|
Akmýrat Gürgenli
İLBÄHBİDİ MASLAHAT!
|
|
«Bi manynyñ sözi
janyñdan öter,
Gyýbat edip özi günäge
batar,
Ýamanyñ zyýany iline
ýeter,
Nadanyñ peýdasy özüne
degmez.»
Magtymguly
Daşary ýurtlarda esaslandyrlan Türkmenleriñ
internet sitlaryñ hersi açyp göräý, onda «pars şovenizmi»,
«şovenistler, Türkmen halkyny ýok etmekçi boýlar», «parslar,
Türkmeniñ diliniñ, däp-dessurynyñ köküne patla urmakçy boýlar» diýen
äheñde onlarça makala duş gelersiñ. Maklalarda köplenç şovenistleriñ
primleri barasynda söhbet edilýär, ýa-da bu mesele bilen baglanşykly
bir parsyñ sarmamasyna bir Türkmeniñ parsça jogap berşine gabat
gelýärsiñ. Şeýdibem turýar bir ala-galmagal, hakly kim, nähak kim
bilmän galýarsyñ. Halky bolsañ-da nähak bolup görünýärsiñ, sebäbi,
biziñkiler edil parsyñ islänini edýärler, olaryñ guran duzagyna
düşýärler. Eger «olar biziñ dilimiz ýok etmek isleýär» diýýän
bolsañyz, onda näme üçin ýene olaryñ diline ýazýarsyñ, munuñ özi
ilkinji nobatda seniñ öz ene diliñe hormat goýmaýandygyñy añladýar.
Käbirleri bolsa şeýleräk äheñde oýlanýarlar, ýangy «زبان
مادرینی باید حفظ اتملی
». Görşümiz ýaly bu parsça sözlemde diñe
«etmeli»si Türkmençe. Onsoñ şeýle oýlanýanlarymyzden nämä garaşyp
bolar?! Olar şovenizmiñ abandyrýan howpunyñ örän çynlakaýdygyna göz
ýetirip bilýärlermikä?
Her bir milletiñ diliniñ, däp-dessurynyñ, umuman
milli kimliginiñ ösmegi döwlet derjesindäki tagallar esasynda ýetmek
mümkin. Biz Türkmenler üçin, Türkmenistan etalon, orientatsiýa,
başçagaça aýdanymyzda kyblagähimiz. Ol ýerde döwlet derejesinde
görülýän medeni çäreler daşary ýurtlarda ýaşaýanlar üçin uly
galwuz/ýol görkeziji bolmaly. Ýöne Türkmenistana baş bolup oturanyñ
özi Türkmen dilini syýlamasa nädersin. Şirazly hoja Hafiz
aýytmyşlaýyn:
خانه از پای بست ویران است خواجه در بند نقش
ایوان است
Terjimesi:
«Bina düýbünden çüýrük, Hoja onuñ eýwanyny bezemek bilen»
Dünýä liderleri özlerine myhman gelen ýa-da
myhmançylyga baran döwlet baştutanlary bilen duşuşyklarynda resmi
protokol boýunça öz ene dillerinde gepleýärler, emma Türkmenleriñ
başyna bela bolup inen Saparmyrat Ataýeviç Nyýazov (Atamyratdovyç
däl!) resmi myhman gelende-de, ýa-da seýrek Moskvadyr Eýrana
baranda-da derrew rusça gürläp başlaýar. Beýle ýagdaý ýyllardan bäri
garaşsyz bir döwletiñ hasratynda hem umyýdynda daşary ýurtlarda
ýaşap gelenlerde göwün çökgünlige, pessemize alyp gelýär.
Türkmenistanyñ döwlet baştutanynyñ şu derejede öz medeniýetinden,
Türkmen dilinden (ene dili diýemok!) bizar bolmagy, şovenistik
zäheriniñ onnuñ ganyna mahul ornaşandyygny görkezýär.
Türkmenistan bilen goñşy Eýrandyr Owganystanda
ýaşaýan Türkmenler onsoñ nädip bu döwletlerde hereket edýän
şoveniziñ gysyşyndan halas bolsunlar?! Ýöne olar tapdan düşmäñ,
başardyklaryndan bu kesele garşy göreşip gelýärler. Bu babatda olar
henize çenli dogry ýoly tapmakda kyýnçylyk çekip gelýärler.
Owganystanda ýaşaýan Türkmenleri alyp göreýliñ. Uzakdan görseñ
başyna 5-6 meter matany selle edip oran, geýen eşikleri täjigiñkimi,
peştunyñkymy saýgaryp bilmersiñ, sakgal bolsa bir garyş. Şeýle keşip
bilen onuñ Türkmenligine nädip kepik geçip bolar, näme, ol ýerde
goýun dirisi azmy, Türkmen telpek dikýän ýokmy, has bolmanda telpek
bir Türkmençe bolsady-diýip arzu edýärsiñ. Eýranda ýaşaýan
Türkmenler-de bir-birlerine duşuşanlar: «Salam agaý-e …» diýip,
erkeklige gelişmeýän «pakda-pak» ýüzlerinden öpüşýärler.
Türkmenlerde salamlaşmanyñ öz kadasy bar. Hatta oturup, turmanyñ
özüne mahsus däbi bar. Bulardan habarsyz adamlaryñ Türkmen
medeniýetinden daşda galandygyny görkezýär. Bu diýseñ gyýnandyryjy
fakt.
İndi başda agan temamyza dolanyp gelsek. Ýangy
pars şovenizmi bizi ýok etmek meselesi. Elbetde bu inkär edilmejek
hakykat. Ýöne bu awuly zäheriñ biziñ aramyzda ýaýramgynda kim/kimler
günäkär. Parslar-a ellerinden geldiginden öz maksatlarynyñ ugrunda
«jan çekýärler» ýöne biz nädip onuñ öñünde durmaly, nädip bu
bela-beteriñ köküne patla urmaly? Bu diýseñ derwaýys mesele.
Eger bu göreşde ok-ýaragdyr maddy güýjümiz
çatmasa, azlyk edýän bolsa onda has bolmanda parslaryñ öz
usullaryndan peýdalanmaly, ýangy biziñ dilimiz ýok etmekçi boýlan
bolsalar, onda oña garşy, dilimiz berk goramaly, öz ene dilimizde
ýazmaly. Bu ýeterlikli bolarmy? Elbetde ýok. Dogrusy «it üýrer
kerwen geçer» diýlenini edip, olaryñ sarmamalaryna jogap berjek
bolup jedelleşip-parsça ýazyp oturmaly däl. Sen öz halkyñ taryhyny,
däp-dessuruny, dilini öwredmäge syýnanşsañ, şonuñ özi uly söweş,
göreş. Elinde häkimiýet, güýç bolan bolan Eýran hökümeti,
Türkmenlere garşy her gün diýen ýaly mekirli plan düzüp ony amala
aşyryp gelýär. Biz bolsa oña garşy durmagyñ ýerine, olary paş
etmegiñ hem göreş ýollaryny oýlanmagyñ ýerine, ýene-de aldygyndan
parsça jogap berjek bolup başagaý bolup ýöris, olaram makasada
ýedýäris diýip, «kah-kah» biziñ üstümizden gülýärler.
Hakykatdanam pars şovnizminiñ howpunyñ depämiziñ
üstünde «Domokles»iñ gyljy ýaly duýýan bolsak, onda olaryñ özi ýaly,
öz uslulary bilen göreşmeli, ýene bir gezek gaýtalaýaryn,
TÜRKMENÇE ÝAZMALY, olara
TÜRKMENÇE JOGAP BERMELİ. Şeýtsek
utarys ýogsa utduran bizden başga hiş kim bolmaz. Olar kör bolup
terjime etdirerler. Näme häzir Tehranda içalylyk gullugynda
Türkmençe makalalar terjime edilmeýärmi? Elbetde edilýär. İki-de bir
«aý parslar eýdýärler, beýdýärler, şovenistik pikri öñe sürýärler»
diýmek bilen aljak galamyz bolmaz. Türklerde «dinsiziñ hütdäsinden
yýmansyz» geler diýen ata sözi bar. Şoña görä olara öz ýöntemi/usuly
bilen jogap bermeli, ondan-da beter, milli kimiligimiz hakyndaky
dawamyzy/göreşimizi has ýokary tapgyrlara ýetirip, milli taryhymyzyñ
gadymlygy, baýlygy, dilimiziñ olaryñkydan üstünligi,
dap-dessurlarymyzyñ ynsanperwerdigi barada berk aýak diremeli.
Dilimiziñ baýdygy hakynda birnäçe mysal: Pars dilinde köýnege «پیراهـن
» diýýäler, pir = garry, ahen = demir, munuñ niresi köýnek boýlar,
«towşana» (خرگوش
)= eşek gulak diýýärler, garpyza(خربزه
)=eşek-geçi diýýärler, olam ýene-de garpyz däl-de, gawun diýdikleri,
«azala» demir sygyyr (گاو
آهـن), demir sandyga sygyr sandyk (گاو
صندوق) diýýärler. Parslar bir topar sözi
iýmek «خورد
» işlegi bilen añladýarlar, su içdim=
آب خوردم , çörek idim=
نان خوردم , sowukladym=
سرما خوردم , ýykyldym=
زمین
خوردم , aldandym=
گول خوردم
… Şir «شیر
» sözüni, hem içilýän süýt, hem ýolbars
hem çürnük üçin ulanýarlar. Garaz sanasañ sanap oturmaly. Bulardan
maksat dilimiziñ baýlygyndan biriki mysal getirmek, aýtsañ aýdyp
oturmaly.
Şeýle baýlyga eýe halkyñ perzentleriniñ öz milli
kimliklerini beýan etmäge mümkinçiligi köp, zeýrenmäge hajat ýok.
Kä wagt oturyp-oturyp geñ galýarsyñ, biziñkiler
baryp «itiñ ölen ýeri» Afrikadaky Nelson Mandellanynyñ durmşyna
belet-de öz Aba serdarlaryny, Gowşut
hanlaryny, Kyýat hanlaryny, Jüneýt hanlaryny, Gaýgysyz Atabaýlaryny,
Aýtaklaryny... tananoklar, atlaryny-da eşitmändirler.
«Saýat han» aýalmy erkekemi? diýeñde elbetde erkek diýýp jogap
berenlerimiz-de bolmadyk däl. Onsoñ öz kimliklerinde şeýle
daşlaşana, eline bolanlara, halkymyzyñ ykbaly barasynda parslar
bilen jedelleşip, özlerini kiçildişine nädip başyñy ýaýkamajak.
«Köp söz kurana» ýaraşar diýilişi ýaly, sözi
uzadyp uturmalyñ. «Özüni tanan weli» diýipdirler. Başda özüñi tana,
onsoñ, halkyñ ar-namysy ugrunda göreş. Seniñ başyñ dik, göwsüñ
gabarar ýaly ata-babalarymyz är işini bitirendirler. Sözümizi beýik
Magtymgulynyñ sözleri bilen başlapdyk, onuñ sözleri bilenem
jemleýäris:
«Magtymguly gördüñ
ýagşy ýamany,
Ýalançynyñ bolmaz anty,
yýmany,
Yrak eýle, barsañ almaz
myýhmany,
Her kimiñ öz ili,
watany ýagşydyr.»
Prag. Çek jemhuriýeti
13.02.2006
|
|