|
Taryh
ylymlaryñ kandidaty:
Akmyrat Gürgenli
Milli
şahyrymyz
Mgatymguly
hakynda;
Bibliografiýahem
Kä bir
Tankydy garaýyşlar
|
Magtymguly köñle
gaýgy getirme,
Bu bir iş wagtydyr,
özüñi ýitirme,
Sözüm diñlän ýok
diýip, öm-süm oturma,
Jahan giñdir, çendan bilende
bardyr.
Giriş
Magtymguly—
Bu bütin Türkmen üçin, damarlarynda Türkmen gany coşýan, çeper
sözüñ ähli muştaklary üçin iñ mähriban, iñ guwançly, buýsançly at.
Belli rus gündogarşynasy V.Bartoldyñ caýdar belleýşi ýaly,
bütin orta Azyýa halklarynyñ arasynda diñe Türkmenlerde millin
şahyr bolupdyr, ol-da Magtymgulydyr.
Magtymguly, beýik akyldar, filosof, gündogaryñ pähim-paýhasyny
öñe süren, ynsanyýeti başyna täç eden, öz milletini jany-teni
bilen söýen watançy
şahyr,
Türkmen diliniñ ösmeginde, ony reformalaşdyrmakda ägirt uly iş
bitiren şahsyýet. Şahyrymyz
Mämedweli Kemiýnäniñ
sözleri bilen aýytsak: «Magtymguly edebiýat meýdanynyñ oraguny
orup giden» şahyr. Belli Türk şahyry
Nazym Hikmet
Magtymgulynyñ 250 ýyllyk poizýa baýramçylygy geçýän mahalay
1975-nji ýylda Aşgabada baranda şahyrymyz hakynda şeýle diýipdir:
«Magtymguly
meniñ hem şahyrym, onuñ dili meniñ hem dilim...Men Magtygulydan
köp zatlar öwrenýärin, ol meniñ-de ussadym. Ýöne onuñ bir öwreden
ullakan zadyny has nygtasym gelýär; ol-da öz halkyñ azatlygy üçin
göreşmek.»
Türkmen
halkynyñ edebiýat taryhynda ençeme klassik şahyry sanap bolar.
Olardan alym Bertlesiñ aýdyşy ýaly, söz ussady, deñi-taýy
bolmadyk Magtymguly birinji orunda durýar. Magtymguly, Türkmeniñ
edebiýat hazynasynyñ gymmat baha daşlarynyñ biri bolup, ol biziñ
zamanamyzda täze ýüzügiñ gaşynda gözüñi gamyşdyrjy şöhlesi bilen
lowurdaýar. «Magtymguly, Jemşiýdiñ jamydyr.»
Magtymguly, 18-nji asyrda ýaşap, özüniñ dürdäne döredijiligi,
bar ukyýby bilen Türkmen edebiýatyny, Türkmen dilini ösdüren şahyr.
Belli alym Mäti Kösäýev
aýytmyşlaýyn Türkmen halkynyñ wepaly ogly Magtymguly örän kiçi
göwünli, saýhally, edepli, salyhatly, sypaýy adam bolupdyr. Ol hiç
wagtda ulumsylyk etmändir, men-menlik satmandyr, şöhräte
kowalaşmandyr, serpaý üçin köşk şahyry bolmandyr, ol
adamkärçiligiñ iñ gowy sypatlaryny özünde birleşdiripdir. Şahyr
ulumsylyk edýänleri, tekepbiýrleri, bedasyl şöhratparazlary, açgöz
hyrsy dünýäleri, elmydama rehimsiz tankyýt edip, olary «ýurdy
ýykan, orramsydan bolan haramhorlar» diýip ýazgarypdyr.
Gündogaryñ
çeperçilik pikriniñ ösüş taryhynda, Türkmeniñ beýik ogullarynyñ
birisi Magtymguly Pyragy özboluşly şahyrana dünýäni açdy. Onuñ
asyrlar aşyp gelen ajaýyp sözi, umumy adamzat bähbitli şahyrana
pikirleriñ giden bir älemini ýada salýandygyndan başga-da, özünyñ
ruhy taýdan çuññur milliligi bilen hem äşgär tapawutlandy.
Magtymguly,
külli Türkmeniñ şahyry hökmünde at-owazasy dünýä dolan şahsyýet,
şonuñ üçin onuñ ajaýyp setirlerine, gyzylyñ gyryndysy ýaly garamak
duýgusy diñe bir Türkmen halkyna häsýetli duýgy bolman, eýsem,
dünýäniñ dürli halklaryna mahsus duýga öwrüldi. Özi–hem şahyryñ
altyn setirleri, şeýle duýgy bilen örän irki döwürlerden bäri ünsi
özüne çekip geldi. Şoña görä onuñ dana setirlerini birleşdirýän
aýry-aýry şygyr diwanlarynyñ bir ujy Hindistandan çyksa, bir ujy
meşhur Britan muzeýinden çykdy.
Magtymgulynyñ diwanynyñ daş basma çaplary
Baryp 1842-nji ýylda, palýak/Lehistanly alymy Alehander
Chodozko tarapyndan onuñ 3 goşgusy Londonda neşir edildi. Ol
bu goşgulary 1833-nji ýylda Köpetdag etrabyna, demirgazyk Hurasana
geçiren siýahaty döwründe ýygnapdyr. Neşir bolan goşgular «Duza
myýhmandyr», «Galmazlar», «Sil galmaz». Şeýle-de şahyra degişli
bolan «Ýaraşmaz» (...Aksakgallyk ýaraşmaz), «Olmaz»(...kebuter
olmaz) ýaly şygyrlary Kemine we
Aýdyñ Deregezli diýen şahslaryñ
eseri diýip görkezipdir.
Gazan we Petrburg universitetleriniñ professory Brezin
tarapyndan 1862-nji ýylda taýýarlanan «Türk hiristomatiýa»synda
Magtymgulynyñ goşgulary ýerleşdirildi. 30-dan gowrak goşgusy bolsa
belli Venger/Majar alymy, Budapest universitetiñ professory
Vamberiniñ
tagallasy bilen 1879-nji ýylda Leýpzikde neşir edildi. (Seret.
Zeitschrift der deutschen morgenländi schen gesellschaft. Bd.33)
1907-nji ýylda professor
N.P.Ostreomov
«Türküstan habarlary» atly gazetiñ 54-58-nji sanlarynda şahyryñ 81
sany goşgusyny neşir edýär. Streomov şol ýylda
G.H.Aryfjanonyñ litografiýasynda
«Otuziki tohum kyssasy we
Mahtymguly» eserini
çap etdirýär. Bu kitap 1911-nji ýylda Maryly kitap söwdigäri-Mir
Zahed Mir Syddykogly
tarapyndan 2000 nusgada neşir edilýär. 1911-nji ýylda Ostreomov
Magtymgulynyñ goşgularyny ýörite bir kitapça hökmünde, arap
elip-bisinde Daşkentde neşir edýär. Şahyryñ goşgular ýygyndysy
Stavropol, Ufa, Gazan, Simfropol, Urenborg we Hywa ýaly şäherlerde
çap edilipdir. Magtymgulynyñ goşgular ýygyndysynyñ iñ oñat
görnüsi- ençeme Türkmen alymlaryñ gatnaşmagy esasynda- 1910-nji
ýylda Buharada çap bolýar. Bu gymmatly eser Özbekistanyñ Abureýhan
Biýruni adyndaky gündogary öwreniş inistitutynyñ litografi çaplary
saklanýan hazynasynda saklanýar.
1912-nji ýylda Astrahanda ýaşan
Nurmuhommet ogly
Niýazy,
şahyryñ goşgular ýygyndysyny
«Diwan-e Mahtumguly»
ady bilen çap etdirýär. Bu barada
A.Z.Welidov
«Şura» jurnalynda (Nr.12-17. 1913-nji ýyl) gyzykly maglumat berýär.
Niýazynyñ aýytmagyna görä şahyryñ eseriniñ çap edilmeginde
«Ýagşymämet
ogly Hajy Nury efendi»
hem ýardam edipdir.
1914-nji ýylda Esengulyda ýaşap öten
Gurbanberdi Gürgeni
öz harajaty bilen
Azadynyñ behişt
namasy
bilen «Diwan-e Magtymgulyny»
neşir edýär. Bu ýygyndy-da şahyryñ jemi 189 goşgusy ýerleşipdir.
«Türküstan
ýygyndysy»
atly esereriñ 422-nji tomunyñ 125-135 we 446-nji tomunyñ 65-nji
sahypasynda V.E.Mejov
tarapynda şahyryñ 78 sany goşgusy çap bolupdyr.
Magtymgulynyñ çeperçilik mektebe öwrülen poizýasynyñ hakyky
gadyr-gyýmatynyñ bütin halk tarapyndan özleşdirlen şu zamanda,
onuñ şahyrana dörüdijiligine aýratyn sarpa goýulýandynyñ sebäbi
hakda gürrüñ edip oturmagyñ hajaty ýok. Diñe bir zat ýörite
nygtamaga degýär. Magtymgulynyñ, hem-de onuñ dörüdijilik mektebine
geçen klassik şahyrlarmyzyñ ajaýyp mirasyna goýulýan hormat we
sarpa munyñ aýdyñ şaýadydyr.
1944-nji ýylda Almanyñ berlin şäherinde latyn hatynda ildeşimiz
Gurban
tarapyndan 85 sahypada taýýarlanan Magtymgulynyñ eseri çap boldy.
Eseri «Türküstanyñ azatlygy ugrunda» atly gurama çap edipdir. Oña,
«Milli Türküstan komitetiñ ýanyndaky edebi-ylmy bölümi tarapyndan
çykarlan 4-nji kitap» diýlipdir. Eserde 2 sahypa Almança, 8 sahypa
Türkmençe söz başy ýerleşipdir. Söz başynda şeýle diýlipdir:
«Özlerini, öz
milletiniñ hoşbagytly ugrunda gurban edýärler, ine biziñ meşhur
Magtymgulymyz hem şeýle beýik şahsyýetiñ biridir...»
Eseri çap
etmäge tagalla eden ildeşimiz Gurban hakynda şeýle maglumat bar:
Onuñ hakyky ady Remezan
bolmaly, ol Gyzylarbatly Gökleñlerden. Oktober ynkylabynyñ
başlarynda şahyr Gara Seýitli bilen Bakua okuwa gidip,
mugallyýmçylyk terbiýe berýän ýokary okuny tamamlap, Türkmenistana
gaýdyp barýar we ol ýerde taryh mugallymy bolup işleýär, ol Bakuly
bir gyýza öýlenýär. 2-nji jahan urşy başlananda, fronta ýollanýar
we Almanlara ýesir düşýär. Gurban Almanda döredilen «Türküstany
azatediş komitete» agza edilip alynýar we baryp 1944-nji ýylda
faşistlaryñ dünýä gan çaýkan döwründe Magtymgulynyñ eserini çap
etdirmegi başarýar. Gurban 1960-nji ýyla çenli Inglisleriñ Kipirde
guran bir radio stansiýasynda işläp, soñ Türkmenistana gaýdyp
barýar we näbelli ýagdaýda aradan çykýar. (Myrat Täçmyrat/
Täçmyrat aganyñ ýatlamalaryndan alyndy)
Magtymgulynyñ goşgulary Türkmenistanda, Eýranda we Owganystanda
gaýta-gaýta çap edildi, olar şulardan ybarat:
A. Türkmenistanda
«Ýöne bir uly däl, juda uly sen,
Dag ogly, dag şiri, Magtymguly sen.
Şonuñ üçin saýlap daşlañ ulusyn,
Ýasadyk biz senden dagyn ýagşysyn.»
K.Gurbannepes
Magtymgulynyñ
edebi
mirasy Türkmenistanda 10-dan gowrak gezek çap edildi, olar ýyl
tertibi boýunça şeýle:
1. Magtymguly.Goşgulary.Aşgabbat.(Paltaratski) Türkmen Döwlet
Neşriýaty (T.D.N). 1926 Çapa taýýarlan Berdi Kerbabaýev.
Arap-cezidçe hatynda.
2. Magtymguly. Saýlanan goşgular. Aşgabat. 1940 Çapa taýýarlan,
Ahmat Gürgenli(Ahundov). Latyn hatynda. Jübi görnüşünde.
3. Magtymguly. Saýlanan goşgular. Aşgbat. 1941
A.Gürgenli bilen Ruhy Alyýevyñ tagallalary bilen. Latyn hatynda.
4. Magtymguly. Goşgular ýygyndysy. Aş. 1944
Baýmuhommed Garryýev. Rus/kril hatynda.
5. Magtymguly.
Saýlanan eserler. Aş. TDN. 1957.
Rus hatynda.
6. Magtymguly. Saýlanan eserler. Aş. 1959. İki tom.
Rus hatynda. B.Garryýev. M.Kösaýev.
7. Magtymguly. Saýlanan şygyrlar. Aşgabat-Bakuw. 1960. Şahyryñ
225 ýyllygy mynasybatyna. Arap hatynda. M.Köse, Baýamuhmmed
Ahundy/Müderresi.
8. Magtymguly. Saýlanan goşgular. Aş. 1976, 1977. Türkmenistan
Neşriýaty (T.N). B.Garryýev M.Kösäýev.
9. Magtymguly. Saýlanan eserler. İki tom. T.N. AŞ. 1983. Şahyryñ
250 ýyllygy mynasybatyna. G.Nazarov, Mükiamanov, Öwezgeldiýv,
Çaryýev, Nurýagdyýev. Rus hatynda.
10. Magtymguly. şygyrlar. 3 tom. Aş. 1992, 1994. Mülkamanov,
M.Öwezgeldi, M.Çaryýev...Rus hatynda.
Soñky neşirlerden habarymyz ýok.
¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤
Milli şahyr Magtymgulynyñ goşgulary ýeke Türkmen dilinde däl,
eýsem birnäçe ýevropa dillerine hem neşir edildi. Onuñ dürdäne
şygyrlary Rus, Ynglis, Fransuz, Polýak, Span, Alman, Arap, Pars,
Venger, Türkiýe türkçesine terjime edilip, öwrän-öwrän neşir
edildi we edilip gelýär.
B. Eýranda:
«Asly Gerkez, ýitmez ady,
Döwletmämet zurýady,
Magtymguly söz ussady,
Söz tohmun ekip gitdi.»
Abdylla Ahengeri
1. Diwan-e
hezret-e Magtymguly. Çapa taýýarlan Molla-mürze Abdyllahy (Guşly).
1947. Arap hatynda. 136 shypa. Eýranda ilkinji çap.
2. Diwan-e
hezret-e Magtymguly. Çapa taýýarlan Berdimäd Amany.
Kümmet Gabus
1949
3. Diwan-e
kämil-e hezret-e Magtymguly. Kümmet. 1963, 156 sah.
4. Külliýat-e
hezret-e Magtymguly Fragy. Gabus neşýiýaty. 1964
620 sah. Çapa
taýýarlanlar Welimämmed Azernuş, Muratdurdy Gazy.
5. Magtymguly.
Saýlanan şygyrlar. Aşgabat-Bakuw nusgasy esasynda.
Tehran,
1979-nji ýyl.
6.
Magtymgulynyn kämil diwany. M.Gazy. Kümmet 1979. 803 sah.
7. Magtymguly
Fragy. Ýaşaýyşy we saýlanan goşgulary. Abdyrahman Düýeji. Tehran
1984. Pars we Türkmen dillerinde 285 sah.
8. Magtymguly
Fragynyñ kämil diwany. M.Gazy. Maşat. 1994. 2000 tiraj. 440 sah.
Daş basma nusganyñ esasynda.
9. Magtymguly
Pyragy. Nurgylyç Fedakar. Gülüstan. 2000
Şahyryñ
edebi mirasy barasynda Eýranyñ gazet-jurnallarynda makalalar çap
edildi, şeýle-de ýörite kitap görnüşünde ylmy işler ýazyldy,
şolardan:
1. Tenbiýh-el ehevan
fi märefete Magtymguly iýşan
تنبیه ال احوال فی معرفت مختومقلی ایشان
(Magtymgulyny tanamak).Abdyrahman ahun Teñli.
Türkmen
dilinde.
Tehran 1984
2. Hezret-e Magtymguly Fragynyñ guburyny goraýan toparynyñ
neşri.1985
3. Arazmuhammet Sarly. Türküstanyñ taryhy. Tehran 1985.
4. A. Ahmady. Türkmenleriñ taryhyna gyýsgaja bakyş. Tehran. 1980
5. Magtymguly Türkmeniñ milli şahyry. Emin Güli «Gülçarh» edebi
jurnal 2-nji san 6-nji Maý, 1986 şeýle-de şol jurnalyñ 3-nji june
sanynda 1986 ýyl. Pars dilinde.
6. Emin Güli. Eýranda ýaşaýan Türkmenleriniñ siýasy-sosýal
taryhyna bir bakyş. Tehran 1986. ylym neşriýaty.
7. Ýüsüp Azmun. Türkmen diliniñ grammatikasy. Ankara.1981
8. M.Sejjadiýe.
Dostluk şahyýry. Tehran
Keýhan gazeti. 22Aug. 1991
9. Ýüsüp.Gojuk.
Film jurnaly. 8-nji san. Okt. 1990
10. M.Gazy.
Edebi miýras. Magtymguly hakynda oýlanmalar. 1992
11.
Magtymgulynyñ goşgulary hakynda. Amangylyç Şatmehr. Tehran 2000
12. Diwan
kämil Magtymguly. Ahmet Ozedi. Tehran 1994
13.
Magtymgulynyñ goşgulary, deñeşdirme esasynda syýn. Gonbätdurdy
Äzemirad. Maşat 1998
14. Magtymguly.
Goşgular ýygyndysy. 1-nji depder. Çapa taýýarlanlar: Maşatguly
Gyzyl, Gafur hoja, Salyh Päk, Tañyrguly ýylgaý. Tehran 2000
15. Jame-e
Eşrak. Magtymgulynyñ goşgularyna syýn. Nuretdin Sensebli. Gürgen
2002
Bulardan başga Ýusup Gojugyñ «Ýaprak» we Musa Jürjäniniñ
«Magtymgulyny ýatlap» diýen jurnallarynda-da şahyr hakda maglumat
berlipdir.
Ýene-de köp eserler bolmaly, ýöne olaryñ hemmesinden habarymyz
ýok.
Eýranly ýazyjylardan Seýitaly Mirniýa öz «Deregezde ýaşaýan ilat»
atly eserinde (Maşat 1983) Magtymgulyny şaýy mezhepli, ýurduny
bolsa Deregezdäki Etek sebti diýip görkezse, Bastany Parizi,
şahyry alamaçylykda garalaýar (Häşel-häft eseri. Tehran 1989).
Şahyr barada Eýrandaky soñky neşirlerden habarymyz ýok.
C. Owganystda:
«Adyñ mukaddesdir Türkmenistanda,
Eýrandyr, Türkiýe, Owganystanda,
Türkmen öwladyna jümle jahanda,
Fezilet nuruny saçan Pyragy.»
Şirmuhammet Ýeñiş
1.
Magtymguly Fragynyñ şygyrlar toplamy. Şamuhammet Ýazmaz. Kabul
1986. 1983-nji ýylda Türkmenistanda çap edilen nusganyñ esasynda.
2. Nurmuhommet
Garkyn: «Arzuwm bar galsam gözel il bile». Peşawer-Pakistan
1992.Türkmen dilinde. Arap hatynda.
3. Käbir kitap-jurnallarda şahyr barada maglumat berilyär.
D. Ýevropada:
1. A.H.Boreýho. Polýakly alym ilkinji gezek 1842-nji ýylda şahyryñ
üç sany şygryny Londonda neşir etdirýär.
2. Vamberi.H.
Die sprache der turkomanen und der Machdumkuli. Zeitschrift der
Deutschen Morgenländischen Gesellschaft. (Türkmendili we
Magtymguly diwany. 1879. Eserde goşgularyñ almança terjimesi hem
berlipdir. 56 sah.)
3. Şiýh
Mohsen-e Faany. Magtymguly diwany we ýedi asyrlyk türkçe bir
mänzuma. Ystanbul 1921. Türkiýe türkçesinde. 64 sah.(Vambriniñ çap
eden nusgasy esasynda)
4. Zeki Velidi
Togan. Türkiýýat mejmugasy (ýygyndysy) jurnalyñ ikinji sanynyñ
365-nji sah. 1928.ý
5. Ýaş
Türküstan jurnaly. 98-nji san. 20,27-nji sah. Tahyr diýen
kişi tarapyndan ýazylan «Türküstan milli edebiýaty etrapynda-
Magtymguly» atly makala. 1938-nji ýyl.
6. Z.V.Toganyñ
Almanyn Liden(häzirki Köln) şäherinde 1963-nji ýylda çap bolan «Gündogar
golýazmalary» atly kitabynyñ 224 -nji sahypasynda.
7. Almanyñ Visbaden şährinde 1965-nji ýylda çap bolan «Philologia
Turcicae fundamenta”(Türk filologiýa esaslary) atly kitabyñ
719-741-nji sahypalarynda, Johannes Benzing tarapyndan alman
dilinde ýazylan «Türkmen edebiýaty» diýen makalasy. Bu ýazyjy
doktorlyk tezini hem Türkmenleriñ diliniñ üstünde ýazýar we ony «Türkmen
dilinde işlik türleri» ady bilen 1939-nji ýylda Berlinde çapa
ýetirýär. Bu ýazyjy öz eserinde Türkmen ulusynyñ göreşjeñ ynsany
Kümüşdepeli
Dr.Ahmad Gara-daglyny
hem onuñ ýetiren kömeklerini ýatlap geçýär. (Dr. Molla Aşyr
Gazydan alnan maglumat)
8. Baýmürze Haýit. «Turküstan Rus bile Çiýn (Hytaý) arasynda»
Almançadan terjime eden A.Sadak.
Hollandia.
1971.ý127-nji sah.
9. Louis Batsin.Magtymguly Pyragy. Fransça.1975. 131 sah.
10. Hemzeli. Magtymguly Fragy. Bakuw 1984
11.Himmet Biýraý. Magtymguly diwany. Kultur bakanlygy
(ministerligi) Ankara 1992. Turkiýe türkçesinde. 538 sah.
12. Emine Gürsoý. Türkmen şiiri(goşgulary). Ystanbul. 1995.
13. Şvedsýanyñ Lund universitet bibliotekasynda saklanýan şahyryñ
daşbasma görnüşinde çap bolan diwany. Lahur 1936
14. Gurban (Remezan). Magtymkuly. Milli Türküstan komitetiñ
ýanyndaky edebi-ylmy bölümi tarapyndan 1944-njy ýylda Berlinde
Latyn hatynda. 79 sahypa.
15. Azmun.Ýüsüp. «Song from the steppes of Central Asia»
(Orta-asiýa çöllerinden aýdymlar). İnglis dilinde. Şahyryn 40 sany
goşgusy terjime edilipdir. Çap eden Magtymgulynyñ dostlary
adyndaky jemgiýet. Britania.1995
16. Almanyñ «Mir» inseklopediasy 24-nji tomunyn 42-nji sahypasynda
17. Brockhaus inseklopediasynyñ 446-nji sahypasynda.
18. Britanika inseklopediýanyñ 28-nji bölüminiñ 1101-nji
sahypasynda
19. Yslam inseklopediýa. Magtymguly sözi. Arapça
20. Makhtumguly. Polşada -Polýak dilinde 1954-nji ýyl
21. Makhtoumkouli Firaqui. Poemes de Turkménie. Traduits par
L.Bazin et p. Boravav. Paris 1975( Jemi 88 sany goşgusy)
22. Magtimguli Piragi. Almunkban el. Budapesht. 1983
Magtymgulynyñ ömri hakynda
Magtymguly budyr
derdiñ,
Sahyby gerek her
ýurduñ,
Şir zarbyn görmeýän
gurduñ,
Her murty bir tire
döner.
17-nji asryñ soñlarynda anyk
bolmadyk belli bir senede, häzirki
Garry-gala
we Marawadepe
etraplarynda «Giýñ-jaý»
diýen bir ýerde Gökleñleriñ Gerkez tiresinden beýik Magtymgulynyñ
3-nji arkasy Döwletmämet molla ýaşapdyr. Ondan takmynan
1654-nji ýylda Magtymguly diýen perzent dünýä inýär. Ömrüni agaç
ýonma we ussaçylyk bilen geçireni üçin, onuñ «Ýonaçy»
lakamy bolupdyr, ol az-owlak şygyr hem aýdypdyr. Ylmy, jany-teni
bilen söýýän Magtymguly ýonaçy, garyýplyk zerarly mektebe gidip
bilmän, baryp orta ýaşlarynda öýlenýär we ondan 1700-nji ýylda
Türkmen halkynyñ alym ogly Döwletmämet ”Azady” dünýä inýär.
Döwletmämet ilkinji okuny obada tamamlap, ýokary ylym almak üçin
Hywa gidýär we birnäçe ýyldan soñ uly alym bolup, pirlerinden ak
pata alyp, Gerkeze öwürlip ol ýerde mektep açýar.
Garry molla lakamly Döwletmämetdan «Wagyz-el azat», «Hekaýet-e
Jaber we Ensar», «Monajat nama», «Behişt nama», şeýle-de öz goly
bilen ýazyp, parasatly ogly Magtymgulynyn kämilleşdirmegi bilen
«Muhteser» atly dini eser ýädigär galýar. Magtymgulynyñ
nebirelerinden Ata işanyñ aýytmagyna göra bu kitaby 2-nji
jahan urşy ýyllarynda Orsýetiñ Gürgen şäherinde konsuly bolup
işlän Gylyç Kulyýev özlerinden amanat hökmünde alypdyr,
soñra bu kitap Aşgabada alnyp gidilýär.
Döwletmämet «Wagyz-e azat» eserinde dürli sosýal kyýnçylyklara
garap, ylym we düşünjäniñ ösmegini, garyplardan arka çykylmagyny,
ýollaryñ, köpürleiñ we akar ýaplaryñ abadanlaşdyrylmagyny öñe
sürýär. Ol bir goşgusynda şeýle diýär:
«Halk üzre çün häkim olarsa bir är,
Adyl bile höküm eýlegeý leýl-o-nahar
Häkim olganlar jahanda adyl ola ,
Bezegeý är, özüni adly bile.»
Ýa-da başga
bir ýerde:
«Köñül
içre owwal pikir eýlegil,
Parh
edip, ýagşy, ýamany söýlegil,
Ger
ýaman bolarsa söz, ýumgyl dodak
Ýagşy
bolsa, diýer sen ony ýagşyrak.»
Döwletmämediñ eseri köplenç «Moýin-el morid» we «Gutatgu bilik»
eserleriñ äheñinde aýdylypdyr.
Döwletmämediñ ýaşaýyş we durmuşy barada şeýle maşlumat bar:
Azadyñ, Orazgül diýen aýalyndan Abdulla, Muhommetsapa, Magtymguly,
Seýit, Gahyýrguly, Gulça, Zobeýde, Hurma we Orazgül bolýar.
Abdylla bilen Muhommetsapa ýaş wegtlarynda Çowdurhan bilen,
Ahmatşa
Dürränä kömek bermek üçin söweşe gidip, gaýdyp gelmeýärler.
Magtynguly doganlaryna bagyşlap «bular gelmedi» diýen eligiýany
döredýär. Döwletmämediñ Gahyrguly diýen oglundan Garaja molla,
Garja molladan Bürre molla, ondan Annagurban ahun, ondan
Nazarmämet işan, ondan Annagurban işan, ondan Gara işan, ondan
Magtymguly häzir Türkmensähranyñ Jergelan böleginiñ Gerkez
obasynda ýaşaýar. Hurmadan bolsa şahyr Gurbandurdy Zelili
dünýä inýär.
Döwletmämet Azady 1760-nji ýyda pany dünýäden baky dünýä göç
etýär. Magtymguly «Atamyñ» diýen goşgusynda bu waka barada şeýle
diýipdir:
«Altmyş ýaşda, nowruz güni, Low ýyly,
Tusdy ajal, ýoluñ tutdy Atamyñ,
Bu dünýäniñ işi belemiş belli,
Ömrüniñ tanabyny kesdi Atamyñ.»
Belli bolan
maglumatlara görä Türkmeniñ görnükli şahyry Magtimguly 1733-nji
ýylda ýagty jahana inip, takmynan 1790-nji ýylda Marawa-depäniñ
Aba-sary diýen çeşmäniñ kenarynda aradan çykyp, Akdokaýda
atasynyñ ýanynda jaýlanypdyr.
«Bilmeýän
soranlara aýdyñ bu garyp adymyz,
Asly Gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymgulydyr.»
Magtymguly
başlangyç ylmy, atasyndan alýar, soñ bolsa Hywanyñ belli
Şirgazy han
medersesine okuwa gidýär. Şahyr ol ýerde üç ýyl okandan soñ,
dogduk diýaryna gaýdyp gelýär. Käbir rowaýatlara göra şahyr
Halajyñ Edris-baba medersesinde hem okapdyr. Rowaýatlara göra, ol
Buharada okap ýören döwründe, Siýriýeli Türkmen Bahyýr ogly
Nurykäzim bilen tanşyp, bilelikde Türküstanyñ köp ýelerini
siýahat edip, Kabulyñ üsti bilen Lahura çenli ziýarat edenmiş.
Şahyryñ «ilkinji kuwwat tapyp», gazal aýytmaga başlamagy göýä 9
ýaşynda «Turgul diýdiler» goşgusy bilen başlanan eken.
Magtymgulynyñ ýaşan döwri-18-nji asyr- Türkmen halkynyñ iñ
galagowuply döwüri bolupdyr. Bu ýagdaý 1736-nji ýyldan soñ ýagny
Nedirşa özüni Eýranyñ şasy hökmünde jar edenden soñ has-da
çylşyrymly bolýar. Nedir tagta geçenden soñ guduzaçan ýaly goñşy
halklaryñ üstüne gan döküşikli çozuşlar edýär. Onuñ ganly gylyjy
Owganystanda, Hindistanda we Türküstanda şowurdap, günäsiz oturan
ilatyñ üstünden iýnýär. Şol esasda Hiwa, Buhara hem tabyn edilýär.
Elbette Nediriñ ganly ýörişleri Türkmen halkynyñ üstünden hem sawa
geçmedi. Özüniñ siýasy özbaşdaklygyny saklamak Türkmen halky üçin
ýeñil düşmedi. Magtymguly öz goşgularynda Nediriñ ganly
ýörişlerini berk tankyt gamçysy astyna alýar. Şahyr, şa bilen
aldym-berdimli söweşe giýrýär. Rowaýatlara görä, Magtymgulynyñ
golýazmalary, Gyzylbaşlaryñ şol talañçylykly ýörişleri netijesinde
ýok bolupdyr.
Nedir şa, 1747-nji
ýylda öldrülýär. Ol ölenden soñ gol astynda bolan ýurtlary üstünde
häkimiýet ýöretmek ugrunda ganly göreş başlanýar. şeýle göreşleriñ
netijesinde Owganystanda Ahmat Dürräni özüni şa diýip yglan edýär
we öz häkimiýetini berkitmek üçin iki gezek hat üsti bilen
Türkmenlere ýüzlenýär. Eýranly taryhçy Saniý-et dowle
صنیع الدوله
öz «Mätle-ol şämes
مطلع الشمس
»(Dañ şapagy) atly eserinde –kitap daş basma görnüsünde Tehranda
çap boldy– bu hatlary getiripdir. Hatlar Gerkez han-begleriniñ
adyna ýazylypdyr. Çowdurhanyñ baştutanlygynda Döwletmämediñ iki
sany ogly Muhommetsafa bilen Abdylla, söweşmäge
gidýärler we gaýdyp gelmeýärler. Magtymguly Atasynda rugsat diläp,
doganlarynyñ gözlegine çykmakçy bolýar, emma iki oglunyñ ýoguna
ýanan Azady oña rugsat bermeýär. Şahyr öz «Oglum-Azadym»
goşgusynda bu hakda ýatlapdyr.
Magtymguly ýaşlygyndan daýzasynyñ gyýzy Meñlä aşyk
bolýar. Aýdylşyna göra Meñliniñ hakyky ady Ýañybeg bolup,
Magtymguly yşyk syryny ile ýaýmajak bolup, onuñ adyny Meñli diýip
tutupdyr. Meñli(Ýañybeg) Meded päliwanyñ gyýzy eken.
Magtymguly, Hywada okap ýören döründe Meñliniñ «Şyhym Harpyga»
berilýändigini eşidip, onuñ bilen eden ähdi-peýmany ýatlap,
«Nowruzdan seni» diýen otly setirleri ýazýar.
Rowaýatlara görä, şahyr göýe uruşda wepat bolan agasynyñ
aýaly–ýeññesine öýlenenmiş. Ýöne munuñ beýle bolup bilmejegini
aýdýanlaram bar, sebäbi yslam dininyñ ähli kadalaryny oñat bilýän
Döwletmämet, giden ogulundan doly habar gelýänça, onuñ maşgalasyny
beýleki ogluna nykalap bermez, uruşa gidenlerden bolsa habar-hatyr
bolmaýar. Magtymguly soñra Akgyýz bilen durmuş gurýar,
ondan Ybraýym bilen Molla Bäbek dogýar, emme olar
ir dünýäden gaýdýarlar.
Göreşjeñ şahyr
«Magtymguly...
Türkmen tireleriniñ hemmesi üçin deñ derejede
gymmatly görülýän we umumy milli şahyr hasaplanýar.»
Akademik A.Ý.Krimiski
Magtymguly öz döwrüniñ uly akyldary, döwrüniñ sosýal hem siýasy
durmuşyna çuñ hem giýñ dünýä garaýyşy bilen göz ýetiren şahsyýet.
Munuñ şeýledigine şahyryñ bize miras goýup giden ajaýyp
setirleriniñ akyl sütünini emele getiren oýlanmalaryna göz
gezdirmek ýeterlikdir. Şahyr, Türkmen halkynyñ siýasy durmuşynda
ýüze çykan agyr şertlerine çeper analiz bermek bilen bu ýagdaýdan
diýnmagyñ ýoluny agtarýar:
«Musulmanlar gylyç goýsa bir-birine
Döwlet dönüp, dinlar nugsana gelgeý,
Zulum eýläp, bir-birin salsa esire,
Pelek bu pikirden puşmana gelgeý.
Bir-birini çapmak, ermes ärlikden,
Bu iş şeýtanydyr, belki körlükden,
Agzalalyk, aýraý ili dirilikden,
Döwlet dönüp, nobat duşmana gelgeý.»
Bu setirlerde öñe sürlen pikre, gönüden-göni, beýik şahyryñ öz
döwrüniñ siýasy gurulşyny analizlemek netijesinde orta goýan
jemgiýetçilik-siýasy ähmiýetli açyşy hökmünde baha bermek dogry
bolar. Sebäbi Magtymgula çenli, 18-nji asyr Türkmenleriñ
jemgiýetçilik-siýasy durmuşyny analizläp, şeýle dogry netijä gelen
başga bir akyldarymyz ýok diýseñ boljak. Şahyr, Türkmen halkynyñ
siýasy durmuşda düşen kyýn şertiniñ düýp sebäbini daşardan abanyp
gelýän howplardan başga, tire-taýpalaryn arasyndaky agzalalykdan
görýär. Has takyky, şahyr, öz kalbyny lerzana salan bu aýylyganç
hakykaty düýp-teýkary bilen ýazgarýar. Uly pähimdar, tire-taýpa
duşmançylygynyñ möwç uran döründe munuñ Türkmen halkynyñ ykbalynda
ýitmez tagma bolup durandygyna aýdyñ göz ýetirýär:
«Derdim bar, diýarymdan, döwrümden,
Haýyr kaýsy, yhsan kaýsy bilinmez.
Zalymlaryñ jepasyndan, jebrinden,
Yslam kaýsy, iman kaýsy bilinmez.»
Hakyýkatdan hem öz dogduk diýarynyñ derdi, ýaşan döwrüniñ
derdi, hut şahyryñ öz derdi. Sebäbi Magtymguly öz ülkesiniñ, öz
zamanasynyñ agysyny aglan şahyr. Şonuñ üçin ol öz töwereginde
görüp-eşiden wakalaryndan, aldym-berdimli durmuş hadyýsalaryndan
akylly-başly baş çykarjak bolýar, halkyñ başyna düşen agyr
günlerden diýnmagyñ aladasy bilen ýaşaýar. Bu, elbette, şahyra
ýeñil düşmeýär. Ol agyr oýlaran soñ, özüniñ çykalga tapman
kösenýändigini, umyýtdan düşüp aljyrap oturýandygyny-da giýzlejek
bolmaýar. Türkmen topragyna daşarky duşmanlaryñ talañçylykly
çözuşlarynyñ dowam edýän döwründe, tire-taýpalaryñ özara oñuşman,
bir-birini çapyp ýörmeginiñ hakykatyny şahyr ölüm bilen deñeýär:
«İstär elden çyka, döwlet humaýym,
Doga kylyp, döker bolduk ýaşymyz,
Dilegim duş eýle gözel Allahym,
Ersgin boldy, gitdi, gyzyl başymyz.»
Gyzylbaşlaryñ ersgin almagy, şahyryñ liriki gahrymanynyñ ruhy
çökgünliginiñ düýp sebäbidir. Ol, duşman ordasynyñ Türkmen
topragyna ganly toýnagynyñ düşmezligi üçin gije-gündiýz doga
kylmaga, nalyşly dileg etmäge hem taýýar:
«Hyzyr
gezen çölde iller ýaýylsyn,
Ýurt
binamyz, gaýym bolsun, goýulsyn,
Çille
mes nerlermiz barça aýylsyn,
Bir
suprada eda bolsun aşymyz.»
Ol, şeýlelik bilen Türkmen tireleriniñ bir supranyñ daşyna
egrilmegini arzulaýar:
«Türkmenler baglasa bir ýere bili,
Guradar Gulzamy, derýaý-e Nili,
Teke,
Ýomut, Gökleñ, Ýazyr, Alyly,
Bir
döwlete gulluk etsek bäşimiz.»
Ýa-da
«Hor
galmasyn puştder puştum,
Berkarar döwlet islärin.»
Şahyr öz
öñe süren ideýasynyñ, Türkmenler bir millet hökmünde ýaşamalymy
ýa-da ýaşamaly dälmi diýilýän heýhatly döwür bilen baglydygyny
nygtaýar. Şoña görä, şahyryñ jandan syzdyryp gaýtalaýgy ýaly,
Türkmen tire-taýpalarynyñ birligi, «jan gerekmi, pyçak»– döwrüniñ
öñe çykaran talaby.
Magtymgulynyñ, Kemal han Owgan diýen şahsyýeti, Ahmathan
Dürräni. Sebäp, ol döwürde ol, Eýrany şaýylaryñ agalygyndan
çykarmaga kasam eden kişidi. Bu waka, şaýy mezhebine eýerip, goñşy
ükelere talañçylyly ýöriş geçirýän gyzylbaşlaryn çym-pytrak bolmak
arzuundan gelip çykýar:
«Ýomut,
Gökleñ täsiýp edip özünden,
Çekse
goşun, öñi, ardy bilinmez.
Sygmaý çyka deşt-o- dahan düzünden,
Ýörän ýoly, gonan ýurdy bilinmez.
Üç mün naýza bazy bardyr nökerden,
Dört müñ pildary bardyr gala ýykardan,
Teke, Salyr ýöriş etse ýokardan,
Öñünde çömüç, kesek, gerdi bilinmez.»
Şahyr orta çykaran durmuş hakykatyny paýhas eleginden geçirip,
zamanasynyñ betasyllygy, asylzadalykdan ileri tutýan döwür
bolandygy, ýagşylygyñ egsilip, ýamanlygyñ möwç urup joşýan,
Piýgambar ornunda oturan kazylaryñ-da gara nebisleriniñ guluna
öwrlüp para üçin el serýän, hatta dindarlaryñ dünýä maly üçin öz
dininden el göterýän, gamçysyndan gan damýan zalymlaryñ zulmundan,
garyp-puharayñ horlanýan, ejir çekýän, asylsyz beglere dowran
dolanyp, şumlyk, haramylygyñ artan zamanasy bolandygyny we şol
zamanyñ pessat bolanyny ýazyp, «panydan, bakaýa gitmeli»
bolýandygy üçin gussaly oýlaryñ girdabyndan çykyp bilmeýär. Döwrüñ
kemçiliklerini düzetmek üçin, şahyýr çäre agtarýar:
«Bakyñ bu eýýamy, görün gerdişi,
Pahyýra zulum etmek, zalymyñ işi.
Hak ýolunda dogry gezen derwüşi,
Goýmadylar, öz halyna ýatmaga.»
«Ýüregim sabyrdan gitdi, karardan,
Ýaman işdir bogaz bolmak är, ärden,
Biýzara gelip men şeýle diýardan,
Jür bolup men başym alyp gitmäge.»
Milli şahyryñ medeni mirasyny öwrenmek
«Magtymguly sözle herne bileniñ,
Özüñe kemlik bil aýytman öleniñ,
Taraşlap şaglatgyn köñle geleniñ,
Senden soñkulara ýädigär bolar.»
Sözümiziñ başynda belläp geçişimiz ýaly, milli şahyrymyzyñ
edebi mirasyny öwrenmek işi baryp Türkmenistan jemhuriýeti gurlan
ýyllardan ýagny 1924-nji ýyldan bäri yýzy giderli dowam edip
gelýäär. Şol ilkinji ýyllarda şahyryñ diñe il-güni wasp edýän
goşgularyny çap edip, başga temaly goşgulary ünsden düşrüldi. Muña
döwrüñ siýasaty güýçli täsir etdi. Ynsankärçilik düzgüni wada
beren bolşevikler şahyrymyzyñ milli duýgulary ösdürýän goşgularyny
öwrenýän we öwredýän alymlaryñ erkana işlemegine hem ýaşamagna ýol
berip bilmediler, olary yýzarlap başladylar, ençemesiniñ bolsa
başyna ýetdiler.
1940-nji ýylda ýazu hat, Latyndan rusça üýtgedilenden soñ
Magtymgüly şynaslarmyz rus haty esasynda taýýarlanan tekstler
esasynda işlemeli boldular. Bu ýagdaý bir näçe kyýnçylyga alyp
geldi:
1.Şahyryñ adyna toplanan ähli golýazmalar arap hatynda, şoña görä
bu haty, arap-pars dili bilmezden Magtymgülyny tanamak we tanatmak
mümkin däl.
2. Doly analiz etmezden başga klassik şahyrlaryñ goşgulary
Magtymgula berildi.
3. Şahyryñ arapça ýazylan teksti rus/kril hatyna geçirildi. Esasan
arap sözlerini rus haty bilen doly ýazyp bolmaýar. Şol esasda bir
topar sözler ýalñyş ýazylyp, köp säwlik goýberildi.
4. Kommunistik ideologiýasynyñ Türkmen gullary, Magtymgulynyñ
atyna bir näçe ýasama goşgular düzüp berdiler we şahyryñ edebi
mirasyny galplaşdyrdylar.
Sözümiz gurak bolmaz ýaly, kä bir mysallary alyp göreýliñ:
«Ajap kurhan gerekmes, azan
gerekmes.»
Gerekmes goşgudan
«Diýerler
har Dejjal jahana geler,
Ne,ajap nakyldyr, kim ony biler.» Jeñ sesin añsa
«Behişt ýerden çyksa asman üstüne,
Nury bilen jümle jahan örtüner.»
Jahan örtüner goşgudan
«Ýer
astynd, ajap behişt rezwanda,
Dirilerge ab haýat gerekdyr.» Gerekdir goşgudan
Yslam ynanjyna
görä behişt ýeriñ astyndan dä-de asmanda durýar.
«Kitap açyp ança dine duş bolup,
Yslam kaýsy, kurhan kaýsy bilmedim.»
Dini meselelere belet Magtymguly ýaly alym, heý-de şeýle
sözlärmi?!
Ýa-da
«Pelek
sen hem bir dem aman eýlegil,
Biz
nadan ýesire döwran eýlegil.» il geçer
«Magtymguly
gaýra çekgil özüñi,
Anyk bil, oýarlar gözüñi,
Diñlän ýokdur, zaýa kylma sözüñi
İndi senden habar alan bolmady.» Zaman bolmady
«Nadan
menem, düşdüm pelek toruna,
Çoh
garaşdym, ajap eýýam gelmedi.»
Ýa-da
«Hak
sözüne ynanmazdym men daýym,
Hijrandan tutupdyr kerwön saraýym.» Baradyr
Ýa-da
«Magtymguly
ýaryýmadym,
Perzent pohun arytmadym.» Soýüş bile
Ýa-da
«Gözi
nergis, boýy şemşat,
Kirpikleri misli polad.» Güle meñzär
Heý-de
Magtymguly ýaly dile baý şahyr şeýle ýeñil-ýelpaý meñzetmelerden
peýdalanarmy?
Ýa-da
«Magtymguly
akly çaşan,
Gözläp gidermi gardaşyn.» Seýran eýledy goşgudan
Ýa-da
«Aryp
bolup, mest bolupdyr tilkiler
Magtymguly çaşyp, lala dönüpdir.» Bil indi
«İl sözüne
ynandym men ýazykly biçäre.»
¤¤¤¤
«Gözel alsañ aryplara gulak goý.»
Ýa-da
«Pyragy
sözüñden matamdyr iller,
Sözlemez lal boldy gör asal tiller.» Dünýä goluñdan goşgudan
Ýa-da
«Asal erdi sözlerim» sözlerimden
Ýa-da
«İstemez men ol behişti,
Behişt mekanym bar meniñ.» Bar meniñ goşgudan
Bir-birine zor bilen baglanýan beýitleri alyp göreýliñ:
«Dag başynyñ dumany bar,
Her bagyñ bagbany bar,
Adam ogly zenany bar,
Gözüm
düşmer ol jenana.» Bu
dahana
Ýa-da
«Gökleñ
içre bir özüm,
Galyp men arman bilen.»
Magtymguly hiç
mahal menlik satan şahyr bolmandyr.
Ýa-da
«Utanmaz
adamdan, namart ýagşydyr,
Howtyr eýleýer, märekä barmaz,
Dendan pena,
zyban dahan nagşydyr,
Lep bilen gaş
her zibaga ýaraşmaz.» Märekä barmaz
Ýa-da
«Magtymguly
ismiñ seniñ bolsun gerekdir pyragy,
Mar
golundan dindim disem, geldi hijranyñ.» Bendi boldum
Sözlük we
düşündiriş bölümi düzenler-de käbir düýpli ýalñyşlygy
goýberipdirler. Mysal üçin: Aly sözüniñ düşündirşinde ony Muhammet
pigamberiñ daýysy dilipdir, hakykatdan bolsa ol pigamberiñ dogan
oglany.
Howa! Bular
ýaly mysallardan getirseñ getirip oturmaly. Beýle ýalñyşlary
düzletmek üçin ýörite ylmy ýygnak we akademik konferensiýalar
geçirmeli. Ýöne, gyýnansagam, milli şahyrymyz hakynda edilýän
galplyklar bu günler başga görnüşde dowam edýär. Ol-da Sovet
döwründe dini mazmunly goşgularyñ çap bolmagyna rugsat berilmedik
bolsa, bu günler analis galbyryndan geçirilmän, käbir dini
goşgulary Magtymgulynyñ adyna berilýän halatlaryna köp duş
gelinýär. Hakyky magtymguly şynaslar, şahyryñ goşgy stiline/ýoluna
belet, bolmadyk bolsa öwrenmäge wagty gelendirem geçendirem.
Milli şahyrymyz Magtymguly hakynda bolan ýalñyşlyklar diñe onuñ
goşglary bilen çäklenmäni, eýsem şahyryn hatta ýüz keşbine-de
ýetdi. Baryp 40-nji ýyllarda Türkmenistanyñ belli suratkeşi
Aýhan Hajyýeviñ çeken suratynda, şahyryñ başyna çür telpek
geýdirildi. Dogurdanam Türkmenlerde şeýle telpek bolupmy, ýogsa,
bu, Hurasan Kürtlerine mahsus baş börükmi? Bilmedik!
Magtymgulynyñ dogany Gahyýrgulynyñ nebirelerinde Jergelanda
ýaşap öten merhum Ata işanyñ ogly merhum Gara işanyñ 1986-njy
ýylda maña gürrüñ bermegine görä Magtymguly kak çekgeräk, goýun
göz, çaky burun bolup, sakgaly sary, saçlary gara, sag gulagynyñ
içinde tüýi bolanmyş.
Beýle galplyklara çydap bilmedik ildeşimiz Dañatar
duýgusyny şeýle beýan edipdir:
«Her kim Pyragyda özün görmän.
Pyragyda, Pyragyny görmeli.
Pyragyñ ýerine özi sözlemän,
Pyragyýñ özüne söz bermeli.
Pyragydan proletariýa bolarmy,
Başyna çür telpek geýdirmek bilen
Magtymguly, Maksim Görki-de bolmaz
Dimedik sözlerini didirmek bilen
Terki
dünýä ruhany-da däldir ol
Uýmadyk ýoluna uýdyrmak bilen
Magtymguly, diñe, Magtymgulydyr,
Magtimgulygyna örän uludyr.»
Magtymgulynyñ adyna berilen goşgular
İlkinji
gezek aýdym-saz öwreniji rus alymy Uspinski bagşylardan
ýygnan birnäçe goşguny Magtymgulynyñ adyna berýär. Olaryñ arasynda
«Meñlä» degişli goşgular bar.
Rus
gündogarşynas Samiloviç 10 sany golýazma duş gelipdir, onuñ
pikriçe Magtymgulynyñ goşgulary 250, 260-dan köp bolmaly däl.
Sovet
döwründe Magtymgulynyñ adyna giden bir topar goşy berildi. Bu işde
filosofiýa ylymlaryñ doktory Gylyç Mülliýev «uly tagalla»
etdi. Ol «Matemi» lakamy bilen 36 sany goşy çykarypdyr, hem-de
250-den gowrak goşguny Magtymgulynyñ adyna, ylymlar akademiýa
beripdir. Gylyç Mülli bu barada öz ýatlama depderinde şeýle bellik
edipdir:
« Türkmenleriñ
uly ýedigen ýaly ýedi geçmiş şahyrynyñ içinde iñ ulusynyñ
mirasynda jedelli ýerleriniñ bardygyny uly il bilýär. Ýöne onuñ
öz wagtynda meniñ günäm bilen dörändigini bilýän kän däldir.
Men ol läheñiñ/Magtymgulynyñ birnäçe müñ setiriniñ hut
özüniñkidigine kepil geçip biljek däl. Onuñ adyna geçirlende bolsa,
ol goşy-gazallaryñ anyk kimiñkidigini bilýän ýok, ony menem
bilemok. Olaryñ asla avtory ýok. Emma öz wagtynda men olary
uly Ýedigeniñ haýsy birsine beren bolsam, olam Türkmeniñ iñ uly
şahyryna öwrüljekdi. Meniñ wezipäm olaryñ içinden iñ mynasybyny
saýlap tapmakdy. Men şony hem etdim. Olaryñ diñe
onuñkydygyna wagtal-wagtal özümem ynanýaryn. Munuñ üçin
isleseñiz meni ýazgaryñ, isleseñizem ýalkañ… ol goşgular
bolmadyk bolsa, «Dindar şahyr, dini wasp edipdir, söwda
burjuasiýasynyñ wekili» diýip, oni «it alan sanja» dönderip
barýardylar. Milli guwanjymyzy bir topar nadandan halas etjek
bolup, meniñ öz halkymyñ öñünde günä iş eden bolmagym-da
ahmaldyr? Men beýik şahyryñ mirasyna el gatanyma ökünýän…ol
goşgulary meniñ atam pahyr… Ýeri bolýar, bu hakynda soñ bir gün…»
(Mülli Tahyryñ hudaýlygy)
1983-nji
ýylda Türkmenistan SSR ylymlar akademiýasynyñ Magtymguly adyndaky
Dil we Edebiýat inistituty tarapyndan çap bolan «Magtymguly»
saýlanan eserler 2 tomluk. Çapa taýýarlanlar: Geldi Nazarov,
Abdyrahman Mülkimanov we… kitabyna salgylanyp, şahyryñ adyna
berilen käbir goşgulary belläp geçýäris. Ýeri gelende aýtsak bu
goşgulara daş basma nusgalarynda-da gabat gelinmeýär:
1-nji tom:
Türkmeniñ s.11
Kaýda sen s.26
Uçdum ýaranlar s.30
Weýrana geldi s.36 Molla Bäbek s.36
(Muny Artykmuhammet Seýdynyñ goşa pudagyndan alyndy diýýänlerem
bar) Eýlediñ
s.37
Muptala kyldy s.56 Reýgan eýledi s.61 San bolsam s.67 İllerden
aýlandy s.68 İstemen s.69
Toba eýledi s.70
Oýanmaz s.71 Mätäç eýleme s.73 Dert iññildär s.74 Bagtym
garadyr s.74 Merdan kaýsy s.76 Ballar mesgeni s.78 Güle meñzär
s.78 Solupdyr
pygan bilen
s.79 Syýlmaý boldum s.80 Ýagşysyn s.81 Nagahan pelek s.82 Daş
galdy s.83 Har kyldy s.85 Zamanydyr s.85 Läşler
aglar s.86 Aýrylyp s.87 Hindistanda hyýalym s.87
Bar meniñ s.89 Ýyl bile s.90 Nurana
düşmez s.91 Görmişen s.92 Bu gün
s.93 Neýläýin indi s.93 Meñli ýarymdan s.94 Pany jahan
gerekmes s.95
Boýlaryña s.96 Köñüldir weýran s.96 Gyýmaz gözüm s.97 Uýat eýlär
s.98 Ýar ýüzünden s.99 Aýyt
s.100 Gülzar oýnaşar s.101 Jan eýledi s.101 Azadym kany?
s.102 Küläli geldi s.104 Baş bolmañ s.104 Gidiji bolma
s.113 Çowdur han s.128 Zarlar içinde s.129 Döwletalynyñ s.131
Fettah s.132 Huşdan aýryldy s.137 İliñi
s.138 Bizge rowana s.138 Göç ýigitler s.139 Jan istär
s.141 Amana geler s.141 Namys arymdan s.142 Mert bolmaz s.143
Hasar dagynda s.143 Galdy neýläýin s.144 İl gözlär
s.145 Ozan geler s.146 Gülzar men s.146 Gulagyn tutmaz
s.147 Gözel Şirgazy s.148 Terk eýle bu mekany s.149
Ýetirmez
hijran s.151 Daşynmaza s.151 Mal ýagşy s.152 Mal
istär s.153
Mert kyldyñ
s.153 Abdylla s.154 Türkmen binasy s.155 Görülsin
indi s.156 Ýörmeli boldy s.158 Döke başlady s.171 Gaça başlady
s.174 Nas atan s.182 Naskeş s.183 Çilim
s.184 Çilim çekmegil s.185 Munda çilimkeş s.188 Siýagyndan
bellidir s.190
Ýol alar
s.190 Ody ýigidiñ s.191 Gyş bolar s.192 Alan
ýagşydyr s.193 Ýekäniñ s.194 Yrak eýle özüñi s.202 Ýar
olmagyl s.204 Sazyna degmez s.210 Ýüz bolar s.219 Mert
biläni s.221 Lerzanadyr s.221 Gerekdir s.222 Jahan örtüner
s.223 Ýolun añlamaz s.224 Duman gitmez s.224 Dert nedir s.225
Köp bolsa s.226 Aşy tapmaz sen s.227 Geçip baradyr s.227
Aýrylsa s.228 Üssesi bolmaz s.228 Namys-ary gerekdir
s.231
Bile myhmandyr s.231 Söwüş bilen s.232 Weýran eýledi s.233 Tuta
başlady s.233 Sözlerim s.234 Zamana
bolmady
s.234 Jeñ sesin añsa s.235 Unudar ol ýoluny s.236
Solan ýalydyr
s.237 Bu dahan s.237 Biläni(dag dereler…) s.238
Käre döndi
s.239 Ynsan ugraşsa s.241 Tekepbirlik eýlär s.242
Söz manysyny
bilemeginçe s.243 Söýmek biläni s.244 Bil indi s.245 Tä
algança gözüni s.246
Baradyr
s.247 Biçäre s.248 Baş ýagşy s.249 Ýanan barmy? s.250
Begler(Mert bilen namardyñ…) s.252 Syýn bilem s.252 Gezip
başlady s.253 Märekä barmaz s.255 Malyna degmez s.255
İkinji tom:
Ajap eýýam
gelmedi s.5
Ýuwdup baradyr
s.6 Roý syýadan gaýry s.8 Şol mähribanym geldi s.17
Aýrylma s.21 Ne peýda s.21 Gara daşdan aýrylsa
(gaýtalanma) s.22 Begler(gaýtalanma)
s.23 Haty näbilsin s.24 Bibat görner(şüpheli) s.36 Ýolmuş bu
dünýä s.39 Ýany bile s.72 Utup baradyr (Bu pany…)
s.82 At galmady s.83 Az eýlediñ s.84 Mallar dargady
s.84 Sürdi-de bardy s.85 Bela boldy s.85 Düýrüp baradyr s.86 Duman
görüner (Seri duman…) s.87 Gidip baradyr(şüpheli) s.88
Pyragy(Pelek
baglan) s.89
Mukam gaşynda
s.89 Dünýä golundan s.90 Ýaslar içinde s.91 Gelip düşdi
s.92 İl geçer s.93 Ötüp barmyş s.94 Nadan pelekden s.96
Pisat dünýädir s.97 Zemine batar s.99 Hanyñ galdy s.100 Aman-aman
s.101 Hary-zar bolduñ s.102 Sowrup gidipdir s.104 Pelegiñ s.104
Dünýä, heý s.105 Jela eýledi s.120 Hak menzil etdi jana
s.126
Gülen
barmy?(Eý, ýaranlar…) s.130 İl bolmaz s.131 Bunýat ilen
s.131 Pelegidir(şüpheli) s.136
Adam ata bilen
duşdy(şüpheli) s.150 Bilal bar s.151 «Oýan» didiler s.156 Ýar
çeker s.157 Dert biläni(Gel köñül…) s.159 Öter bu
dünýä(Hoş gal…) s.161 Bolmaz, ýaranlar(Bir zaman…)
s.162 Al eder s.164 Aýrylmadymy? s.164 Köp jan geçipdir s.166
Kimse gelip baradyr s.168
Didi: «habar ýok sizdeb» s.169 Kany? s.170
Ýetişse s.171 Jan eglenmez s.172 Rowaç oturmyş s.173
Mah-u sallar s.174 Öter gider(Köñlüm…) s.175
Zamana ahyr bolanda s.175
Tumar gördüm s.176 Bolup ötdi(Dünýä…) s.177
Dal olar s.178
Dükan görüner s.188 Seýran içinde (Eý, ýranlar…) s.189
Gurulmasdan burun (Şüpheli-Jismi
kanundan)
s.189 Ynsan ýaratdy(şüpheli) s. 190
Ýokarda
agzalan bu tema ylmy jedele açyk. Esasan şahyryñ tankydy tekstini
taýýarlamagyñ wagty geldi-de geçdi. Bu meselä, ýersiz täsip bilen
däl-de ylmy nokdaý nazardan sertmeli. Sebäbi beýle ýagdaý ähli
klassiki şahyrlaryñ başyna gelen zat. Sivilizlenen döwletlerde bu
barada eýýam ylmy işler edildi, ýöne bizde bu iş gaty gijä galdy.
Bagşylar söýülen aýdymyñ goşgusyny Magtymgulyñky diýdiler, kätipler,
molla-miftiler her bir dini şygry Şahyryñ adyna berdiler, şeýdibem
köp bulaşyklyk emele geldi. Şoña görä Magtymgulynyñ tankydy tekstini
taýýarlamak işi diýseñ derwaýys mesele.
Magtymguly
şahyr barada maña köp zat öwreden merhum Sapar Ensary,ýe (Ahall-a)
minnetdarlygymy bildirip, sözümi jemleýärin.
Peýdalanylan çeşmeler
1.
Alehander Chodzko: Specimens of the popular poetry of Persia.
Harrison & co printers. 1864 London
2. Dañatar: Salam
Pyragy. Berlin 1991.
3.
Mirniýa. S: Deregezde ýaşýan ilat.
Maşat. 1982
4.
Bastani Parizi: Heşel-heft. 2-nji çap. Novin neşriýaty. Tehran 1989
S. 349
5.
Ýüsüp Azmun: Magtymguly kim? Inglis dilinde.
6.Almaz Ýazberdi:
Biblioteçno-bibliografiçeskoýe.
Aşgabat. Ylym 1988
7. Makalada
agzalan dürli çeşmeler we artikeller.
8.
Mülli Tahyryñ hudaýlygy-ýatlamalary. Akmuhammet Welsapar.
Sweden 1996
9.
Şahsy barlag işlerim
|
|