A.Gürgenli
JADYLANAN MILLET
Biri bar eýdi, biri ýok eýdi mawy asmanyñ
astynda
jennete meñzeş
türkmen ilinde Alla tagaladan başga
Gaýgysyz diýen adyl
bir soltan bar eýdi. Onuñ Erkin diýen
bir ogly
bar eýdi. Bu oglan batyr
hem päliwan bir yigit bolup ýetişgeç.
Geplände il agzyna
añk bolardy,
ýörände dabanyndan
ot çykardy,
nagra dartanda daglar titrärdi. Arslan ýürekli Erkin agzybir
ilatynyñ
sayasynda
duşmanlaryna
gün bermän, iýenlerini awy,
geýenlerini mawy
eýläp, gündüzlerini giyjä öwrerdi.
Günlerde
bir gün zalym
duşmanyñ
aksakgallary,
molla-müftileri bir ýere üýşüp,
Erkiniñ mähnetinden dynmak
üçin kel kellerini gaşap,
agyr
oýa batyp,
oña duzak gurmagyñ
ýollaryny
agtaryarlar. Ahyry
birisi: "Pars
han, sen gyzyñy
Erkine berjek diýen bahana bilen ony
galaña çagyrt,
şo
ýerde hem başyny
kes, şeytmeseñ
başga
alaç ýok"
diýär. Onuñ bu maslahatyny
goldan Pars han gaty
şat
bolýar.
Pars hanyñ
näçe ýyldan
bäri äre barman
oturan, esräp ýören gelşiksiz
edrenç, dişleri
çüyrän, saçlary
düşen
”Jebriýe” diýen garry
gyzy
bar eýdi, ine,
şol
gyzy
berip, Erkiniñ aýagyny
duşaklamagy
neýet edinyärler.
Ertesi
Pars han dört ýana çapar gönderip, galama-gala sökdürip:
"Han
owadan gyzyny
äre beryär, ol kimi halasa
şoña
berjek hem-de ol ýigidi öz mirasdüşeri,
ýerine patyşa
etjek"
diýp jar çekdirip, ala galmagal turuzýar. Jebriyäniñ çüyrük dişlerini
taýy
görülmedik hünji sadaplar bilen bejerdip, saçlaryny
atyñ
guyrugynyñ
gyllary
bilen örüp bezeyärler, adyny
bolsa ”Farsiýa” üýtgedýärler.
Günlerde
bir gün eýdip-beýdip Erkin begi Pars hanyñ
galasyna
getirýärler. Onuñ aýagynyñ
astyna
haly
düşeýärler.
Ýumakçy
soýtarlar Erkini öwüp:
"Pähäy,
bu ýigde gyrk
gyz
gurban bolmuş"
diýp, ýañsylaýarlar.
Erkin galada göwüniniñ islän keýpini edip, iýip-içip geziberýär. Emma ol ýany
bilen öz ilinden alyp
gelen çöreginden günde bir döwüm imegi unutmaýar. Pars hanyñ
galasyna
gaýtmazdan öñ, Atasy:"
Oglum, bu çörek seni hanyñ
pis niýetinden gorar, ol saña tükenüksiz hem ýeñilmez güýç berer"
diýenmiş.
Indi
habary
kimden alaýly,
Erkin begiñ ilinden alaýly.
Erkiniñ
ýurtdan çykyp
gidenini eşiden
Ors han derhal Pars hana çapar ýollap,
şu
mahal bu ýeri talamagyñ
amatlydygyny
ýatlatýar. Ikisi,
iki ýandan Erkin begiñ topragyny
talap, il-ulusyny
gyryp,
ýurdy
öz aralarynda
paýlaşýarlar.
Niýetine
ýeten Pars han, begenjinden donuna sygman,
uly
toy tutup, süñk dosy
Ors hany
toýa çagyrýar.
Oña, aýry-aýry
ýurtlardan basyp
alan mallaryndan
nökerlerine bol-bol serpay ýapyar.
Ine,
Ors han, Pars hanyñ
toýna bu wakanyñ
yz
ýany
goşulyp
durşy
eýdi. Olar şerap
doly
bulgurlaryny
öz ýeñişleri
üçin galdyrýarlar.
Ors han, dosty
Pars hanyñ
toýna heý-de eli boş
gelermi? Ol ýanyndaky
kiçiräjik sandykdan
henize deñiç görülmedik ajaýyp
bir togalak çüýşäni
çykarýarda:
"Ine,
bu-da menden Farsiýa gyzymyza
sowgat"
diýär. Pars hanyñ
gözleri ýyldyr-ýyldyr
edip, howlugyp elini çüyşä
uzadanda, Ors han çaltlyk
bilen onuñ elini
yzyna
itip: "Ýok,
jan dost, bu aýylganç
howuply
ýaragdyr,
güýçli partlaýjydyr,
ony
nesip bolsa Erkiniñ ýurduna ýumurtga togalap, ýer bilen ýegsan etjek günümiz
ulanarys,
onýança töweregiñden syr
ýaly sakla"
diýip, berk sargaýar.
Bu arada
Pars han hem onuñ aksakgallarydyr
molla-müftileri Erkini öldürjek günlerine, hem-de ony
niçik öldürjeklerini maslahatlaşýarlar.
Olar Erkiniñ Farsiýanyñ
köşgüne
barjak giýjesi üstüne elleri gylyçly
jellatlary
ibermegi niýet edýärler. Köşkde
jellatlary
gizläp goýýarlar.
Gyzyñ
saraýna giren Erkiniñ gözi hyzmatçy
çorylaryñ
içinde bir gyza düşüp,
huşy
başyndan
uçyar. Ol Farsiýa däl-de hyzmatkär
gyza garşy
ýöräberýär. Bu gyz türkmen ilinden ýesir alnyp
gala getirilen
"Aýa
sen dogma, men dogdum"
didiren görkana gyzlardan birisi eýdi. Ol-da Erkinde öz dogduk iliniñ alamatyny
görüp tanyşlyk
berýär, şol
bada-da köşgüñ
içinde gizlenip duran jellatlar Erkine garşy
topulýarlar. Türkana gyzyñ
şeýle
owadanlygyndan
huşy
başyndan
giden Erkin onuñ sesine gaýta özüne gelip duşmanlarynyñ
üstüne arslan bolup towusýar, köşgi
hem galany
olaryñ
başlaryna
ýumurýar, janlaryny
jähenneme iberýär. Erkin bilen Türkana gyz weýrana öwrülen galanyñ
harabalarynyñ
arasynda
gezip, Pars hanyñ
jan çüyşesini
tapyp,
ony
ýere urup döwyär,
şonda
öñlerinde uly
bir derweze peýda bolup, Erkin, Türkäni Gyratyñ
ardyna
alyp:
"nirdesiñ
dogduk ilim?! diýip ugraberýär.
Erkin
şähere
girenda ýurtda ençeme üýtgeşikligiñ
bolandygyny
añýar. Bir topar adamyñ
irkilşip,
bir gözlerini ýumup, eýlekisinem zordan açyp,
ysgynsyz
sesler bilen gürleşýändiklerini,
añyrrakda
bolsa ýene bir toparyñ
ownuk zadyñ
üstünde bir-birleri bilen ýakalaşyp
durandygyny,
garawullaryñ
bolsa günälini däl-de günäsizi tutup äkidýändigini görüp, gaty
geñ galýar. Ençeme ýyllap
il gaýgysyndan
başga
gaýgysy
bolmadyk,
şonuñ
üçinem Gazgýsyz
adyny
alyp,
adyllykda
höküm süren han Atasynyñ
ýerne bolsa Pañmyrat
tagta çykanmyş.
Ana, onsoñ Erkin atasynyñ
ýanyna
baryp
nämäniñ nämedigini soranda, Atasy:
-"Oglum,
birisi Pars hanyñ
galasyndan
ýyldyrawuk
bir çüýşe
getirdi, her kim ony
aljak bolup janserek boldy,
bir-birini öldürmek diýersiñmi,
şugullamak
diýermisiñ, bi-namysçylyk
diýermisiñ, aý garaz, ýagşylyk
ýat bolup, bu ile erbetlik bary
ornaşyp
gitdi. Olary
hernäçe agzybirlige
çagyrsamam,
meni diñlän bolmady.
Iki
ýüzli hilegär wezirim Pañmyrat
bu ýagdaydan peýdalanyp,
özüne howandar tapmak üçin çüyşeden
isläne bir gyýylçak
berip, adamlary
jadylap
başlady,
şeýdibem
ýurdiñ täç-tagtyna
eýe boldy.
Indi
haçan hem nädip bu tilsimi çözüp, jadylanan
halky
oýaryp
bolarka"
diýip, gözlerinden siýl kimin yaş
akdyryberdi.
Yagdaya
göz ýetiren Erkin, garşydaky
belent dagyñ
üstüne çykyp,
şähere
seredip, çuñ oya batdy.
Ol, halkynyñ
şeýle
agyr
güne duçar bolandygyna
gaty
tukat bolup, ýüregi agzyndan
çykara
gelip, gam derýsyna
gark boldy.
Ana, onsoñ ruhy
teninden uçup, özi-de ullakan bir daşa
öwrülip ýatyberenmiş.
Mundan günler, aylar, ýyllar
ötyär. Köçeden barýan ýaşuly
ene-atalar ogrynça:
"Hanha
seret, Gaygysyz
Atamyzyñ
ogly
Erkin beg dagyñ
üstünde otyr"
diýip, balalaryna
dagyñ
üstünde garalyp
görünýän äpet daşy
görkezýärler.
Erkin beg
bolsa şol
ýerden gözi ýaşly,
bagry
başly
öz iline seredip iliniñ çekýän jebir-jepasyna
bagryny
ýakyp
otyr.
|