Milli Kalendar

 Düzen: A.Gürgenli
Türkmen taryhynyñ Gysgaça kronologiyasy
Bu iş il-ulusymyzyñ erkinligi ugrunda şirin janlaryndan maya goşan ynsanlarmyzyñ yagty hatyralaryna bagyşlanyar.
T
ürkmen halky örän baý, gadymy hem parlak medeniýete,  taryha eýe. Basmaçylar milli taryhymyzy galplaşdyrmakda ellerinden gelenlerini gaýgyronoklar.Olaryñ düýp maksady milli taryhymyzy ýoýup, häzirki hem geljek nesilimize, bizi, taryhy, geçmişi bolmadyk, ezijilere baş egen, gorkak  millet diýp tanytmak.Eýranda Pählevi Orsýetde Bolşevik taryhçylary bularyñ aýdyñ mysalydyr. Olar Türkmen milletini basmaçy, galtaman edip görkezdiler, öz basybaljylykly we pitneçilikli syýasatlaryny bolsa “medeniýet kerweni” hökmünde häsýetlendirip geldiler. Şeýle zäherli hem şaunistik propagandalar esassynda milli taryhymyzdan habarsyz galyp, milli galkynşlaryndan hem azat ediş hereketlerinden uzaklaşyp, häzirki milli-demokratik göreşlerde bu esasy faktorlardan peýdalanyp bilmän geldik.
Hödürlenen bu çaklañja iş milli taryhymyzyñ möhüm wakalaryny görkezmäge synanşýar.Bu işiñ dowamy, milli taryhymyzy düýpli öwrenmäge alyp barar diýen umydymyz bar. Kitapçada hödürlenen wakalar iki bölümden ybarat:
1.       Wakalaryñ ýyl boýunça tertibi
2.      Wakalaryñ aý-gün boýunça tertibi 
 
 
300.000 ýyla ýakyn
Türkmenistanyñ topragynda Aşel tipli ýadygärlik.
100.000 ýyla ýakyn
Türkmenistanyñ topragynda Muste tipli ýadigärlik.
8000-6000 ýyl M.ö
Türkmenistanda neolit zamanynyñ ýadigärlikler.
7000 M.ö
Günorta Türkmenistanda ekerançylygyñ ösüşi.
5000-4000 ýyl M.ö
Giyçki neolit zamanynyñ ýadigärlikleri.
4000-2000 ýyl M.ö
Türkmenistanyñ topragynda neolit we bürnç zamanynyñ ýadigärlikleri. (Änew I-III, Namazgah I-IV)
4000 M.ö
Günbatar Türküstanda Türk medeniýetiniñ ösmegi.
Mary medeniýetiniñ güýçli döwri.
2000 ýyl M.ö
Irki demir zamanynyñ ýadigärlikler (Änew IV, gadymy Dehistan medeniýeti)
750 M.ö
Sakalaryñ (Skitleriñ) Ýevropa göçüşi.
550-547 M.ö
Pars şasy Kuroşyñ Par/Parfýa we Hirkanýa (häzirki Astrabada geçiren ganly ýörişi)
530 M.ö
Ürgece we Mara çözup gelen Kuroş کورش  şazada Tumar hanyma ýeñlip, heläk bolýar.
522 M.ö
Margiýanad (Maryda) Faradyñ yolbaş-çylygynda halk gozgalanyñ möwç alýar.
522 M.ö
Parfýada we Hirkanýada Akamenitleriñ هخامنشلرینگ garşysyna gozgalañ.
521 M.ö (mars)
Eýran şasy Darýuş I Parfýalylaryñ gozgalañyna garşy Vişpauzatiş diýen ýere goşun sürýär.
329 M.ö
Aleksandr Makedonskiniñ Mara ýörişi.
300M.ö(ortasy)
Parfýa döwleti selukitler döwletinden bölünip aýryldy.
300-200 M.ö
Gadymy Horezim medeniýeti ösüp, Türküstanda uly döwlete öwrüldi.
250 M.ö
Parfýa (Äşkan) urugly Ärşek (Ärtek), Ärdogan serdarlar Etrek-Tejen arasyndaky topragy eýeledi. Sakalaryñ ýeñilmegi, Sarmatlaryñ gudrata ýetmegi.
247 M.ö
Parfýa döwletiniñ baştutany Ärşek, Nusaýda başyna täç geýp, ol ýeri paýtagt belleýşi.
209 M.ö
Göktürkleriñ baştutany Tümen hanyñ gudrata ýetmegi.
Hun Türkleriñ serdary Mete hanyñ gudrata ýetişi.
174 M.ö
Mete hanyñ ölümi.
171-138 M.ö
Parfýa patyşasy MitridatI-iñ patyşalyk sürmegi, şonuñ dolandýran wagtynda Parfýanyñ uly imperiýa öwrülmegi.
160  M.ö
Türkleriñ ata-babalary hasaplanýan “Ýuweçilariñ” Yssyk köle tarap süýşmegi.
50 M.ö
Hun Türkleriñ, Hytaya (Çine) tabyn boluşy.
10 M.s
Parfýada “kiçi” arşakitler urugynyñ gudrata ýetişi.
35-36
Parfýa döwleti bilen Rim imperýasynyñ söweş.
87
Parfýa ilçileriniñ Çine iberilmegi.
300
Türkmenleriñ arasynda Hyrystyyan dininiñ ýaýramagy.
420
Maryda Nesotrian metropolisiýanyñ döredilmegi.
425
Abdal (Ak Hun) döwletiniñ Jeýhun we Maryda döremegi.
426
Eýran patyşasy Bähram5-iñ Abdallaryñ üstüne ganly ýörişi, Abdaly hanyñ Maryda öldürilşi.
433
Çin imperatorlygynyñ 3-nji urugy Tubaýlaryñ gysyşy neticesinde Altaý we Gylyç hanlygynda oturan Türkleriñ Türküstana göçüşi.
434
Günbatar Hunlaryñ serdary Atillanyñ tagta çykyşy.
452
Atillanyñ Ýevropa taryhy ýörişi
454
Atillanyñ ölümi.
522
Faradyñ baştutanlygynda Maryda halk gozgalañynyñ möwç almagy.
Türk hakany Tümen han “Juwan-juwan”lary ýeñip, uly günbatar Göktürk döwletini doganlar Istemi han we Muhan han tarapyndan esaslanmagy.
533
Tümen ogly Guly hanyñ gudrata ýetmegi.
534
Guly hanyñ ogly Muhanyñ gudrata ýetmegi.
550
Hazar türkleriniñ günorta Orsýete yörişi.
552
Awar Türkleriniñ, Göktürkler tarapyndan ýeñilmesi.
566
Abdal häkimiyetini ýykmak üçin Göktürkleriñ serdary Istemi hanyñ, Eýran şasy Enewşirwan bilen birleşmegi.
576-603
Istemi han ogly, Tarbu hanyñ höküm süren döwri.
581
Göktürk döwletiniñ, gündogar we günbatar böleklere bölünşy.
605
Türk serdary Çöl hanyñ, Eýranly Hosrowa garşy söweşi.
610
Belli Gyzyl alan diwarynyñ Kümüşdepeden salnyp başlanyşy.
630
Gündogar Göktürk döwletiniñ dargamagy.
Hazar Türkleriniñ erkinlige gowuşmagy.
638
Günbatar Göktürkleriñ ikä bölünmegi.
650
Eýran şasy ÝezdgerIII-iñ, araplaryñ çozuşyna çydaman Mara sygynmagy.
651-661
Araplaryñ Horasany basyp almagy, Çöl hanyñ Dehistan we Hazar ýakasynda araplar bilen söweşmegi.
680
Gutluk hanyñ Göktürk döwletini gaýtadan dikeldeni üçin halk tarapyndan Ilteriş lakamyny almagy.
691
Gutluk hanyñ ölümi.
716
Araplaryñ Dehistany basyp almagy.
731
Gutluk han ogly Gultegin hanyñ ölümi. Onuñ adyna dikeldilen mazar daşlaryndaky ýazgylar Türk taryhynyñ altyn sahypalaryna öwrülýär. Bu taryhy ýadigärlikler Issyk kölüñ golaýynda ýerleşýär.(Tegin= Şazada)
734
Gutluk han ogly, Bilge hakanyñ ölümi.
744
Uýgurlaryñ Göktürk döwletini agdarmagy.
744-840
Uýgurlaryñ höküm süren döwri.
832
Maryly alym Habaş, astronomiki tablitsasyny (nejum jedveli) düzdi.
845
Gyzyl alan diwarynyñ remond (tämir) edilmegi.
889
Ibn Fadleniñ(Fozlanyñ) yslam dinini ýaýratmak üçin Oguz Türkleriniñ arasyna sıyýahaty.
923
Çöl Türkleriniñ Çinde gudrata ýetmegi.
932
Garahanly Türkleriñ serdary Satyk Bugra han gudrata ýetip ilkinji musulman Türk döwletiniñ düýbüni tutdy.
937
Woşimgir ogly Gabusyñ Gürgen (häzirki Kümmetgowuz) şäheriniñ häkimi bolmagy.
969
Maryly Mäsoudi Märvezi مسعودی مروزی öz şahnama eserini ýazdy. Bu eser soñraky ýazlan şahnamalara nusga bolýar.
973-1048
Belli Türk filosofy, filolog (logatşynas) we matematik alymy Äbu-reýhan Älbiruniniñ ýaşan döwri.
980 Aug. 8
Belli Türk filosofy, medisina alymy Ibn-Sina Ürgençde doguldy.
992
Samanit Nuh II-iñ Nusaý, Ürgenç emiri Äl-mamuna, Äbivärdi (Kakany) bolsa- horezmşasy Äbu-Abdylla bermegi.
998
Gazy(söweşceñ) lakamly Gaznaly Mahmydyñ tagta çykmagy.
1017
Horezimi Gaznaly Mahmyd basyp aldy.
1025
Türkleriniñ bir böleginiñ Seljuklardan aýrylyp, soltan Mahmydyñ tarapyna geçmegi.
1027
Gaznawitleriñ zulmuna garşy Türkleriniñ gozgalañy.
1031-1041
Mesoud Gaznalynyñ höküm süren döwri.
1032
Seljukly Türkmenleriñ Horasan we Ürgence göçmekleri.
1035 June19
Seljuklaryñ Horasanda gaznewit goşunlaryny ýeñmegi.
1037 june18
Belli alym Ibn-Sinan aradan çykdy.
1038 July
Seljuklaryñ Saragty, Maryny we Nişapury eýelemekleri.
1040 May24
Marynyñ töwereginde Dendanakanyñ ýanynda Mesoudyñ goşuny Seljuklar tarapyndan çym-pytrak edilýär.
Togrul beg, döwletiniñ düýbüni tutýar.
1055
Togrul begiñ Bagdady almagy.
1058
Ibraýym (Ýenal-Aynalyñ) gozgalañy.
1060
Soltan Sanjaryñ buýrugy  bilen Astrabad we Gürgene Türkmenlerden häkimler bellenýär.
1063-1072
Seljukly Alp-Arslanyñ höküm süren döwri.
1069
Ýüsüp Ulug “hajeb-e Has” Gutagu bilik kitabyny ýazyp, Bugra hana hödürlýär.
1071
Alp-Arslanyñ Mavera-un-nehre ýörişi.
1072
Alp-Arslanyñ ölümi.
Kaşgarly Mahmyd “Diwan lugat-ättürk” eserini ýazdy.
1073
Seljukly soltan Mälik şanyñ buýrugy bilen Maryda astronom (resädhâna) binasynyñ gurulmagy.
1074
Omar Hayyamyñ Mary resädhanasynda işlemegi.
1080
Soltan Süleýman ibn Kutulmyşyñ Anadolyny basyp almagy.
1081
Tekeşiñ gozgalañy we onuñ Maryny ele geçirmegi.
1086
Mälik şanyñ Siriýa ýörişi.
1092
Mälik şanyñ ölümi
1092-1104
Seljukly  Barkiýaryñ (Börükýarygyñ) höküm süren döwri.
1101
Seljukly soltan Gylyç Arsalanyñ meşhur Haçly söweşleri.
1113-1167
Taryh we geografiýa alymy Abdylkerim Assamanynyñ ýaşan döwri.
1118-1153
Soltan Sanjaryñ höküm süren döwri.
1128-1156
Horezm şasy Atsyzyñ höküm süren döwri.
1130
Soltan Sanjaryñ Mavera-u-nehre ýörişi.
1144
Buharanyñ Oguzlarlar eýeleýär.
1150
Maryda  Sanjaryñ ýadigärliginiñ gurulmagy.
1153 May
Oguzlaryñ Maryny alyp, Sanjary ýesir etmekleri.
1153 Dec.
Oguzlaryñ Nişabury basyp almagy. Mahmyt hanyñ gündogar-Seljuk döwletiniñ hökümdary diýilip jar edilmegi.
1153-1173
Mary we Saragty, Oguz mäligi Dinaryñ dolandyrmagy.
1153-1205
Balhy Oguzlaryñ Zengitler urugynyñ dolandyrmagy.
1156
Nusayda Horezm şasy Il-Arslanyñ ady bilen hutba okamak düzgüniñ girizilmegi.
1156 May 7
Soltan Sanjar 62 yaşynda aradan çykýar.
1161
Oguzlaryñ we Ýazýrlaryñ birleşen goşuny Dehistan hem Gürgeni ele geçirýär.
1172
Maryny Oguzlar eýeleýär.
1172-1200
Horezm şasy Tekeşiñ höküm süren döwri.
1178/9
Ürgençde Tekeşiñ köşgünde alym Fahraddin Razy فخرالدین رازی “Ilymlar ýygyndysy” diýen ensiklopediýasyny ýazýar.
1182
Şahyr Reşid-etdin Wetwatyñ ölümi.
1191
Şahyr Änväriniñ ölümi.
1193
Tekeş han Maryny eýeleýär.
1200
Il-Arslan ogly Tekeş hanyñ ölümi.
1205
Balkan we Hazar töwereginden nebit çykarlyp başlanmagy.
1206
Ýesuka(ýeske)batyryñ [Çingiz hanyñ] güýç toplap başlamagy.
Dehlide Türk döwletiniñ gurulmagy.
1215
Çingiz han Horezm bilen gatnaşýar.
1220
Jelal-etdin Horezm şasy bolýar.
1221-22
Mogollar häzirki Türkmenistany basyp alýar.
1224
Mogollar bilen söweşmek üçin Hindistana goşun ýygnamaga giden Jelal-etdiniñ Ürgenje dolanýar.
1250
Müsürde Memluk Türk döwletiniñ emele gelmegi.
1320
Ärsary babanyñ döwri.
Moin-elmorid معین المرید atly kitabyñ arapçadan Türkmençä terjime edilmegi.
1336
Belli Türk harby serkerdesi Emir Timuryñ doglan ýyly.
1353
Muhammed Harezmi “Mohabbet nama” atly eserini ýazýar.
1357
Altyn orda hany Jany begiñ Horasany ele geçirmegi.
1370
Timuritler döwletiniñ döremegi.
1384
Timur Gürgeni we Mazenderany eýeleýär.
1394Mars24
Türküstanyñ belli soltany we münjjemi Ulug begiñ doglan güni. Wepaty 1449
1405 Feb.18
Emir Timuryñ ölümi.
1405-1406
Temuritleriñ garşysyna Ogurjalylaryñ gozgalañy.
1405-1447
Şahroh Timuryñ höküm süren ýyllary. Bu döwürde Marynyñ (Abdulla han galansynyñ) täze ýerde düýbi tutuýar. 
1410
Şahrohyñ permany bilen Mary galasynda dikeldiş işleriniñ başlanmagy.
1428
Özbek Türk döwletiniñ döreýşi.
1437-1560
Gazan tatar Türkleriniñ höküm süren ýyllary.
1441-1793
Kyrym tatarlarynyñ höküm süren ýyllary. (olar soñra zor bilen Orsýete birikdirilýär)
1446-1556
Astrahan Türkleriniñ höküm süren ýyllary.
1469-1509
Soltan Söyün Baygaranyñ Hyratda höküm süren ýyllary.
1470
Gara-goýunly Türkmen döwleti dargaýar.
1486
Wepaýy, Türkmen dilinde “Rownak ul-yslam” رونق السلام eserini ýazýar .
1486
Özbek hany Şeýbany hanyñ Horezme çozmagy, onuñ ol ýerdäki Türkmenler bilen çaknyşmagy.
1498-1556
Şahyr Muhammed Fuzulynyñ ýaşan döwri.
1501 jan 3
Belli Türk şahyry Alyşyr Nowayy aradan çykdy. (Doglany 1441)
1503
Ak-goýunly Türkmen döwletiniñ dargamagy.
1510
Gyzylbaş Ismaýyl Säfävi Mary we Hywa ýörişi, onuñ Şeýbany han tarapyndan yzyna serpikdirilmegi. Hywa döwletiniñ düýbüniñ tutulmagy.
1517
Müsür Memluk Türk döwletiniñ soñy.
1526
Dehli Türk döwletiniñ soñy.
Babur Türk döwletiniñ döreýşi.
1540
Türkmeniñ merdana ogly Aba serdar, Säfävitli Tahmasp şaha garşy Etrek-Gürgende gozgalñ göterýär.
1557
Astrabat, Aba serdaryñ eline geçýär.
1558
Aba serdaryñ haýynlyk bilen öldürilmegi.
1558
Inglis diplomaty Antoni Jinkinson,iñ Astrabada, Hazara we Hywa syýahaty.
1558-1602
Türkmenistanyñ Wezir we şonuñ bilen ýanaşyk welaýatlarda Hajymuhammed hanyñ höküm süren wagty.
1561 Jan 31
Beýik harby serkerde, şahyr hanlar hany Bayram han Türkmeniñ öldürilmegi.
1570
Häzirki Akgala şäheriniñ düýbi tutulýar. Türkmenleri kontrol edmek üçin şah ApbasI-iñ buýrugy bilen ol ýere Gajarlar göçürlip getirilýär.
1593/4
Türkmen serdary Alyýar beg Astrabad welaýatynyñ hökümdary bolýar.
1596
Alyýar ogly Muhammedyar han Astrabadyñ häkimi bolýar.
1597
Muhammedýar hany “Okly” Türkmenler öldürýär.
1598
Şah Apbasyñ Okly Türkmenlere garşy ýörişi.
1603-1663
Hywa hany Abulgazy Bahadur hanyñ höküm süren ýyllary.
1614
Rus ilçileri Mihail Tihonov we Aleksey Buharov, Duruna, Nusaýa we Kaka syýahat edýär.
1623-1642
Hywany Isfendiyar hanyñ dolandyrmagy.    
1627
Baýram hanyñ ogly Abdyrahym hanyñ ölümi
1629
Abulgazyñ goşuny Nusaýy we Duruny basyp alýar.
1639/40
Abulgazynyñ Mañgyşlak we Balkan Türkmenleriniñ arasynda bolmagy.
1641
Ajylar urugyndan Türkmen söwdigärler Moskwa gidýärler.
1643
Abulgazynyñ Aralda han diýlip jar edilmegi.
1647
Abulgazynyñ Tejene ýörişi.
1648
Abulgazynyñ goşunynyñ Bamy we Börme Türkmenlerini derbi-dagyn edip, talamagy.
1651
Abulgazynyñ Etrek sährasynda Türkmen kethudasy Baýrajyñ göçüne talañ salmagy.
1660
Abulgazynyñ meşhur “Şejere-ýe Terakime”  شجره تراکمه  eseriniñ ýazylmagy.
1665
Sibir özbekleriniñ Orsýete birikdirilmegi.
1688
Nedir Owşaryñ/Afşaryñ doglan ýyly.
1689
Hywany Ereñ hanyñ dolandyran wagtynda Türkmenleriniñ urug baştutanlarynyñ häkimiýeti ele geçirmegi.
1690
Buhara emiriniñ goşunlarynyñ Mara çozup gelmegi.
1700-1760
Gündogaryñ görnükli filsofy Döwletmämed Azadynyñ ýaşan döwri.
1710-1770
Şahyry we ýazyjy Nurmohammed Andalybyñ ýaşan döwri.
1710
Erkin Hokand döwletiniñ döredilmegi.
1713
Mañgyşlak Türkmenleriniñ wekili Hojanepes Astrahana/ Ajdarhana gidýär.
1714 May14
Hywa rus goşunlaryny ýollamak hakynda Piýotr I senat mejlisine buýruk berýär.
1715-1728
Şirgazyhanyñ döwri; Mary, Köpetdag, Etrek, Mañgyşlak we Aadak Türkmenleriniñ oña boýun egdirilmegi.
1715 April
Piýotr I Hazar kenar ýakalaryna we Türküstana Bekoviç-Çerkaskini ýörite ilçi edip iberýär.
1716 Oct 9
Çerkaski, Düýpgaraganda harby galanyñ düýbüni tutýar.
1719
PiýotrI Hazar ýakasyna Berde, Saýmonov we Urusovy ýörite ilçi edip iberýär.
1720
Hazar deñziniñ 1-nji ylmy kartasy çyzylýar.
1720-1790
Şahyr Abdylla Şabendäniñ ýaşan döwri.
1721
Swedenli offisser L. Stralendborg Türk hanlarynyñ Orhun we Ýeni-seýidäki mazar daşlaryny tapýar. Bu tapyş taryhymyzyñ aýdyñlaşmagyna uly bähbit bolýar.
1728
Nedir Owşaryñ Mugan çölünde täç geýiş dabarasy.
1730
Nediriñ zulmunyñ garşysyna Türkmenleriñ gozgalañy.
1730
Keymir hanyñ(Kör) Nedir şanyñ zulmuna garşy gozgalañy.
1733
Nediriñ Jeýhun we Hywa töwereklerine ýörişi.
1733-1798
Milli şahyr Magtymguly pyragynyñ ýaşan döwri.
1740
Hywa-abat şäheriniñ düýbüniñ tutulmagy.
1741
Kapitan Tebelev Hazaryñ gündogar kenaryna syýahat edýär.
1743
Nediriñ zulmuna garşy Türkmenleriñ gozgalañynyñ gaýtadan möwç almagy.
1743
Hazaryñ gündogar tarapyna kapitan Budruf syýahat edýär.
1743/44
Ýomut we Salyr hanlarynyñ ýardamy bilen Artyk Ynagyñ Hywa hany Abulgazy II-ni ýykmagy.
1744 -45
Etrek-Gürgen Türkmenleriniñ Nediriñ zulmuna garşy gozgalañy. Nediriñ hökmi bilen öldürilen Türkmenleriñ kellelerinden minara ýasalmagy.
1744
Akgalaly Gajarlaryñ serdary Petaly hanyñ Nediriñ buýrugy bilen öldürilmegi. Onuñ ogly Mämetesen han “Daz” türkmenleriniñ arasyna sygynýar.
1745
Nediriñ Çärjewe ýörişi; Sukýaryñ golaýynda olaryñ ýomutlar bilen söweşi.
1745 june
Nedir şanyñ öldürilmegi. Täze döwlet gurmak üçin Ahmad Dürrany Gökleñ türkmenlerinden ýardam soraýar.
1745
Kapitan V.Kopytovski komandasy astynda rus gämileri Mañgyşlaga gelýär.
1747
Amyderýa ýakasyndaky türkmenleriñ, Buhara emirine garşy gozgalañy.
1748-1770
Hywa ýomutlarynyñ özbek hanlaryna garşy göreşi.
1753 Aug 6
Ahmat şah Dürranynyñ gökleñ han-beglerine ýollan birinji  haty.
1753
Gaýyp hanyñ garşysyna türkleriniñ gozgalañy.
1759
Mämetesen han Gajar, Zendlere garşy söweşde heläk bolýar.
1764
Rus harby komandyrlary Tokmaçev we Ladijenski Hazar ýakasyna syýahat edýärler.
1764
Ýomutlaryñ kömegi bilen Mämedemin Hywanyñ hany bolyar, häkimiýetde ýomutlara orun berilýär.
1760-1828
Şahyr Seýtnazar Seýdiniñ ýaşan döwri.
1770
Hywa hökümeti ýomut hanlarynyñ eline geçýär.
1770-1840
Şahyr Mämedweli Keminäniñ ýaşan döwri.
1776-1848
Şahyr Myrat Talybynyñ ýaşan döwri.
1781-82
Graf  Voynoviç Hazar ýakasyna syýahat edýär.
1785-1846
Gurbandurdy Zelili,niñ we Artyk-muhammed Seýdi,niñ (Seýdi Hojanyñ) ýaşan döwüri.
1787-1797
Agamämmet şah- Gajaryñ höküm süren ýyllary.
1791-1880
Şahyr Abdyrahman Zynharynyñ ýaşan döwri.
1794
Agamämmet şahnyñ Mugan çölünde täç geýiş dabarasy.
1795
Türkmen serdary Hojamberdi hanyñ ýaşan döwri. Türkmenleriñ ýardamy bilen padyşa bolan Agamämmet yzly-yzyna türkmen topragyna jeza beriji goşun ýollaýar.
1797 Dek 27
Şahyr Asedolla Galyby Dehlide dünýä inýär.
1797-1843
Petaly şa-gajaryñ höküm süren döwri.
1800-1880
Dowan şahyryñ ýaşan döwri.
1803-1881
Şahyr Öweztagan Kätibiniñ ýaşan döwri.
1804-1806
Hywada Iltüzer hanyñ höküm süren döwri; onuñ Hywadan ýomutlary kowup çykarmagy.
1804-1813
Orsýet-Eýran arasyndaky birinji urş.
1804-1848
Jafarbaýlaryñ serdarlary (1848-nji ýyla çenli):
1.Mämet han, 2.Mämet han ogly Tagangylyç,
3. Tagangylyç ogly Gunça han, 4.Soltanmäd han,  5.Agahan (Soltanmädiñ körekeni) ,
6. Soltanmäd ogly Annaraz, 7.Aga han (ikinji gezek), 8.Annanazar han, 9. Mädguly hanyñ ogly Derýaguly han (1844)
1808-1809
Hywa hany Muhammetrahym hanyñ Çowdur türkmenlerine ýörişi.
1808
(May-September aralarynda)
Hoja Ýüsüp Kaşgarly we Gurbangylyç Ýomudyñ baştutanlygynda Etrek-Gürgen türkmenleriniñ Akgalanyñ töwereginde Petaly şa garşy gozlañy.
1810
Çowdurlaryñ Hywa we Araldan Mañgyşlaga göçmekleri.
1810-1862
Şahyr Mollanepesiñ ýaşan döwri.
1810-1880
Baýly şahyryñ ýaşan döwri.
1813 Okt 25
Hazar ýaka türkmenleriñ ýaşulusy Kyýat han Eýaran-Rus arasynda Gülüstanda şertnamasy baglaşylan ýygnaga gatnaşýar. Eýranyñ harby gämileriniñ Hazarda gatnamagynyñ gadagan edilmegini gazanýar, bu wakadan soñ Kümüşdepe Eýran gämilerinden atylýan top oklaryndan amanda galýar.
1819-21
Orsýet patyşasynyñ ýörite ilçisi N.N.Muraviýev Hazar ýakasyna gelýär.
1820
Muhammetrahym Han, Myrat serdary teke türkmenlere han edip belleýär.
1821
Kümüşdepeli Kyýat han Astrabad häkimine garşy baş göterýär.
1821-22
Inglis diplomaty James Frezer türkmenleriñ arasyna gelýär.
1822-1884
Annagylyç Mätäjiniñ ýaşan döwri.
1823
Gulmyradyñ Mara han bellenmegi, onuñ Soltanbent galasyny dikeltmäge synanyşmagy, täze Marynyñ düýbüniñ tutulmagy.
1825
Çeleken, Şagadam we Balkan aýlagyna rus E.Y. Eyhvald-yñ syýahaty.
1825-1842
Hywa hany Allagulynyñ höküm süren döwri.
1826-1828
Eýran-Rus arasyndaky ikinji urş, Türkmençay şertnamsynyñ baglanmagy, Azerbayjanyñ ikä bölünmegi.
1829-1880
Şahyr Oraz Aşygynyñ ýaşan döwri.
1830
Yasawul Lalayeviñ Hazar ýakasy ýomutlaryñ arasyna syýahaty.
1830
Erdeşir mürze Eýran goşunyna baş bolup, türkmen topragyna jezalaýjy ýörişi.
1831-1908
Şükür bagşynyñ ýaşan döwri.
1832
Hazaryñ demirgazyk-gündogar kenarlaryny barlamak üçin G.S.Kareliniñ syýahaty.
1832 Okt
Eýranly harby serkerde Abbas mürzäniñ Saragta ýörişi.
1832
Hazar deñzinde rus Novo-Alksandrovsk harby berkitmesini gurulýar.
1834
Rus ilçisi Turpaýeviñ Hywa missiýasy.
1834
Astrahan täjiri A.Gerasimov bilen kenar ýaka ýomutlaryñ arasynda söwda şertnamasy baglaşylýar.
1836
Muhammet şa Gajar Etrek-Gürgen türkmenleriniñ üstüne jeza beriji goşun ýollaýar.
1836-1919
Marynyñ hany Güljemalyñ ýaşan döwri.
1836
Rus goşuny Aşyr-adany basyp alýar.
1837
Gurbandurdy Zelili, hywa ýesir düşýär.
1837
Çelekene, Eýran deñiz güýçleriniñ hüjümi.
1838
Eýran goşunynyñ Saragty basyp almagy.
1840
Ahalyñ hany Garaoglan han Maşatly serkerde Salaryñ gozgalañyna ýardam berýär.
1840
Hazar deñziniñ türkmen ýakalarynda rus harby gämi istansiyasy gurulýar.
1841
Hywa hany Rahmangulynyñ Mara ýörişi.
1843-1846
Murgapda Soltanbent galasy dikeldilýär.
1843-1855
Hywa hany Muhammedeminiñ höküm süren döwri, onuñ Mary we Ýolötene çozuşy. Saryklaryñ Hywa hanyna garşy gozgalañy. Hywa hanynyñ Mary we Tejene salgyt ýygnamaga iberen wekilleriniñ derbi-dagyn edilmegi. Soltanbend galasynyñ weýran edilmegi (1847)
1847-1906
Şahyr  Mesgingyljyñ ýaşan döwri.
1848
Mämed şa Gajaryñ ölümi.
1848-1896
Nasyretdin şa Gajaryñ Eýranda höküm süren döwri.
1850-1923
Meşhur Kel bagşynyñ ýaşan ýyllary.
1853-54
Gajar serdary Hüseýin hanyñ baştutanlygynda Eýran goşuny Mara çozýar.
Ferýdun mürzäniñ baştutanlygynda Eýran goşuny Ahala çozuşy.
1855 Mars12
Saragtyñ ýanynda tekeler bilen söweşde Muhammedemin ýeñilip, öldürilýär.
1855
Türkmen serdary Magtymguly hanyñ Akgalanyñ töwereginde Gajarlaryñ garşysyna turzan gozgalañy.
1858
Garrygalanyñ ýanynda bolan söweşde Jafarguly hanyñ baştutanlygyndaky Eýran goşuny türkmenler tarapyndan çym-pytrak edilýär.
1859
Ýomut hany Atamyradyñ Orenburg ülkesiniñ häkimine ýüz tutup, türkmenleri Eýranyñ hüjüminden goramagyny haýyş etmegi.
1859
Hazaryñ gündogarynda Dandevilleñ harby ýörişi.
1861
Eýran goşunynyñ Mara ýörişi. 40 müñ esgerden ybarat bu goşunyñ türkmen serdary Gowşut han tarapyndan çym-pytrak edilmegi we Fransuz suratkeşi Henry Bloque’viliñ türkmenlere ýesir düşmegi.
1862
Türkmen şahyry hem kyssaçysy Abdylsetdar Kazy meşhur “Jeñ-nama” eserini ýazdy. Eserde türkmenleriniñ Eýran goşunynyñ yeñşinden gürrüñ edilyär.
1862-1938
Gurbanmämed (Jüneýt) hanyñ ýaşan döwri.
1863
Belli Venger (Majar) dilçi alymy Armenus Vemberiniñ Türkmen topragyna syýahaty.
1863 Sep.
Inglis harby wekili Abbott.G-niñ Hazar ýakasynda ýerleşen Eýran goşunynda gulluk edip, türkmenlere garşy hereketi.
1864-1942
Mukamçy sazanda Täçmämet Suhanguly-nyñ ýaşan döwri.
1869 Feb 15
Şahyr A.Galyby aradan çykdy.
1869
Şagadam ruslar tarapyndan baslyp alyndy.
1869
Türkmenistanda Meterologiya istansiýasy açyldy.
1869-1872
Stoletovyñ we Markozovyñ günorta-gündogar Türkmenistanda barlag syýahaty.
1871
Rus goşuny Esenguly, Çeleken we Çekişleri basyp aldy.
1873
Rus generallary Koufman we Goloyovaç Hywa türkmenleriniñ üstüne ganly ýöriş geçirdiler.
1873
Aziýada “bi-taraplyk zolak” bolmagy barasynda Inglis-Rus ylalaşy.
1874
Za-Kaspiy(häzirki Türkmenistan) harby bölüm edarasynyñ döredilmegi, we general Lomakiniñ bu ýerde adatdan daşary ýagdaý jar etmegi.
1875 Jan. 1
Kümüşdepeliler Aşyradadaky rus harby benasyna zarba urdular.
1875
Ahal ýaşulularynyñ Gökdepede uly geñeş maslahatyny geçirip, ruslar bilen söweşmek barasynda karara gelmekleri.
1876
Inglis diplomaty O’Donovanyñ Kümüşdepe bilen Mary arasyna syýahaty.
1876
Halk bagşysy Oraz Salyryñ doglan ýyly.
1877
Türkmenistanda rus goşunlary bilen türkmenleriñ arasyndaky çaknyşyklar.
1878
Ruslar Aşyradadan yza çekildi.
1878-1924
Türkmen aýal intellegentlerinden Artykgüliñ (Tekinskayanyñ) ýaşan döwri. Ol Gökdepe söweşinde ýesir düşüp, Orsýete alnyp gidilýär we ýokary ylym alyp, Türkmenistana gaýdyp gelýär, ýerli ynkylaby hereketlere goşulýar.
1879 Aug 28
Ruslaryñ1-nji Ahal-teke ýörişi; Gökdepe hüjüm we olaryñ yza serpikdirilmegi.
1879-80
Inglis kapitany Kaunteriniñ, Astrabatda konsul bolan döwri.
1880-1888 May 15
Hazar ötesi (Zakaspi) demir ýolunyñ Uzyn- ada−Samarkant aralygynyñ gurulşygy.
1880-1883
Inglis diplomaty general L.Bresford Hazar ýakasyna we Astrabatda ilçi bolup işlän döwri.
1880 May28
General A.Skobeleviñ baştutanlygynda ikinji Ahal-teke ýörişi, Hoja galanyñ, Garrygalanyñ we Bamynyñ alynmagy (June aýynda)
1880 Dec 23
Gökdepe galasy gabap başlanýar. Gabag 1881-nji ýylyñ 12-nji ýanwaryna çenli dowam edýär.
1881
Inglis diplomaty general Charls Stewart.E Eýranyñ demirgazyk gündogary, Horasan we Owganystan araçäginde gulluk edýär.
 
Bagşy Magtymguly Garlynyñ doglan ýyly.
1881 Jan 12
Rus generaly A.Skobeleviñ goşuny Gökdepe galasyny partladyp 30 müñe golaý türkmeni öldürdi. Bu jenaýatda Bujnurt we Goçan häkimleri hem ruslara ýardam edipdirler.
1990-ncy ýylda S.Nyýazov bugüni “Hatyra güni” diýp tassyklatdy.
1881 Jan 18
Ruslaryñ Aşgabady basyp almagy.
1881 Oct 11
Türkiýe jemhuriýetiniñ gurujysy Mustafa Kemal Ata-türküñ doglan güni. Öl.1938.11.10
1881 Dec 9
Eýran-Rus döwletleriniñ elhenç şertnamasy esasynda türkmen topragy ikä bölünýär.
1882
Eýran döwleti türkmen topragynda gümrükhana gurýar, oña Belgiýaly Herman diýen birsi başlyk edilip bellenýär.
1882 July 10
Zakaspi administrativ bölümi üýtgedilip onuñ Zakaspi oblastyna öwrülmegi.
1884 Feb
Rus komissary Kamarov, Alyhanov bilen bilelikde düzen mekirli planlary esasynda Mary ruslara tabyn edilýär; Maynuñ hany Güljemal hanyñ boýun bolmagy.
1884 Apr 21
Ruslar Ýolöten we Pendin basyp alýarlar.
1884
Tejen we Garrybent galalarynyñ dikeldilmegi.
1884 Oct 8
Şahyr Molla Murtyñ doglan güni. öl 1930
1885Mars18
Daşköprüniñ ýanynda rus-owgan goşunlary arasyndaky söweş.
1885-1962
Garly bagşynyñ ýaşan ýyllary.
1886-1950
Durdygylyç şahyryñ ýaşan döwri.
1886
Türkmenleriñ Eýrandaky konistitutisýon (meşrute) hereketini goldap Astrabatda syýasy oturyş ( تحصن ) geçirmekleri.
1886
Belli sazanda Mylly Täçmyradyñ doglan ýyly.
1886 May 1
Amerikan işçileriniñ uly gozgalañy.
Bütün Dünýä Işçiler güni.
1887-1937
Türküstan  şuralar komissary, Türkmenistanyñ düýbüni tutujy Gaygysyz Atabaýeviñ ýaşan döwri.
1887
Murgapda rus patyşasynyñ mülküniñ guralmagy.
1887-1890
Soltanbent galasynyñ salynmagy.
1888
Amyderýa harby gämiçiliginiñ döredilmegi.
1890 Jan  7
Türküstanyñ azatlygy ugrunda göreşen belli gazak ýigidi Mustafa Çokay dünyä indi.
1891
Aşgabatda ilkinji metbugat organy bolan “Askhabadskiy vestnik obyavleniye” gazetiñ neşir edilip başlanmagy.
1891-1895
Murgapda Hindukuş galasy bina edilýär.
1892
Köşide Bag-bossançylyk, ýüpekçilik mekdebi guruldy.
1892
Maryda pagta arassalaýjy zavodlar guruldy.
1895
Aşgabatda “Russiya döwlet bankynyñ” bölümi açyldy.
1895
Aşgabatda “Zakaspiskoýe obozreniýe” (بررسی ماورا خزر) gazetiniñ neşri.
1896
Aşgabatda “Jemagat” kitaphanasy açyldy.
1897 Dec 29
Zakaspi oblastyny Türküstan general gübernatorlygynyñ hataryna girizmek hakynda rus patyşanyñ permany.
1898
Türkmenistanyñ ilkinji oba hojalyk ylmy-barlag edarasy bolan Aşgabat tejribe ekin meýdanynyñ döredilmegi.
1898
“Askhabad” gazetiniñ çykarlyp başlanmagy.
1899 Mars 17
Aşgabatda “ülkäni öwreniş muzeý” guruldy.
1899
Aşgabatda Eýranýñ “Karz bankynyñ” bölümi açyldy.
1899
Meşrute ynkylabyny basyp ýatyrmakçy bolan Mämedaly şanyñ tagtdan agdarylmagy, şanyñ dogany Salar-et-döwläniñ Hazar ýaka Hojanepes obasyna gelip, türkmenlerden ýardam soramagy.
1900
Sazanda Pürli Sarynyñ doglan ýyly.
1900-1904
Türkmenistanda ilkinji Sosýal-demokrat ynkylaby toparlaryñ döremegi.
1901
Türkmensährada garahassalyk  ýaýrady.
1901
Eýran türkleriniñ görnükli ogly, medeni serdary Ahmad Gradaglynýñ doglan ýyly. Öl 1977.11.22
1903
Şagadam, Gyzylarbat we Baýramalyda sosýal-demokratlaryñ  bildirişi ýaýradyldy.
1903
Aşgabatda “Gündogar arkeologiýasynyñ we taryhynyñ Türkmenistan topary” döredidi.
1903
Şagadam deposynyñ işçileriniñ iş taşlaýşy.
1903-1904
Gyzylarbatda sosýal-demokrat topary döredildi.
1904
Aşgabatda sosýal-demokrat topary döredildi.
1904
Ýerli häkimiýetiñ zalym syýasatyna garşy Şagadam Uzedäki (هنرستانداکی) ýomutlaryñ syýasy tolgunşy.
1905
Aşgabatda ynkylapçy A.Hajyýev tussag edildi.
1905
Bagşy Sahy Cepbaryñ doglan ýyly. Öl 1977.8.31
1905 Feb5-7
Gyzylarbatly işçileriñ syýasy tolgunyşygy.
1905 Feb 21
Çärjew deposynyñ işçileriniñ iş taşlaýyşy.
Gyzylarbatda demir ýolçylaryñ iş taşlaýyşy.
1905 Mars 8
Gazanjykda işçileriniñ iş taşlaýyşy.
1905 Apr.
Saragtly daýhanlaryñ syýasy tolgunyşy we ençemesiniñ tussag edilişi.
1905 Oct 19
Aşgabatda köpçülikleýin ynkylaby miting.
1905-1967
Ýazyjy Hydyr Deryaýevniñ yaşan ýyllary. Ol ençeme ýyllap Sibire sürgün edildi. “Ykbal”, onuñ meşhur eseridir.
1906-1950
German bagşynyñ ýaşan döwri.
1906
Ýazyjy we şahyr Şaly Kekilovyñ doglan ýyly.
 
“Kitap” diýen romanynyñ ýazyjysy Nurmyrat Saryhanovyñ doglan ýyly. Öl 1944.05.04
1906-1914
Maşatda konsul bolup işlän, ençeme gezek türkmen topragyny aýlanyp çykan Inglis diplomaty Ser-Persi Saýkisiñ Eýranda bolan döwri.
1907 Sep 9
Eýranda ilkinji gezek parlament açyldy. Tassyk edilen täze kanunada türkmenlere-de mejlise öz wekilini ibermäge hak tanalýar.
1907 Aug 31
Rus we Inglis, Eýrany öz aralarynda paýlaşýar, türkmen topragy ruslaryñ kontrolyna geçýär.
1908 Mars 8
Amerikan aýal işçileriniñ protest ýörişi. Aýallaryñ halkara güniniñ jar edilmegi.
1908 Oct 3
Türkmenistanyñ görnükli alymy we döwlet işgäri Şaja Batyrovyñ doglan güni. Öl 1965.03.24
1909
Türkmenistanda su we elektrik stasiýalar döredildi.
1909 Jan 6
Türkmen kino-sinemasynyñ düýbüni tutan Alty Garlynyñ doglan güni. Öl 1973.12.11
1909 Mars 23
Ahmat (Ahundov) Gürgenliniñ doglan güni. Wepaty 1943/ 2-nji Jahan urşunda
1909 Mars
Tagtdan agdarylan Mämedaly şanyñ türkmenlerden ýardam sorap 2-nji gezek Kümüşdepä gelişi.
 
Emir Agzam Astrabada häkim edip bellenýär.
1909-1925
Gajarlaryñ soñky şasy Ahmadyñ höküm süren döwri.
1909 July 16
Ahmad şanyñ Tährandaky täç geýiş dabarasyna türkmen han-begleriniñ gatnaşmagy.
1910 Nov 15
Hazar ýaka Bäşyusgaly Annajan-ahun Ýaraly türkmenleriñ ilkinji wekili hökmünde Eýran mejlis.ne girýär.
1911
Türkmenistanda ilkinji gezek türkmen dilinde okuw kitaplary çap edildi.
1911 May18
Gulamhuseyin/serdar Äfkhäm/ غلامحسین سردار افخم Astrabadyñ häkimi bolýar.
1911 July 17
Patyşalygy eýelemek maksady bilen Mämedaly şanyñ ikinji gezek Orsýetden Hojanepese gelişi.
1911 July 22
Türkmen han-begleriniñ ýardamy bilen Mämedaly şanyñ Astrabady öz kontrolyna geçirmegi; onuñ buýrugy bilen ençeme göreşjeñ ýigidiñ Hojanepesde asylyp öldürilmegi.
1911 Sep 11
Mämedaly şanyñ goşununyñ Tähranyñ golaýyndaky Veraminde ynkylabçy güýçler tarapyndan çym-pytrak edilişi; onlarça türkmeniñ öldürlip, ýesir düşmegi.
1912 Dec-
1913 Jan
Daşoguz(Daşhowuz) we onuñ töwereginde Şammy keliñ ruslara garşy gozgalañy.
1912 Mars 1
Mämedaly şanyñ ynkylabçy güýçler tarapyndan tussag edilip, Orsýete sürgün edilmegi.
1912 June 9
Ýazyjy Aman Kekilovyñ doglan güni. Öl 1974.12.13
1914
Türkmen dilinde ilkinji “Zakaspi ýerli gazeti” çykarylýar.
1914 Mars 31
Ýazyjy Beki Seýtäkovyñ doglan güni. Öl 1979.03.07
1914 Apr.
Astrabatd ilkinji gezek birnäçe öýe telefon çekildi.
1914 Aug 11
Astrabad-Kümmetgowuz aralygynda ýolagçy gatnatýan ýeñil maşyn gatnap başlady.
1914 Dec 31
Teatr artisty Sona Myradovanyñ doglan güni.
1914-1917
Birinji dünyä uruşy döwri.
1915 Jan 1
Ýazyjy Gara Seýitliýeviñ doglan güni. Öl 1971.05.02
1915 May
Türkmenistanlylar Birinji jahan urşy üçin ruslaryñ zor bilen at, imit we esger ýygnamagna garşy gozgalañy, talaplary hasyl bolmadyk ruslar, türkmenlerden öç aldylar.
1915Nov 23
Ýazyjy Towşan Esenovanyñ doglan güni.
1915 Dec 5
Kümüşdepeli Owgan Gazynyñ türkmenler adyndan Eýran mejlisine wekil bellenmegi.
1916 Jan
Hywada milli serdar Jüneýt hanyñ ruslara garşy gozgalañy.
1916 Jan
Ziýa-ut-döwle Astrabat häkimi bolýar.
1916 Sep
Kümüşdepeli Osman ahun Etrek-Gürgen türkmenleriniñ jemhuriýet gurmak ugrundaky göreşlerine baştutanlyk edýär.
1916 Nov 1
Rus generaly Madritovyñ goşuny Akgala we Kümmetgowuzy gana çaýkaýar.
1917
Türkmensährada köp adam garahassalykdan öldi.
1917 Apr 7
Türküstan general gübernatory ýatyryldy.
1917 Mars
Türkmenistanda “baýlar edary komiteti” döredildi.
1917 Mars 1
Bagşy Nurberdi Gulovyñ doglan güni.
1917 Mars 5
Aşgabatda burjvaz wagtlaýyn edary komiteti döredildi.
1917 Mars 12
Orsýetde Patyşalyk düzgüniñ soñy.
1917 Oct
Bolşevik hereketiniñ Türkmenistana ýaýramagynyñ öñüni almak üçin Dykma serdar ogly Oraz Serdar, Jüneýt han, Eziz han dagy aýaga galýar.
1917 Nov 7
Bolşevik hereketiniñ bütin Orsýetde ýeñiş gazanmagy.
1918 Feb 2
Türkmenistanyñ Halk Komisarlar  şurasy, dini döwletden, mekdebi bolsa ybadathanadan bölüp aýyrmak barasynda perman çykarýar.
1918 Apr.
Eýranda Mürze Küçek hanyñ, türkmenleriñ üstüne sürlen goşuna baştutanlyk etmegi we Kümüşdepäniñ golaýynda ýaralanmagy.
1918 Aug 12
Türkmenistany bolşeviklerden gutarmak üçin Gen. Mallesonyñ baştutanlygynda Inglis goşuny Artykdan ýurda girýär.
1918 June
Türkmen milletçileri Aşgabady bolşevikleriñ kontrolyndan halas edýär.
1918 Oct.
Türkmenistanda “Dañ ýyldyzy” gazeti çykarylýar.
1919 Mars 4
Türkmen ak-sakgallarynyñ Osman ahundan arka çykyp, Kümmetgowuzda gurultaý geçirmekleri.
1919 Mars 4
Türkmenistanda bolşevikleriñ garşysyna milli hökümet jar edildi.
1919 Dec
Rus generallary Kuybişev bilen Frunze Türkmenistany basyp alýar, milli hökümet agdarylýar. Bolşevikleriñ ýeñişi.
1919 Dec
Aşgabada, basybaljy rus ofisseri Poltartskiniñ ady dakyldy, bu at 1927-nji ýyla çenli yöredildi. 
1920
Hywa, Buhara, Hokand we Alaş-orda ýaly milli hökümetler bolşevikler tarapyndan agdarylýar.
1920 Feb
Esenguly we Çekişler basylyp alynýar.
1920 Mars
Etrekli türkmen Hajybabanyñ ýolbaş-çylygynda ruslara garşy gozgalañ.
1920 Mars 4
Mukerrem-ulmolk Astrabat häkimi bolýar.
1920 Mars18
Aşgabatda halk wekilleriniñ gurultaýy açylýar.
1920 July 29
Türkmenistanda arap elipbiýinde “Şuralar Türkmenistany” gazet çykarylýar.
1920 Aug 8
Aşgabatda Türkmenistan bolşevik partiýasynyñ birinji gurultaýy açylýar.
1920 Sep
Aşgabatda “Gyzyl  ýyldyz” gazeti neşie edilýär.
1920 Sep 15
Gaýgysyz Atabaýev, Türkmenistan şuralar geñeşiniñ ýygnagynda, Etrek-Gürgen türkmenleriniñ göreşlerinden arka çykmalydygyny orta atýar.
1920 Dec 20
Annajan ahun Ýaraly 2-nji gezek Eýran mejlisine wekil saýlanýar.
1921 Feb 15
Kümmet şäheriniñ häkiminiñ orunbasary Mäti hanyñ Aköyli obasyna hüjümi, atylan top okundan 20-den gowrak türkmeniñ ölmegi.
1921 Feb 15
Buhara emiri seýid Alym han Mazar şerife gaçyp atýar.
1921 Feb 21
Rus-Inglis nökeri Irza hanynyñ Gajar şasy Ahmady gudratdan agdarmagy.
1921 Mars
Etrek-Gürgen türkmenleri bilen Eýran hökümet arasynda giýñ möçberde söweşiñ başlanmagy.
1921 June 4
Eýranda, Seýid Ziýanyñ سیدضیانینگ ýerine Gavamyñ قوام السلطنه başwezir bolýar.
1921 Aug
Kümüşdepe-Astrabad arasynda telegraf linýasy çekilýär.
1922
Atatürküñ baştutanlygynda, Türkiýede “Ýaş türk” gozgalañ barha möwç alýar.
1922
Daşkentde türkmen dilinde “Türkmen ili” jurnaly çap edilýär.
1922 Jan
Eýranda Moşir ed-döwle مشیرالدوله başwezir bolýar.
1922 Aug 4
Anna güni
Osmanly harby serkerde Änvär paşa bolşevikler tarapyndan şehit edilýär.
1923 Jan 25
Eýranly Türkmenleriniñ erkinlik ugrundaky göreşleriniñ möwç almagy; Astrabad goşun başlygynyñ Tährana çagyrylmagy.
1923
Aşgabatda sport kluby we stadion açylýar.
1923 Jan 30
Türkmenleriñ gozgalñyny basyp ýatyrmak üçin Gilan, Mazenderan we Astrabad goşun başlygyna Muhammethüseyin sertip محمدحسین سرتیپ bellenýär.
1923 Aug
Hojanepesli Şoh baý, Orsýetden 20 müñ sany berdenke tüpeñi satyn alyp, hersini 12 tümenden türkmenlere satýar.
1923 Oct 29
Türkiýede Atatürküñ jemhur başlygy wezipesine geçýär.
Türkiýede jemhuryýet düzgüni jar edilýär.
1924 Jan 27
Aşgabatda Lenin heýkeli gurulýar.
1924 Mars
Türkmenlere harby tälim bermek üçin Türkiýeli offiserler Kümüşdepä gelýär.
1924Mars27
Kyýat hanyñ ogly Läli hanyñ Esengulydan Kümüşdepä gelişi, erkinlik ugrundaky bildiriş hatlarynyñ ýaýradylmagy.
1924 May10
Tähran hökümeti ýaraglaryny tabşyrmak üçin türkmenlere ultimatum berýär.
1924 May 20
Türkmen ýaşuly we tire başlyklary Omçaly obasynda hökümet bilen alnyp baryljak söweş barasynda geñeş gurultaýyny geçirýär. Onda hökümetiñ ultimatumy ret edilip, Türkmensährada jemhuryýet yglan edilýär we biragyzdan Osman ahun prezident edilip bellenýär.
1924 July
Mäti hanyñ agyr ýaragly goşuny Gökleñ üsti bilen Kümmetgowza girýär.
1924 Oct
Osman ahunyñ iberen ýörite wekilleri Astrabad häkimi bilen türkmenleriñ şertleri barasynda geñeşýär.
1924 Oct 27
Türkmenistan Soviýet Sosýalistik Respublikasy (TSSR) jar edilýär.
1924 Nov 5
Türkmenistanda ynkylabçy komitetler döredilýär.
1924 Dec
Türkmenistanda sowatsyzlygy ýok etmekde ynkylaby komitetler karar kabul edýär.
1925 Jan 1
Aşgabatda mugallymlaryñ 1-nji gurultaýy.
1925 Jan 1
 Türkmen Döwlet Neşriýaty (TDN) döredilýär.
1925 Jan 31
Gyjakçy Ata Awlynyñ doglan güni.
1925 Feb 7
Türkmenistanyñ resmi döredilen hem edara edilip başlan güni.
1925  Feb
  15-24
Türkmenistan şuralarynyñ 1-nji gurultaýynyñ geçirilmegi, onda TSSR-iñ döredilşi we onuñ SSSR-iñ hataryna giryändigi barasyndaky kararyñ alynmagy.
1925 Feb
14-19
Türkmenistan Kommunist (Bolşevik) partiýasynyñ 1-nji gurultaýy.
1925 Feb 14
Eýran parlamenti Irza hany başwezir edip yglan edýär.
1925 Mars
Eýran hökümeti türkmen şäher we obalarynda adatdan daşary ýagday yglan edýär.
1925 Mars 8
Aşgabatda Türkmenistanly aýallaryñ 1-nji gurultaýy geçirilýär.
1925 May
   12-18
Tähran hökümeti “Ýunkers” uçagy bilen Türkmenleri bombalaýar. Kümüşdepe we Hojanepes 23 gezek bombalanýar.
1925 May 20
Türkmen ýaşulularynyñ-Kümüşdepede-2-nji gurultaýy.
1925 June
Eýran hökümeti 20 ýaşa ýeten ýigitleri goşun gullugyna çagyrýar, ýurtda resmi goşun birligini döretmek barasynda karar kabul edilýär.
1925 July 19
Kümüşdepeli Rejep ahun (Saýatly/ Seýyady) söweşde köp gan dökülşigiñ öñüni almak maksady bilen hökümet wekilleri bilen ylalaşmagy makullaýar.
1925 July 31
75 türkmen Tähranda atlyp öldürilýär.
1925 Oct 4
Ýaşulularyñ Kümüşdepedäki ýygnagynda, Nepes serdar hökümet garşy ýaragly söweşiñ dowam etmeginiñ tarapyny tutýar.
1925 Oct 5
Türkmenlere haýbat atmak üçin Eýran hökümeti Kümüşdepäniñ, Hojanepesiñ we Sallahyñ üstünden harby uçarklar bilen manever edýär.
1925 Oct 7
Gökleñleriñ serdary Allaýar hanyñ baştutanlygynda, Eýran hökümeti bilen söweşmek barasynda Kerim işan obasynda maslahat edildi.
1925 Oct 8
Ýomut ýaşululary, ýaraglary saklamak we söweşi dowam etdirmek  barasynda Bäşýusga obasynda maslahat edýärler.
1925 Oct 9
Fazl-ul-lah Zahediniñ فضل الله زاهدی نینگ baştutanlygynda, Eýran hökümetiniñ agyr ýaraglar bilen üpjin edilen 4 uly topary türkmen topragyna ýollanýar.
1925 Oct 10
Kümüşdepe basylyp alynýar.
1925 Oct 25
Göki sofy, Annageldi Aç we Nepes serdaryñ atlylary partizanlyk söweşleri bilen hökümetiñ goşunlaryna agyr zarbalar urýar.
1925 Oct 31
Inglisleriñ plany esasynda Ahmad şa Gajaryñ ýerine Pählevi urugly Irza han Eýranda häkimiýet başyna geçýär.
1925 Nov 1
Eýran hökümetiniñ Türkmensähra iberen goşuny, sährany gana çaykandan soñ Kümmetgowuz şäherine girýär.
1925 Nov    2-8
Türkleriniñ ilkinji bosgunlar topary Bayat hajynyñ üsti bilen Türkmenistana sygynýar. Osman ahun bilen Allayar han araçäkde, serhet sakçylary tarapyndan tussag edilýär.
1925 Nov 29
Ýaraglaryny Türkmenistan döwletine tabşyrmak barasynda, bosgunlar, Bayat hajydaky geñeş maslahatynda ylalaşýarlar.
1925 Dec
Eýran harbylary Kümmet şäherinde ýygnanyp, Sährany basyp alanlaryny gutlaýar.
1926 Jan 1
Türkiýede Hijri-kamary هجری قمری kalendaryndan milady takvime geçilýär.
1926 Feb 7
Aşgabatda “Türkmen film kino studiosy” açylýar.
1926 Apr 24
Türkmenleriniñ erkinlik ugrundaky göreşi basylyp ýatyrlandan soñ, Irza şa başyna täç geýip Eýran patyşasy bolýar.
1926 Mars 25
Türkmenistanda ilkinji dokma fabrigi döredilýär.
1926 Mars 26
Aşgabatda gurjak teatry we drama studiosy açylýar.
1926 July 10
Mämet ahun Gürgeni türkmenleriñ adyndan Eýran mejlisine wekil bolýar.
1926 Oct
Bolşeviklere garşy göreşiniñ soñunda, Jüneýt han Türkmensähra, ol ýerden bolsa Owganystana geçýär.
1926 Oct
Türkmensära basylyp alnandan soñra Irza şa ilkinji gezek Kümüşdepä, Akgala we Kümmetgowua gelýär.
1926 Oct
Türkmensährada türkçe sapak berýän mekdepler ýapylyp, ýerine pars dilinde sapak berýän mekdep açylýar.
1926 Oct
Eýran hökümetiniñ buýrugy boýunça göreşjeñ serdar Annageldi Aç, jandarma Molla Söýün Nyýazynyñ  plany esasynda terror edilýär.
Batyrlar Aşyr Küti, Rum Rumy, Köçek Kör, Borjak Kelte…dagy şehit edilýär.
 
1926
Bakuda Türkologlaryñ 1-nji gurultaýy geçirlıp, onda bütin Türki jemhurýetlerde Latyn elipbisi kabul edilýär.
1927 Jan 2
Eýran hökümetiñ permany bilen Rejep ahun Kümüşdepeli türkmenleriñ kazy başlygyna bellenýär.
1927 Apr 3
Türkmenistanda täze esasy kanunyn kabul edilýär.
1927 Apr 7
Aşgabat şäheriniñ Poltaratsk ady ýatyryldy. Bu at 17.01.1919-njy ýylda dakylypdy.
1927 May
A.Garadagly, Nazdurdy Nyýazy(ýomut), Hajyhan (Nurgeldi) Oguzy, Abdyrahym Ýomut, Baýjan Turany, Mämed Şirmämedi (Gökleñ) dagynyñ ýokary ylym almak maksady bilen ilkinjiler bolup Kümüşdepeden Türkiýä okuwa gaidýarlar.
1927 Sep 1
Kümmet şäherinde “Gabus” adyndaky mekdep açylýar.
1927 Oct 27
Orta Azyýada milli döwlet bölünişigini geçirmek barada SSSR merkezi ijraiýe komitetiniñ 2-nji oturşygynda karar kabul edilýär.
Türküstanyñ parçalanmagy. Türkmenistan we Özbegistan respublikalarynyñ döredilmegi.
1927 Dec 22
Aşgabatda radio gepleşikleriniñ berilip başlanmagy.
1928 June
Türkmenistan ýzyjylar birleşiginiñ neşir organy “Gyzyl yol” jurnaly neşir edilýär, bu jurnal latin hatyny ýaýmak maksady bilen şol ýylyñ Decemberine çenli çykarylýar.
1928 Sep
Türkmenistanda ýazu hatynyñ arapçadan latynça geçmek barasynda hökümet karary resmi taýda yglan edilýär.
1928 Oct
Irza şanyñ gatnaşmagynda Benderşa şäher porty, demirýoly we aýlawy açylýar.
1928 Oct
Kümüşdepede post edarasy açylýar.
1929
Sary-Benderşa aralygynda otly gatnap başlaýar.
1929
Benderşa-da mugallymçylyk terbiýe berýän mekdep açylýar.
1929 Oct 18
Şahyr Kerim Gurbannepesiñ doglan güni. Ölümi 1988-njy ýylyñ 1-nji sentýabry
1929 Oct 29
Aşgabatda “Türkmen döwlet drama teatry” we “Çeperçilik teknikomy” acylýar.
1930 Feb 23
Halk artisty Medeniýet(Maýa) Şahberdiniñ doglan güni.
1930 Mars 7
Türkmenlere öz milli geýimlerini geýmegiñ gadagan edýän kararyny Eýran hökümeti tassyklaýar.
1930 Mars 8
Omçaly obasynda pars dilinde sapak berýän mekdep açylýar.
1930 Mars 8
Kümüşdepede polis edarasy işe başlaýar.
1930 Mars 8
Nusayda arkeolog A.Marşçenko gazu işlerine başlaýar.
1930 May
Aşgabatda Gaýgysyz Atabayev ilkinji türkmen dil konfrensiýasyny açýar.
1931
Amerikanyñ Pensilvaniya universitetiniñ alymy Wulsin Türkmensäranyñ Türeñdepe we Şadepede-sinde gazuw işlerine başlaýar.
1931
Kümmetgowuzda post edarasy we mugallymçylyk terbiýe berýän mekdep (دانشسرای عشایری) açylýar.
1932 Jan 1
Aşgabatda “Türkmen döwlet medisin” inistituty açylýar.
1932 Mars
Eýran hökümetiniñ şovunistik syýasaty esasynda Astrabada, Gorgan we türkmenleriñ ýaşýan ýurduna bolsa “Deşt-e Gorgan” ady berilýär.
1932 Mars
Astrabad-Benderşa aralygynda şosse ýoly çekilýär.
1932 Mars
Orsýetden 400 sany Malaganly göçüp gelýär, Akgalanyñ harby häkimi Muhammed Mejdiñ karary bilen olar şol töwerekde ýerleşdirilýär.
1932 Nov 3
Ilkinji gezek Kümmet we Kümüşdepede şäher  şura saýlawy geçirilýär. Kümmetde: Mollatagy, M.Oskuýi, Mämi Halymy, M.Alyguly, Mürze Ak-Atabay, Durdygylyç Amanynejad,
Kümüşdepede: Agatagy Mämiyany, Gowşut han(Abdyllazade), Durdymäd Jafary, Geldi Röwşeni, Taýly Saryhany, Seýtmohammedi saýlanýar.
1933 Jan 7
Türkmenlerden zor bilen alnan ekerançylyk ýerleri olaryñ özlerine gaýtadan satmak barasyndaky karar Eýran mejlisinde tassyklaydy. Döredilen “Emlak” edarsynyñ Kümmetdäki başlygy servan Säffary halkymyza zulum barsyny edýär.
Hazardan önyän işbiliñ patenti (امتیازی) Dävällu diýen bir gelmişege berilýär.
1933
Amerikaly alym Rafel Pumpelly Türkmenistanyñ Änew diýen ýerinde gazu işine başlaýar. Alymyñ görkezen netijeleri, türkmen taryhynyñ 7-8 müñ ýyl geçmişe eýedigine şaýatlyk edýär.
1933-1934
Türkmenistanda “Atly” harby goşun bölüminiñ” ýazuw organy “Gyzyl gylyç” jurnaly çap edilýär, jurnaldan diñe 12 sany çykarlypdyr.
1934 Feb 20
Halk artisty Baba Annanyñ doglan güni.
1934 Maý
Türkmenistanda “Türkmen ýazyjylar birleşigi” döredilýär.
1936
Bolşevikleriñ zulmuna çydap bilmedik halk topar-topar bolup, Türkmenistandan, Eýrana we Owganystana sygynýar.
1936
Kümmetgowuzda “Döwleti” diýen pamyk kärhanasy gurulýar.
1937
Milli gahryman Gaýgysyz Atabayev Stalinyñ permany bilen atylýar.
1937
Türkmensähraly göreşjeñ ýigitleri Annagylyç Babaýy, Gurbanmuhammed Siväri, Hajyhan Oguzy, Abdyrahman Färzane, Safar Hatyby, Ylýas Magtym…dagy Tähranda tussag edilip, gynalýar. Siväri gynag astynda şehit bolýar.
1937 Jan 13
Türkmenistanyñ ilkinji prezidenti Nedirbaý Aýtakov atylyp öldürilýär.
1938 Feb 26
Dilçi alym Allaguly Garahanov Aşgabatda atylyp öldürilýär, onuñ mazary näbelli.
1938 Nov 10
Türkiýe jemhuryýetiniñ düýbüni tutan Mustafa Kemal Atatürk aradan çykýar.
1939
Eýran hökümetiniñ şovunistik syýasaty esasynda Hajylaryñ ady Minu-deşet,e  Garatiken şäheriñ adynyñ bolsa Şapesende üýtgedilýär.
1939
Daşlyburunda post edarasy açylýar.
1939-1945
2-nji jahan urşy ýyllary. Bu urşda 100 müñe golaý türkmen gurban, ýüzlerçesi maýyp boldy, onalarçasy bolsa ömürlik watandan aýra düşdi, müñlerçe kilo altyn-kümüş bezeg şaýlar, atlar, halylar… “hemme zat front üçin” şygary astynda talandy.
1939 June18
Türkmenistanda bedenterbiýe güni dilip jar edildi.
1940 Mars
Türkmenistan kommunistik partyýasynyñ 9-nji gurultayý açylýar.
1940 Maý
Türkmenistanda ýazu hat, latyndan rusça (krilçä) üýtgedildi.
1940 Maý
Türkmenistan bilen Türkmensähranyñ arasynda Marawadepäniñ Hasarça obasynda gümrük edarasy açylýar.
1940
Türkiyede ýokary ylym alyp, Eýrana öwrülende näbelli ýagdaýda Tähranyñ bir hotelinde (zäher berlip öldürlen diýen myş-myş hem bolupdyr) edebiýatçy Baýjan Turany aradan çykýar.
1940 Nov 17
Bagşy Oraz Salyr aradan çykdy.
1941
Ýokary ylym almak maksady bilen 1927-nji ýylda Türkiýä gidip, 1929-nji ýylda ýurda öwrülen Hajy han Oguzy telim gezek tussag edilýär, ol ahyry zyndanda aradan çykýar.
1941 Apr 1
SSSR Ylymlar Akademiýasynyñ Türkmenistan bölümi açylýar.
1941 Aug 25
Bendertürşahnyñ üsti bilen Şureviniñ goşuny Kümmetgowuza girýär.
1941
Kümmetde ilkinji gezek ilat ýazuwy geçirildi.
1941 Aug 25
Irza şa Eýrandan gaçyp atýar. Gyzyl goşun Türkmensähra girýär, Türkmenistanly diplomat Gylyç Kulyýev-iñ Gürgende SSSR-iñ konsuly bolup işlän wagtynda, Göki sofy bilen Annamyrat ahun basmaçylykda aýplanyp Türkmenistana alnyp gidilýär.
1941 Aug 30
Türkmenistan SSR ýokary sovetiniñ prezidiumynyñ başlygy Hywaly Babaýev 39 ýaşyñ içinde Aşgabat garnizonynda atylyp öldürilýär. Doglany 1902.ý 4-nji april
1941 Sep 19
Eýranda syýasy bendiler üçin günägeçiş yglan edilýär, şonda “53-ler” adyny alan topardan Annagylyç Babaýy azatlyga çykýar.
1941 Sep 19
“Eýran Tudeh partiýasy” döredilýär.
1941 Sep 20
Mejlisiñ karary boýunça gaçyp çykan Irza şanyñ türkmen we başgalardan basyp alan ekerançylyk ýerler, onuñ ogly Mämedreza şaha berilimegi tassyklanýar.
1941 Nov 6
Aşgabatda “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet opera we balet teatry” döredildi.
1942 May
Türkmen döwlet opera we balet teatry “Aldar köse” spektakli sahnalaşdyrdy.
1942
Görnükli dilçi alym Oraz Taçnazarov zyndanda horlanyp çykandan soñ, wepat bolýar.
1942
Mukamçy sazanda Täçmämed Suhanguly 78 yaşyñ içinde aradan çykýar.
1942
Kümmetde we Bendertürşa-da imit, ylaýta-da şeker gaty gymmatlanýar.
1942 July 21
Benderşanyñ töweregindäki “Tikinjik” gümrükhanasynyñ azaryndan bizar bolan türkmenler ony otlaýar.
1942 July 21
Gürgen we Kümmetde güyçli ýer yranýar.
1942 Oct 27
Görnükli dilçi alym Kümşaly Böriýev atylyp öldürilýär.
1942 Nov 30
Göreşceñ şahyra Annasoltan Kekilova-nyñ doglan güni. Öl 1983.11.30
1943 June
1926-nji ýylda Türkmenistana gelip, ilki Aşgabatda soñ Leningratda ýokary ylym alan Ahmat Gürgenli (Ahundov) 2-nji jahan urşunda wepat bolýar. Ol Kümüşdepeli meşhur Rejep Ahunyñ ogly.
1943 Oct 8
Göreşjeñ şahyr Şaly Kekilov aradan çykdy.
1944 Jan
Göreşceñ ýigitler Gaýyp Bähelke, Baýramjan Nyýazy, Musa ogly Abdylla, kerim, Arazguly Kelamy, Aşyrpur, Borde, Iranpur, Safar Ensary, Araz Gyýady dagy Tudeh partiýasyna goşuldylar.
1944 May 4
Ýazyjy Nurmyrat Saryhanov aradan çykdy. Doglany 1906ý
1945 May 9
2-nji jahan urşy tamamlanýar. Hitlerçi faşizimiñ ýeñilen güni.
1945 Aug 19
Göreşjeñ offiserler maýor Abdyrahym Nediminiñ ýolbaşçylygynda merkezi hökümetiñ syýasatyna protest hökmünde Maşatdan ugrap, Marawadepäni öz kontrollaryna geçirip, Kümmet şaherine geldiler.
1945 Aug 21
Offiserler bilen hökümetiñ ýaragly güýçleriniñ arasynda Kümmetde gazaply çaknyşyk boldy, offiserler ýeñlidi. A.Nedimi Äzerbegjanyñ üsti bilen Orsýete geçdi, ol 70-nji ýyllarda Ivanov şäherde aradan çykdy.
1945 Nov 7
Eýranly Türkmen intellegentleri tarapyndan “Türkleriniñ bu toprakda ýaşamaga haklary ýokmy?” diýen bildiriş ýaýradyldy, onda hökümetiniñ türkmenlere garşy alyp barýan syýasatyna nägile bildirlip, 5 sany türkmen mugallymyñ erbet klimatly şäherlere sürgün edilşine garşylyk görkezildi.
1945 Dec 10
Birleşen Milletler Guramasynyñ Baş Assambelaýasy Adam Hukuklarynyñ Ähl-umumy Jarnamasyny kabul etdi.
1946 Apr 13
Eýranyñ başweziri Ahmad Gavamyñ Mazenderanlylara- türkmenlere ýüzlenip, bir aýyñ içinde ýaraglaryny döwlete tabşyrmak barasynda oltimatom berýär.
1946 Maý12
Äzerbegjanlylaryñ göreşlerinden arka çykmak üçin türkmenler Kümmetde uly miting geçirýär. Ýygnagy jandarma we goşun güýçleri pilomutlar bilen gabap, halka haýbat atýar. Mitingde Safar Ensary halky agzybirlige çagyrýar.
1946 June 1
Birleşen Milletler Guramasy (BMG) trapyndan “Çagalar güni”  jar edilýär.
1946
Kümmetgowuzde diwardan asylýan görnüşinde “Türkmen sesi” adynda bir gazet çykarylýar, onda syýasy makalalaryñ ýany bilen şahyr Abdyrahym Mudärresiniñ tankydy goşgulary hem çap edilipdir. Bu Gazetiñ ýekeje sanyna hem arşivlarda gabat gelinmedi.
1946 June12
Kümüşdepeli batyr ýigitler Weljan ahun (Vafy), Rahmatnejad, Rahman Rahmany (Rejep) we Nazmuhammet Nejjary Tudeh partyýasynyñ klubynda halka ýüzlenip, Eýranda demokratik döwletiñ gurulmagy talap edýärler.
1946 June13
Kümüşdepede “Yeñiş ظفر " adynda teatry tomaşa etmäge baranlara polisiýa ok atýar, ençeme adam ýaralanyp, mugallym Amanjan (Aba) Abaýy şehit bolýar.
1946
Dilçi alym, okuw kitaplaryny düzen Hojamyrat Baýlyýev aradan çykdy. Doglany 1905 ý
1946 Nov 15
Gürgende Şurevi konsuly bolup işlän Gylyç Kulyýeviñ tagallasy bilen bagşylar Sahy Jepbar, Nabat Nurmuhammedova Türkmen-sähranyñ dürli oba hem şäherlerinde konsert berýärler.
1947 Oct
Türkmensähraly intellegentleri özleriniñ syýasy düşünjeleri esasynda iki topara bölünýärler, bir tarapda kommunist Tudeh partyýaçylar, beýleki tarapda bolsa hökümetiñ döreden Demokrat partyýasyna wepaly adamlar şol sandan Annagylyç Babaýy, Gylyç Nazary, Täji Iranpur dagy durýar.
1947 Oct
Eýranly offiser Arşam Etrek ýakasynda Muhy diýen bir türkmen çopany öldürýär.
1946 Dec 16
Tudeh partiyýasynyñ Kümmet şäher bölüminiñ lideri Gaýyp Bähelke we onuñ ýoldaşlary Gurbannazar Rabetly, Gurbanmuhammet Teke, Weljan ahun Vafy tussag edilýär.
1947
Türkmensährada söwdigärçiligiñ ösmegi, Benderşaly Arazjany Şomaly traktor, kombayin getirip satýar, pagta arassalaýan we uwn zavodlaryny gurýar. Arazjanyñ bu aladalaryna päsgel bermek üçin hökümet ony tussag edýär.
1947
Tudeh partiyýanyñ aktivistlerinden 30 adam şol sandan Gafur Magtym, Muhommed hajy Ahunnejad tussag edilýär.
1947
Türkmenleriñ adyndan wekil bolup mejlise giden Mämet ahun, edary taýdan Kümmediñ, Astrabatdan aýyrylyp özbaşyna bir şäher statusyna eýe bolmagy hakynda mejlise teklip bilen yüzlenýär.
1947 Jan
Türkmen daýhanlary, Minudeşt oba hojalyk edarasynyñ başlygyndan şikaýat edip mejlise ýollan hatlary parlamentde okalýar. Şonda bu zalymyñ ençeme türkmeni gamçy astynda heläk edendigi orta atlylypdyr.
1948
Gürgen şäherinde pars dilinde gepleşik berýän radio stansiya açylýar.
1948 Feb 4
Mämedreza şa ok atylýar, bu hüjümi bahana edip, syýasy aktivistler yzarlanýar, 20-e golaý türkmen syýasy aktivisti Türkmenistana sygynýar.
1948 Maý 7
Çöregiñ gymmatlamagy, Benderşa-da hökümete garşy protest miting geçirilýär.
1948 Okt 5
Aşgabatda gazaply ýer yranýar, 150 müñe golaý adam wepat boldy.
1991-njy ýylda bu güne “Matam güni” diýlip at berildi.
1949 July 11
Türkmenlerden baslyp alnan ähli ekerançylyk ýerleri Mämedreza şaha bermek barasyndaky kanun kabul edildi.
1949 July
Kümmet şäherinde ilkinji keselhana gurulýar.
1949 Oct 6-9
Türkmenistanly dilçi alymlaryñ ilkinji gurultaýy.
1950 Sep 1
Aşgabatda M.Gorki (häzirki Magtymguly) adyndaky Türkmen döwlet universiteti açylýar.
1951 Dec 24
Benderşada 700, Kümüşdepe-de bolsa 300 adam bu şäherleriñ telegraf edarasynyñ öñünde syýasy oturşyk geçrip, hökümet işgärleriniñ saýlawlara we başga ugurlarda türkmen topragynda alyp barýan zalym hereketleriniñ artmagyna protest edýärler.
1951
Akgalada meteorologiýa edarasy açyldy.
1951 Mars
Türkmenistanda Ylymlar akademiýasy döredildi.
1952 Jan 27
Eýran hökümeti ekerançylyk ýerler barasynda geçircek reformasyny jar etdi (اصلاحات ارضی), odan maksat, daýhanlardan baslyp alnan ýerleri gaýtadan olaryñ özlerine satmakdy. Şol esasda ýerler 20 ýyl möhleti bilen 5,10 hektarlara bölünip satylyp başlandy.
1952
Garasuw obasynda jandarma edarasy döredildi.
1952
Kümmetde “Hor-hor” diýen suw bendi guruldy.
1952
Okuw jaýlaryñ hem-de mugallymlaryñ ýetmezçilik edyäni üçin Kümmediñ okuwçylary bu iş düzelýänçä okuwa gitmän protest ýörişlerini geçirdiler.
1952
Eýranda Hazar işbilini eksport edýän şilat edarasy hususy eýeçilige berliýär, şondan soñ türkmen balykçylary horlanyp başlanýar.
1953 Mars 1
Almanyñ Münhen şäherinde Amerikalylar tarapyndan esaslandyrylan “Azat Ýevropa/ Azatlyk Radio Stansiýalary” gepleşik berip başlaýar. Onuñ türkmen redaksiyasynyñ ilkinji başlygy 2-nji jahan urşunda Almanlara ýesir düşen Myrat Täçmyratdy.
1995-nci ýylda Radio Praga göçürildi.
1953 Mars18
Kümüşdepäniñ ozalky harby häkimi Abdylla han Tumaç (türkmen däl) parlamente  wekil bolup gitdi.
1953 Mars18
Mämedreza şah Gürgene gelip 750 sany daýhana ýerleriniñ petegini سندینی gowşurdy.
1953 June29
Hökümetiñ gizlin permany esasynda türkmenleriñ Aşgabat radiosyny diñlemegiñ öñüni almak üçin, Gürgen hem-de Maşat şäherlerinde türkmen dilinde gepleşik berýän radiostansiýalar döredilmegi planlaşdyryldy.
1953 June30
Kümmetde 22 sany syýasy aktivistiñ miting geçirjegini duýan hökümet olardan ençemesini tussag edýär, olaryñ arasynda belli şahyr Arazmuhammed Şa-eri (Aram) hem bolupdyr.
1953 July
Arazmuhammed Teke, Ýalkap diýen birisi tarapyndan Kümmetde şüpheli ýagdayda öldürilýär.
1953 Aug 16
Halk gozgalañlaryna çydap bilmedik Eýran şasy Mämedreza daşary ýurda gaçyp gidýär.
1953 Aug
Benderşa-da “Penbe” adynda pagta arassalaýyş karhanasy guruldy.
1953 Aug19
Amerikanyñ CIA we Inglisleriñ gizlin gullugynyñ işbirligi netijesinde Eýranda Dr.M.Musaddygyñ hökümeti agdaryldy, Patyşa gaýtadan tagta çykdy.
1953 Nov15
Ýazyjy Ata Gowşudovyñ ýogalan güni. Doglany 1903
1954 Dec 2
Araçägi berk kontrol edip, türkmen topragynda gysyşlary artdyrmak maksady bilen Şurevi-Eýran döwlet wekilleri Hazar ýaka Seññerdepe-de duşuşyp, bu barada ýörite komisýa düzýärler.
1954 Dec
Kümmetde “Milli” adynda pagta arassalaýyş karhanan salyndy.
1954-55
Gragum kanaly Murgap we Tejene gelip ýedýär.
1955 Jan 18
Ýazyjy Rehmet Seýt aradan çykdy.
1955 Apr 5
Araçägi berk kontrol edmek üçin Şurevi-Eýran wekilleri Deregezde duşuşýarlar.
1955 Apr 5
Benderşa-de Tudeh partiyýanyñ klubyna polis hüjüm edip ol ýerden köp dokumenti ele salýar.
1955 Maý
Jandamlaryñ halka berýän zulmuna garşy çykan Meredaly, Molla Tagan we Öwe dagy haýynlyk bilen ele salnyp, atylyp öldürilýär.
1956
Kümmetde “Jin” pagta karhanan salynýär.
1957
1948-nji ýylda Täjigistana sygnan Gaýyp Bähelke Duşenbe şäherinde näbelli ýagdaýda wepat bolýar. Onuñ Mazary şol şäherde.
1957
Eýranda gizlin gulluk edarasy “SAVAK” döredildi.
1957 Maý 7
Bagşy Magtymguly Garly aradan çykdy.
1958
Kümmetde telefon we meterologiýa edaralary açylýar.
1958 Jan 18
Amyderýa we Tejen töwereklerinden başlap araçägi kesgitlemek baradaky ylalaşyga Şurevi-Owganystan gol çekýär.
1958 Sep
Tudeh partiyýasynyñ agzasyndan Nurmuhammed Garynjyk köp ýyllap zyndanda oturýar, köneleşen hassalygy zerarly aradan çykýar.
1958 Dec 8
Daşary işler ministrligiñ garamagynda Türkmenistanyñ “Daşary Ýurtar bilen Dostluk we Medeni aragatnaşyklar barasyndaky Jemgiýeti” döredilýär.
1959
Aşgabatda  televideniýä işläp başlaýar.
1959
Benderşa-Gürgen aralygynda demir-ýol çekilýär.
1959
Akgala we Kelale şäherlerine elektrik berlip başlanýar.
1959 July 14
Yrakly türkmenleriñ garşysyna giñ möçberde etnik ýok ediş kampanýasy. Kerkuk faji-asy.
1959 Aug 19
Gürgen şäherinde türkmen dilinde radio gepleşikler işläp başlaýar.
1960 Jan 31
Sazada Mylly Täçmyrat aradan çykdy.
1960 Maý
Türkmenistanda milli şahyr Magtymgulynyñ 225 ýyllygy dabara bilen bellendi.
1960 Maý
Benderşa-Gürgen aralygynda otly gatnap başlaýar.
1960 Feb 21
Benderşa-dan Mämed Şeri محمد شرعی -türkmen- mejlise wekil saýlanýar.
1960 Feb
Akgalanyñ golaýyndaky Ammarolum ekerançylyk ýerleri, goşun başlygy Oveýsi hem general Kemal esger sürüp alýar, ýerler goşunyñ kontrolyna geçýär, obanyñ ady “Şa-mäzre-ýe Kemal”a شاه مزرعه کمال üýtgedilýär.
1961 Jan 9
Mämedreza şanyñ ýer reformasynyñ 1-nji tapgyry amala aşyrylýar, türkmen topragyna topar-topar zabylly hem buluç getirilýär. 659 zabylly hojalygyna 38790 hektar ýer berilýär.
1961 Jan
Kümmetde “Väş-e deşt” adyndaky karhana salyndy.
1961 Jan
Kelalede “Jin” pagta karhana salyndy.
1962 Maý12
Amyderýanyñ suwy Aşgabatda gelip ýetýär.
1962 Maý
Baslyp alnan ekerançylyk ýerleri berk kontrol etmek üçin Mämedreza şa General Muzeýýen diýen zalymyny Kümmet, Gürgen we Bujnurda ýörite wekil edilip belleýär, türkmen daýhanlary hetden aşa horlanýar.
1962 June
Miýewüt, Merjenabad, Ata-abad, Pirawaş, Gyzylja we Peşmek obalarynyñ ekin ýerleri basylyp alynýar, Hojalar-Gerkezde 3 sany daýhan jandarmalar tarapyndan öldürilýär. Şa-yñ aýaldoganlary Şems we Eşref Gülçeşmäniñ ýanyndan münlerçe hektar ýeri eýeleýärler.
1962 Oct 7
Pars bolmadyk halklaryñ milli isleglerini kesä sowmak üçin başwezir Älem “Eýaleti, Welaýaty” diýen teklibini meclise getirmegi.
1962 Dec 1
Eýran şaýylarynyñ belli ruhanysy Aýtolla Homeýni آیت الله خمینی ýokarda agzalan plana garşy çykýar.
1962 Dec 5
Aşgabatda halk filarmoniýasy döredildi.
1963 Jan 7
Ruhanylaryñ garşy bolmagy zerarly Eýran hökümeti “Eýaleti, Welaýaty”diýen teklibini yzyna alýar.
1963 Jan 7
Administrativ (edary) taýdan hem-de mejlis saylawy wagtynda türkmenlere gysyş görkezmek üçin Kümüşdepe we Benderşa şäherleri pars otrumly Bendergeze, Kurdkuy şäherlerine, Akgala bolsa Gürgene tabyn edilýär.
1963 Jan
Kümmetde “penbe-ýe şomal” karhanasy bina edilýär.
1963 Oct 6
Rahmatolla Fehimi(türkmen) Eýran mejlisine wekil saýlanýar.
1963 Oct
Dr.Ahmad Garadaglynyñ tagallasy bilen köp sanly türkmen ýigidi Türkmensähradan Türkiýä okuwa gidýär.
1963
Türkmenleri kemsidiji pars dilinde “Araz han” diýen film surata düşürilýär.
1965 Mars 24
Ýazyjy Garaja Burunov ýogalýar.
1965 Oct 14
Türkmenistanyñ görnükli alymy we döwlet işgäri Şaja Batyrov aradan çykdy. Doglany 1908
1966 Feb 9
Owgan türkmenlerinden Abdul-reuf  “Peýam-e wyjdan” gazetini neşir edýär.
1966 Apr
Gürgen derýasynyñ joşmagy netijesinde Hojanepes we onuñ töweregine zyýan ýedýär. Şa bu ýere gelip, wakany ýakyndan barlaýar.
1967 Nov 25
Türkmenleriñ adyndan 7-8 gezek mejlise wekil bolan Mämed ahun Jürjany (Gürgeni) aradan çykýar.
1967 Nov
Eýranda ekerançylyk ýer reformasyndan soñ türkmenlere 3744 traktor, 671 kombaýyn satylýar.
1967 Nov
Göreşceñ türkmen ýigidi Perviz Iranpuryñ tagallasy bilen bagşy-sazandalaryñ we zikir oýunlar topary Italiýada geçirlen festivala gatnaşýar.
1968 Aug 31
“Türkmenistanyñ halk magaryfy” jurnaly çap edilip başlanýar.
1969 Apr
Etrek-Gürgen derýalary joşup köp ýerleri suw alýar.
1970 Feb 7
Sazanda Pürli Sary aradan çykdy. Doglany 1900
1970 Aug 2
Güllidag, Garnawa we onuñ töwereginde ýer yrandy, 32 oba weýran boldy, 175 adam ölüp, 500 den gowragy ýaralandy.
1971 Mars
Kümmet şäheriniñ merkezi meýdanynda oturdylan Mämedreza şanyñ heýkeli göreşjeñ ýigitler tarapyndan partladyldy.
1971 Maý
Kommunistik hereketleriñ öñüni almak maksady bilen Amerikada döredilen “Marşal Plany” esasynda “Barkly Moore” we “William Airons” ýaly amerikalylar Kümmet şaherine geldi. Mr.Moor ençeme ukyply türkmeni ýokary ylym almak üçin Amerika alyp gidyär.  
1971 Maý
Marawadepäniñ Ýekeçynar hem-de Bujnurdyñ Aşhana-synda Türkmenistany diñlemek üçin Amerikalylar güýçli radar merkezini gurdy.
1971 Maý 2
Şahyr Gara Seýitli aradan çykdy. Dog 1915
1971 Oct
Kümmetde göreşjeñ ýigitleriñ tagallasy bilen üç günläp aýdym-saz we goşgy agşamyny geçirildi, bu wakadan soñ gizlin gulluk SAVAK, 20 sany türkmeni tussag edip gynaga çekdi.
1971 Sep 26
Owganystanly türkmen Fedamuhammed Fedaýynyñ tagallasy bilen “Millet” gazeti çykarlydy.
1973 Dec 11
Türkmen sinemasynyñ düýbüni tutuan Alty Garlyýev ardan çykdy. Doglany 1909
1973 Dec 18
Türkmensähraly türkmenleriñ adyndan Mämed ahunyñ gyzy Mehin Gürgeni Eýran parlamentyna wekil saýlandy.
1971 Dec
Türkleriniñ durmuşyna degişli “Ýek ittifâg-e sâdeh adynda pars dilinde film surata düşürildi, filmde türkmen artisti Anna Taryhy-de oýnapdyr.
1974 July 23
Ýazyjy Berdi Kerbaba aradan çykdy.
1974
Pars dilinde “Türkmen” atly film döredildi.
1974
Türkmen ýazyjy Aýmuhammed Aýmuhammadynyñ “Sünnet”(Däp) we “Gara çoýun” atly teatry Eýranda şöhrat gazandy.
1974 Dec 13
Ýazyjy Aman Kekilov aradan çykdy. Doglany 09.05.1912
1974
Göreşceñ şahyr Arazmuhammed Şa-eri (Aram) 40 ýaşyñ içinde aradan çykdy, şahyrdan “Rubagylar” adynda eser ýadygär galdy.
1975
Türkleriniñ durmuşyna degişli Nadyr Ibrahymy “Sedaý-e Sahra” (Sähranyñ sesi) diýen filmi döretdi.
1975 Aug 1
Helsinki′de Ýevropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyñ jemleýji aktyna gol çekildi.
1975 Sep 29
Şahyr Gurbannazar Eziz 35 yaşyñ içinde atylyp öldürildi.
1975 Nov
Bagşy Gazak Pañ Amerikada geçirlen aydym festivalyna gatnaşdyryldy.
1975 Sep 8
Türkmenleriñ adyndan Rahmanguly Seýdi bilen Gowşak (Alty) Jafarbaý mejlise wekil saýlandylar.
1975 Sep
Işbil we balyk eksporty baýlaryñ eline geçdi, balykçylar köp horlandy. Benderşa jandarma başlygy Hamediñ döwründe balykçylar Azym Ownuk, Yhy Gylyçnyýazy öldürlip, Babyş we Emin kelte maýyp edildi.
1976
Eýran telewideniýasy tarapyndan N.Ibrahymy “Ateş bedun-e dud آتش بدون دود(Tüssesiz od) adynda bir film seriýaly surata düşürdi, onda türkmenler wagşy, medeniyetsiz edilip görkezilmäge synaşyldy.
1976
“Kanun perwereş fikri kudekan we nowjevanan کانون پرورش فکری کودکان و نوجوانان” guramasy tarapyndan türkmenleriñ durmuşyna degişli “Äsb” (At) diýen film surata düşürildi.
1977 Aug 8
Bagşy Sahy Jepbar aradan çykdy. Doglany 1905
1977 Aug 31
Halk artisty, türkmen teatrynyñ düýbüni tutujy Aman Gulmmämet ardan çykdy.
1977 Nov 22
Dr.Ahmad Garadagly aradan çykdy. Ol Kümmetgawuzda jaýlandy. Doglany 1901
1978 June
Sazanda Akmyrat Çaryýew Eýranyñ Maşat şäherinde geçirlen festivala gatnaşdy.
1978 Nov
Eýranda Patyşa rejimine garşy gozlañ başlandy.
1978 Jan 6
Türkmen mugallymlary Patyşa rejiminiñ syýasatyna garşy iş taşlaýyş protestini geçirdiler. Türkmenler köçe tolgunyşlarynda:
“Okuw gerek hat gerek,
Türkmençe megdep gerek.
Elden giden ýerleri,
Gaýtaryp almak gerek”.
“Ýer ekinçiñki, derýa balykçyñky”,
“Ýa alarys, ýa öleris, ahyry hudmuhtar bolarys
diýen şygary öñe sürdiler.
1979 Mars 7
Ýazyjy Beki Seýtäkov aradan çykdy. Doglany 31.3.1914
1979 June 6
Yaş şahyr Muhammed Berazende Gojuk motorsikletden yýkylyp aradan çykdy.
1979 Feb 9
Kümmet şäheriniñ SAVAK, jandarma, goşun bölüminiñ we käbir bay hem ruhany sumaklaryñ plany esasynda türkmen obalardan adamlar yýgnalyp, Patyşa rejimine arka çykmak maksady bilen şäherde bi-düzgünçilikli herekete baş goşdular.
1979 Feb 11
Mämedreza şa, şonuñ bilen birlikde Pählevi rejimiiñ soñy.
1979 Feb 15
Türkmensärada, “Türkmenleriñ medeni we syýsy ojagy” کانون فرهنگی و سیاسی خلق ترکمن
şeýle-de “Oba şuralar guramasy” döredildi.
1979 Feb 15
Gelmişek baý-feodallar, türkmenleriniñ alyp barýan adalatly göreşini togtatmak maksady bilen Kümmetgowuz şäheriniñ sudunyñ (دادگاه) jaýynyñ öñünde syýasy oturşyk geçirdiler, hökümet tarapyndan Hüjjet-ul-islam Omyd bilen Radniýa olardan arka çykdy.
1979 Mars 1
Eýran goşunynda gulluk edip ýören türkmen ofisserleri  “milli goşun” döretmek barasynda bildiriş ýaýratdylar.
1979 Mars 2
Türkmen ýazyjy şahyrlar Kümmetgowzuñ “Pişahengi” salonynda ençeme günläp çykyş edip, halkyñ arzu-isleglerini beýan etdiler.
1979 Mars10
Türkmenleriñ tolgunyşlaryna haýbat atmak maksady bilen Eýranyñ täze hökümeti Bendertürkmen we Kümmetgowuz şäherleriniñ üstünden F.14 tipli harby uçar bilen manever berdi.
1979 Mars10
Benderşa şähere Bendertürkmen adyny bermek üçin aýaga galan halkyñ üstüne ok atydy, 19 türkmen yaralandy. Bu jenaýatda Agamäli diýen parsyñ bardygy aýdyldy. Şäherdary شهرداری edarasynda ýigitler ynkylaby komitet döretdiler.
1979 Mars13
“Tähran universitetiniñ” studentleri hökümetiñ türkmenlere garşy zulmuny ýazgaryp,  protest etdiler.
1979 Mars23
Türkmenleriñ “Medeni we Syýasy Ojagy” Eýran hökümetiñ geçirmekçi bolýan referandomyna gatnaşyp, gatnaşmazlyk barasynda geñeşmäge, 26-nji Martda Kümmediñ merkezi parkyna ýygnanyşmak üçin bir bildiriş ýaýratdy.
1979 Mars25
Kümmetde çilim satyp ýören A.Durdypur diýen türkmeniñ, hökümetiñ ýörite ýaragly adamlary tarapyndan oka düzlüp öldürildi, başga bir türkmen-de ýaralandy.
1979 Mars26
Hökümet tarapyndan Kümmede iberilen ahun Imadynyñ baştutanlygynda ýaragly güýçler türkmenleriñ parahatly geçip duran mitingine çozdy, netijede onlarça türkmen öldi. Hökümet bilen türkmenleriñ arasynda 10 günläp urş boldy. Kümmetdiñ 1-nji söweşi.
1979 Apr 4
Bendertürkmende “Birleşik” adynda bir jurnal çap edildi, ondan diñe 3 nomer çap boldy.
1979 Apr
Hazar deñiz balykçylary öz “ şuralaryny” döretdiler.
1979 Maý24
Başwezir Mehdi Bazergan, türkmenler oba  şuralar guramasyny ýatyrmaly diýp ultimatum berdi.
1979 Maý30
Oba  şuralar guramasy barha ýaýbañlşdy.
1979 Maý30
Eýranyñ Aly-abad şäheriniñ ýaragly güýçleriniñ Köçek Nazarhan oba daýhanlaryna ok açmagy netijesinde 3 daýhan öldi.
1979 June
“Il-güýji”, “habarnam-ýe Türkmensähra”, “Daýhan  ýaly gazet-jurnallar çykarlydy.
 
“Medeni we folklorik” topar döredildi.
1979 July 16
Ilkinji gezek Ýolmasalýan obasynda “orak baýramy” şowly geçirildi.
1979 July 16
Hazar deñiz jandarmalary balykçylaryñ Aşyr- adada geçip duran ýygnagyna ýaragly hüjüm etdi.
1979 July 20
Ammar-olumdaky ozalky “Şa mäzre” firmasy, islam hökümeti tarapyndan baslyp alyndy we Gürgendäki goşunyñ erkine berildi hem-de oña “Mäzre-äýe nemune-ýe arteş مزرعه نمونه ارتش” ady berildi.
1979 July
Reza Allame-zadah, türkmen  şuralaryna degişli pars dilinde حرف بزن ترکمن (Gürle türkmen) diýen filmini döretdi.
1979 Aug
Islam hökümetiniñ täze esasy kanunyny tassyklamak üçin düzlen “Hobregan خبرگان” mejlisine wekil bolup gitmek üçin türkmenler tarapyndan Şirmuhammet Tumaç bilen Abdylhekim Magtym Halkyñ Fedaýylary guramasy tarapyndan, şonuñ ýaly-da Tudeh partiýasy tarapyndan Kümüşdepeden Safar Ensary kandid boldular. Saýlawda bolan galplyk zerarly olar saýlanmadylar.
1979 Aug
Bagşy Gazak pañ Gurban baýram güni aradan çykdy.
1979 Nov
Oba  şuralaryñ 7-nji ýygnagy geçirildi.
1979 Nov 4
Oba  şuralarynyñ 8-nji ýygnagy geçirildi.
1979 Nov 29
“Medeni we Syýasy ojagy” öz bildirişinde Eýranyñ täze esasy kanunyna ses berlişige gatnaşmajagyny mälim etdi. Täze kanun esasynda ýurduñ prezidenti şaýy mezhepli bolup, şaýy, Eýranyñ resmi mezhebi diýilip tassyklandy.
1979 Dec 7
Kümmetde oba  şuralarynyñ 9-njy ýygnagy.
1980 Feb 6
Kümmetde oba  şuralarynyñ 10-nynjy ýygnagy geçirildi.
1980 Feb 6
Türkmensährada aktiv bir syýasy gurama hökmünde hereket eden “Iran Halk fedaýylar guramasy  فدائیان خلق ایران  özüniñ döredilen ýyl dönümi mynasybetli ýurduñ bütin ýerinde şol sanda Kümmetde  syýasy yöriş geçirmegi planlaşdyrdy.
1980 Feb 7
Hökümetiñ Kümmetdäki ýaragly güýçleri “Fedaýylaryñ” mitinginiñ öñüni aljakdygy barasynda bildiriş ýaýratdy.
1980 Feb 7
Oba  şuralaryñ ýolbaşçylary Şirli Tumaç, Hekim Magtym, Hajytuwak Vahedi we Söýün Jürjäni Tährandan gelen oba hojalyk wekilleri bilen duşuşykdan gaýdyp gelişlerine (gije sagat 12-de) Kümmediñ gaýraky köprüsiniñ ýanynda hökümediñ ýaragly güýçler tarapyndan ogurlandylar.
1980 Feb 8
Kümmetdäki ýaragly güýçler mitinge gatnaşmagy bahana edip türkmenleriñ üstüne ok açdy.
Kümmetgowuzuñ 2-nji söweşi.
1980 Feb 8
Ýaş türkmen ýigidi Behruz Ahundy şäheriñ ortarasynda duşmanlar tarapyndan linç edilip öldürildi.
1980 Feb 9
Birnäçe gün uzaga çeken söweşde Kümmet ýaşaýjylary şäheri terk edmäge mejbur boldy, Bedelje obasy ýakyldy.
1980 Feb 18
Tumaç, Magtym, Vahedi we Jürjäniniñ gynag astynda parçalanan jesetleri Bujnurd ýolunyñ gyrasynda-Çemenbid,den tapyldy, hökümetiñ Kümmede iberen ýörite gazysy Halhaly onlarça türkmeni atuwa höküm etdi. Perviz Iranpur, Nazdurdy Nuşin we Ýüsüp Garaja ogurlanyp wagşylarça terror edildi.
Türkmensähra Şehitler güni.
1980 Mars 6
Islam hökümetiñ Türkmensährada alyp baryan terroristik hereketlerine hem içerden hem-de dünýäden protestler bildirildi.
1980 Mars 7
“Medeni we Syýasy Ojak” öz bildirşinde mejlis saýlawlary baýkot etdi.
1980 Mars28
Islamy hökümetiñ haýbatyna garamazdan şehitleriñ 40-nji güni, oba  şuralar tarapyndan dabaraly bellendy.
1980 June 4
Oba  şuralaryñ 11-nji ýygnagy şeýle-de şehitler Kaka Bezmuneniñ, Amandurdy Serşadyñ we Tumajypuryñ 100-i Akdegiş obasynda bellendi.
1980 July
Göreşjeñ ýigitler Abdylla Gyzyl, Meretgeldi Bidar we Akmuhammed Beýramy atlyp öldrüldi.
1980 July 19
"Habarnama-ýe Türkmensähra" gazetiñ çap edilmegini hökümet gadan etdi.
1981 Mars
Hökümetiñ tarapdary Halymberdi Adel diýen türkmen “Nedaý-e Türkmen” gazeti neşir etdi.
1981 Maý 7
Balykçy Berdimurad Tumaç Eýran deñiz jandarmalary tarapyndan öldürildi.
1981 July
Göreşceñ ýigitler Gürgen Bähelke we Änin Gökleñi atlyp öldürildi.
1982 July
Göreşceñ yigitler Ibraýym Nedimi, Hamyd Ferjad, Arazmuhammed(Arça)Besiri, Hally Hallyzadeh(Algyr) we Hezretguly Kör atlyp öldürildi.
1983 Maý
Magtymguly Pyragynyñ 250-ýyllygy dabara bilen bellendi.
1983 Nov 30
13 ýyllap dälihana tussaglygynda saklanan Göreşceñ şahyra Annasoltan Kekilova şol ýerde aradan çydy. Doglany 1942
1983
Syýasy aktivistler Türkmensähradan Türkmenistana sygnyp başladylar.
1984 Maý10
Milli şahyr Magtymgulynyñ 250 ýyllygyny geçirmek üçin onuñ mazary Aktokaýa üýşen türkmenlere Eýranyñ ýaragly güýçleri gaty gysyş görkezdi, sadaka naharynyñ bişirilmeginiñ öñüni aldy.
1984 Sep
Kümmet şäherinden Annamuhammed Garrawy mejlise wekil saýlandy.
1984 Oct
Türkmensährada salek diýen bir hil suwulja baş ýoñ boldy.
1985 Oct
Saparmyrat Nyýazow Türkmenistanyñ kommunistik partiýasynyñ 1-nji sekretary boldy;
Türkmenistanyñ merkezi ijra-ýe komitetleriniñ başlyklary:
1.Nedirbaý Aýtakow …………Feb.1925—Aug.1937
2.Batyr Ataýew ………………Aug.1937—Okt.1937
3.Hywaly Babaýew …………  Okt. 1937—Aug.1941
4.Allaberdi Berdiýew ……… Okt. 1941—Mars1948
5.Akmämed Saryýew ………  Mars1948—Mars1959
6.Nurberdi Baýramow ………Mars1959—Mars1963
7.Annamuhammed Gylyjow   Mars1963—Dek. 1978
8.Bally Ýazgulyýew………… Okt. 1978—Aug. 1988
9.Roza Bazarowa  …………  Aug.1988—Can. 1990
 
Türkmenistanyñ hökümet başlyklary:
 
1.Gaýgysyz Atabaýew             Feb.1925— Aug.1937
2.Aýtbaý Hudaybergenow …   July1938—Nov1945
3.Suwhan Babaýew  …………Oct. 1945—Nov1951
4.Balyş Öwezow ……………  Nov.1951—Dec 1957
5.Jumadurdy Garaýew ………Jan. 1958—Jan  1959
6.Balyş Öwezow ……………  Jan. 1959—June1960
7.Abdy Annalyýew  ………… July 1960—Mars1963
8.M.Nazar Gapurow……       Mars1963—Dec  1969
9.O.Orazmuhammedow  …    Dec. 1969—Dec. 1975
10.Bally Ýazgulyýew……      Dec. 1975—Dek. 1978
11.Çary Garryýew …………    Dec 1978—Jan. 1985
12.Saparmyrat Nyýazow  …     1Dec.1985
13.A.Hojamyradow ………… Dec. 1985—Dec 1989
14.Han Ahmedow …………   Dec.1989 (Baş wezir)
1985 Mars
Türkmenistana sygnan Türkmensähraly bosgunlar “Il-güýji” jurnalynyñ 2-nji döwrüni çykaryp başladylar.
1987 Oct
Syýasy hereketleriniñ erkin bolmagy ugrunda “Medeni we Syýasy Ojagyñ gaýtadan dikeldiş topary” döredildi.
1988 Maý
“Medeni we Syýasy Ojagyñ” “Halkyñ Fedaýylar guramasyndan” erkindigi barasynda Almandaky türkmenler bir bildiriş ýaýratdylar.
Medeni we Syýasy Ojagyñ tarapdarlary ikä bölündi.
1988 Maý
Aşgabatda we Nebitdagda türkmen ýigitleri gelmişekleriñ talañçylykly hereketlerine garşy aýaga galdylar.
1988
June-July
Eýranda neşe söwdasyny edýänler bilen göreş wagtynda ençeme syýasy bendi-de atylyp öldürildi, olaryñ arasynda syýasy aktivist Halykberi Olfet-de bardy.
1988 Sep1
Halk şahyry, Magtymguly baýragynyñ eýesi Kerim Gurbennepes aradan çykdy.
1988 Sep
Almanda “Medeni we Syýasy Ojagyñ” neşir organy hökmünde “Türkmenistan-e Iran” neşriýesi çap edilip başlandy.
1988 Sep
Kelale şäherinden Ýagmur Gulyzada Eýran mejlisine wekil saýlandy.
1988 Oct 6
10 ýyllap Sibire sürgün edilen ýazyjy Hydyr Derýaýew aradan çykdy.
1989 Mars
Bagşy Magtymguly Garlynyñ 100 ýaşy Daşhowuzda bellendi.
1989 Aug 30
Türkmenistanda “Agzybirlik Halk Hereketi” diýen bir syýasy jemgiýet döredildi.
1989 Sep
40 ýyl senzuradan soñ ilkinji gezek Ata Gowşudowyñ “Perman” romany, prof. Mäti Kösäýeviñ işlän “Gorkut Ata” eposy çap edildi, Soviet döwründe gadagan edilen birnäçe aýdym-saza rugsat berildi.
1990 Maý24
Türkmen diline döwlet dili statusy berildi.
1990 Jan
“Agzybirlik” ilkinji gezek Gökdepe şehitlerini ýatlamak üçin bildiriş ýaýratdy, halky ol ýere çagyrdy, hökümet bu hereketiñ öñüni almaga synayşdy.
1990 Aug 13
Alym Ahmat Bekmyradow aradan çykdy.
1990 Sep
Daşary ýurtlerde ýaşayan türkmenler Swedeniñ Göteborg we Lerum, Almanyñ Münhen (soñ Berlin we Köln) şäherlerinde “Türkmen medeni ojagyny” döretdiler.
1990 Oct
Türkmenistanda syýasy aktivistler gysylyp başlandy, şahyr Şiraly Nurmyradow tussag edildi.
1990 Feb
Dr.Muzeffer Arslanyñ ýolbaşçylygynda “Yrak Türkmen milli partiyýasy” döredildi.
1991Mars17
“Agzybirlik”, Türkmenistanyñ SSSR-den aýrylyp özbaşyna milli bir döwlet bolmagyny öñe sürdi.
1991 Apr 28
Hazar ýakasynda güýçli apy-tupan boldy.
1991 Maý12
Şahyr Akmyrat Şirow kino studionyñ balkonyndan ýere “ýykylyp” öldi.
1991 Maý 1
Hökümetiñ ýaragly güýçleri (pasdarlar) Bendertürkmende şowly geçip duran bir toýy dargatmak üçin ok atanda Ylýas Arazgylyçy ölüp, başga bir türkmen ýaralandy.
1991 Maý18
“Dünyä Türkmenleriniñ Gumanitar Birleleşiginiñ” 1-nji konfrensiýasy Aşgabatda açyldy.
1991 Aug
Türkmensähraly bagşylar Fransiýanyñ Avinun muzik festivalyna gatnaşdylar.
1991Aug 19-21
Kommunistleriñ bir toparynyñ Garboçova garşy hereketi. SSSR-iñ darmagy.
1991 Aug 20
Türkmenistanyñ syýasy aktivistleri “Geñeş” ady astynda ýygnanşdylar, olar şu topardan ybartdy:
1.      Agzybirlik halk hereketi
2.      Demokratik(ösüş) partiýasy
3.      Studentleriñ (Nazariýet) hereketi
4.      Mary halk hereketi
5.      Balkan halk hereketi
6.      Kommunistlerden aýrylanlar.
1991 Aug 21
“Geñeş” özüniñ birinji bildirşinde bütin döwlet ýolbaşçylarynyñ işden çekilmegini talap etdi.
1991 Aug 21
50-den aşa Türkmenistanly intellegent, hökümetiñ alyp barýan syýasatyna protest hökmünde Magtymgulynyñ ýadigärliginiñ öñünde açlyk oturşygyny geçirdiler.
1991 Aug 22
Türkmenistan, özygtyýarly döwlet diýilip jar edildi.
1991 Sep 30
Türkmenistanyñ Milli howpsuzlyk komiteti (KNB) döredildi.
1991 Oct
Türkmensähraly bagşylar Almanyñ Düssoldrof aýdym festivalyna gatnaşdylar.
1991 Oct 25
Aşgabatda “Dünyä Türkmenleriniñ Gumanitar Birleşiginiñ” 2-nji gurultaýy.
1991 Oct 27
Türkmenistan milli özbaşdaklygyny jar etdi.
Garaşsyzlyk güni.
1991 Nov
Yüsüp Besenjide Kümüşdepe we Bendertürkmen türkmenleriñ adyndan mejlise wekil saýlandy.
1991 Dec 23
Göreşceñ şahyr Bapba Gökleñ näbelli! ýagdaýda maşyn kakyp, aradan çykdy.
1992 Jan 17
Eýran bilen Türkmenistanyñ arasynda Inçebrun diýen ýerden geçelge nokady açyldy.
1992 Feb 19
Türkmenistanyñ döwlet Baýdagy we döwlet nyşany (gerp-i) tassyklandy.
1992 Mars 2
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasyna agza edilip alyndy.
1992 Apr
Hazar deñziniñ jandarma güýçleri 4 sany Kümüşdepeli balykçylary atyp öldürdi.
1992 Maý
Halk bagşysy Nurberdi Gulov aradan çykdy. Ol kommunizim we Şurevini öwüp ýekeje-de aýdym aýtmady. Doglany 1917
1992 Maý18
Garaşsyz Türkmenistanyñ ilkinji esasy kanunynyñ tassykdy.
1992 June 5
Halk bagşysy Hoja Şargy Kümüşdepede aradan çykdy.
1992 June21
Ýeke kandidaturlyk saýlawlary esasynda S.Nyýazow prezident boldy.
1992 Aug 11
Türkmenistanyñ döwlet serhet goşuny döredildi.
1993 Maý
Hökümetiñ permany bilen Aşgabatdaky milli serdar Gaýgsyz Atabayyñ heýkeli ýykyldy, bu heýkeli 1965-nji ýylda Mommy Seýdmyrat ýasapdy.
1994 July 2
Heýkeltaraş M. Seýdmyrat aradan çykdy.
1994 Mars15
Göreşjeñ offiser, 1951-nji ýylda Türkmensähradan Türkmenistana sygnan Safar Hatyby Aşgabatda aradan çykdy. Doglany 1917 ý
1995 July 12
Rejime garşy Aşgabat demonstratsiýasynyñ dargadylmagy, Tutha-tutlyk. Gara çarşenbe.
1995 Dec 12
Birleşem Milletler Guramasynda Türkmenistana Bitaraplyk statusy berildi.
Bitaraplyk güni.
1997 Sep 1
Türkmenistanda Döwlet energetika inistituty döredildi.
 
 
 
 
   January aýyndaky wakalar
1 Jan 1875
Kümüşdepeli Türkmenler Aşyr ada-da ýerleşen rus harby bazasyna zarba urdular.
1 Jan 1915
Halk ýazyjy Gara Seýitliýew doglanyñ güni.
Ölümi 2.5.1971
1 Jan 1925
Aşgabatda mugallymlaryñ 1-nji gurultayý açyldy.
1 Jan 1925
Türkmenistanda “Türkmen Döwlet Neşriyaty (TDN) döredildi.
1 Jan 1925
Türkiýede Hijri kalendaryndan milady takwime geçildi.
1 Jan 1932
Aşgabatda “Türkmen Döwlet Medisin” inistituty açyldy.
2 Jan 1927
Eýran hökümetiñ permay bilen Rejep ahun Seýýady Kümüşdepeli türkmenleriniñ baş kazysy boldy.
3 Jan1501
Şahyr we ýazyjy Alyşyr Nowaýy aradan çykdy.
6 Jan 1909
Türkmen sinemasynyñ düýbüni tutan Alty Garlynyñ doglan güni. Ölümi 11.12.1973
6 Jan 1978
Türkmen mugallymlary Eýran rejiminiñ sýyasatyna garşy iş taşlaýyş protestini geçirdiler, bütin halk köçe tokunşlarynda:
Okuw gerek hat gerek,
 Türkmençe megdep gerek.
 Elden giden ýerleri,
Gaýtaryp almak gerek”.
“Ýa alarys, ýa öleris, ahyry hudmuhtar bolarys”
“Ýer ekinçiñki, derýa balykçyñky
diýen şygarlary öñe sürdiler.
7 Jan 1933
Türkmenlerden zor bilen alnan ekerançylyk ýerleri olaryñ özlerine gaýtadan satmak barasyndaky karar Eýran mejlisinde tassyklaydy. Döredilen “Emlak” edarsynyñ Kümmetdäki başlygy servan Säffarynyñ halkymyza zulum barsyny edýär.
Hazardan önyän işbiliñ patenti (امتیازی) Dävällu diýen bir gelmişege berilýär.
7 Jan 1963
Ruhanylaryñ garşy bolmagy zerarly hökümet  Eýranda “Eýalaty-Welaýaty” teklibini mejlisden yzyna aldy.
7 Jan 1963
Administrativ (edary) taýdan hem-de mejlis saýlawy wagtynda türkmenlere gysyş görkezmek üçin Kümüşdepe we Benderşa şäherleri pars otrumly Bendergeze-Kurdkuy şäherlerine, Akgala bolsa Gürgene tabyn edildi.
9 Jan 1961
Mämedreza şanyñ ýer reformasynyñ 1-nji tapgyry amala aşyryldy. Türkmensähra zabylly  we buluçlar göçürlip getirildi.
12Jan1881
A.Skobeleviñ baştutanlygynda rus harbylary Gökdepe galasyny partlady, 30 müñe golay türkmen şehit boldy. Bu jenaýatda Bujnurt we Goçan häkimleri hem ruslara ýardam edipdir. Hatyra güni.
13Jan1937
Diktator Staliniñ represiýasynda Türkmenistanyñ ilkinji prezidenti Nedirbay Aýtakov atylyp öldürildi.
17Jan1992
Eýran bilen Türkmenistan arasynda Inçeburun diýen ýerden geçelge nokady açyldy.
18Jan1881
Rus goşuny Aşgabady basyp aldy.
18Jan1955
Ýazyjy Rehmet Seýit aradan çykdy.
18Jan1958
Şurevei-Owganystan arasynda Amyderýa we Tejen töwereginden başlap araçägi kesgitlemek barasyndaky ylalaşyga gol çekildi.
27Jan1924
Aşgabadyñ merkezinde Lenin heýkeli dikildi.
27Jan1952
Eýran hökümeti ekerançylyk ýerlere reforma geçircek diýip jar etdi, ondan maksat daýhanlardan baslyp alnan ýerleri gaýtadan olaryñ özlerine satmakdy. Şol esasda ýerler 20 ýyl möhlet bilen 5, 10 hektarlara bölünüp satlyp başlandy.
30Jan1923
Türkmenleriñ gozgalñyny basyp ýatyrmak üçin Muhammethüseyin sertip Gilan, Mazenderan we Astrabad goşun başlygyna bellendi.
31Jan1561
Beýik harby serkerde, şahyr hanlar hany Baýram han türkmen öldürüldi.
31Jan1925
Gycakçy Ata Avlynyñ doglan güni.
31Jan1960
Mukamçy sazanda Mylly Täçmyrat aradan çykdy.
 
 
·  February aýyndaky wakalar
2Feb 1918
Türkmenistanyñ Halk Kommissarlar  şurasy, dini döwletden, mekdebi bolsa ybadathanadan aýyrmak barasynda perman çykardy
4Feb 1948
Tähran universitetinde, Mämedreza şaha ok atyldy, bu işi amala aşyranlykda Tudeh partiýasy günälendi ençeme syýasy aktivistler yzarlandy, 20 sany türkmen Türkmenistana sygyndy.
5-7Feb 1905
Gyzylarbatda işçiler arasynda syýasy tolgunyşyk.
6Feb 1980
Kümmetgowuzda oba  şuralaryñ 10-nynjy ýygnagy geçirildi.
6Feb 1980
Türkmensährada aktiv bir syýasy gurama bolan “Halk fedaýilary" özünüñ döredilen ýyl dönümi mynasybetli ýurduñ bütin ýerinde şol sanda Kümmetgowuzda syýasy yöriş geçirmegi planlaşdyrdy.
7Feb 1925
Türkmenistanyñ resmi döredilen hem edara edilip başlan güni.
7Feb 1926
Aşgabatda “Türkmen film kino studiosy” açyldy.
7Feb 1970
Gycakçy Pürli Sary aradan çykdy. Dog 1900
7Feb 1980
Eýran hökümetiñ Kümmetdäki ýaragly güýçleri, “Fedaýilaryñ” mitinginiñ öñüni aljakdygy barasynda bildiriş ýaýratdy.
7Feb 1980
Şirli Tumaç, Hekim Magtym, Hajytuwak Vahedi we Söýün Jürjäni Tährandan gelen oba hojalyk wekilleri bilen duşuşykdan gaydyp gelişlerine (gije sagat 12-de) Kümmediñ gaýraky köprüsiniñ ýanynda hökümediñ ýaragly güýçleri tarapyndan ogurlandylar.
8Feb 1980
Kümmediñ ýaragly güýçleri mitinge gatnaşdy diýen bahana bilen türkmenleriñ üstüne ok atdy.
Kümmetgowuzyñ 2-nji urşy.
8Feb 1980
Ýaş ýigit Behruz Ahundy Kümmediñ ortarasynda duşmanlar tarapyndan linç edilip öldürildi.
9Feb1966
Owganystanly türkmen Abdyreuf “Peýam-e wyjdan” diýen gazeti çykardy.
9Feb 1979
Kümmet şäheriniñ SAVAK, jandarma, goşun bölümi we käbir baý hem ruhany sumaklaryñ plany esasynda türkmen obalardan adamlar yýgnalyp, Patyşa rejiminden arka çykmak maksady bilen şäheriñ içinde ganly herekete baş goşuldy.
9Feb 1980
Birnäçe gün uzaga çeken söweşde Kümmet ilaty şäheri terk etmäge mejbur boldy. Bedelje obasy ýakyldy.
11Feb1979
Eýranda Pählevi rejimi agdaryldy.
14-19Feb 1925
Türkmenistan kommunistik partiýasynyñ 1-nji gurultaýy.
14Feb 1925
Eýran mejlisi Irza hany başwezir diýp yglan etdi.
15Feb 1869
Şahyr A.Galyby aradan çykdy.
15Feb 1921
Kümmet şäher häkiminiñ orunbasary Mäti han Ak-öyli obasyna çozdy, top okundan 20 türkmeni öldi.
15Feb 1921
Buhara emiri seýd Alym han, Bolşeviklerden Mazary şerife gaçyp atdy.
15-24  Feb 1925
 
Türkmenistan şuralarynyñ 1-nji gurultaýy geçirildi, onda TSSR-iñ döredilişi hem onuñ SSSR-iñ hataryna girýändigi kararlaşdyryldy.
15Feb 1979
“Türkmenleriñ Medeni we Syýsy Ojagy” şeýle-de “Oba  şuralar guramasy” döredildi.
15Feb 1979
Gelmişek baý-feodallaryñ türkmenleriñ alyp barýan adalatly hereketlerini togtatmak maksady bilen Kümmetgowuzyñ suwd(dadgah) binasynyñ öñünde syýasy oturşyk geçirdileri, hökümet tarapyndan Ahunlar Omyd bilen Radniýa olardan arka çykdy.
18Feb 1405
Emir Timuryñ ölümi.
18Feb 1980
Tumaç, Magtym, Vahedi we Jürjäniniñ gynag astynda parçalanan jesetleri Bujnurd ýolunyñ gyrasyndan tapyldy. Hökümetiñ Kümmede iberen ýörite kazysy Halhaly, onlarça türkmeni atuwa höküm etdi. Perviz Iranpur, Nazdurdy Nuşin we Yüsüp Garaja ogurlanyp terror edildi.
Türkmensährada Şehitler güni.
19Feb 1991
Türkmenistanyñ döwlet Baýdagy we nyşany (gerpi) tassyklandy.
20Feb 1934
Halk artisty Baba Annanovyñ doglan güni.
21Feb 1905
Çärjew deposynyñ işçileriniñ iş taşlaýyşy.
Gyzylarbatda demir ýolçylarynyñ iş taşlaýyşy.
21Feb 1921
Rus-Inglis nökeri Irza han Gajar urugyny agdardy.
21Feb 1960
Benderşadan Mämed Şeri-türkmen- Eýran parlamentine wekil saýlandy.
26Feb 1938
Dilçi alym Allaguly Garahanov Aşgabatda atlyp öldürüldi. Mazary näbelli.
 
 
¸ Mars aýyndaky wakalar
1Mars1912
Mämedaly şa ynkylabçy güýçler tarapyndan tussag edilip, Eýrandan Orsýete sürgün edildi.
1Mars1917
Bagşy Nurberdi Gulovuñ doglan güni.
1Mars1953
Almanyñ Münhen şäherinde “ Azat Ýevropa/ Azatlyk radio” stansiýasylary açyldy.
1Mars1979
Eýran goşunynda gulluk edip ýören türkmen ofisserler  “milli goşun” döretmek barasynda bir bildiriş ýaýratdylar.
2Mars1979
Türkmen ýazyjy-şahyrlary Kümmetgowzuñ “Pişahengi” salonynda üýşüp halkyñ isleglerini orta atdylar.
2Mars1992
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasyna agza edilip alyndy.
4Mars1919
Türkmen ak-sakgallary Osman ahundan arka çykyp, Kümmetde gurultaý geçirdiler.
4Mars1919
Türkmenistanda bolşevikler garşysyna milli hökümet döredildi.
5Mars1917
Aşgabatda burjvaz wagtlaýyn edary komitet döredildi.
6Mars1980
Islamy hökümetiñ Türkmensährada alyp barýan terroristik hereketlerine hem içerden hem-de dünýäden protestler edildi.
7Mars1979
Ýazyjy Beki Seýtykov aradan çykdy. Dog 1914
7Mars1980
“Medeni we Syýasy Ojak” Eýran mejlis saýlawuny baykot etdi.
8Mars1905
Gazanjykda işçileriniñ iş taşlaýyşy.
8Mars1908
Amerikaly aýal işçileriniñ protest yörişi.
Aýallaryñ halkara güni.
8Mars1925
Aşgabatda bütin Türkmenistan aýallarynyñ 1-nji gurultaýy geçirildi.
8Mars1930
Omçaly obasynda pars dilinde sapak berýän megdep açyldy.
8Mars1930
Kümüşdepede polis edarasy işe başlady.
8Mars1930
Nusaýda arkeolog A.Marşçenko gazuw işine başlady.
10 Mars
1979
Türkmenleriñ tolgunşlaryna haýbat atmak üçin islamy hökümet Benderşa we Kümmetgowuz şäherleriniñ üstünden harby uçar bilen manever etdi.
10 Mars
1979
Ýaşaýan şäherleriniñ adyny Benderşadan Bendertürkmene üýtgetmek üçin aýaga galan halkyñ üstüne ok atyldy, 19 çemesi türkmen ýaralandy.
12 Mars 1855
Saragtyñ ýanynda tekeler bilen söweşde Hywa hany Muhammedemin ýeñilip, öldürildi.
12 Mars
1917
Orsýetde Patyşalyk rejimi ýok edildi.
13 Mars
1979
“Tähran universitetiniñ” studentleri hökümetiñ türkmenlere garşy alyp barýan hereketini ýazgardylar.
15 Mars 1994
Göreşjeñ offiser, 1951-nji ýylda Türkmensähradan Türkmenistana sygnan Safar Hatyby Aşgabatda aradan çykdy.
17Mars1899
Türkmenistanda ülkäni öwreniş muzeý döredildi.
17 Mars 1991
“Agzybirlik” topary, Türkmenistanyñ SSSR-den aýrylyp özbaşyna milli bir döwlet bolmagyny öñe sürdi.
18 Mars 1885
Daşköprüniñ ýanynda rus-owgan goşunlary çaknyşdylar.
18 Mars 1920
Aşgabatda halk wekilleriniñ gurultaýy açyldy.
 
18 Mars 1953
Kümüşdepäniñ ozalky harby häkimi Abdylla han Tumaç (türkmen däl) mejlise wekil bolup gitdi.
18 Mars 1953
Gürgene gelen Mämedreza şa 750 sany daýhana ýerleriñ petegini(senedini) gowşurdy.
21Mars
Bahar. Täze ýyl we Nowruz baýramy.
23 Mars 1965
Ýazyjy Garaja Burunov aradan çykdy. Doglany 2.8.1898
23mars
1909
Alym Ahmat(Ahundov) Gürgenliniñ Kümüş-depede doglan güni.
23 Mars 1979
“Medeni we Syýasy Ojak” Eýran hökümetiniñ ara atan referandomyna gatnaşyp, gatnaşmasyzlygy maslahat etmek üçin halky 26-nji Martda Kümmediñ merkezi parkyna çagyrýan bildirşini ýaýratdy.
24 Mars 1394
Türküstanyñ belli soltany we münjjemi Ulug begiñ doglan güni. Ölümi 1449
25 Mars 1926
Türkmenistanda ilkinji dokma fabrik döredildi.
25 Mars 1979
Kümmetde çilim satyp ýören A.Durdypur diýen bir türkmen hökümetiñ ýörite ýaragly topary tarapyndan oka düzülüp öldrüldi, başga birisi ýaralandy.
26 Mars 1926
Aşgabatda gurjak teatry we drama studiýa açyldy.
26 Mars 1979
Ahun Imadynyñ baştutanlygynda ýaragly güýçler türkmenleriñ Kümmedäki parahatly mitingine çozdy.   Kümmediñ 1-nji söweşi
27 Mars 1924
Kyýat han ogly Läli han Esengulydan Kümüşdepä geldi. Sähranyñ erkinligi ugrundaky bildirişler ýaýradyldy.
28 Mars 1980
Eýarn hökümetiniñ haýbatyna garamazdan şehitleriñ 40-y oba  şuralar tarapyndan bellendi.
31Mars1914
Ýazyjy Beki Seýtäkovyñ doglan güni. Ölümi 1979.3.07
¹ April aýyndaky wakalar
Başky ýekşenbe
Türkmenistanda “Suw damjasy, altyn dänesi” baýramçylygy.
1Apr 1941
SSSR Ylymlar Akademiýasynyñ Türkmenistan bölümi açyldy.
3Apr 1927
Türkmenistan SSR-niñ esasy kanuny kabul edildi.
4 Apr 1979
Bendertürkmende “Birleşik” adynda bir jurnal çap edildi.
5 Apr 1955
Araçägi berk kontrol edmek üçin Şurevi-Eýran döwletleriniñ wekilleri Goçanyñ Deregez şäherinde duşuşdylar.
7 Apr 1917
Türküstan general gübernatory ýatyryldy.
7 Apr 1927
Aşgabat şäheriniñ Poltaratsk ady ýatyryldy. Poltaratskyñ ady 17.01.1919-njy ýylda dakylypdy.
13 Apr1946
Eýranyñ başweziri A. Gavam Mazenderanlylara we türkmenlere ýüzlenip, bir aýyñ içinde ýaraglaryny döwlete tabşyrmagyna oltimatom berdi.
16 Apr1988
Ýazyjy Towşan Esenova aradan çykdy. Dog 1915
21 Apr1884
Ýolöten we Pendini ruslar basyp aldy.
24 Apr1926
Türkmenleriñ öz-erkinlik ugrundaky gozgalañyny basyp ýatyrandan soñ Irza şah başyna täç geýip resmi taýdan şah boldy.
28Apr 1991
Hazar ýakasynda güýçli apy-tupan turdy, Türkmensähranyñ ençeme öýlerini sil suwy basdy.
Soñky ýekşenbe
Türkmen Bedewiniñ güni.
 
 
º  Maý aýyndaky wakalar
1 Maý1886
Amerikan işçileriniñ uly gozgalañy.
işçileriñ halkara güni.
1 Maý1991
Hökümetiñ ýaragly güýçleri (pasdarlar) Bendertürkmende bir ýigidiñ toýuny dargatmak maksady bilen ok atdy, şonda Ylýas Arazgylyçy ölüp, başga bir türkmen ýaralandy.
2 Maý1971
Şahyr Gara Seýitli aradan çykdy. Dog 1915
4 Maý1944
Halk ýazyjy, “Kitap” romanynyñ avtory Nurmyrat Saryhan aradan çykdy. Ol bu eserinde beýik Magtymgulynyñ il arasyndaky sylagyny suratlandyrdy. Dog 1906
5 Maý
Türkmenistanda metbugat güni.
7 Maý
Türkmenistanda Radio we aragatnaşyk güni.
7 Maý1156
Soltan Sanjar 62 ýaşyda aradan çykdy.
7 Maý1948
Çöregiñ gymmatlany üçin Benderşada hökümete garşy protest mitingler başlandy.
7 Maý1957
Bagşy Magtymguly Garly aradan çykdy.
7 Maý1981
Balykçy Berdimurad Tumaç deñiz jandarmalary tarapyndan oka düzülip öldrüldi.
8 Maý1945
Hiltlerçilik faşizmindan halas bolnan gün.
9 Maý1912
Ýazyjy Aman Kekilovyñ doglan güni. Ölümi 1974.12.13
9 Maý1945
2-nji jahan urşy gutardy. Ýeñiş güni.
10Maý1924
Tähran hökümeti türkmenlere ýaraglaryny tabşyrmak üçin ultimatom berdi.
10Maý1984
Milli şahyr Magtymgulynyñ 250 ýyllygyny geçirmek üçin onuñ mazary Akdokaýa üýşen türkmenlere Eýranyñ ýaragly güýçleri gysyş görkezdi, sadaka-ziyafat bişirilmegiñ öñi alyndy.
12-18 Maý 1925
  
Tähran hökümeti Ýunkers uçar bilen bomba ýagdyrdy, Kümüşdepe we Hojanepes 23 gezek bombalandy.
12Maý1946
Äzerbegjanlylaryñ erkinlik hereketlerine hemaýat beren türkmenler Kümmetde uly miting geçirdiler, ýygnagy jandarma we goşun güýçleri pilomutlar bilen gabap, halka haýbat atdy. Mitingde Sapar Ensary halky agzybirlige çagyrdy.
12Maý1962
Amyderýanyñ suwy Aşgabada gelip ýetdi.
13Maý1991
Şahyr Akmyrat Şirovyñ tragiki ölümi.
14Maý1714
Hywa, rus goşunlaryny ýollamak hakynda Piýotr I senat meclise buýruk berdi.
18Maý1991
Aşgabatda “Dünyä Türkmenleriniñ Gumanitar Birleşiginiñ” 1-nji konfrensiýasy açyldy.
18Maý1992
Garaşsyz Türkmenistanyñ ilkinji esasy kanuny tassyklandy.
19 Maý
Magtymgulynyñ poeziýa baýramçylygy.
20Maý1924
Türkmen ýaşuly, tire başlyklary Omçaly obasynda hökümet bilen alnyp baryljak söweş barasynda geñeş gurultaýyny geçidiler. Onda hökümetiñ beren ultimatomy ret edilip, Türkmensährada jemhuriyet jar edilip biragyzdan Osman ahun prezident bellendi.
Eyran Türkmenistanynyñ Cemhuriyet Güni.
20Maý1925
Türkmen ýaşulylarynyñ Kümüşdepede 2-nji gurultaýy.
24Maý1040
Mary töwereginde Dendanakanyñ ýanynda Mesud Gazevinyñ goşuny Seljuklylar tarapyndan çym-pytrak edildi.
Togrul beg öz döwletiniñ düýbüni tutdy.
24Maý1979
Eýranyñ başweziri Bazergan oba  şuralar guramasynyñ ýatyrylmagy üçin türkmenlere ultimatom berdi.
24Maý 1990
Türkmen diline döwlet dili statusy berildi
28Maý1880
General A.Skobeleviñ baştutanlygynda ikinji Ahal-teke ýörişi başlandy, Hoja gala, Garrygala we Bamy alyndy (June aýynda)
30Maý1979
Türkmensährada oba  şuralar guramasy barha ýaýbañlandy.
30Maý1979
Aly-abad şäheriniñ ýaragly güýçleri Köçek-nazarhan obasyndaky daýhanlara ok atdy, 3 sany daýha öldi.
Soñky ýekşenbe
Türkmenistanda Hasyl baýramçylygy.
 
 
» June aýyndaky wakalar
1 June 1946
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan “Bütin Dünýä Çagalar güni” diýilip jar edildi.
4 June 1980
Oba  şuralarnyyñ 11-nji ýygnagy. Şehitler Kaka Bezmune, Amandurdy Serşad we Tumajypuryñ 100-i Akdegiş obasynda dabara bilen bellendi.
5 June
Töwerek-daşy gurşap alan sredany, goramagyñ halkara güni.
5 June 1992
Bagşy Hoja Şargy Kümüşdepede aradan çykdy.
6 June 1979
Şahyr Muhammed Berazende Gojuk motorsikletden ýykylyp öldi.
12June1946
Kümüşdepeli Weljan ahun(Vafy), Rahmatnejad, Rahman Rahmany(Rejep) we Nejjary, Tudeh partyýasynyñ klubyndaky çykyşlarynda, Eýranda demokratik döwletiñ gurulmagyny talap etdiler.
13June1946
Kümüşdepede “Ýeñiş” adynda teatry tomaşa etmäge baranlara polis ok atdy, ençeme adam ýaralandy, mugallym Amanjan (Aba) Abaýy şehit boldy.
18June1037
Belli alym Ibn Sina aradan çykdy.
18June1939
Türkmenistanda bedenterbiýe güni.
19June1035
Horasanda Seljuklar gaznevitler goşununy ýeñdi.
21June1992
Ýeke kandidaturlyk saylawy esasynda S.Niýazov Türkmenistanyñ prezidenti boldy.
25June1997
Hazar deñziniñ halkara ekologiýa güni diýlip jar edildi.
29June1953
Eýran hökümetiniñ gizlin permany esasynda Türkmenleriñ Aşgabat radiosyny diñlemegiñ öñüni almak maksady bilen Gürgen hem-de Maşat şäherlerinde türkmen dilinde gepleşik berýän radiostansiyalaryñ döredilmegi planlaşdyryldy.
30June1953
Kümmetde 22 sany sýyasy aktivist miting geçirmekçi bolan wagtynda tussag edildi, olaryñ arasynda belli şahyr Arazmuhammed Şaeri (Aram) hem bolupdyr.
 
 
 
¼ July aýyndaky wakalar
1 July 1951
Türkmenistanda Ylymlar akademiýasy açyldy.
2 July 1994
Heýkeltaraş Mommy Seýdmyrat aradan çykdy.
10July1882
Zakaspi bölümi, Zakaspy oblastyna öwrüldi.
10July1926
Mämet ahun Gürgeni türkmenleriñ adyndan Eýran mejlisine wekil bolup gitdi.
11July1949
Türkmenlerden baslyp alnan ähli ekerançylyk ýeri Mämedreza şaha berilmek barasynda Eýran mejlisi karar kabul etdi.
12July1995
Aşgabat demonstratsiyasynyñ dargadylmagy, tutha-tutlyk. Gara Çarşenbe
14July1959
Yrak rejimi, bu ýurtda ýaşaýan türkmenleriñ garşysyna giñ möçberde etnik ýok etme kampaniýasyny amala aşyrdy. Kerkuk faji-asy.
16July1909
Ahmadşa Gajaryñ Tährandaky täç geýiş dabarasyna türkmen han-begleri gatnaşdy.
16July1979
Ilkinji gezek Ýolma salýan obasynda “orak baýramçylygy” şowhunly geçirildi.
16July1979
Hazar deñiz jandarmalary, türkemn balykçylarynyñ Aşyr adada geçip duran ýygnagyna ýaragly çozdy.
17July1911
Patyşalygy eýelemek maksady bilen Mämedalyşa ikinji gezek Orsýetden Hojanepese geldi.
19July1925
Kümüşdepeli Rejep ahun (Saýatly/Seýýady) söweşde köp gan döküşiligiñ öñüni almak üçin hökümet wekilleri bilen ylalaşygy makullady.
19July1980
“Türkmensähra habarnamasy”  gazetiñ çykarylmagyny Eýran rejimi gadan etdi.
3-nji ýekşenbe
Türkmenistanda galla baýramy.
20July1979
Ammarolumdaky ozalky “Şa mäzre-eh” ekerançylyk firmasy yslamy hökümet tarapyndan baslyp alnyp, Gürgendäki goşunyñ garamagyna berlip oña “Mäzre-eh nemune-e arteş” ady berildi.
21July1942
Benderşanyñ töweregindäki “Tikinjik” gümrük hanasy ylata azar berýäni üçin türkmenler tarapyndan ýykylyp dargadyldy.
21July1942
Gürgen we Kümmetdiñ töwereklerinde ýer  yrandy, öýleriñ üçden birisi ýykyldy.
22July1911
Türkmen han-begleriñ ýardamy bilen Mämedalyşa Astrabady öz kontrolyna geçirdi; onuñ permany bilen ençeme göreşjeñ ýigit Hojanepesde öldürildi.
27July1974
Ýazyjy, dramatorg, çagdaş türkmen edebiýatynyñ düýbüni tutujy Berdi Kerbaba aradan çykdy. Doglany 15.03.1894
29July1920
Türkmenistanda arap hatynda “Şuralar Türkmenistany” gazeti çykaryldy.
31July1925
75 sany türkmen ýigidi Tähranda atlyp öldürüldi.
½ August aýyndaky wakalar
1-nci ýekşenbe
Türkmenistanda gawun baýramçylygy.
1 Aug 1975
Helsinkide “Ýevropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyñ” jemleýji aktyna gol çekildi.
2 Aug 1970
Güllidag, Garnawa we onuñ töwereginde ýer yrandy, 32 oba weýran bolup, 175 adam öldi, 500 den gowragy ýaralandy.
4 Aug 1922
Anna güni
Belli göreşjeñ Osmanly generaly Änvär paşa bolşevikler tarapyndan şehit edildi.
6 Aug 1753
Ahmatşa Dürranynyñ Gökleñ han-beglerinden ýardam sorap, olara iberen birinji  haty.
8 Aug 980
Belli Türk filosofy, medisina alymy Ibn-Sinanyñ Ürgençde doglan güni.
8 Aug 1920
Aşgabatda Türkmenistan bolşevik partiýasynyñ 1-ncji gurultayý açyldy.
8 Aug 1977
Bagşy Sahy Jepbar aradan çykdy. Doglany 1905
11Aug1914
Ilkinji gezek Astrabad-Kümmet aralygynda ýeñil maşynlar gatnap başlady.
11Aug1992
Türkmenistanyñ döwlet serhet goşuny döredildi.
12Aug1918
Türkmenistany bolşeviklerden gutarmak üçin Mallesonyñ baştutanlygynda Inglis goşuny Artykdan içerik girdi.
13Aug1990
Alym Ahmat Bekmyradov aradan çykdy.
16Aug1953
Halk gozgalañyna çydap bilmedik M.Rezaşa daşary ýurda gaçyp gitdi.
19Aug1945
Göreşceñ offiserler şol sandan Abdyrahym Nedimi (türkmen) merkezi hökümetiñ syýasatyna protest hökmünde Maşatdan ugrap, Marawadepäni öz kontrollaryna geçirip, Kümmet şaherine geldi.
 
19-21Aug 1991
Kommunistleriñ bir toparynyñ M.Garboçova garşy ýykgynçylykly hereketi. SSSR-iñ darmagy.
19Aug1953
Amerikanyñ “CIA” edarsy bilen Inglisleriñ “intellegent service”niñ işbirligi netijesinde Eýranda Dr.Musaddygyñ hökümeti agdarylyp, M.Rezaşa gaýtadan tagta çykdy.
19Aug1959
Gürgen şäherinde türkmen dilinde gepleşik berýän radiostansiýa ýola goyuldy.
20Aug1991
Türkmenistanyñ syýasy aktivistleri “Geñeş” ady bilen ýygnanşdylar, olar:
1.      Agzybirlik halk hereketi
2.      Demokratik(ösüş) partyýasy
3.      Studentleriñ (Nazaryýet) hereketi
4.      Mary halk hereketi
5. Balkan halk hereketi
6. Kommunistlerden aýrylanlar.
21Aug1945
Inkylabçy offiserler bilen hökümetiñ ýaragly güýçleri arasynda Kümmetde gazaply çaknaşyk boldy, offiserler ýeñldi, A.Nedimi Äzerbegjanyñ üsti bilen Orsýete geçdi. Ol 70-nji yýllarda Ivanov diýen şäherde aradan çykdy.
21Aug1991
“Geñeş” özüniñ birinji bildirşinde Türkmenistan döwlet başlyklarynyñ işden çekilmegini talap etdi.
21Aug1991
50-den gowrak Türkmenistanly intellegentleri, döwletiñ alyp barýan syýasatyna protest hökmünde Magtymgulynyñ ýadigärliginiñ öñünde açlyk oturşygyny geçirdiler.
22Aug1977
Halk artisty, türkmen teatrynyñ düýbüni tutujy Aman Gulmämetow ardan çykdy. Doglany 31.12.1908
22Aug1991
Türkmenistan öz-ygtyýarly döwlet diýlip jar edildi.
23Aug1964
Galtamançylyk edýär günäsi bilen Seýtreşid Jebelamaly (kürt), dogany Abdylla we ogly Halyl Gürgende atlyp öldrüldi.
25Aug1941
Benderşanyñ üsti bilen Şureviniñ goşuny Kümmetgowza girdi.
25Aug1941
Irzaşa Eýrandan gaçyp gitdi. Gyzyl goşu Türkmensähra girdi. SSSR-iñ diplomaty Gylyç Kulyýev Gürgende konsul bolup işlän wagtynda, SSSR-e garşy Göki sofy bilen Annamyrat ahun Türkmenistana alnyp gidildi.
28Aug1879
Birinji Ahal-teke ýörişi; Gökdepe galasyna rus goşununyñ hüjümi yza serpikdirildi.
30 Aug1941
Türkmenistan hökümt başlygy Hywaly Babaýev atyldy. Doglany 1902-nji yýlyñ 4-nji Aprili.
30Aug1989
Türkmenistanda “Agzybirlik Halk Hereketi” adynda bir syýasy jemgiýet esaslandy.
31Aug1907
Rus-Inglis döwletleri, Eýrany öz aralarynda paýlaşdylar, Türkmensähra ruslaryñ kontrolyna geçdi.
31Aug1968
“Türkmenistaniñ halk magaryfy” jurnaly çap edilip başlandy.
 
 
¾ September aýyndaky wakalar
1 Sep
Bütindünýä parahatçylyk güni.
1 Sep 1927
Kümmet şäherinde “Gabus” adynda mekdep açyldy.
1 Sep 1950
Aşgabatda M.Gorki (häzirki Magtymguly) adyndaky türkmen döwlet universiteti açyldy.
1 Sep 1988
Şahyr Kerim Gurbennepesov aradan çykdy. Dog 18 Oct 1929
1 Sep 1997
Türkmenistanda döwlet energetika inistituty döredildi.
2-nji ýekşenbe
Türkmen bagşylar güni.
8 Sep 1975
Kümmetgowuzdan Rahmanguly Seýdi we Gawşak (Alty) Jafarbaý mejlise wekil bellendiler.
9 Sep 1907
Eýranda ilkinji gezek parlament açyldy, tassyk edilen täze kanuna görä türkmenlere hem mejlisde öz wekillerini ibermäge hak tanalypdyr.
11 Sep1911
Mämedalyşanyñ goşuny Tähranyñ golaýynda Veraminde ynkylabçy güyçler tarapyndan çym-pytrak edilyär; onlarça türkmeniñ öldürlip, ýesir düşyär.
16 Sep1976
Artist Hojaw Annadurdy aradan çykdy. Doglany1909
15 Sep1920
Ýolbaşçylaryñ maslahatynda G.Atabaýev, Etrek-Gürgen türkmenleriñ erkinlik ugrundaky göreşinden arka çykmalydygyny orta atdy.
19 Sep1941
Eýranda syýasy bendilere günägeçiş yglan edildi, olaryñ arasynda “53-ler” adyny alan topardan Annagylyç Babaýy hem bolupdyr.
19 Sep1941
“Eýranyñ Tudeh partiyýasy” döredildi.
20 Sep 1941
Mejlisiñ karary bilen gaçyp giden Yrza şanyñ türkmen we başgalardan basyp alan ekerançylyk ýerler ogly Mämedreza şa berildi.
26 Sep1971
Owganystanly Türkmen Fedamuhammed Fedaýynyñ tagallasy bilen “Millet” gazeti çykarldy.
29 Sep1975
Şahyr Gurbannazar Ezizov 35 ýaşyñ içinde atylyp öldürüldi.
30 Sep1991
Türkmenistaniñ Milli howpsuzlyk komiteti (KNB) döredildi.
 
 
 
¿ October aýyndaky wakalar
3 Oct 1908
Partiyýa we döwlet işgäri Şaja Batyrowyñ doglan güni. Ölümi 1965.03.24
4 Oct 1925
Ýaşulularyñ Kümüşdepedäki yýgnagynda Nepes serdar hökümet bilen ýaragly göreşiñ dowam etmeginiñ tarapyny tutdy.
5 Oct 1925
Türkmenlere haýbat atmak üçin Eýran hökümeti Kümüşdepäniñ, Hojanepesiñ we Sallahyñ üstünden Yunkers harby uçar bilen manever etdi.
5 Oct 1948
Aşgabatda gazaply ýer yrandy, 150 müñe golaý adam wepat boldy. Matam güni.
6-9Oct1949
Türkmen dilçileriniñ ilkinji gurultaýy.
6 Oct 1963
Rahmatolla Fehimi (Türkmen), türkmenleriñ adyndan Eýran mejlisine wekil saýlandy.
6 Oct 1988
Ýazyjy Hydyr Derýaýev aradan çykdy.
7 Oct 1925
Eýran hökümetiniñ hüjüminiñ öñüni almak üçin, Allaýar hanyñ baştutanlygynda Kerim işan obasynda  maslahat geçirildi.
7 Oct 1962
Eýranda pars bolmadyk halklaryñ milli isleglerini kesä sowmak üçin başwezir Älem “eýaleti, welaýaty” diýen plany (federativ sistema çalymdaş) mejlise hödürledi.
8 Oct 1885
Şahyr Molla Murtyñ doglan güni. Ölümi 1930
8 Oct 1925
Ýomut ýaşululary we gozgalañçylaryñ Bäşýusga obasynda ýaraglary saklap, söweşi dowam etdirmek ýa-da boýun bolmak barasynda maslahaty.
8 Oct 1943
Göreşceñ şahyr Şaly Kekilow aradan çykdy.
Doglany 1906
9 Oct 1716
Rus generaly Çerkaski Hazaryñ ýakasy Düýpgaraganda harby gala gurdy.
9 Oct 1925
Etrek-Gürgen türkmenleriñ gozgalañyny basyp ýatyrmak üçin Fazl-ul-lah Zahediniñ baştutanlygynda, Eýran hökümetiniñ modern ýaraga beslenen 4 uly topary türkmen topragyna ýollandy.
10 Oct1925
Hökümet goşuny Kümüşdepäni basyp aldy.
11 Oct1881
Kemal Ata-türküñ doglan güni. Öl.1938.11.10
14 Oct1965
Alym we döwlet işgäri Şaja Batyrow aradan çykdy. Doglany 1908
18 Oct1900
Sazanda Pürli Sarynyñ doglan güni. Öl. 1971
18 Oct1929
Kerim Gurbannepesiñ doglan güni. Öl.1988.09.01
19 Oct1905
Aşgabatda köpçülikleyin  revolution miting.
25 Oct1925
Göki sofy, Annageldi Aç we Nepes serdar partizanlyk söweşler bilen Eýran hökümetiniñ goşunynyna agyr zarba urdylar.
25 Oct1991
Aşgabatda “Dünyä Türkmenleriniñ Gumanitar Birleşiginiñ” 2-nji gurultaýy.
27 Oct1924
Türkmenistan Sovet Sosialistik Respublikanyñ (TSSR)-iñ jar edilen güni
27 Oct1927
Orta Aziya milli döwlet bölünişigini geçirmek barada SSSR merkezi ijraiýe komitetiniñ 2-nji oturşygyñ karary. Türküstan parçalanyp Türkmenistan we Özbegistan respublikalar döredildi.
27 Oct1942
Stalınıñ represiýasynda Görnükli dilçi alym Kümşaly Böriýev atylyp öldürildi.
27 Oct1991
Türkmenistan öz milli garaşsyzlygyny jar etdi.
29 Oct1923
Türkiyede Atatürk jemhur başlygy wezipesine  saýlandy. Türkiýede jemhuriýet güni.
29 Oct1929
Aşgabatda “Türkmen Döwlet Drama Teatry” we “Çeperçilik Teknikomy” açyldy.
31 Oct1925
Inglisleriñ palny boýunça Ahmadşa Gajar tagtdan agdarylyp, ýerine Pählevi urugyndan Yrzaşa gudrata ýetyär
¶¶ November aýyndaky wakalar
1 Nov 1925
Hökümetiñ Türkmensähra iberen goşuny sährany gana çaýkandan soñ Kümmet şäherine girdi.
1Nov 1916
Rus generaly Madritov Akgala we Kümmetgowuzy gana çaýkady.
2-8 Nov  1925
   
Türkmenleriñ ilkinji bosgunlar topary Baýat hajynyñ üsti bilen Türkmenistana girdi, Osman ahun bilen Allaýar han serhetçiler tarapyndan tussag edildi.
3 Nov 1932
Ilkinji gezek Kümmet we Kümüşdepede şäher  şura saýlawy geçirildi, Kümmetgowuzda:
Mollatagy, M.Oskuyy, Mämi Halymy, M.Alyguly, Mürze Akatabaý, Durdygylyç Amany-nejad,
Kümüşdepede: bolsa Agatagy Mämiýany, Gowşut han (Abdyllazade), Durdymäd Jafary, Geldi Röwşeni, Taýly Saryhany, M.Seyitmohammedi saýlanyarlar.
4 Nov 1979
Türkmensähra “Oba  şuralarynyñ” 8-nji ýygnagy.
5 Nov 1924
Türkmenistanda ynkylaby komitetler döredildi.
6 Nov 1941
Aşgabatda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet opera we balet teatry döredildi.
7 Nov 1917
Bolşevistik ynkylaby bütin Orsýetde ýeñiş gazandy.
7 Nov 1945
Türkmen intellegentleri “Türkmenleriñ bu toprakda ýaşamaga haklary ýokmy?” diýen ýüzlenmesini ýaýradyp, onda Eýran hökümetiniñ türkmenlere garşy alyp barýan syýasatyna nägilelik bildirilip, 5 sany türkmen mugallymyñ erbet klimatly şäherlere sürgün edilşine garşylyk görkezilýär.
10Nov1938
Türkiýe jemhuriýetiniñ düýbüni tutan Mustafa Kemak Atatürk aradan çykdy.
15Nov1910
Bäşyusgaly Annajan-ahun Ýaraly türkmenleriñ ilkinji wekili hökmünde Eýran mejlise girdi.
15Nov1953
Ýazyjy Ata Gowşudow aradan çykdy. Doglany 1903
15Nov1946
Gürgende SSSR konsuly bolup işlän Gylyç Kulyýew, bagşylar Sahy Jepbary, Nabat Nurmuhammetovany getrip,  Türkmensähranyñ dürli  şäherlerinde konsert berdirdi.
17 Nov
Halkara Studentler güni.
17Nov1940
Bagşy Oraz Salyr aradan çykdy.
19Nov1929
Prof. Öde Abdyllaýewiñ doglan güni. Öl. 1987
Soñky ýekşenbe
Türkmenistanda Hasyl bayramçylygy
22Nov1977
Türkmensähranyñ medeni serdary Dr.Ahmad garadagly aradan çykdy. Onuñ mazary Kümmet şäherindedir. Dog. 1908 Esenguly
23Nov1915
Ýazyjy Towşan Esenowanyñ doglan güni.
25Nov1967
Turkmenleriñ adyndan 7-8 gezek mejlise wekil bolup giden Mämed ahun Gürgany aradan çykdy.
29Nov1979
Türkmenleriñ Medeni we Syýasy Ojagy öz bildirişinde Eýranyñ täze esasy kanunyna ses bermäge gatnaşmajakdygyny bildirdi. Täze kanunda prezidenti şaýylardan bolup, şayý ýurdyñ resmi mezhebi diýlip tassyklandy.
30Nov1942
Göreşceñ şahyra Annasoltan Kekilovaniñ doglan güni.
30Nov1983
Annasoltan Kekilowa 13 ýyl tussaglyk we dälihanada saklanmagyndan soñra öldi.
 
 
¶·  December aýyndaky wakalar
1-nji ýekşenbe
Türkmenistanda Goñşy-okara baýramçylygy.
1 Dec
Spid(AIDS) kesele garşy göreşiñ halkara güni.
2 Dec 1954
Eýran-Türkmenistan Araçägi berk kontrol edip, türkmen topragynda gysyşlary artdyrmak maksady bilen SSSR-Eýran döwlet wekilleri Hazar ýakasy Seññerdepede duwşuşyp, bu barada ýörite komisýa döretdiler.
5 Dec 1915
Kümüşdepeli Owgan Gazy türkmenleriñ adyndan Eýran parlamentine wekil bellendi.
5 Dec 1962
Aşgabatda halk filarmoniýasy döredildi.
8 Dec 1958
Daşary işler ministrliginiñ garamagynda Türkmenistanyñ “Daşary Ýurtar bilen Dostluk we Medeni Aragatnaşyklar Barasyndaky Jemgiýet” döredildi.
9 Dec 1881
Eýran-Rus döwletleriniñ şertnamasy esasynda Türkmen topragy ikä bölündi.
10 Dec1945
Birleşen Milletler Guramasynyñ baş assembelaýasy adam hukuklarynyñ Ählumumy Jarnamasyny kabul etdi.
11 Dec1973
Türkmen sinemasynyñ düýbüni tutuan Alty Garlyýew ardan çykdy. Dog. 1909
12 Dec1995
Birleşen Milletler Guramasynda Türkmenistana bitaraplyk statusy berildi.
Bitaraplyk güni.
13 Dec1974
Ýazyjy Aman Kekilow aradan çykdy. Dog. 1912
16 Dec1946
“Tudeh” partiýasynyñ Kümmetgowuz bölüminiñ başlygy Gayýp Bähelke we onuñ ýoldaşlary Gurbannazar Rabetli, Gurbanmuhammed Teke, we Weljan ahun dagy tussag edildi.
18 Dec1973
Türkmenleriñ adyndan Mämed ahunyñ gyzy Mehin Gürgeni Eýran mejlisine wekil saýlandy.
20 Dec1920
Annajan ahun Ýaraly 2-nji gezek Eýran mejlisine wekil saýlandy.
22 Dec 1917
Aşgabat radiostansiýasy gepleşiklerini berip başlady.
23 Dec1880
Rus goşuny Gökdepe galasyny gabady. Bu gabag 1881-njy yýlyñ 12-nji ýanvaryna çenli dowam etdi.
23 Dec1991
Göreşjeñ şahyr Bapba Gökleñ näbelli! ýagdaýda maşyn kakyp, aradan çykdy.
24 Dec1951
Benderşa-da 700, Kümüşdepede bolsa  300 adam bu şäherleriñ telegraf edaralarynyñ öñünde syýasy oturşyk geçrip, hökümet işgärleriniñ saýlawlar hem başga ugurlarda türkmen topragynda alyp barýan zalym hereketleriniñ artmagyna protest etdiler.
27 Dec1797
Şahyr Asedolla Galyby Dehlide dünýä indi.
27 Dec1941
Hokan hökümetiniñ ozalki başweziri Mustafa Çokaýyñ Berlinde şüpheli ölümi.
29 Dec1897
Zakaspi oblastyny, Türküstan general gübernatorlygynyñ (fermandar) hataryna girizmek hakynda patyşanyñ permany.
31 Dec1914
Teatr artisty Sona Muradowanyñ doglan güni.
 
 
 
Bellikler:
M.Ö=Milatdan öñ, (biziñ eýýamymyzdan öñ)
M= Milady sene.
 

       [ Baş sahypa ]            [ Çap ]             [ Dostuňa ýolla ]

turkmensahra.org