|
Biz kime hem näme üçin ýüzlenýäris
Ýa-da
Ene dilimizde ýazmak milli borçdur
|
|
Geñ emme çyn, şu 21-nji asyrda ähli milletler öz
kimliginiñ gözleginde ondan oña çyrpynyp, ýaýnap ýörkä, biziñ çorba
çykanjalarymyz bize ganym dilde ýazýarlar. Adamyñ şeýle
mañkurlanmagyna näme diýp, näme aýtjagyñy bilenok. Kä mahal: «Öz
aslyna ýapyşman, başagalaryñ guýrugyna ýapyşyp ýörendenem millet
bolarmy?! » diýen pikir böwrüñe sanjy bolýar.
Meniñ göz öñüne tutýan zadym, daşary ýurtlarda
ýaşaýan we internet sitlarynda pars dilinde ýazylýan makalar hem
olaryñ avtorlaryna! (ýurduñ içi-hä indi öz-özünden
belli)
Türkmen halkyna degişli siýasy problemlary
parslaryñ «intellegentsiýasy» bizden köp bilmese, az bilýän däldir.
Düýn dälmidi «تـنها
راه رهائی راه فدایی
» diýp gyýgyrşanymyz,
hany olar bu gün, nirede? Gañkyrap ölseñem olardan bir damja su ýok.
Olaryñ haýsy birsi «Uwky depäniñ» ýa-da Türkmensähranyñ
balykçylarynyñ rehimsizlik bilen öldürlendigini, Türkmenleriñ haýwan
ýaly kemsidilip, horlananýandygny barasynda öz sitlarynda gyýsgajyk
habar ýerleşdirdi? Hatta olaryñ ata partiýalary bolan Orsýetiñ
Kommunistik partiýasy, utanmany, uýalmany, Moskva şäher häkimine
Gökdepe jellady Skobeleviñ heýkeliniñ Türkmenistanyñ Moskvadaky
ilçihanasynyñ öñünde dikilmegini hut geçen aý teklip etdi. Boýlar,
biz bularyñ añyrsyna, bärsini ýetik bolduk, wagtyñ geçmegi muny bize
pugta öwretdi, olam çekgämize urlan şapbat bilen. Men muny geñ
göremok, ýatyp-ýatyp geñ galýan zadym hem şu setirleriñ ýazylmagyna
sebäp bolan nalam, 20 ýyl töweregi Aşgabatda ýaşan we Türkmenistanyñ
iñ ýokary ylmy merkezinde-ylymlar akademiýasynda işlän hem
halkymyzyñ taryhy, medeniýeti barasynda öwrenmäge çemeleşen
Hangeldi Ownugyñ «internet we Türkmen elip-biýsi» barada parsça
ýazan düşündirşi boldy.
1-njiden H.Ownugyñ bu aýdan zatlary düýbünden
täzelik däl, «ü» ýerine «ue», «ö» ýerine «oe», «ä» ýerine «ae»
barada ozalma teklipler Dr. Seýdi, Dr. Araz Perviş we
beýlekiler tarapyndan ara atylypdy. Käşki H.O bulardan habarly bolan
bolsady.
2-njiden Elktron potça (e-mail) bilen türkmençe
ýazmakda indi kyýnçylyk ýok. «Word» programmada ýazyp, ony
«attach» edip islendik ýere ýollasa boýlar.
Wah, bular owarram-da meni iñkise goýan we gaty
gyýnandyrýan zat 20 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanda ýaşap,
henizem bu dostumyzyñ öz ene dilinde ýazmanlygy. Belkem ol geljekde
ýazar we biz şol güne garaşýarys.
Pars dili
şeker(ýallaklyk) bolsa,
Türk dili
hünärdir,
ony başarmak
gerek.
Akmyrat Gürgenli
Taryh ylymlaryñ kandidaty
Prag
02.12.2005
|
|