|
Türkmen
şäheri Gürgeniñ taryhy barada kelam agyz söz
(Türkmen students internet sityndaky islegine
jogap)
|
Baryp biziñ eýýamymyzdan 3000-4000 ýyl öñ,
ilkinji taryhy çeşmerlerde şol sandan grekleriñ/ýunanlılaryñ belli
taryhçysy Heredotyñ eserinde «Hirkany», «Girkany» aty bilen tanalyp
gelýän Gürgen şäherimiziñ aty Yrza şa Pähleviniñ döwründe
ogurlandy we ol Ästrabada berildi, şeýdibem gidip ýatan taryh
galplaşdyryldy.
Türkmensährany baslyp alnandan bir ýyl soñra
1926/1305–nji ýylda Yrza şa bu ýerlere gezelenje gelýär.
Türkmensährany aýlanyp çykandan soñra ol Ästrabada barýar. Okap,
ýazyp bilmeýän, sowatsyz patyşa bu şäheriniñ atynyñ manysy soraýar,
ondan beter sowatsyz geñeşçileri: «gatyr abat» diýýärler.
[äster-gatyr] Emma onuñ hakyky manysy «Ýyldyz abat» bolmaly [äster-
latinçada- star- ýyldyz] Şäheriñ belentlikde ýerleşenidigini nazara
tutsañ onuñ beýle bolmagy ahmal.
Gatyryñ atyny eşiden
sowatsyz Yrza şa: «Ýok, bu aty halamadym, şähere başga at tapıp
dakıñ» diýär. Onda töweregindäkiler:
«Türkmenleriñ Gürgen diýen şäheri bar, ol aty alaýlıñ»
diýp maslahat berende, şah:
«haladym, ol aty olardan alyñ-da bu şähere dakyñ, Türkmenleriñ
Gürgen şäherine bolsa Gonbed-e Gabus dakyñ» diýär. Şeýdip bu sebtiñ
taryhynda uly ýalñyşlyk, bulaşyklyk döredilär. Şondan soñ Gürgeniñ
gadymy taryhyna degişli ähli waklar Ästrabadyñ taryhyna berilýär.
Ästrabadyñ öz taryhynda bolup geçen wakalar-da ýene bu
şähere(Ästrabada) degişli edilýär,
şeýdip, Türkmenlere degişli wakalara olaryñ taryhyndan alnyp
başgalara berilýär.
Gürgen,
Türkmen medeniýetiniñ sallançagydyr
Gürgen atınıñ gelip-çykyşy:
Ähli Türki halklaryñ şol sandan Türkmenleriñ mifologiýasynda (hemasy
dastanlarynda) Gurduñ uly rolunyñ bardygy hemmelere mälim bolsa gerek.
Rowaýatlara görä, Gurt, Türkleriñ nesilbaşy bolan çagany öz penasynda
saklap, soñra olaryñ «Ergen kon»dan ata ýurtlaryna aşmagyna
ýardam edip, ýol beledi boýlar. Şondan soñra Türkler baýdaklaryna
gurduñ kellesini nagyş edýärler.
Gurt mukaddes saýylýar,
hatta henizem «gurt ýüzi mübärekdir», täze çaga doganda «gurt
tutduñmy, gutly bolsun», «gurt geldi, gut/mukaddes geldi» diýen
nakyllar ýörgünli. Ýañy ýakynlara çenli Türkmensährada gurduñ dişinden
hem tüýnden dagdan, doga-tumar edip çagalaryñ boýnuna dakardylar… Gurt
bilen baglanşykly aýdara zat kän ýöne temamyz bu däl.
Pars taryhçylary bu ýeriñ atyny Gurt sözünden terjime edip onuñ
parsça görnüşini alyp göterdiler. Olar öz sözlerine delil getirip,
hamana Heredot,da ol «Hirkan, Wereg» diýlip ýazylypdyr diýýärler,
rus taryhçylary-da parslar ýaly oña şeýle many biçipdirler.
Aslynda, bularyñ barysy toslanyp tapylan, şol başda aýdyşymyz ýaly,
Gürgen, biziñ mifologiýamyzda güýçli rol oýnan Gurt atynyñ terjime
edilen görnüşidir.
Gürgen medeniýetiniñ çäkleri
Öz
atyny bu jülgäni sudan gandyryp gelýäñ akara/derýa beren[Gürgen
derýasy] bu ýaýlada ägirt ulı, şan-şöhratly medeniýet döredi.
Şadepede, Türeñdepede, Kümüşdepede we Narlydagda/Halat nebide
ýerleşen şol medeniýetiñ bir bölegi bize mälim edildi, heniz mälim
bolman galan taraplary gaty köp. Şonda Gürgen ýaýlasynda 6-7 müñ
ýyllyk medeniýetiñ bardygyna dünýä göz ýetirdi. Dünýä belli
arhioloklar Amerikanly Wulsen, Swedenli J.Arne we başgalar gazu
işlerinde muny subut etdiler.
Gürgen ýaýlasy bilen Dah,laryñ (häzirki Daz,laryñ)
ata-babalary ýaşan Dehistanyñ aralygynda gadymy medeniýetiñ
galyndylaryny Türkmenistanly alymlar şol sandan prof. Ýegen
Atagarryýev dagy ýüze çykardylar. Araplarda «g» harpy
bolmanson bu şähere Gürgen diýmegiñ deregine «Jorjan»
diýýärler. Oarta asyrdaky çozuşlaryñ ylaýta-da Mongollaryñ hüjüminde
Gürgen medeniýeti şol sandan häzirki Gürgen şäherimiz dargaýar.
Soñra tebigi betbagytçylyklar–ýer yranma şähir düýbünden diýen
ýaly ýok boldy. Şeýdibem biziñ gadymy Gürgen şäherimiz diñe ýykylman
galan Kowus patyşanyñ ýädigärligi zererly öz ömrüni dowam
etdrip geldi. Men bu kiçijik makalada Gürgen şäherimiziñ taryhy
barada jikme-jik durasym gelenok-da onuñ atynyñ namartlyk bilen
alnyp, Ästerabada dakylşy hakda durmakçy.
Gürgen atynyñ deregine oña Gonbed-e Gabus dakylmagy-da geñ zat. Eger
şu pikirden ugur alsak onda Tahrana-da «Gonbed-de Şehýad»,
Fransiýanyñ paýtagty Parisa «Gonbed-e Eýfel» we ş.m dakylmaly-da.
Ýa-da birsiniñ kellesinde saç bolmasa, onuñ atyna derek mysal üçin
«Kel han» diýmelimi?!
Ýok!
Gardaşlar biz bu babatda giýñ kompanýa alyp baryp, Gürgene öz hakyky
atynyñ gaýtarylyp berilmegi ugrunda alada etmeli. Diñe şeýdilen
ýagdaýynda bu ülkäniñ hakyky taryhyny öwrenip bileris hem ony
ebedileşdirip bileris. Ýöne häzir gyýnansagam obadyr şäher
atlarymyzyñ barha parslaşdyrylmagyna gerekli protesti/nägileligi
görkezip bilmän gelýäris. Bu babatda il arasynda sözleri geçýän
Türkmen ahun-mollalarynyñ paýyna köp zat düşýär.
Sözümi
jemläp aýtsam,
Gonbed-e Gabusuñ hakyky aty GÜRGENDYR
|
|