 6857 inedördül meỳdany bilen,
Eỳranyñ bütin meỳdanyndan 33,5 göterimini öz içine alỳar.
“1996-njy ỳyldaky iñ soñky ỳurt bölünşik hem umumy adam san statistikasy
boỳünça bu şäheristan 14 etrap, 5 şäher, 12 sany dehistandan ybarat bolỳar.”
Kümmetkowus şäheri Pählewileriñ gelmezinden öñ etrap görnüşde oturupdyrlar.
1316-njy hijri-şemsi ỳylda (1937m.ỳ.) gadymy Jürjen şäheriniñ 3 kilometrlik
günortasynda täze bina edilen şäheriñ adyna “Kümmetkowus” diỳlip
atlandyrylypdyr. Pählewiler döwründe Eỳranyñ demirgazyk ülkelerınde ỳer-suw
reformalary geçirilen döwürlerinde oña üns berilip başlanỳar.
Gadymy Jürjen şäheri (Gürgen) häzirki Kümmetkowus şäheriniñ 98 kilometr
demirgazyk-gündogarynda ỳerleşipdir. Bu şäher V hijri asyryñ ahyrlarynda
Seljuklaryñ we onsoñ Horezmşalyklaryñ gol astyna düşỳär. Mogollaryñ yurda
çozan döwründe, Çingizhanyñ tarapyndan Muhammet Horezmşany yzarlamak üçin öz
ogullarynyñ birini birnäçe goşun bilen, ol ỳere ỳollaỳar. Bu goşun 617-nji
hijri ỳylynda 4000 sany ilaty bolan Jürjen şäherini weỳran edỳär.
Häzirki zaman Kümmet şäheri Gürgen derỳasynyñ boỳunda Hazar deñziniñ 18
farsang gündogarynda ỳer şarynyñ 55° gradus grafiki boỳlugynda we 37° gradus
grafiki inliginde ỳerleşỳär.
Kümmetkowusyñ minarasynyñ bina bolmagy hakda dürli rowaỳatlara gabat gelỳäris.
Käbirleri bu minarany dürli şahsyỳetleriñ ỳygnanşỳan ỳeri bolupdyr diỳỳärler.
Bir toparlary ỳitenleriñ ỳol görkezijisi (ỳolsalgy mekany) diỳip hasap
edỳärler. Ýene bir toparlary bolsa Kowus patyşanyñ şan-şöhratyny görkezmek
üçin bina edilen minara diỳip düşünỳärler. Geliñ bu gümmeziñ bina edilişi
hakda dürli rowaỳatlary agtaryp göreliñ.
Ale-zỳar hanedanlygyñ meşhur patyşasy Gabus ibn-e Woşmgir (Kowus) bolupdyr.
Ýakut äl-Hamawiniñ aỳtmagyna görä, ol taỳsyz söweşjeñ hem dana edebiỳatçy
bolupdyr.
Şams El-mo,alynyñ hut özi alym kişi, sungatparaz, hatdat we ezber ỳazyjy hem
parasatly adam bolupdyr. Ol pars we arap dillerinde birnäçe eserler ỳazypdyr.
Şeýle hem Musulman Gündogar yklymynda meşhur “Kowusnama” eserini döreden
şahsyýet bolupdyr. Onuñ köşgi dünỳäniñ alymlarynyñ hem ulymalarynyñ ỳygnanyşyp
mejlis geçirỳän ỳeri bolupdyr. Orta asyrlaryñ meşhur we belli alymy bolan Abu
Reỳhan Biruny öz meşhur “Asar el-bakyỳe” atly eserini 390-njy h.k. ỳyl onuñ
adyndan döredỳär.
Ikinji bir tarapdan taryhy rowaỳatlarda ony rehimsiz, gaharjan we gaỳduwsyz
syỳasatmedar diỳip bellenilỳär.
Kümmetkowus şäherindäki uly ägirt gümmezli minara Şems El-mo,alynyñ ỳaşan
döwründe 397-nji h.k ỳyl bina edilỳär. Bu şäheriñ häzirki Kümmetkowus (Gonbäd-e
Gabus) 1316-njy h. 19 m. ỳylda bu hökümdaryñ adyndan alynỳar.
Rowaỳatlaryn birinde şeỳle setirlere gabat gelỳäris. “Abu El-mo,alynyñ jansyz
jesedi jäjekden ỳasalan bir tabytyñ içinde ỳerleşipdir. Bu tabyt gümmeziñ içki
bamyndan asylgy halatda durup her gün ertir säheri günüñ ỳalkymy gümmeziñ
penjiresinden oña tarap gün saçypdyr. ...” Bu rowaỳat şol binanyñ binỳat
ediliş fundamentiniñ öçgür göwheridir.
Gabus ibne Woşmgirin gümmezi, Orta Aziỳada yslam döwrüniñ taỳsyz
arhitekturalarynyñ biridir. Bu gümmez Kümmet şäheriniñ demirgazyk etrabynda ỳerleşỳär.
Ol Al-e Ziỳaryñ hökümdarlyk eden merkezi jürjen şäheriniñ 3 kilometrliginde
bina edilipdir. Bu ỳadygärlik dikilen gümmez Al-e Ziỳar tarapyndan jürjen
şäheriniñ pajarlap ösen döwründe migmarçylyk sungatynyñ taryhy we täsin
gymmatly ỳadygärlikleriniñ biri bolup durỳar.
Bu bina häzirki zaman gözel bir uly parkyñ ortasynda ỳerleşỳär. Ol on kilometr
uzaklykdan görnüp dur. Geçmişde bu ỳer dürli ỳurtlardan gelỳän
kerwendir-mysapyrlaryñ ỳolsalgy mekany we kerwensaraỳ nokatlarynyñ biri
bolupdyr.
Bu gümmez 397-nji hijri ỳyly 15 metr beỳikligi bolan bir depänin üstünde 55
metr galdyrylyp, Şems El-mo,alynyñ gubury hökmünde gurulypdyr.
Bu bina 18 metr beỳiklikde gupbaly gümmez görnüşde örülip, çüñki bolsa, ỳyldyz
şekilli 10 ganat görnüşinde örülipdir. Ýerligindäki örülen ỳyldyz görnüşli
ganatynyñ daş çykyp duran çüñki 1,60 metr, olaryñ arasy bolsa 1,4 metr
açyklygy bar. Gümmeziñ umumy tegelek göwrümi bolsa 30 metr we 144 millimetrden
ybarat bolỳar. Onuñ gündogar gyrasyndaky penjiräniñ 1,90 metr boỳy bolup,
Kowusyñ jansyz meỳdiniñ jäjek tabytyny hoşlaşmak üçin asylyp goỳulan ỳeridir.
Gümmeziñ günortasynda içerden arkalanan bir sany girelge gapy bar. Bu gapynyñ
arka görnüşli ỳokary gyrasyny iki hatar owadan nagyşlar bilen belläpdirler.
Bu ỳadygärligiñ depesindäki gupbaly gümmez görnüşde örülen çüñkiniñ 2 metr
aşagyndan 3 metr boỳlugynda kerpiçiñ ỳüzünden 2 hatar sada ỳazgy ỳerleşdirilipdir.
Ýazgy arap dilinde bişen kerpiçler bilen jaỳlanypdyr. Ol sadalygy hem
owadanlygy özünde jemläp aşakdaky görnüşde görkezilỳär :
بـسـم الله الـّرحـمـن الــّر حــيــم
هـذا الـقـصـر الـعـالـي ـ الا مـيـر شـمـس الـمعـالى ـ الا مـيـر بن الا مـير
ـ قـابـوس ابن وشـمـگيـر ـ امـر به بنائه فى حـياتـه ـ سنه سـبع و تـسـمعيـن
ـ و ثـلـثمـاثـيه قـمـرّيـه و سـنه خـمـس و سبـعـين و ثلـثـمائه شـمـسـيـن
Arap dilindäki bu ỳazgynyñ terjimesi şeỳle :
Bu beỳik köşk – Emir Şems El-mo,alynyñ köşgüdir – Emirleriñ emiri Woşmgir ogly
Kowus – öz ỳaşan döwründe muny bina edmäge buỳruk berdi. 275-nji hijri-kamary
ỳyly – 375-nji şemsi ỳyly.”.
Bu sene milady ỳyl hasabyndan 996-nji ỳyl bolup müñ ỳyldan gowyrak mundan öñ
bina edilipdir .
Bu hatdan mälim bolşy ỳaly, häzirki görnüp duran bu bina, Abu El-mo,aly Gabus
ibn-e Woşmgir-e Al-e Ziỳarynyñ gubury hökmünde meşhur bolupdyr. Aslynda bu
bina bir uly köşk mekany bolup, onsoñ Al-e Ziỳar hanedanlygynyñ meşhur
patyşasynyñ gubury edilipdir.
“Gümmeziñ gupbalanan çüñki ỳörite “kökli kerpiç” dien kerpiçden örülip onuñ
palçyk suwagy bolsa, “melat-e saruj ” ỳagny hek bilen külden emele gelỳän
Bu Gümmez alty parsah uzaklykdan görünỳär we onuñ uly haỳbaty ỳakynynda has
mälim bolỳar. Käbir rowaỳatlaryñ habar bermegine görä , -“bu Gümmez Nedir
şahyñ döwründe onuñ gazabyndan ikä bölünipdir.”- diỳlen gürrüñ bar. “Hedir şa
goşunlary bilen köp ülkeleri aỳlanyp ỳadapdyrlar. Haçanda bu Gümmezi
görenlerinde, bir uly şäheriñ gyrasyndan girendirin öỳedip, bu Gümmeziñ
saỳasynda dynç alaryn diỳip umyt edipdir. Olar has uzak ỳol ỳöräp ol ỳere
baranlarynda Gümmezden başga bir harabaçylyk bilen gabat gelỳärler. Şonuñ üçin
beỳlekiler aldanmaz ỳaly gazaba çykyp ony bozmaklygy bỳurỳar .” Şeỳle hem
Gökleñ türkmenleriniñ emirleriniñ biri onuñ astynda bir uly baỳlyk ỳatandyr
öỳedip bu gümmezi ỳykmak üçin dört töweregini gazyp agtarmagy bỳurỳar. Soñ
munuñ ỳykylmagy bilen ony gazỳan adamlaryñ bir toparynyñ heläk boljakdygyny
emire düşündirỳärler. Şonuñ üçin emir bu işden göz uwmỳar.
Soña baka bu bina bozulmaga tarap başlanỳar. 1308-mji hijri-şemsi ỳylynda
(1929-mjy milady ỳ.) arheologiỳanyñ işöwür hünärmeni Mosio Gdar hem-de iki
sany Eỳranly ökde migmarçylaryñ üsti bilen täzeden ömürleşdiriş ( sazlaşdyryş
) işini alyp bardylar. Ol Gürgen ỳa-d Jürjen şäherinden ỳarym farsang aralykda
gurulupdyr. Türkmen gelin –gyzlary bu mynarany öz dokan halydyr- halyçalarynyñ
ỳüzüne nagş edip dokaỳarlar.
Gadymy Gürgen şäheri “Mo,äjjäm el-Bälädan” atly eserde arap dilinde “Werkan”
ülkesi ỳa-da “Jorjan” diýip ỳatlanylỳar. Buşäher gündogar musulman ỳurtlarynyñ
iñ ähmỳetli we taryhy şäherleriniñ biri bolup durupdyr.Bu şäher 108 kilometr
häzirki Gürgen şäheriniñ demirgazyk – gündogarynda Gürgen derỳasy bilen Nardyn
derỳasynyñ iki tarapynda bina edilipdir. Onuñ bir bölegine Gürgen we beỳleki
bir bölegine-de , Bekrabat diỳlip atlandyrylypdyr. Bu iki bölek derỳanyñ
üstüne gurlan bir köprü bilen biri-birine bagly bolupdyr . Rowaỳatlryñ habar
bermegine görä, bu şäher Milad atly bir şahsyỳetiñ Gürgen diỳilen oglunyñ
tarapyndan bina edilipdir. Ýene-de “Mo,äjjäm el-Bälädan ” eseriniñ rowaỳat
etmegine görä, Ỳezid ibn-e Mähläb ibn-e El-näbi bu şäheri bina etdiripdir.
Ýene-de bir rowaỳatda ỳagny “nozhät el- glub” eseriniñ aỳtmagyna görä, “Soltan
Mälikşa Seljuklynyñ nebresi tarapyndan gurulupdyr .- diỳip bellenilỳär.”.
639-njy milady ỳylda arap serkerdesi Swäỳd ibn-e Mägran ‘Bestam şäheri
golastyna geçirende, Gürgeniñ türkmen patyşasy Ruzan ibn-e Suwla özüni boỳun
egdirmek üçin hat ỳollapdyr. Suwly han bu çagyryşyga boỳun egip, ỳylda
araplara paç töläpdir . Ýene-de hijri ỳyl hasaby boỳunça 98-nji ỳyl Ýezid
ibn-e Mähläb Suwly hany ỳykỳar-da Gürgeni eỳeleỳär.
IV hijri asyrda Ibn-e Hokäl Gürgen şäherine syỳahat edip şeỳle belleỳär :
“Göwnejaỳ bir şäher we onuñ öỳleri kerpiçden hem howasy bolsa, Täbäristandan
gurak. Kaỳykdan ỳasalan köpüri arkaly şäheriñ iki tarapyna gatnaw bolupdur.
Hakykatda Gürgen şäheri derỳanyñ gündogar tarapynda, we günbatar gyrasyndaky
şäher bolsa, Bekrabat diỳilipdir. Ibn-e Hokäliñ aỳtmagyna görä, şäheriñ iki
bölegi “Reỳ” şäheri ỳaly uly bolupdyr. Şäheriñ etraplaryndaky baglardan köp
mukdarda miwe önümleri öndürülipdir. Şeỳle hem köp mukdarda ỳüpek öndürülipdir.
Derỳanyñ çep tarapyndaky Gürgeniñ esasy bölegini “Mukaddesi” atly alym
“Şäheristan ” diỳip atlandyrypdyr. Onda uly-kiçi metjitler bolup, bazarlarynda
töwerek-etraplardan getirilip arzan bahadan satylỳan nar, zeỳtun, gawun-garpyz,
badamjan, pyrtygal, leỳmun we üzüm ỳaly miweler we beỳleki adamzada gerekli
hajatlar alyş-çalyş bolup durupdyr.
Şäherin mähelleleriniñ aralaryndaky geçỳän arnanyñ ( kiçi derỳa) üstünden
kaỳyklaryñ ustünde ỳasalan we depesine arka berilen köprulerden gatnaw
edilipdir. Hökümet edarasynyñ öñündäki uly meỳdanyñ 9 sany derwezesi bolupdyr.
Gürgeniñ howasy örän yssy we peşesi , mör-möjekleri çakagan, esasanam
büreleriniñ çakan jaỳy möjek gapan ỳaly bolup durỳar.” – diỳip belläpdir.
Orta asyrlaryñ beỳleki bir belli taryhçysy Hamdulla Mustowfiniñ aỳtmagyna görä,
Mälikşa Seljuklynyñ agtygy tarapyndan şäher täzeden gurlupdyr, onuñ umumy
meỳdany 7 müñ ädime barabar bolupdyr. Soltan Tekeş Horezmşanyñ bỳurugy boỳunça
şa Ardeşir Mazenderanynyñ tagallasy bilen şäheriñ diwarlary täzeden bina
edilipdir. Hijri ỳyl hasaby boỳunça 8-nji asyrda Hamdulla Mustowfiniñ taryh ỳazan
döwüri mongollaryñ çozuşyndan beỳläk, şäher harabaçylyga tarap gaỳdỳar. Ol ỳeriñ
dürli miweleri we baglary hakda az beỳan edỳär.
695-nji hijri ỳylda Emir Teỳmur / Temir / arnanyñ gyrasyndan özüne “Şasman”
atly bir ymarat galdyrtỳar.
287-nji hijri ỳylda /900 m.ỳ. / Jürjen şäheriniñ töwereginde söweşip şehit
bolan öwlatlaryñ biri Welid ibn-e Ýezidiñ halyflyk döwründe Seỳit Muhammet
ibn-e Ýahỳa ibn-e Zeỳdiñ gubury şol ỳerde jaỳlanylỳar. Bu şäheriñ iñ
şan-şöhrätli döwüri Kowus patyşanyñ döwründe bolupdyr. Ol döwürde Ibn-e Sina,
Abu Reỳhan Biruny we Abu Bekr-e Horezmi ỳaly alymlaryñ ỳygnanyşỳan merkezi
bolupdyr. Yslam ỳurtlarynyñ ähli künjeklerinden ilatynyñ köpligi, abadançylyk,
söwda işleri we ylym-bilim hem edebiỳatyñ ösmegi bilen meşhurlyga eỳe bolupdyr.
Şäheriñ günbatar-demirgazyk böleginde bir köşk, hammam hajatlary bilen özünde
ỳerleỳän bazar, erk gala, Garañky Ymamyñ gündogar kenar ỳakasyndaky Gürgen
derỳasy bilen Hurmarud aralygynyñ gyrasynda ỳerleşipdir. Gürgeniñ suwy bir uly
daş turbadan goỳulan suw turba arkaly Garañky Ymamyñ üsti bilen şähere
goỳberilipdir. 1285- 1291-nji h.ş. ỳyllardaky Britan döwletiniñ ilçisi,
“Mazenderan we Astrabat ” atly eseriñ eỳesi H.L Rabinonyñ aỳtmagyna görä,
Gürgen şäheriniñ daş gyrasynda “Garañky Ymam” ỳerleşỳär. Bu mowzeleỳ köneleşen
gümmez görnüşde esasy bölegi ỳeriñ astynda galypdyr. Onda hiç hili ỳazgy ỳadygärligi
galmandyr. Ýöne çaklamalara görä, Ýahỳa ibn-e Zeỳdiñ mazary bolmaly diỳilỳär.
Ol 125-nji hijri ỳylda şäheriñ daşyndaky bolan söweşde öldürülüpdir. Onuñ
meỳdini duşmany Abu Mosläm şol ỳerde jaỳlapdyr.” – diỳip rowaỳat bar .
Ýahỳa ibne Zeỳdiñ guburyna 40 ỳyl mundan öñ umumy özgertmeler berlipdir.
Zyỳaratçylar üçin guburyñ daş-töwereginde otaglar gurulypdyr. Howlynyñ
arkasynda bir uly howuz gurlupdyr. Gubur hem öñkisi ỳaly çuññurlykda däl.
Apbas Pärwiziñ “Arap ta diỳaleme” atly eserinde şeỳle rowaỳatlara gabat
gelỳäris.
“Ýahỳa ibne Zeỳd Ymam Huseỳn alaỳhussalamlaryñ nebereleriniñ biri Ol Welid
ibne Ýezidiñ halyflyk döwründe ỳaşapdyr. Ol 7 müñ sany müritleri we
tarapdarlary bilen Horasanda gozgalañ turuzỳar. Emma Halyfyñ häkimi Nasrebne
Seỳỳaryñ buỳrugy boỳunça Mosläm ibne Ahur El-mo,ini onuñ garşysyna söweşe ỳollaỳar.
Olaryñ arasyndaky Jürjen şäheriniñ gyrasyndaky geçen söweşde Ýahỳa ibne Zeỳd
öldürilỳär.”
Bu guburyñ ỳanyna barmak üçin bir garañky uzak ötükden geçilipdir. Şonuñ üçin
türkmenler oña “Garañky ymam” diỳipdirler.
Kümmetkowus şäheriniñ häzirki görnüşi ikinji jahan urşundan öñ Rezaşanyñ
döwründe nemesler (Almanlylar) tarapyndan çyzylypdyr. Ol belli tertipde
demirgazykdan-günorta tarapa we günbatardan – gündogara çekilen köçelerden
ybarat bolỳar. Bu köçelerde dürli jaỳ gurluşyklar alnyp barylypdyr. Bu şäheriñ
özboluşly ykdysadyỳet we ekerançylyk ỳerligi bolany üçin pajarlap ösmäge şert
döreỳär.
1375-nji h.ş (1996 m.ỳ) ỳylyñ hasabaty boỳunça şäheriñ 411522 ilatdan ybarat
bolỳar.
Şaheriñ esasy jemgyỳetini türkmenler döredỳär. Onda az sanly zabylly, maşatly,
azerbaỳjanly, goçanly kürt, we bejnurtlylar hem ỳaşaỳarlar. Bu şäher senagat
we söwda hem ekeramçylykly şäheri bolany üçin gün-günden ỳaşaỳjylarynyñ sany
köpelip durỳar.
Senagaty çalt ösỳär. Gymmatly haly-halça dokaỳanlardan başga-da pagta
arassalaỳjy, tok-elektrik, un we agaç dolanşygy ỳaly kärhana-fabrikleri
gurulşygy gurulỳarlar. Jaỳ gurluşygynyñ günsaỳyn köpelmegi bilen, kerpiç
kärhanalarynyñ sany hem şonça artỳar.
Kümmetkowusyñ söwda dolanşygynda durỳan harytlar umuman birinji nobatda
haly-halyça we beỳleki gymmatly tikin-dokyn hem şaỳ-sepler ỳaly materiallar,
pagta, arpa, bugdaỳ bolup ikinji nobatda gawun, garpyz, dürli miweler hem
tekstil önümlerini öz içine alỳar.
Bu şäheriñ köçeleri has uzyn we giñdir. Her bir köçäniñ uzynlygy 62 kilometre
barabar. Ýurt tabynlykdaky syỳasy bölünşikler boỳunça dört bölek, ỳagny
Merkezi Ramiỳan, Azadşäher we Daşlyburun ỳaly şäherlere bölünip Kümmet şäheri
bolsa bu şäheristanyñ merkezi şäheri hasaplanỳar. Ol 45 metr dünỳäniñ açyk
deñiz ỳüzlügüniñ ölçeginden ỳokary derejede durỳar.
Bu şäheristan tebigy häsiỳetleri boỳunça iki bölek, ỳagny daglyk we
jülgeliklere bölünỳär. Onuñ möhüm beỳiklikleri bolsa, Gündogar Elburs
daglyklarynyñ Günorta sebitleri, 2880 metr beỳikligi bilen Aleng dagy we
gündogar-demirgazyk sebitlerinde bolsa, kelte beỳikligi bilen Güllidag we
Narlydag ỳaly daglyklardan ybarat bolỳar.
Bu şäheristanyñ beỳleki sebitleri günortadan-demirgazyga we
gündogardan-günbatara tarap jülgelik we çököklüge tarap meỳillenỳär. Onuñ
çököklügi şäheristanyñ merkezi we günbataryna tarap ỳagny Gürgen derỳasyna
tarap inỳär.
Kümmet şäheristanyñ howa-suw ỳagdaỳy hakda aỳdylanda welin, Azat şäher
şäheriniñ günorta beỳikliklerinden Hoşỳaỳlak magistral şa ỳolunyñ üsti bilen
daglyk maỳyl howa we jülgäniñ günorta dag etekleri bolsa, ygally maỳyl howa,
hem-de Gürgen derỳasynyñ demirgazygyndan Garaşsyz Türkmenistanyñ serhetlerine
çenli özboluşly geografiki häsiỳeti boỳunça ỳarym gurak howa-suw şertlerinde
häsiỳetlenip durỳar.
Bu şäheriñ iki esasy derỳalarynyñ biri Etrek derỳasy Eỳran-Türkmenistan
serhetlerini döredỳär. Beỳlekisi bolsa, Gürgen derỳasy bolup durỳar. Gürgen
derỳasyna ỳene-de Alyabad, Ramiỳan ỳaly günorta beỳikliklerinden gözbaş alỳan
arnalar guỳỳar.
Bu şäher gadymy Jürjen harabaçylyklary hakda erheologlar tarapyndan entäk anyk
derejede hiç hili gazuw agtaryş işleri geçirilmändir. Bir wagtlar ol ỳerden
Kowus patyşa degişli altyn, kümüş pul zikgeleri tapylypdyr. Şäheriñ esasy
şaỳollary gündogarda Marawdepe we Bežnurd hem Minudeşt ỳollaryna sepleşip,
günorta tarapdan Azatşäher we Gürgen, Tähran ỳollaryna we demirgazyk hem
günbatardan bolsa Daşlyburun, Inçeburun hem Kümuşdepe we Bendertürkmen ỳaly
türkmen şäherleriniñ ỳollaryna baglanyşyp durỳar.
Kümmetkowusyñ binỳady tutulanda, onuñ birinji oturumlaşan ilaty ỳomutlaryñ
jafarbaỳ tiresinden bolan Ganỳokmazlar, Köçek, Tumaç we Igdir ỳaly taỳpalary
bolupdyr. Soñlarda patyşa Russiỳanyñ goşunlary Türkmenistany basyp
alanlaryndan beỳläk, türkmenleriñ taỳpa-tireleri gapma-garyşylygyndan
peỳdalanyp Kümmetkowusy hem bir hatarda eỳeleỳärler. Russiỳa döwleti bu
meseläni Eỳran döwleti bilen bilelikde amala aşyrỳar.
Russiỳa patyşalygy 1917-nji ỳylda synmagy bilen onuñ Kümmetkowusdaky işgärleri
we wekilleri öz watanlary bolan Orsỳede dolanyp gaỳtmaly boldular.
Umuman 1917-nji ỳyldan 1930-njy ỳyllara çenli Türkmenistan SSR-inden hem
türkmenler ol şähere bosgun bolup barỳarlar. Olar aşakdaky tertipde ỳerleşỳärler:
-Tekeler, Molla Orazgylyç tekäniñ ỳobaşçylygynda öz kowumlary bilen
Kümmetkowusyñ demirgazyk-günbatar böleginde mekan tutỳarlar.
Hangeldi Ownuk-CANADA–TORONTO
19.Jan.2006
hangeldi56@yahoo.ca
|
|
|
استفاده از
مطالب اين سایت با ذکر منبع بلامانع مي باشد |
|
|