Kitab

 A.Gürgenli
ETREGIÑ GAÝRASY
ýa-da
bosgunlyk ýyllaryñ ýatlamalary


Giriş

Bölnen Türkmen topragynyñ Gürgen ýaýlasynda, Hazar deñizine akýan Gürgen derýasy boýunda ýerleşen Uly aryk obasynda ortahal maşgalasynda dünýä inipdirin. Şonda 1956-njy ýylyñ 19-njy Augusty bolmaly. Dädem, Omçaly Güli, Kümmetgowuzda mugallymçylyk terbiýeleýän «Daneşseraý äşaýeri دانشسرای عشایری» okap, 1950-nji ýyllarda mugallym bolup, obamyzdaky mekdepde işe başlapdyr. Biziñ maşgala agzamyz aglaba türkmenler ýaly uly bolup, bäş erkek bilen üç gyýz dogandan ybrat, ulusy-da men. Häzir olaryñ hemmesi obamyzda ýaşaýar. Ýöne bosgunlyk şarpygy, atamyñ soñky diýdaryny görmäge zar etdi, ol bende, men Swedene baran ýylymdan biraz soñra 1991-nji ýylyñ Agustynda amanatyny tabşyrdy.
   Tanyşlykdan soñra, bu işimze dolanyp gelsek. Ilki Türkmenistana ondan soñra Ýevropanyñ dürli döwletlerine edilen mejbury bosa-boslyklaryñ sebäplerini, şonda gören-eşiden zatlarymy, başdan geçiren ajy hem süýji wakalarymy okyjylarym bilen paýlaşasym geldi. Bu, elbetde diñe bir gurak ýatlama bolaman, eýsem orta atylan her bir konsepsiýany, pikri delilleşdirmäge hem düşündirilmäge synanşylýar. Eserde diñe öz başymdan geçen ýagdaýlar hakynda däl-de eýsem şeýle günleri gören dost-ýarymyzyñ ýatlamalaryny-da getirdim. Bu dogruda başda açyk göwünleri bilen hyzmatdaşlyk eden adamlara minnetdarlygymy bildirýärin.

   Eserde Türkmensähradan  Türkmenistana bosa-boslyk eden iki nesilden söhbet edilýär. Ilkinji topar, 2-nji jahan urşundan soñra 1947-nji ýyllarda ”Tudeh partiýasyna حزب توده” agza Türkmen intellegentleriniñ Türkmenistana sygynşy, 2-njisi bolsa 1979-nji ýylda Eýranda Yslam ynkylaby bolandan soñraky wakalarda hökümet tarapyndan yýzarlanyp, Türkmenistana we Ýevropa sygnanlar hakynda. Eser göwniñizden turar diýp arzu edýäris.

A.Gürgenli Prag.  Çek jemhuriýeti    Dekabr 2004

 

Uzakdan görünýän yşyk
ýa-da
Türkmenistana gyzyklanyp başlan çaglarym
                                                            «Gaýra, gaýrada galdy,
                                                                          Oklar ýarada galdy,
                                                                           Biziñ bilen deñ-duşlar
                                                                           Şol gaýrada galdy.»
                                                                                                       läleden

   Çagalyk ýyllarynda giýjelerine goñşymyz, has dogrusy, ýegenlerimiz Nurçylaryñ iki mertrbeli jaýlarynyñ palynda/eýwanynda otrup, ondan-mundan gürrüñ ederdik, şonda uzak gaýraýüzden her ýarym sagatda bir gezek ýanyp-sönýän, gök ýüzüni ýagtyladýan projektore ýadaman seredýärdik. Ýarym aý görnüşinde aýlanyp ýanýan bu çyranyñ Orsýet serhet garagullarynyñdygyny ulularymyz aýdyp berdiler. Men araçägiñ añyrsynda ýaşaýanlar barasynda oýlanýardym, olar nähili adamlarka, nädip ýaşaýarkarlar diýp, özüme sorag berýärdim.

   Obamyzda Düýejilerden Körpe daýy diýen gojanyñ dukany bardym, adamlar agşamlaryna onuñ dukanyna ýygnanşyp, gürrüñ edýärdiler, başlaryndan geçen hakynda süýji ýatlamalary agzap, gündelik durmuşdan zeýrenýärdiler. Bizem olaryñ manysyna düşünmezden, elimizdäki bir moş çigidi çigitläp gürrüñi diñleýärdik, käte bolsa pazlap, käbirimiz uwklap galýardyk, birdenem birsiniñ: «näme bolup otyýrsyñ, tur, öýñize git-de ýat» diýen sesine oýnayp, gözümizi owkalap, öýe gaýdardyk. Şonda Körpe daýy, mekdep birinjimi ýa-da ikinji kalasdaka, araçäkden aşyp, Gaýrak ýagny Türkmenistana geçendigini gürrüñ berýärdi. Gyşyñ sowuk howasynda, aýaklary ýalañaç, serhet simlerini böwsüp, añryk geçendigini ýolda, hem Eýran hem-de Rus serhetçilerden bukulyp, simlerden geçendigini gürrüñ bererdi. Elbetde Körpe daýy näme diýp, ol ýüze geçendiginiñ sebäbini aýtmazdy, aýdanam bolsa men ol wagty düşünmändirin, ýöne 1986-njy ýyllarda taryhy dokumentleriñ gözlegindekäm, obamyzyñ mekdebinde Körpe we Toýjan Düýeji diýen birisiniñ okuwa gitmejek bolup gaçandygy hakynda mekdep müdüriniñ Astrabadyñ harby häkimine ýazan raportyny gördüm. 1925-nji ýylda Türkmensärany basyp alan Yrza şanyñ goşuny, pars dilinde sapak berýän harby mekdepleri ýola goýýar, disiplin taýdan berk bolan we onda Türkmençe gürleşmegiñ gadaganlygy, pars dili bilmeýän çagalaryñ elleriniñ aýalaryna çiýbik we hatta iýnçejik zynjyrlar bilen urulýandygyny, şol döwürde mekdep okujysy bolan dädem pahyr gürrüñ bererdi. Körpe daýy-da beýle gyýnamalara çydaman, çäräni Türkmenistana sygynmakda görüpdir. Körpe daýy soñra yýzyna dolanyp gaýdypdyr, ýöne Toýjan aga ondan giýçräk, 2-nji jahan urşy ýyllarynda ýene gaçyp, Türkmensähra dolanyp gelipdir.

   Toýjan aga käte-käte bize myhmançylyga gelerdi, şonda oba adamlar-da ýygnanşyp, onuñ gürrüñini diñlärdiler. Ol her gezek özüniñ araçäkden bärik geçişi barasyndaky wakany, edil film ýaly edip gürrüñ bererdi. Bir gezek ol şeýle gürrüñ beripdi:

«Güýz günleridi, Esengulydan araçäge tarap ugradym, her gezek serhetçiler projektory ýakanlarynda otlaryñ arasynda giýzlenerdim, şeýdip giýje ýarysy araçäge geldim, serhetde iki hatar siým çekilgidi we olaryñ arasyny her birnäçe günden ýüzleýje sürüp, adam geçse aýak yýzy galar ýaly ederdiler. Maña araçäkdäki siýme el degse signal berýändigini, kä birleri bolsa oña elekterik çatylandygny aýdypdylar, şoña görä özüm bilen kiçiräjik piýl alyp gaýtdym. Siýmleriñ aşagyndan öter ýaly gazyp, ötüp, bärik geçdim, ol döwürde, Türkmensährada ruslaryñ gyzyl goşuny gelip, Hitlerçi faşistlere garşy urşmak üçin Ynglisleriñ hem-de Amerikanlylaryñ berýän ýaraglaryny öz ýurtlaryna daşaýardylar. Munuñ ýany bilen Eýranly kommunistleri goldap, halkyñ arasynda öz düzgünlerini propaganda edýärdiler. Bolşevikleriñ guran jehenneminden gaçyp, Türkmensähra sygnan birnäçe Türkmenistanlylary şol sandan Annamyrat işan bilen Göki Sofyny tussag edip, yýzlaryna alyp gitdi diýen habar ýaýrady, şol wagt Türkmenistanly Kylyç Kulyýev, Gürgen şäherinde konsol bolup işleýärdi. Şurevä garşy bolup, Türkmensähra sygnan adamlaryñ tussag edilip, alnyp gidilmeginde onuñ-da eliniñ bardygy aýdylýardy. Şoña görä men bärik geçemden soñra ençeme wagtlap gizlenip ýaşadym, ahyr soñunda Benderşa-da ýerleşdim» diýp, Toýjan aga yýzyny kesmän gürrüñ bererdi. Kylyç Kulyýeviñ Türkmensähradaky işleri barada 1986-njy ýyllarda etnografiýa ylmy barlag iş bilen Jergelana baramada Magtymguly şahyryñ nebirelerinden Ata işan-Mohammedi- maña şeýle gürrüñ beripdi:

  «Biziñ Garrygaladan göçüp gelen Yýnçesu Gerkezde oturanymyzdan ýañy birnäçe ýyl geçipdi. Bir gün obamyza tarap üç atlynyñ gelýändigini gördük. Olar bir rus ofiseri bilen 2 sany rus eşikli saldatdy. Gel-gel olar biziñ öýmüzi sorapdylar. Bolşevikler, ahun-baýlaryñ yzy diýp adamlary tutýandygyny bilýärdik, şoña görä meni sygyr ýatagynda samanlaryñ arasynda giýzlediler. Öýdäkiler oña «Kylyç aga» diýp ýüzlenýärdi, hem-de jan çekip bir zady ynandyrjak bolýardy. Ahyrynda bir köne kitaby alyp gitdi, soñra bilip galsam ol, Döwletmämet mollanyñ öz eli bilen ýazan we ogly Magtymgulynyñ oña goýan käbir bellikleri bolan «Wagz Azat» kitabymyş.»

      Meniñ Etregiñ añyrsyndaky durmuşa gyzyklandyýan şeýle gürrüñlerden ýene birisini aýdyp bereýin.

    Dädem pahyr juma agşamlary, gezek-gezegine dost-ýarlary bilen birek- biregiñkide ýygnaşyp, ondan-mundan gürrüñ edýärdiler. Obamyzyñ aşak ýanjagazynda kiçi aryk diýne oba bardy, onda dädemiñ ýagşy görýän Hekimguly diýne dosty bardy. Bir gün Dädem, agamyz Osman däde hem-de meni alyp, Hekimguly agalaryñka alyp gitdi. Şonda özüniñ kombaýny bolup, kireýne daýhanlaryñ bugdaýyny orup berýän Osman dädemiz şeýle wakany gürrüñi berdi:

«Bugdaý ormak üçin kombaýyn, serhet ýaka Inçe Burunyñ töweregine alnyp gidildi, men-de hernäçe günden işlere gözegçilik etmek üçin jiýp maşynym bilen ol ýere baryp gelerdim. Bir gün ikinin, agşam-ara yýzyma dolanyp gelşime ýoldan azaşypdyryn, uzyýn depäniñ üsti bilen barýardym, berdenem, elektrik çyralar bilen ýagtylanan obamy-şäheriñmi yşyklaryny gördüm, wä allajan biziñ obalarymyza elekterik çekilenok, onda bu nirekä, ýa-da men azaşyp, Gyzyletrege geçäýdymmyka diýp, ýüregime howsala düşdi, dogrusy gorkmanam duramakdym. Aljyrap barşyma maşyny ýoluñ keneryndaky jara düşrüpdirin, henäçe jan çeksem peýda bermän, üstesine benzinem gutaryp, somalyp galdym, näderimi bilmän, bir çilim otlap, duruberdim, birdenem uzakdan bir maşynyñ yşyklary göründi, begenjegimi-de bilemokdan, ors maşyny bolaýmasyn diýp gizlenjegimi-de. Aý näme bolsa şol bolsun diýp, maşynyñ oñünden çykyp, ”duruñ” diýp elimi galgadym, ýük daşaýan bary maşyn ýanyma gelip saklady, birdenem: ”Osman ýegen, näme bolup dursuñ” diýp, uzagrakdan bir garyndaşymyzyñ seseni tanadym. Onuñ kömegi bilen maşyny çykaryp, oña ýangyç guýup, oba tarap ýola düşdim.» diýip Osman däde başyndan geçirenini gürrüñ berdi.

   Ýetinjeklik ýyllarymda hemme öýlerde radio bolmazdy. Biziñ tagta gapyrçakly daşyndan baglanýan bir hil gara hamyýr görnüşindäki bateriler bilen işleýän radiomyz bardy. Ol wagtlar Gürgen şäherindäki radio stansiýa 10kw güýje eýe bolup, ony diñe şäher we onuñ ýakyn töwerekleri diñläp bilýärdi. Onsoñ türkmen dilinde günde 10-15 mynutdan köp gepleşik bermeýärdi. Şol sebäpden köplenç Aşgabat radiosy diñlenýärdi. Ony diñlemek üçin öýleriñ üstünde dört burç edilip bir-birine çatylan antenler dakylyp Aşgabatdan berilýän gepleşikler diñlenýärdi. Elbetde diñe aýdym-sazlardyr, Görogly, Zöhre-Tahyr, Şasenem-Garyp dessanlary esasynda düzlen radio oýunlar diñlenip, rusçasyna düşünilmeýärdi. 1960-njy ýylda milli şahyrymyz Magtymgulynyñ 225-nji ýyl dönümi Garrygalada bellenende merhum Kerim Gurbannepseviñ «Pyragyny gören daglar» esasynda döredilen we merhum Döwletgeldi Ükdirev bagşynyñ ýerine ýetiren aýdymy Aşgabat radiosyndan köp berilýärdi. Biziñ Türkmensähraly bagşylarymyzdan halypa bagşy merhum Gazak Pañ ol aýdymy aýdyp, Gürgen radiosyndan ýañlatdy, ýöne gyýnançly ýeri, aýdymçylarymyzda Aşgabatda aýdylýan aýdymlaryñ teksti bolmansoñ, üstesine radionyñ eşidylşy şagul-şugully bolany üçin aýdymlar bärde dogry-dürüs ýerine ýetirilmeýärdi. Mysal üçin şol «Pyragyny gören daglar» aýdymyndaky «Magtymgulyñ şygry ýaly kökün ýere uran daglary», «Magtymguly sygyr ýaly» bolaýmasyn» diýp, ony «Magtymgulyñ şygyn ýaly, Magtumguly sugun ýaly» diýp Gazak pahyr aýdardy, ol ölýänçä bir ses ýazýan magnitofan edinmegiñ arzuwynda boldy, ýöne muña-da ýetip bilmän 1980-nji ýylyñ tomsunda Gurban baýramy gününde aradan çykdy.

   Şol wagatlar Hojanefes obasynda akeordon/ garmon çalýan Anna kaka bilen deprekçisi Nury diýen iki sany ýigit bardy. Olar mydama Aşgabat radiosyny diñleýän ekenler. Anna kaka-nyñ iki sözüniñ biri ”iznam”-di diýp gürrüñ berýärler. Soñra bilip galsam ”iznam” diýmek ors dilinde ”bilýärin, düşünýärin” diýmekmiş. SSSR-de meşhur bolan kosmenat Ýuri Gagarini bolsa Nury deprekçi gaty halaýanmyş, şoña görä muña-da Nury Gagarin diýp lakam goýanmyşlar.

Anna kaka iznam bilen Nury Gagarin ökde hünärli kişilerdi. Şol wagtlar ”Degirmençi daýy”, ”Murtum towlanýar” ýaly aýdymlary adamlar hezil edip diñleýärdiler.

   Howa, aýdyp barýan gürrüñmizden uzaklaşmaýyn. Araçägiñ añyrsyndakylaryñ durmuşa gyzlanmam günsaýyn möwç alýardy. Muña ýene bir zatda sebäp bolýardy. Garagaşly− dogrusy Alborz dagynyñ eteklerinde ýerleşeni üçin ol ýerde agaçlar köpdi we oña Gara agaçly diýlýärdi, soñra gyýsgalyp Garagaşly boldy. Garagaşly obasynyñ aşak ýanyndaky gür jeññeliñ arasynda «Ivan abad» diýen bir oba bardy. Onda ruslar ýaşaýardy. Bu ruslar, kommunist ynkylabyndan ozal Türkmensähra göçürlip getirlipdi. Lenin ynkylaby ýeñiş gazanandan soñra, olar yzyna çagyrylýar, ýöne Bolşevikleriñ ar almagyndan gorkan patyşa tarapdary ruslar bu ýerde galyp, obalaryna-da meşhur Ivanyñ adyny dakýarlar. Şolardan birisi bilmedim haýsy sebäpden dädem bilen dost bolup gatnaşýardy. Bu bolsa mende Şurevi hakynda ilkinji giziklanmalaryñ döremegine alyp gelipdi. Olar 1965-nji ýyllarda Tehranamy, başga ýerleremi göçüp gitdiler, häzir olardan ol ýerde nam-nyşan ýok, Ivan abad bolsa dargap, ýok boldy.

   Garagaşly obasynda agalarymyz Gökje bilen inisi Hally dagy ýaşaýardy. Bir gün Hally dädemiz, agasy Gökje bilen öýkeleşip, ýabysyna münüp, niredesiñ Balkan diýp, ýola düşenmiş. Bu waka 2-nji dünýä söweşiniñ öñ ýanlarynda bolmaly. Orta mekdepde okaýan ýyllarymda bir gün salamlaşmak üçin Garagaşla baramda, Gökje dädem, Hally dädemiziñ Türkmenistandan ýazyp ýollan hatyny görkezip: «bally sen inglisçe okaýan bolsañ, ynha bu haty-da okap bilersiñ, okap ber bakaýly» diýp, ol hatymy elime tutdurdy. Ömrümde ilkinji gezek äjür-müjür çyrşalaýn gol hatyna gözüm düşdi. Patdyñ-putdyñ edip okajak boldum, ne özüm bir zat datdym, ne-de töweregimdäkiler. Şonda birinji gezek rus kril hatynda ýazylan salam hatyny gördüm. Ýöne obamyzda Annameret çarwa diýen bir çopan bardy, ol kolhoz gurluşy ýyllarynda Esengulynyñ Çaloýuk obasyndan göçüp gelipdi. Annamyrat aga Türkmenistanda birnäçe klas okan eken. Şoña görä ol bu haty okap bilýärdi.

   Şol salam hatynda Hally dädemiz özüniñ Pigamber ýaşyna ýetip, Ak-aşyny berendigini ýazypdyr. 1990-da Türkmenistandakam, Çelekende ýaşaýan Hally dädäniñ ogul-gyzlaryny tapdym. Ilkinji işim çelekene gitmek boldy. Ýöne ol ýer serhete ýakyn bolany üçin oña «ýapyk zona» diýlip, gitmek üçin içeri işler ministerliginden ýörite rugsat hat almalydy. Hernä Aşgabatdyñ OVIR-inden- شهربانی rugsat haty aldym, Çeleken baran badyma ol ýeriñ polisine görkezip oña möher basdyrmagym gerekdi. Çelekene baryp, bu işleri bitirenimden soñra, garyndaşlarymyñ öñ telefon arkaly beren adresine tarap ýola düşdüm. Tapyşyp, hal-ahwal soraşanymyzdan soñra, Hally dädemiziñ 1985-de aradan çykanyny onuñ ikinji aýaly milleti Tatar bolan Solubike gelenejemiz gürrüñ berdi. Onuñ ilkinji aýaly Nebitdagdan bolup, bir ogly bolandan soñra aýrylşypdyrlar, ogly bolsa Orsýetiñ bir ýerine göçüp gidipdir. Hally dädemiziñ Saparmyrat diýen ogly, Taşjan bilen Rozgül diýen gyýzlary bardy. Ýöne Taşjandan başgalary türkmençe gürläp bilmän, rusça zowladýardylar, meniñem Türkmenistana ýañy baran ýyllarymdy, rusçadan gaty az sözleri bilýärdim. Solobike gelenejemiz tatar aksentinde Hally aganyñ başdan geçiren görgüsini aýdyp berdi. Hally dädemiz Türkmenistana geçen badyna «serheti bozanlykda» aýplanyp, göni Sibre sürgün edilýär. Biçäre on ýyllap otrup gelýär. Nebitdaga soñra Çelekene gelip balykçylyk sovhozyna/ şereketine işe girýär. Sibrde beton ýerde ýatyp, ýürek keseline duçar bolupdir. Agyrly ýürek onuñ göwresine çydaman, ahyrynda 85-de aradan çykypdyr. Ertesi gün Saparmyrat bilen Çelekenden maşynda takmyn bir sagat uzaklykda ýerleşen gonomçylykda ýatan Hally dädemiziñ mazaryny baryp, aýat-doga okadym.

     Şol döwürde Hally däde bilen bilelikde, çepçi partyýalara, esasan-da «Tudeh» partyýasynyñ simpatlaryndan/tarapdalar- Akgaladan Araguly Şurevi lakamly Arazguly Şirmädli, Tañyrguly Ymady, Anjan Gülmehemmdi we Ýarmuhammet Jafarbaý dagy Sibriñ togaýlygynaky zähmet lagerine sürlüpdir. On ýyl geçenden soñra, Eýran hökümeti dogrusy Mämedreza şa SSSR-e sygnanlar dolanyp gaýtmak isleseler, gelenlerinde bolsa syýasy herekete goşulmajagyna dil hatyny berseler günäleriniñ! geçiljekdigi hakynda perman çykarýar. Şonda ady agzalan bu üç türkmen ýigidi Türkmenistanyñ üşti bilen Türkmensära ugraýarlar, ýöne olardan Ýarmuhammet Jafarbaýy ýolda ýylan çakýar we ýurduny görmek oña nesip etmeýär. Bu zatlar hakynda kitabyñ «Türkmenistana geçiş» bölüminde köpräk durup geçerin. Häzir gürrüñi ýene ýaşlyk ýyllary döwrüiñ ýatlamasy bilen dowam etdirýärin.

   Bir gün obamyzyñ arasyna ýaýran bir habar adamlary Emer arabaçynyñ öýünin öñüne ýygnady. «Emer aga şäherden gelşine gökden ýere düşen uçýanjygy ekinleriñ arasyndan tapypdyr». Baryp görsek dogrudanam ini-boýy bir iküç garyşdan köp bolmadyk, üstünde bolsa ak matadan çadyr ýaly edilen örtgüli birhil gara demira, adamlar geñ-tañ bolup bakýardy, her kim onuñ nämedigi barada pikrine geleneni aýtýardy. Birdenem hälki Annameret çarwa: «ohow adamlar, üstünde orsça ýazylan hatlary görýäñizmi diýp, elendäki taýagyny ortada ýatan we nämedigi belli bolmadyk zada uzatdy. Men soñ-soñlar onuñ Türkmenistanly obahojalyk inistitutynda okaýan studentleriñ, meterelogiýa işleri bilen baglaşykly beýle enjamlary ýasap, synamk üçin uçarandyklaryny we olardan birisiniñ bu ýere gelip düşmeginiñ ähtimaldygyny düşündim.

   Şol ýyllarda agalarymyzdan Hudaguly Saýy gün-güzeranyñ agyrlygy zerarly, şeýle-de ogullaryny okatmak üçin, Tehrana göçüp gidipdir. Ol Tehranda birnäçe otagly jaýy kireýne alyp, ony myhman-hana edýär. Türkmensähradan, Tehrana işi düşüp baran Türkmenler Nejep aga we Hudaguly dädemiziñ misaferhanasyna barardylar. Hudaguly dädemiziñ uly ogly Isa 60-njy ýyllarda Avstriýa okuwa gaýtýar we injinýer/muhendes bolup okuwny tamamlaýar. Alman aýaly bilen öýlenen Isa dädemiz häzir daşarý ýurtda ýaşaýar.

Tudeh partyýanyñ döremegi,
Türkmenistana bosa-boslygyñ ilkinji tapgyry
 
                                                                           «Gaýradan gelýän bäş geçi,
                                                                            Hany munuñ erkeji?»
Patma daýzamyñ äri Gaýyby
zarynlap ýatlan wagty gaýtalaýan lälesinden

   1925-nji ýylda Kümüşdefeli Osman ahunyñ baştutanlygyndaky milli azatediş hereket Reza şanyñ Türkmensähra goşun sürmegi netijesinde basylyp ýatyrylýar. Gazaply öç almakdan gorkan türkmenler topar-topar Gyzyletrege, Baýathaja baryp, ol ýerde oturýarlar. Şol sandan Osman ahun, Allaýarhan, Nepes serdar dagy Türkmenistana sygynýar. Soñra Türkmensährada gahar-gazplar ýatyşyberende olar ýurda dolanyp gaýdýarlar. Ýöne Osman ahun we Allaýar hanyñ soñky ykbaly henize çenli gömürtüliginde galdy. Göýe olar Aşgabada gidenmişler we ol ýerde 1930-njy ýyllardaky ganly repressiýada Stalin jenýatynyñ gurbany bolanmyşlar. Bu zatlary soñ-soñlar türkmen taryhy bilen gyzyklanyp ugranymda bilip galdim. Bu barada «Türkmen sährasy» diýen kitabymda dolurak durup geçendirin. Şeýle-de 1927-28−nji ýyllarda Kümüşdefeli Ahmad Garadagly, Baýjan Turany, Abdyrahman Niýazy, Nazdurdy Niýazy, Hajy han(Nurgeldi) Oguzy, Mämet Şirmämmedi diýen ýigitleriñ ýokary ylym almak üçin Türkiýä okuwa gitmekleri we olardan köpüsiniñ diýen

ýaly Türkmensähra dolanyp gelmändikleri, meni adamlaryñ öz dogduk diýarlaryny terk etmäge näme zatlaryñ sebäp bolýandygy gyzyklandyrýardy.

   Sähramiz, Yrza şanyñ goşuny tarapyndan baslyp alnandan soñra, Kümüşdefeli meşhur Erejep ahun Seýýadynyñ ogullary Ahmad bilen Abdylla Türkmenistana geçýärler. Gürgenli lakamly Ahmad meşhur gündogarşynas bolup ýetişýär, ýöne 2-nji dünýä söweşine gatnaşyp frontda wepat bolýar. Abdylladan önüp-ösenler bolsa Aşgabatda ýaşaýarlar. 

   Meni Etregiñ añyrsy bilen gyzyklandyrýan iñ esasy mesele daýym Gaýyp Bähelke-nyñ ykbalydy. Garry ejem/enem pahyryñ iki sözüniñ biri: «Wah, armanly giden, çykamaz guýa atylan Gaýypjan»dy. Men şol wagtlar çagalyk düşünjäm bilen dogurdanam Gaýyp pahyryñ guýa atylyp, çykmaz ýaly üstüne daş guýlandyr diýp oýlanýardym. Soñra görüp otursam dogrudanam ol SSSR diýen guýa düşen ekeni.

   Ikinji jahan urşy ýyllarynda Alamandaky faşistik Hitlerçileriñ tarapyna geçen Ynglisleriñ dikmesi Eýran şasy Yrza tagytdan düşürlip, soñra Britanýanyñ kloniýasy bolan Günorta Afrikaniñ Moris adasyna sürgün edilýär. Ýigrimi ýyllap süren bu gara hökümet döwründe Türkmen topragy gana çaýkalýar, ýurtdaky bütin siýasy partyýalar we hereketler gadagan edilýär, Eýranda terror atmosferasy döredilýär. Köp sanly syýasy aktivistler şol sandan türkmen ýigitleri azatlykdan mahrum edilp, zyndanlara atylýar. Olaryñ arasynda Annagylyç Babaýy, Gurbanmuhammed Siveri we Hajyhan /Nurgeldy Oguzy ýaly ýigitler bolupdyr. G.Siveri türmede gyýnag astynda öldürilýär. Yrza şa ýykylandan soñra, siýasy bendiler erkinlige çykýar we täze dörän çepçi «Tudeh partyýasyna» goşulýarlar. Şolardan birisi-de daýymyz Gaýypdy.

   1940-45−nji ýyllar aralygynda SSSR-iñ gyzyl goşuny Türkmensähara gelýär, Sährada, Tehrandan başgarak, has dogrusy Şureviçilik atmosferi döräpdyr. Her ýerde işçi, daýhanyñ hakyny goramak, ganhor feodallara garşy göreşmek üçin mitingler we demonestratsiýar geçirilipdir. Şonda Gaýyp daýym batyrgaý çykyşlary bilen merkezi hökümetiñ Türkmensährada alyp barýan siýasatyny paş hem tankyýt edermiş, Nurberdi Jürjäni we Abdyrahym Talebi bolsa ýangynly goşgulary bilen halky joşa getirýänmişler. Bildiriş hökmünde il arasynda ýaýradylan  şol çykyşlardan ençemesini Tehrandaky merkezi arhiv ýagny «Sazman-e Esanad Milli merkezindeni سازمان اسناد ملی ایران» tapdym.

   Merkezi hökümetiñ syýasatyndan nägilelik harbylaryñ arasynda-da artýardy. 1945-nji ýylyñ agustynda/mordad 1325ş-de «Hurasan ofisserleriñ gozgalañy» ady bilen meşhur bolan herket bolupdyr. Şonda Maşat şäherinde gulluk edip ýören 10-15 sany ofisser we kiçi derejeli habylardyr ýönekeý esgerler Türkmensäranyñ Marawadepe ýaýlasyna gelip, ol ýerdäki garnizony/padgany eýeläp, ok-ýaraglaryny ele geçirýärler. Soñra olar Kümmetgowuza tarap hereket edýärler. Olaryñ arasynda Servan سروان derejeli Abdulrahym Nedimi diýen türkmen-de bolupdyr. Bular Kümmetgowuzyñ «baag-e milli- keşaverzi » diýen kompleksinde ýerleşip, goldaw gözleginde, Tudeh partiýanyñ Kümmetgowuzdaky bölüm başlygy Gaýyp Bähelke bilen duwşuşýarlar. Ol ýerde Gyzyl goşunyñ bular ýaly avanturist hereketlere golda bermejekdigi bildirilýär. Muña garamazdan olar ertesi gün, şähere giriýärler. Şäherbani we Jandarama güýçleri bilen bolan atyşykda olaryñ köpüsi heläk bolýar, birnäçe ofiser şol sandan A.Nedimi ilki Benderşa, soñra  Azerbegjana gidip, Astaranyñ üsti bilen SSSR-e geçýärler. Orsýetiñ Ivanov diýen şäherinde ýaşan A.Nedimi 1975-nji ýyllarda aradan çykan bolmaly. Onuñ bir rus aýala öýlenendigini, bu aýalyñ A.Nedimiýe onçakly wepaly galmany, hatta ölenden birnäçe gün soñra yslanan jesediniñ goñşular tarapyndan bilnendigini 1990-da Aşgabatda Nurymuhammet Aşurpur maña gürrüñ beripdi.

   Mämedreza şanyñ rejimi, Tudeh partiýasy we milli halklaryñ öz hak-hukuklaryny talap etmeklerinden gaty gorkýardy. Şol sebäpden bu hereketiñ başyna ýetmek üçin ýawuz plany amala aşyrýar. 1948-nji ýylyñ Mart aýynda patyşa Tehran universitesine çykyş etmäge baranda, rejimiñ howpsuzlyk güýçleri tarapyndan jurnalist eşigine girizilen we jübsinde Tudeh partiýasynyñ agzasydygyny görkezýän bilet/kart goýlan birisi şaha ok atýar, şonda şa ýüzleý ýaranlanankiş bolýar. Muny bahana eden hökümet Tudehçylary awlap başlaýar.

   Şondan birnäçe aý öñ harbylaryñ arasynda dörän anti rejim bir guramyñ üsti açylýar. Tussag edilenleriñ arasynda tophana palkovniki/Serheng Safar Hatyby diýen-Omçaly obasyndan- türkmen ýigidi-de bolupdyr. Şol wagtlar Türkemensähra-denem onlarça siýasy aktivist, şol sandan Gaýyp Bählke dagy tussag edilip, ilki Mazenderanyñ merkezi Sary şäheriniñ zyndanyna, ol ýerden bolsa Tehrana alnyp getirilýär.

    Gürgende mugallym bolup işlän Gaýybyñ tussag edilip alnyp gaýdylşyny garry ejem pahyr öz gözi bilen görenmiş. Ol bu hakda maña şeýle gürrüñ beripdi:

«Şol wagtlar Mämi kakañ/atañ jandarmada gulluk edýärdi. Gaýybyñ dagy Gürgen zyndanyndan Sara alnyp gidiljegini bilipdir, derrew gelip maña habar berdi, bizem haýal edmän, iýer ýaly ojuk-bujuk taýýarlap, onuñ geçjek ýolunda durduk. Harby maşynyñ yzy çadyr bilen basyrgylydy, içinde bolsa tussaglar bardy, Gaýyp meni görer-görmez seslendi. Mämi kakañ maşyndan asylyp, oña ijek-içek zatlary berip ýetişdi, ýöne soñra reýislerinden kaýyş aldy. Garaz Gaýybym şol gidişi-gidişi boldy.»

    Ýurtdaky dartgynly ýagdaý, çepçi toparlara Eýrandan çykyp gitmeginden başga ýol goýmaýardy. Gaýyp-da sudy/dadgasy başlanýança pul girewy bilen wagtlaýyn azat edilipdi. Ony soñky gezek Tehrana özüni bejertmäge baran uly agalarymyzdan Sahyt hajy görüpdir. Ol Gaýyba: «Men Mämet ahun Jürjani bilen tanyş, isleseñ puşmanlyk hatyny ýazda, seniñ halas bolmagyna kömek bolar», diýende Gaýyp ony ret edip: «Türkmen halkynyñ hakyny iýýänler bilen ortak bolup, mejlisde, nahak ýerden wekil bolup oturan Mämed ahunyñ maña kömegi gerek däl» diýp jogap berenmiş. Şol wagtlar Gaýyp daýym öýlenip, Hydyr, Ylýas diýen ogly bardy. Aýaly Patma daýzam diýseñ batyr aýalmyş. Ol, Gaýybyñ işlerine goldaw beripdir.

«Ýüsüp daýyñ öýi»
 
 Aýdyýar Maşat gaçaýlyñ haryja,
Ýa gezeýliñ sanaglymyz dolynça…
                                                                                                                       Mşat şahyr

 

  Tudeh partiýasynyñ gizlin maslahatynda, kadrlaryñ ýurtdan çykyp gitmek we SSSR-e sygynmak barada karar kabul edilýär. Kod/ gizlin at hökmünde oña «Ýüsüp daýyñ öýüne gitmek» diýler ekenler. Ýüsüp daýydan maksat Ýusef/Josef Stalindi.  Bu barada şol partyýanyñ ýokary derejeli siýasy kadrlaryndan Ehsan Teberi, 1987-nji ýylda Tehran zyndanynda ýazan «Kej raaheh/ ýalñyş ýol» diýen kitabynda şeýle maglumat beripdir:

  «1948-nji ýylyñ başlarynda Merkezi komitetiñ karary boýunça ilkinji bolup men ýurtdan çykmaly edildim. Ynkylaby ofiserler toparyñ başlygy Hosrow Ruzbehdi, ol golaýda zyndandan gaçyp, Tehranyñ Şemiran mähellesinde bir öýde gizlenýärdi. Şol topardan Seýfetdin Humaýun, serhede barýança meni goramalydy. Maña şeýle-de Ruzbeh-iñ öýüne baryp ol ýerde gizlenen Gaýyp Bähelke diýen Türkmeni mugallymy-da alyp gitmegi buýrdular-[Teberi, Kümmetgowuz we Türkmensähradaki Tudeh partiýasynyñ bölüm başlygyny diñe bir mugallym diýp agzap, onuñ wezipesini kemsitýär-AG]

  Şeýlelik bilen üç bolup Maşada geldik, Maşatda Şerifi bilen aýalyny-da özümiz bilen alyp gitmelidik. Maşatdan birsiniñ jiýp maşynyny amanat alyp, Goçandiñ üsti bilen Türkmenistana tarap ýola düşdük. Goçantda, dag ýollaryna beled Mülki diýen birisi, bizi garagullaryñ bolmaýan geçelgesine alyp bardy. Biz giýje Etrekden aşdyk. Dañdan rus serhetçileri bizi görüp, Kaka diýen posta alyp bardylar. Biz ol ýerde ýigrim günläp tussaglykda saklandyk. Soñra Meni Moskva, Bäheke we Şerifini Täjigistanyñ paýtagty Stalinabda (häzirki Duşenbä) ugratdylar. Ýola düşmezden ozal Aşgabada we ozal Eýranyñky bolan Firuze obasyny gördük. Ýer yranmada Aşgabat büs-bütin weýran bolupdy, ol ýerde diñe wagtlaýyn gurlan binalar görünýärdi.»

(Kej raheh. Neşir Emir kebir. Tehran. 1366)

   Tudeh partiýasyna agza Türkmensähraly mugallymlardan eneçemesi şol ýyllarda Türkmenistana sygynýarlar. Şolardan Sapar Ensary, Nurmuhammed Aşyrpur, Sary Göklany, Baýrammuhammet Muderresi, Aman-muhammet Yslamy, Rejep (Rahman) Rahmany dagy Aşgabada sygynýarlar. 49-njy ýylda Serheng Sapar Hatyby Aşgabada barypdyr. Onuñ Patma atly azerbegjan aýaly soñra Bagdadyñ üsti bilen Türkmenistana baryp, olara goşulypdyr. Men bularyñ soñky ykballary barasynda soñrak gürrün bererin. Häzir ýene-de öz ýigitlik çagymda görüp-eşiden zatlarymy aýdaýyn.

   1974-nji ýylda orta mekdebi tamamlan tomsunda Gerkez obadan Atanazar diýen dostum meni öýlerine myýhmançylyga çagyrdy. Ertesi gün motorsiklet bilen Marawadefäniñ töweregindäki obalara aýlanmak üçin ýola düşdük. Ýeke çynar diýen obanyñ ýokary ýanynda uly dagyñ üştünde aýlanyp duran radary gördüm. Bu näme diýp soranymda: «Bular Amerikanlylar saldylar, maksat bolsa Türkmenistany diñlemk» diýp, ulularyndan eşdenini aýdyp berdi. Soñra bu barada, Patyşanyñ ýokary derejeli ofiseri Husýen Ferdust-iñ ýatlamalary esasynda çap bolan kitapda, Kümmetgowuzda Inglisleriñ M-16 içalylyk bölüminiñ bir şahasynyñ kümmetgowuz we Türkmenistan araçägine ýakyn ýerde iş alyp barandygyny okadym.

  Kommunismiñ Eýran ýaly döwletlere ýaýramagynyñ öñüni almak üçin Amerikada «Marşal plany» orta atylýar. Şol esasda, yktysady taýdan yza galan ýurtlara maddy ýardam berilip, anti kommunist rejimleri goldamalydy. Şeýlelik bilen öýlere ýag, bugdaý, mekdeplere bolsa pudra görnüşinde we «gury süýt شیرخشک» diýlen süýt paýlandy. Başlangyç mekdepde meniñ özüm-de şol süýtden içipdim. Dogrusyny aýtsam, içiñi gitdirerdi, aldygyndan bir ýere baryp içiñi boşatmalydy.

   Şol ýyllarda iki sany Amerikanlynyñ Türkmensährada ylmy barlag! işini alyp barandygyny soñ-soñlar öwrendim. Olardan birisi Mr B.Moore beýlekisi Marawadefäniñ töwereginde etnologiýa barlag işini geçiren William Irons-dy. Onuñ işi 1974-nji ýylda American etnologist inistitutynda «Nomadism as a politijal adaptation: the case of the Yomut Turkmens» ady bilen çap edildipdir. Mr. Moore- we W.Irons-iñ hatta türkmençe gepläp bilendigini, ony görenler aýtýarlar. Mr. Moore, ozaly bilen Kümmetgowuzda bir kitaphananyñ ýola goýulmagynda alda edipdir, galyberse ukyply türkmen ýigitlerini saýlap, isleg bildirenleri Amerika okuwa ýollapdyr, olara stependiýa/bursiýe alyp beripdir. Şol türkmen ýigitlerden birnçesi häzir daşary ýutlarda ýaşaýar. Şol döwürde bu zatlaryñ hemmesi meniñ düşünjelerimiñ ösmegine we daşary düýä bilen gyzyklanmagyma alyp gelerdi.

   Obamyzda orta mekdep bolmany üçin Benderşanyñ Hazar, soñra Hedaýet adyndaky orta mekdeplerinde okumy dowam etdirdim.  Bir gije sinemadan çykyp, öýe gelşime şeýle wakanyñ şaýady boldum: Benderiñ belli tam ustasy Garja− Türkmenistandan göçüp geleni üçin oña Garja Mahejeri diýerdirler, her agşamkysy ýaly, dostlary bilen ”Papa mişa(Michael)” diýen erminiñ resturanyndan arak içip gelýärdiler. Birden ýañky Garja gaty ses bilen «ölüm bolsu Şaha» diýp gyýgyrdy. Onuñ dostlary, eger şeýtseñ saña plança tümen pul bereýli diýp şert edenmişler. Garja şeýdipdir. Dostlary gaçyp gidýär welin ýañky Garja pahyr tussag edilip, görgi baryny görüp, ençeme wagtdan soñra goýberildi. Ol wagtlar, gizlin gulluk gaty daraýardy. Sinemalarda film başlanamzdanozal, ýurduñ milli gimni(marşy) çalnardy, hemme adam telpeklerini çykaryp, aýak üştünde durmalydy. Şanyñ täç goýan güny(4 aban) dukançylar, dukanlarynyñ öñünden baýdagy asmalydylar, kimde-kim asmasa, iki tümen jerime edilerdi. 4 aban dabarasynada okuçylar patyşanyñ suratynyñ öñünden hatara/ reje geçirilýärdi. Oña taýýarlyk görmek üçin azyndan iki hepdeläp, sport klubynyñ howlusynda maşk edilerdi. Orta mekdebi 1974-nji ýylda Gürgeniñ Astrabady mekdebinden tamamlap, şol ýyl Maşat universitetiniñ edebiýat fakultetinde Taryh bölümine geçip, okuwmy dowam etdirdim.

   1975-nji ýylda, studentlik döwrümde siýasy gözgaraýyşlarym ösýärdi, universitetiñ her bir fakultetinde rejime garşy protestler möwç alýardy, dürli siýasy toparlaryñ listovkalary/ bildirişleri, çagyryşlary ýaýradylýady. Şol ýyllarda pikrim-zikrim Türkmenistandy, Maşatda bolanym üçin Aşgabat radiosyny arassa diñläp bilerdim. Maşat şäherinde Türkmenistandan gaçyp, Eýrana sygnan Türkmenler «Rezaýy» diýen mähellede ýaşaýardy. Bu Türkmenler 1930-40-njy ýyllarda bu ýere göçüp gelipdiler. Aýdyşlaryna görä serhetden Eýrana aşanlarynda, Eýranyñ serhetçileri olary talamak talapdyr. Olardan Ýaýlym diýen bir haly söwdigäri bilen tanyşdym. Bir gün agşam Ýaýlymlara myýhmançylyga baramda, Çary aga diýen birisi bilen tanyşdym. Ol şeýle bir süýji gürrüñleri berdi welin henizem ýadymda. Günbatar Türkmensährada önüp-ösen we Türkmenistanda barasynda az zat bilýän maña bu gürrüñler geñ galdyryjydy. Şondan soñra Kümmetgowuz we Jergelana göçüp gelen Tekeleriñ durmuşy meni diýseñ gyzyklandyrýardy, üstesine Aşgabat yşky.

  Her tomusda oba öwürlip gelenimde Aşgabat televizerni görmek üçin kiçiräjik televeziri alyp dostlar bilen serhet ýakasyna giderdik we birnäçe gün «Halatnebiniñ» daglarynda galardyk.

Bir Türkmenistanly bilen
 ilkinji duwşuşygym
 
«Gaýradan gelýän hüýk-hüýk,
Boýny uzyýn, gözi gök.
   Baý-baý munuñ parlaşyn
Parsy bilen gürleşin.»
Läleden

   Ýalñyşmasam 1976-njy ýylyñ Sentýabr aýy bolsa gerek. Maşat universitetinde okap ýören ýyllarymdy. Bir gün öýleden soñra 3 dost bolup köçeden barýardyk, adama bir çüýşe bira içipdik, köçede aýdyma hiññilenip, arasynda  batlyrak ses bilen bir-birimize bir zatlary aýdyp öýe barýardyk. Birden üsti başly oñat geýimli, boýuny galstokly/kravatly birisi gelip: «Oglanlar, siz türkmenmisiñiz?» diýdi”, ”biz howa” diýp jogap berenimizde: «Bä, bu ýerde türkemenem barmy?» diýip ýene sorag berdi. Bizem bu ýerde okap ýörendigimizi aýtdyk. Şonda aramyza biraz dymyşlyk aralaşdy. Men öz ýanymdan: «Aý, bu daýy, orak ormak üçin kombaýyny bilen Türkmensähradan bu ýere gelip, iki-üç aý bäri türkmen görmän ýören bende bolmaly.» diýip oýlandym. Onýança ýanymdaky Toýjan: «ýöri, öýe gideýli, çaý-suw içeris» diýdi. Olam kabul edip biz bilen tirkeşip gaýdyberdi. Çaý-suw içenimizden soñra: «Howa, daýy nirden bolýarsyñyz, bu ýere näme iş bilen geldiñiz?» diýip, soradyk. Ol: «adym Ata familýam Berdiýev, Maşatda Şureviniñ Ingostrah şerketinde işleýärin. Etregiñ üstüne bend gurmak proýektimiz bar.» diýdi welin, biz serpmeden gaýdan ýaly bolduk. Gözümize ynanmaýardyk. Bir tarapdan ilkinji gezek bir Türkmenistanly görenimize begenjimizden el-aýagymyzy ýitirdik, aýry tarapdan rejimiñ SAVAK(Sazmaan-e Amniýet ve Ettelaat Keşver سازمان امنیت و اطلاعات کشور) diýen howply gullugyndan gorkardyk. Bu ýawuz we gizlin edara, entek bahana bilen adamlary tutup, gynaýardy, ylaýta-da studentlere köp azar bererdi. Bu edara üçin bahana taýýardy: «sen çepçi, kommunist, rejimi agdarjak bolýarsyñ» diýp, studentleri ýörite niýetlenen öýlere alyp gidip, agyr gynag astyna alýardy, urup, horlaýardy. Şondan bir-iki ýyl öñ Maşat universitetiniñ Edebiýat fakutetinde taryh bölüminde okaýan bir Türkmen ýigidi(A.O), Kümmetgowuzdaky dostlaryna hat ýazyp, hökümetiñ gadagan yglan eden haýsydyr bir-iki sany kitabyñ adyny tutup, şolary okamagy maslahat berenmiş. Bu hat gizlin gulluklarynyñ eline düşýär, netijede bu we Kümmetden 19 türkmen tussag edilip, eneçeme aý Sary we Gürgeniñ zyndanynda oturýar. Meñ özümede olar bir-iki gezek göz dagyny beripdiler. Garaz, näme bolsa şol bolsun diýp, Ata aga bilen arkaýyn oturşyp, çaý-suw edindik. Gaýtjak mahaly işleýän edarasynyñ adresini berip: «oglanlar, sagat 12:30-da goñşy edaralarda işleýänler, işi bes edip gidýärler, siz şondan soñra arkaýyn bina girip, ýanyma gelip bilersiñiz» diýdi. Bir gün men Toýguly we Şagylyç üçümiz, Ata aganyñ işleýän edarasyna bardyk. Ata aga bizi gören badyna ýerinden turup, salamlaşyp, ýagşy garşy aldy. Biraz gümür-ýamyrdan soñ, iş stolynyñ çekerinden bir çüýşe arak bilen pisse çykardy. «Alyñ, ýigitler, muña bugaýdan ýasalan rus vokdasy Piçenişna diýýärler» diýp, herimize ýarym stankan arak goýup berdi. Soñra Türkmenistan hakynda, Aşagabadyñ günsaýyn ösüşinden gürrüñ berdi. Bizem Türkemnistan barasynda sorag üstüne sorag ýagdyrýardyk. Wagt birçene gelenden soñ, turmak üçin rugsat aldyk, hem-de ýene bir gezek öýe nahara çagyrýanymyzy duýdurdyk. Ata aga minnetdarlyk bilen kabul etdi, bizem soñra çykyp gaýtdyk.

   Wadaly gün ýetip, Ata aga biziñkä myhmançylyga geldi. Biz iki student bolup bir jaýda ýaşaýardyk, ýene-de birnäçe ýagşy görýän dostlarymyzy çagyrdyk. Palaw bişirip, myhmany garşy aldyk. Bilelikde surat aldyrdyk, ýagşy wagt geçirdik. Gatnaşyklar birnäçe gezek gaýtalandy, indi has içginräk söhbet ederdik. Bir gezek Ata aga jübsinden bir suraty çykaryp: «ynha, bu meniñ oglum, ady-da Batyr» diýp, bir ýaşajyk oglanyñ suratyny gördük. Indi, görsem Türkmenistanyñ Vienadaký ilçisi, Türkmenistanyñ Ýevropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndaký wekili, Boris Şyhmyratovdan soñ, 2000-njy ýylda 6 aýlap Türkmenistanyñ daşary işler ministeri  bolup işlän, soñra töhmet atylyp türmä düşen Batyr Berdiýev, şol Ata Berdiýeviñ ogly ekeni. Ata aga özünyñ Saryk taýpasyndandygyny we gurulşyk injinýeridigini gürrüñ berdi. Medisina fakultetinde okaýan Hajymuhammet Satlygy diýen dostumyz: «Ata aga, geljek tomus öýlenýärin, şu mahaldan sizi toýuma çagyrýaryn, toý Bendertürkmende bolar.» diýip. Ata aga ýüzlendi. Ol hem göwün hoşluk bilen: «Nesip bolsa hokman bararys.» diýdi. Bir gezek oturşygymyzda, aragy köpräk içen birimiz: «Dostlar, şu Türkmenistanda oglanlar sünnet edilmeýär diýp eşitdik, şu Ata agañky nähilikä, geliñ şuny bileýliñ» diýp Ata aga garşy eñterdi, ol pahyram: «Ýok, duruñ, oglanlar, bizem musulman çagasy, bizde hemme zat edil siziñki ýaly» diýp, onuñ elinden sypdy. Garaz, hezillik boldy. Hemmämiz hoş bolup, üşüp-çaşyp ýörerdik.

  Gelen tomusda, Hajynyñ toýuny tutmak üçin Benderşa-da olaryñ öýüne bardyk. Hemmämiz dört göz bolup, Ata aganyñ gelerine garşýardyk. Agşam nahar çekilip başlandy welin Ata gadan habar ýokdy. Biz: «aý, işi çykandyr-da» diýşip otyrkak, birden Ata aga, geldi. Hemmämiz turup, hormatly myhmanymyzy garşy aldyk we ondan näme üçin giýjä galanyny soradyk. Ol: «wah, menä ir gelmelidim welin, Tehrandan gelşime, Kürtkuýden bärik, Bendere sowlamda, bir polis maşyny ýolumy kesip: «Dogry Maşada tarap gitmelisiñiz» diýdi. Men olara: «Benderde bir dostumyñ toýy bar, şoña görünjek» diýemde, «ýok, siz daşary ýutly diplomat, şoña görä, biz sizi kontrol etmeli» diýp jogap berdi. «Nätseñiz-de men-ä şol toýa barjak diýp gaýdyberdim, olram biraz yzyma düşdüler, soñra galdylarmyka diýýärin» diýdi. Bizem Ata aganyñ gelenenine hoş bolup, giýjäniñ bir mahalyna çenli şagalañy dowam etdirdik. Ertesi gün myhmany ugratdyk.

   Ýene okuwlar başlandy. 1978-njy ýylyñ sentýabr aýynda Maşat Hurasanly şahyr Ferdowsiniñ ýübleýi geçirilýärdi. Bir gün gazetde, Aşgabatdan sazanda Akmyrat Çaryýeviñ Maşada gelendigine gözüm düşdi. Bu habary buşlamak üçin Ata aganyñ edarasyna tarap ugradym, görsem Ata aga ýanynda birisi bilen edarasyndan çykyp gelýär. Salamlaşanymyzdan soñra: «Bu ýigide, Gurban diýýärler, Gurban Aganýazov. Ol meniñ ýerime geldi, men ýakyn günlerde ýurda dolanyp gitmeli» diýp, meni Gurban bilen tanyşdyrdy. Soñra men oña: «Ata aga, Akmyrat Çary gelipdir, habaryñyz barmy» diýemde, «howa, habarym bar, häzir onuñ bolýan oteline barýarys, ýöri gitseñ» diýdi. Menem olar bilen otele tarap gitdim. Baryp Akmyrat bilenem salamlaşyp, birnäçe gezek surata düşdük. Şol güni, şäheriñ daşyndaky Ferdowsynyñ movzeleýniñ parkynda, Eýranyñ dürli welaýatlaryndan getirlen göreş pälwanlary, bagşy-sazandalary, kyssaçylardyr-şahyrlaryñ çykyşlaryny diñlemek üçin bardyk. Şonda Türkmensähranyñ Aýderwiş/Kelale şäherinden bagşy Arazmuhammet Bahoşy-da aýdym aýtdy. Goçandyñ Deregez şäherinden tamdyrasynyñ kirşi ýüpkden bolan Owülýaguly bagşy-da çagyrlypdy. Ol, Änew, Damana ýolundan aýdym aýtýardy. «Ýol beriñ gyzlar geledi» diýen belli aýdymy bardy. Mämedreza şanyñ aýaly Farah Diba, bu iki türkmen sazandasy- Akmyrat bilen Öwülýagulyny- ýanyna çagyrdyp, olaryñ sazlaryny ýörite diñlänmiş. Agşamsy Maşadyñ medesin merkeziniñ uly zalynda Akmyrat Çary çykyş etdi. Onuñ çykyşy üç giýjeläp dowam etdi. Zalyñ içi türkmenlerden dop-doludy. Kümmetgowuzdan birisi, onuñ terjimeçisi bolup, adamlaryñ isleglerini sazanda ýetirerdi, hem-de pars dilinde indiki çaljak zasyny annons ederdi. Kolhoz gurluşy ýyllarynda Türkmenistandan gaçyp gaýdyp, indi bolsa Maşatda ýaşaýan adamlar-dogrusy goja ýaşulylar, öñ hatarda otrup, ellerindäki ýaglyklary bilen göz ýaşlaryny sylyp, dymyp saz diñleýärdiler, arasynda: «Sagja bol, köp ýaşa» diýerdiler. Birisi: «Akmyratjan, şu Köne güzeri-de çalyp berseñ» diýp ýüzleneni şu gün ýaly ýadymda. Konsert gutaranda, öñ alan we üstüne «Türkmen studentleriniñ» adyndan ýazgyly uly gül destesini gowşurmak üçin keteni köýnek geýnen bir türkmen gyzyna berdik. Ol ýerinden turup, güli Akmyrada gowşudy we oña işlerinde üştünlik gazanmagyny diläpdir. Sazanda-da onuñ elini gysyp, Tañyr ýalkasyn aýdanmyş. Üç giýjeläp, adamlar ýadaman konserte gatnaşdylar. Nämäniñ nämedigini bilmän, parslaryñ aýdym-sazlarydyr tanslarydyr oýedip gelen pars maşgalalary-da bardy. Akmyrat arasynda ýeñil aýdymlary-da sanap bererdi. Her gezek sesi badlananda, ýa-da juk-juga başlanda, parsyñ çagalary gorkupmy, nädipmi sesleriniñ çykdygyndan bagyryp aglaýardylar.

   Ata aga eden sylag-hormatymyzy, Gurban Aganýazovada etdik. Olar, Şureviniñ kosulhanasynyñ ýerleşýän ýeri bolan «Baag-e huny»da ýaşaýandyklary üçin, bizi ol ýere alyp gidip bilmezdiler. Şol 78-nji ýylyñ güýzinden başlap, Eýranyñ dürli şäherlerinde rejime garşy protest mitingler, demonstratsiýalar we halk gozgalañy başlandy. Ylaýta-da Maşatda gazaply ýörişler bolardy. Şanyñ esgerleri, adamlary rehimsizlik bilen oka düzýärdi. Şäherde, kamindat sagat yglan edilip, giýjelerine köçä çykmak gadagandy. Azyk-imit we maşynlara hem-de öýleri ýylytmak üçin gerekli ýangyç gahatçylyk edip başlady. Bir gün Gurban gelip: «Meni Tehrana çagyrdylar, göýe Eýrany terk etmegimiz gerek, ýöne Tehrana aşar ýaly benzin tapyp bilmän kösenip ýörin, tanyş-bilşiñ bar bolsa, hany gaýrat et» diýdi. Mende «Bolar» diýp, elleri tüpeñli hatar-hatar duran esgerlerden çekine-çekine, baryp bir tanşyñ üsti bilen Tehrana aşar ýaly oña banzin alyp berdim. Bu zatlary agzamagymyñ sebäbi bar, ony soñra aýdaryn.

  Rejimi protest edip, studentler universitetlere barmadylar, okuwlar ýapyldy. Menem obama dolanyp bardym. Oba adamlara ýurtda bolup geçýän ýagdaýyñ sebälerini düşündirjek bolup kösenýärdim. Özümi bilermen saýardym. Şol günler televizýoniñ antennasyny uzyýn agaça baglap, Aşgabatdan berilýän gepleşikleri diñlärdim. Biriki gezek, Türkmenistanyñ «Dostlyk jemgiýetinden» ýazan hatyma jogap berilip, gazet-jurnal we kitap iberdiler. Bir gezek, Ata aganyñ hem-de Gurban aganyñ nirdegini soramda, hata jogap ýazan Gurban Aganýazov, Ata aganyñ iş bilen Täjigistana gidip, ol ýerdedigini ýazdy.

Yslamy hökümetiñ döremegi,
 Türkmenistana bosa-bosgunlygyñ artmagy
 
                                                                  ”Gyryldy zynjyrlar, üzüldy gamçylar,
                                                                   Azat boldy bu gün garyp daýhanlar”
                                                                                                                      A.Gürgenli

  1978-nji ýylyñ 11-nji Fevralynda/ 22 Bähmen 1357ş-de Eýranda patyşalyk/ monarkiýa düzgüni agdarlyp, ýerine Yslam respublikasy oturdy. Edil şu gün ýaly ýadymda, Türkmensähranyñ bütin oblaryndan adamlar topar-topar bolup, araçäge tarap gitdiler. Köplenç balykçylardy. Ýöne aralarynda men ýaly, Etregiñ añyrsyny görmäge zarlarda bardy. Şonda ilkinji gezek Türkmenistaniñ topragyna gadam basdym. Köp otluk hem çaýylyk ýerlerdi. Ote-çöpe baý topragy görüp geñ galdyk, sebäbi bärde goýuna otlara ýer goýman köpüsi, ekerençylyk ýerlere aýlandyrylypdy. Biraz egelenip, eglenmänkäk, rus saldatlary ýanyndaky itleri, depeden bolsa vertolýotlary bilen ökjämize düşdüler, bizem kä otlaryñ arasynda gizlenen bolup, gaçyp öz tarapymyza geçdik.

  Universitetler gaýtadan açyldy, okuwlar başlandy. Maşatda ýörkäm, avtonomýa isläp köçä çykan Türkmenler bilen merkezi hökümtiñ arasyndaky dartgynly ýagdaý möwç alýardy. Şol ýylyñ 26-njy Martynda/ 1358-nji ýylyñ Ferverdin aýynyñ 6-synda Kümmetgowuzyñ «Milli parkyna» ýygnaşan Türkmenlere, Eýranyñ dürli şäherlerinden getirlen «ynkylabyñ sakçylary/pasdarlar» asuda geçyp duran mitinge ýygnanşanlaryñ üştune ok açdy. Onlarça adam ölüp, köp sanly günäsiz adam ýaralandy. Türkmenler haýal edmän ýaraglanyp, olara gerekli jogaby berdiler. Türkmenler tarapyndan döredilen «Medeni we Siýasy Ojak» we «Oba Şuralaryñ merkezi karargähi ستاد مرکزی شوراهای ترکمنصحرا  » ýaly guramlar, 11 aýlap Sähranyñ kontrolyny öz elinde saklamagy başardy. Şu möhletiñ dowamynda basylyp alanan ekerançylyk ýerler, gaýtadan hakyky eýelerine gowşuryldy, balykçylar, dokmaçylar öz şuralaryny dörtdiller. Oba ýerlerde abadançylyk işler alnyp baryldy. Medeniýet ugurda-da deñi-taýy görülmedik işler edildi. «Folklorik kanun» esaslandy, aýdym-saz, läle-hüwdi we folklorik döredijilik janlyp başlady, klassik şahyrlarymyzyñ eserleri çap edildi. Bir söz bilen aýdylanda, on ýyllyk ýol on aýda geçildi.

   Obamyzda ”Kanun” tarapyndan açylan kitaphanada ýaşlary kitap bilen gyzyklandyryp, olara dürli temadan gürrüñ berýärdim. Kitaphanany ýegenim Kaka(Abdulmelk) bilen dolandyrýardym. 1980-nji ýylyñ güýzünde esgerlige gitdim. Pasdarlar Sährany basyp alandan soñra oba kitaphanalar-da ýapdyryldy.

   Bular ýaly ösüş-özgerişleri görüp, çydap bilmedik merkezi hökümet, 1980-nji ýylyñ 8-nji Fevralynda ýene bir gezek Kümmetgowuza ýaragly güýçlerini sürdi. Deñ bolmadyk söweşde, onlarça türkmen öldi, köpüsi tussag edilip, soñra ölüm jezasyna höküm edildi, birnäçesi bolsa pars otrumly şäherlere sürgün edildi.

   Türkmenler tarapyndan döredilen milli guramalar, oba şuralary, hatta «Yýl güýji», «Türkmensähra habarnasy» ýaly neşirleriñ çap edilmegi gadagan edildi. Bedelje diýen oba, edil 1925-nji ýylda Yrza şanyñ döwründe Sallah-yñ od berilişi ýaly, kül edilip, sowruldy.

  Dokuz aýlap Sährany öz kontrolynda saklap gelen güýçlere ýolbaşyçylyk eden Şirmuhammed Tumaç, Hekim Magtym, Tuwakmäd Wahedi, Söýün Jürjany dagy namartlarça ogurlanyp, gorkaklygyñ mysaly hökmünde sudsyz- dadgahsyz, giýjäniñ garañkylygynda dogram-dogram edilip öldürildi we jesetleri Gülüştan tokaýlygyna atyldy. Türkmenleriñ aýaga galmagyndan gorkan hökümet, bu ajy wakanyñ üstüni basyrmak, hem-de onuñ unudylmagy üçin porsat gözleýärdi. Her gün bir bahana tapyp, bolan jenaýaty, onuñ, munuñ üstüne atýardy. Yslamy hökümet, Türkmensährede dogurdanam terror howasyny, gorky atmosferasyny döretdi. Toýlar, ýaslara öwrüldi, bagşylaryñ tamdyralary owradylyp, olara, şäher ortasynda dürre/gamçy urýardylar. Gadyr giýjelerinde läle kakýan gyýzlara azar bererdiler, balykçylar rehimzizlik bilen oka düzülýärdi. Ýadymda bir gün Akgaladan bir avtobus doly türkmen ýigitlerini tutup, Gürgeniñ «Buýeh» zyndanyna atdylar. Kümmetden bolsa her gün bir türkmen ýigidiñ atylyp öldürlen habary gelýärdi. Bir gün Abdylla Gyzyl, bir gün Meretgeldi Bidar, başga bir gün Hally Hallyzadeh(Algyr), Ybraýym Nedimi, Arça Besiri, Hezretguly Kör, Hamyd Ferjad, Gürgen Bähelke, Änin Göklany, Ýakup Kürt…beýle ajy habarlara ýürek çydamaýardy.

   1980-nji ýylda okuwmy tamamlamdan soñra, ilki Tehrana, soñra Tebrize, harby gulluga gitmeli boldum. On sekiz aýdan soñra, Türkmensährada höküm sürýän ýawuz ýagdaý ýüzünden Tehranda galmagy mahul gördüm. Gulluga gitmezden ozal, oba şurada aktiv hereket edenim üçin, Sährada tanalýardym, ýöne ol wagtlar, hökümetiñ gizlin gulluklary onçakly güýçli bolmanlygy üçin, başga şäherlere gidenleri tanap durmaýardylar. Tehranyñ garyp mähellesi bolan ”Nazy abatda” resmi bolmadyk suratda orta mekdepde mugallym bolup işe alyndym. Şondan iki ýyl öñ öýlenipdim we aýalym Ejegülde indi maña goşlupdy. Bir otagly jaýy kireýne alyp ýaşaýardyk. Mundan bir ýyl geçipdi. 1983-nji ýylda milli şahyrymyz Magtumgulynyñ 250 ýyllyk ýaş toýuny bellemek üçin, Kümmetgowuzyñ ýaşullary, adamlary Akdokaýa çagyrdylar. Şol dabara gatnaşmak üçin Türkmensähra gitdim.

   Akdokaý märeken hym berýärdi. Adamlar içmeklerine dolanyp, depeleriñ hem baýyrlaryñ üstünde agşamlaryny geçirip, ertirki geçiriljek dabara garaşýardylar. Sähranyñ her künjünden adamlar gelipdiler. Hökümetiñ gizlin gulluklary-da gelip, çem gelen ýerde adamlary surata düşürýärdiler. Men birnäçe ýoldaşym bilen minibus bilen bir giýje öñ Akdokaýa barypdyk. Ol ýerde agaç öýler dikilip, birsinde bagşylar aýdym aýtýardylar, birsinde dessançylar aldygyndan Göroglydyr başgalardan gürrüñ berýärdiler, beýlekisinde Magtymgulyhonlar, şahyryñ goşgularyny okaýardylar. Garaz, diýseñ gözellikdi.             

     Ertesi dabara başlandy. Ozaly bilen karylar Kurhandan aýatlar okadylar, soñra görnükli ruhany we Magtymgülyşynas Abdyrahman ahun Teñli(Tana) Şahyryñ ruhany we dini taraplaryny wasp edip, goşgularynyñ pelsefesi düşunirmäge syýnanşdy. Soñra gezek şahyrlara ýetdi. Settar Sowgy Şahyryñ «Essalam eý äl-ul gubur» diýen şygryny okandygy ýadymda. Ylgama ýaryşy geçirildi. Bir ýandan bolsa gazan-gazan palaw bişirilýärdi. Nahar wagtyna garaşylýardy. Birden-de gara tupan ösen ýaly bolup, gazanlara atarylmaly tüwiler, ýere serpildi. Bir baksam, hökümetiñ ýaragly güýçleri: «adamlar, indi bes ediñ, dabara tamam boldy» diýp, gelen myhmanlary kowup başlady. Olar serhet ýakasynda beýle ýygnanşygyñ, rejim üçin howply boljakdygy bilen märekäni dargatmaga synanşýardylar. Ýaşullaryñ töwellasy-da peýda bermedi. Şeýdip, milli şahyrymyzyñ 250-nji ýyllyk dabarasyny gödeklik bilen dargatdylar. Geñ tarapy, Türkmenistan öz garaşyzlygy jar edip, her ýylda resmy suratda Türkmenistaniñ döwlet işgärleri Akdokaýa gelip başlandan soñra, Eýran hökümeti. Magtymgulyny, Eýranyñ musulman şahyry diýp kiçi dilden hormatlankiş bolýar.

  Dabaradan Tehrana öwürlip gelemde, mekdebiñ müdiri meni ýanyna çagyryp, öñüme şol dabarada çekilen suratymy atdy-da: «Mundan buýana bu mekdepde işläp bilmeýäñ» diýdi. Menem çäresiz kabul etmeli boldum. Ýokarlara şykaýat edeýin diýsem, bir tarapdan resmi işe alynmanlygym bardy, aýry tarapdan, rejime wehim salýan dabara! gatnaşanym bardy. Bi-alaç paty-putularymy dañysdyryp, obamyza göçüp geldim.

Öñki dostlaryñ gözleginde
                                                               ”Ne safaly günmişdik deñ-duş bile baş goşan,
                                                               Başyñ al git, kowuldyñ, ne dost bildiñ, ne duşman…
                                                                                                                                 Magtymguly

   Türkmensähra dolanyp gelemde, rejimiñ döreden terror atmosferasy azajyk-da bolsa köşeşene meñzeýärdi. Häkmiýet organlary Sähranyñ ähli ýerlerinde ýagşy ornaşypdy. Rejim indi garşysyna baş göterip biljek güýjüñ ýokdugyna mahul göz ýetirip, irişmäni biraz gowşadypdy. Zyndana atylan ýigitler, ökünç haty ýazyp, munda beýläk rejime wepaly bolamk barasynda dil haty beren ýagdaýlarynda− elbetde howply! bolmadyklary− azatlyga goýberýärdi. Azat edilenleriñ arasynda Sapar Ensary (Körlerden) bilen Nurmuhammed Aşyrpur (Düýejilerden) dagy bardy. Tudeh partyýasyna agza bolan we 1948-nji ýyllarda Türkmensähradan Türkmenistana sygnanlardan bolan bu iki adam, 1979-da Yslamy ynkylap ýeñiş gazanandan soñra, dogduk dyýarlaryna öwürlip gelipdiler. Şol wagtlar Türkmensährada siýasy hereketler möwç alýardy. Bir ýandan «Halkyñ Fedaýylar guramasy», aýry tarapdan «Tudeh partyýasynyñ» tarapdarlary özlerine simpatziýalar tapyp, bir-birine bäsdeş hereket edýärdiler, bulardan başga-da ownuk-uşak siýasy toparlanşyklar-da ýok däldi.

   Kümüşdefeli Sapar Ensarynyñ gelenini eşiden Gaýyp daýymyñ doganlary, haýal edmän onuñ ýanyna baryp, ýitenlerini soradylar. «Gaýyp Täjigistanyñ paýtagty Duşenbe gitdi. Taryh fakultetine girdi. Biriki gezek bizi görmek üçin Aşgabada geldi. 1956-de okuwny tamamlap, täze işe başlajak mahalynda, gyşyñ güni kömürden syzan gaz onuñ ömür tanabyny kesdi. Mazary-da şol şäherde galdy» diýp, Sapar aga jogap berýär. Olaram boýunlaryny büküp, oba dolanyp gelip, merhumyñ hormatyna aýat-sadaka berýärler. Şondan bir aý geçip, geçmänkä Patma daýzamyz-da amanatyny tabşyrdy. Gaýyp daýymyñ Hydyr we Ylýas diýen ogullary bolsa şondan 20 ýyl ozal Mazenderanyñ pars otrumly Behşeher diýen şäherine göçüp gidipdiler. Sebäbi, Türkmensährada olara «atañ kommunist» diýen igenç sözler artýardy. Olar häzirem şol şäherde ýaşaýarlar. Gaýybyñ ady dakylan Hydyryñ ogly bolsa doktor/wraç bolup ýetişdi. Şol 47-nji ýylda Türkmenistana sygnanlaryñ hemmesi diýenýaly ýañy öýlenen ýigitlerdi we yzlarynda bir ýa-da iki çaga taşlap gitmäge mejbur bolupdylar. Sapar aganyñ-da Ata diýen ogly bardy. Ol Tehran universitetinden sosýologiýa ugrundan okuwny tamamlady, ýöne SAVAK dädesi ýüzünden oña az igenmedi. Yñkylabyñ öñ ýanynda ol Kümüşdefäniñ magaryf edarasynyñ başlygy boldy. Bir gün Ata, dädemiñ müdürlik edýän mekdebine geldi. Ol wagt şah rejimi agdarylmandy. Dädemi görmek üçin menem mekdebe barypdym. Şonda Tudeh partyýasy tarapyndan daşary ýurtlarda neşir bolýan «Dünýä» jurnalynyñ bir sanynda Sapar aganyñ «Türkmenistanyñ 50 ýyllygy» barasynda ýazan makalasyny tapyp okaýardym. Men ýuwaşjadan şol jurnaly dädeme berip, ony Ata görkezmegini isledim, ol bolsa ony görse-de görmedikkiş bolup, ýüzüni sowdy. Nurmuhammed Aşyrpudan perzent bolmady. Ýöne Amanmuhammed Yslamy Türkmenistana geçende yzynda Ýüsüp, Ahmat diýen ekiz ogulalry galypdyr. Ýalñyşmasam 1970-nji ýyllarda araçägiñ ýakasynda kombaýynda işläp ýören we dädesiniñ hasratyna zar bolup ýören Ahmat, araçäkden ötüp, atasynyñ ýanyna barmagy başarypdyr. Onuñ ykbaly barasynda soñra gürrüñ bererin.

  Howa! Sapar bilen Nury däde Türkmensähra dolanyp gelenlerinden soñra Tudeh partyýasyna bolan wepadarlyklaryny dowam etdirdiler. Ýöne siýasy hereketleriñ ýany bilen medeni ugurlarda-da alada edýärdiler. Sapar aga Bendertürkmende Türkmen dilini sapak berýän kursy ýola goýdy, Nury däde bolsa Berdi Kerbabýeviñ «Gyzlar dünýäsi», «Mollanepesiñ diwanyny» arap hatynda çapa taýýarlady, olary Muratdurdy Gazy çap etdirdi. 1979-nji ýylyñ Julý aýynda esasy kanuny düzmek boýunça Eýranyñ «Hobregan» mejlisi üçin saýlaw geçirlende, Sapar aga Bender we Kümüşdefeden kandidad boldy, Fedaýylar guramasyndan bolsa Şirli Tumaç bilen Hekim Magtym. Bular gereki sesi almagy başardylar, ýöne bolan galplyk ýüzünden şol mejlise girip bilmediler.

80-nji ýylda bolsa Türkmensährada eýýam hemme zat tersine döndi. Tutha-tutlyklar başlandy. Gapçalanlaryñ arasynda Sapar aga bilen Nury däde-de bardy. Sapar aga Gürgeniñ Buýeh, Nury bolsa Tehrana baranda avtobus terminlyndan göni Evin zyndanyna alnyp gidilýär. Olar 7-8 aý ýatanlaryndan soñra erkinlige goýberilýär. Men Nury agany ilkinji gezek Kümmetgowuzda halyçylyk ugrundaky bilermen Nazjan Niýazynyñ öýünde gördüm. Nazjan aga, 70-nji ýyllarda Owganystanyñ üşti bilen Aşgabada barandygyny gürrüñ berdi. ”wah Nury, biraz çekindim-da, ýogsam Aşgabatda sizi görübem biljekdim” diýdi. Ýalñyşmasam 1984-nji ýyllardy. Şonda Nury aga Seýdi şahyr hakynda işleýändigini we iki Seýdi şahyryñ bardygyny gürrüñ berip, onuñ birisiniñ Lebaply Seýdnazar Seýdi, beýlekisiniñ bolsa Etrekli Artykmuhammet Seýdi (Seýdi hoja)digini we onuñ bilen obadaş bolan Zelili-niñ Hywa ýesir alnyp gidilendigini aýdyp beripdi.

  Zyndandan çykandan soñra, Nury aga ýegeniniñ öýünde boldy, horrak ýaşaýardy. Keç ykbal oña ajap oýun oýnapdyr. Patyşalyk rejimi agdarylmazdan bir ýyl öñ, Nury aganyñ Kümmetgowuzdaky aýalynyñ hossarlary ondan talak hatyny aldyryp, bulary aýryşdyrýarlar. Bir ýyl soñra Nury aga Gaýradan öwrülip gelende, eýýam iş-işden geçip, aýalynyñ başgasyna äre berlendigini bilip galýar. Men biriki gezek Nury agany görmek üçin ýegenlerine barypdym. Bir gezek baramda, onuñ uzak ýere gidendigini we gaýdybam gelmejegimi aýtdylar. Soñra bilip galsam Nury däde ýene Türkmenistana gaçyp geçipdir.

 Zyndanda, Sapar agnyñ gan basyşynyñ öñüni alýan dermany berilmäni sebäpli, gan basyşy gözüne urup, gözi görmez ýagdaýda Kümüşdefedäki ogly Atanyñ öýüne dolanyp gelýär.

  Şol günler men ýañy Tehrandan Türkmensähra dolanyp gelen wagtlarymdy. Tanyşlardan «hany T, B, Ý…» diýip «Kanun» we «Setatda» aktiv iş alyp baran dostlary soramda, başda bilemizok diýp jogap bererdiler, soñ-soñlar olaryñ Türkmenistana geçendiklerini eşitdim. Sürüden galan goýun ýaly, näderimi bilmän geziberdim. Bir ýandan işsizlik, bir ýandan geljege umyýtsyzlyk depämde gara bulut bolup oýnaýardy.

   Bir gün iş sorap, Kümüşdefä Ata Ensarynyñ ýolbaşçylyk edýän magaryf edarasyna bardym. Uzakradan tanyş bolanymyz üçin meni bir ýyl syýnag möhleti bilen işe aldy, şeýdip Kümüşdefe we onuñ töwereginde orta mekdep mugallymy bolup işe başladym.

   Okuw sapaklarymda başardygymdan Türkmenistan barasynda gürrüñ berýärdim. Şol wagtlar Kerim Gurbannepesiñ goşulary Sährada giýñden ýaýrap, el bilen arap hatyna geçirlip, öýden öýe ýaýradylýardy. Şahyryñ goşgularyny goltuk depderime ýazyp, mahal-mahal okuwjylaryma okap bererdim, giýje dostlar bilen oturşykda aýdyp bererdim. Türkmensähranyñ dürli ýerlerinde düşünjeli ýigitler, Türkmenistanda çap bolýan kitapdyr, gazet-jurnallary tapardylar. Tehranda bir ermeniñ kitap magazyny bardy, oña baryp «Soviet Edebiýati», «Edebiýat we Sungat» ýaly gazetlere ýazyldym. Gazetler Moskvañ üsti bilen Tehrana getirlerdi. Aşgabat radiosyny ürç edip diñlärdik, tutup bolan ýagdaýynda Türkmenistan televidniýesini tomaşa ederdik. Uly agaç dikip Aşgabady tomaşa edýänimi bilen Yslamy ynkylabyñ sakçylary/pasdarlar, ony aýyrmak üçin duýduryş berdiler.

  Şol döwürde serhediñ iki tarapynda ýaşaýan garyndaşlara, duwşuşmak üçin rugsat berilip başlandy. Şonda Türkmenistana gidip gelen ýaşlaryñ-da sany biraz artdy. Olar özleri bilen tamdyra, aýdym ýazgylaryny, bagşylar bilen durup alan suratlaryny, foto albomlary, gazet-jurnallary getirýärdiler. Ýöne nämedir hiç haçan Türkmenistana sygnan dostlarym barasynda habar gowuşmaýardy. Munuñ sebäbini soñra özüm ol ýere baramda bilip galdym. Howa olary-meni-de, baryp Owganystanyñ, Özbegistanyñ araçägine ýakyn Çärjewe eltip, göz tussagynda saklanmyşlar.

   Eýranda mekdepler 3 aý konikula/ dyýnjalyşa çykardy. Şol porsatdan peýdalanyp, universiteti tamamlamak üçin ýazan dessertatsiýamy kämilleşdirip ugradym. Onuñ temasy Türkmenleriñ taryhy hakyndady. 1976-njy ýylda okuwum tamam bolmazdan ozal, bir tema saýlap, okuw tamam bolýança ony işläp tabşyrmalydy. Men Türkmenleriñ taryhy diýen temany saýladym. Mugallym-da kabul etdi. Bir gün dekanyñ başlygy meni otagyna çagyrdy. Giremde, iki sany adam-da bardy. Olar gara eşikli, gözlerine-de gara äýnek dakypdylar. Olaryñ ýörite gullukdan bolandygyny meniñ studentlik duýgularym aýdyp berdi. Bölüm başlygy: «bu jenaplar seniñ bilen özara gürleşjekler» diýp, otagdan çykyp gitdi. Olar maña näme üçin dessertatsiýamy Türkmenler barasynda saýlandygymy soradylar, menem Türkmen bolanym üçin, öz taryhymyzy bilesim gelýär diýp jogap berdim. Onda olar, başga zatlar hakynda ýazmagymy teklip etdiler, men boýun bolmadym. Ahyrynda: «bolýar, Türkmenler hakynda ýaz, ýöne onda Pählevi döwründe Türkmenleriñ gaty ösendigini ýörite belle, eger şeýtseñ, onuñ çapy üçin saña pul kömegini bereris» diýdiler. Men-de olar bilen gaýzalaşyp durmaýyn diýp, «oýlanyp görerin» diýp çykyp gaýtdym. Şondan bir ýyl geçensoñ patyşalyk rejime garşy bütin ýurtda aýaga galmalar başlandy, menem dessertatsiýamy öz isledigim boýunça ýazyp, iñ ýokary baha ýagny (A) bilen tabşyrdym.

   Şol işim 70-80 sahypadan ibaratdy. Indi ony kämilleşdirmek üçin amatly pursat gelipdi. Ozaly bilen Hazar deñziniñ ýakasyndan başlap, Jergelana çenli Türkmenleriñ durmuşyna degişli dürli pursatlardan, taryhy mekanlardan, etnografiýa degişli simbollariñ ähisini surata düşürdim. Soñra ýaşullar bilen söhbetdeş bolup ýakyn taryhymyz barasynda maglumat ýygnadym. Tehrana gidip, gadymy dokumentleriñ saklanýan merkezi edaradan Türkmenlere degişli hat-petekleri kopiýa edip aldym, ýöne haýyp, «Tehran universitetiñ» kitaphanasyndaky gadymy gazetleri görüp çykmaga pursatym bolman, ýurtdan çykmaly bolupdym. Şeýdip «Türkmenleriñ taryhyna gysgaça syn» atly işim 1986-njy ýylda Tehranda pars dilinde çapdan çykdy. Munuñ ýany bilen, içeri işler we magaryf ministerliklerindäki dokumentler esasynda ýörite bir işi-de taýýarlap, çap etmäge rugsat almak üçin «vezaret-e ferheng ve erşaada وزارت فرهنگ و ارشاد اسلامی» tabşyrdym. Ýöne olar ikinji işimiñ çap edilmegine rugsat bermediler we onuñ el ýazmasyny-da gaýdyp bermediler. Ýöne men tabşirmazdan ozal ondan bir nusga kopi edip alypdym.

   Mekdep sapaklary tamam bolandan soñra, ýa-da dynç günleri Kümüşdefede ýaşuly adamlaryñ ýanyna baryp, başdan geçiren ýagdaýlary we taryhy wakalar hakynda sorardym. Kümüşdefäñ belli ýaşulylaryndan Nury Mahdum diýen birisi bolup geçipdir. 1925-26−njy ýylalrda, Yrza şanyñ hökümeti, Türkmenler berk kontrol astyna almagy üçin, ondan oña göçmekleiniñ öñüni alyp bir ýerde oturmaklary siýasatyny alyp barýardy. Hökümet bu işini Nur Mahdum ýalylaryñ üşti bilen amala aşyrýardy. Şol Nurynyñ agtyklarydan bir gyz meniñ şägirdimdi. Bir gün olara baryp, gadymy zatlardan soramda, maña täsin bir suraty görkezdiler. Ol surat Nur aganyñ ogly Musanyñ Moskvada düşen suratydy. 1932-nji ýyllarda doglan Musa, okuwny tamamlandan soñra Kümmetgowuzda dogluş şyhadatnama berýän «Sebt-e ahwal ثبت احوال» edarasynda işleýär. Musa, 1961-nji ýylyñ fevralynda, Eýranda KGB-niñ agenti bolup işleýär diýlen birsi bilen «Ýalkap gassap» bilen bilelikde Kümmetgowuzdan Türkmenistan geçýär. Ýalkabyñ, 1950-nji ýyllarda Türkmenistandan Kümmete sygnan Arazmuhmmet Tekäni atyp öldürendigi-de aýdylýar. Türkmenistanyñ KGB-siniñ yzarlamalaryna uçran Musa soñra Azerbegjana gidip, ol ýerde Radiologiýa ugrundan okuwny tamamlanýar. Musa bir rus aýaly bilen öýlenýär. Ondan bir gyzy bolýar oña «Iran» diýp at dakýarlar. Yzarlamar zerarly birnäçe gezek daşary ýurtlara gitmegi ýüregine düwýär, hatta Aljyrdan viza alýar, ýöne çykyp gitmäge rugsat berilmeýär. Aşgabatda Nury Aşyrpuryñ maña aýtmagyna görä, Musa soñky döwürlerde köp arak içip ugraýar. 1991-nji ýylda Türkmenistan garaşsyzlygyny jar edenden soñra Musa Nebitdaga göçüp gelýär we ömrüniñ ahyryna çenli ýagny 1997-nji ýylyñ fevralyna çenli bu ýerde ýaşaýar. Şol senede aradan çykan Musa Mahdumy, Esengulynyñ gonomçylygynda jaýlaýarlar.

  Kümüşdefede şeýle-de indi öz ogly Atanyñ öýünde ýaşaýan Sapar Ensarynyñ ýanyna barardym. Bu adam milli şahyrymyz Magtymgulyñ goşgularynyñ üstünde Türkmenistanda köp ýyllap işländigini we alym aýaly Zylyha Muhammedova bilen klassiki eserler barasynda köp kelle döwşendigini ýöne şol wagtky Türkmenistanyñ şertlerinde çap edilmegine rugsat berilmändigini aýdyp berdi. Ol öz işlerini ýany bilen alyp gaýdandygyny we amatly pursat gelende Eýranda çap etdirmek maksadynyñ bolandygyny aýdyp, birden-de başyny ýaýkady: «hä, näme boldy Safar däde» diýdim. «wah, biziñkiler gorkak bolýar-da. 4-5 ýyl mundan ozal meni tutup alyp gidenlerinde, öýdäkiler bar kitaplarymy, şol sandan Magtymguly hakyndaky el ýazgy işlerimi sygyr ýatagynda gömüpdirler, soñra açyp görsem, barysy erip, zaýalanypdyr» diýip ahmyrly gürrüñ berdi. Şonda beýle işleriñ meniñ başyma gelendigini-de aýdyp berdi. Bir mahal Gaýyp daýym tutulanda, onuñ dädesi Sähet aga baamda gizlenip goýlan kitaplaryny tamdyrda ýakyp, aýaly Enekäniñ şol od bilen çörek bişirendigini ejem gürrüñ beripdi. Şol wagtlar «Türkmen sesi» diýen gazet çap bolupdyr, indi şondan dermanlyk üçin ýekeje nusgasyna-da gabat gelnenok.

   Sapar aga «hiçden giýç ýagşy diýpdirler» diýp, «hany, aç bakaly Magtymgulyñ kitabyny» diýerdi. Onuñ gözi görmeýärdi. Menem Kümmetgowuzda Gazynyñ çap etdiren «Magtymgulynyñ kämil diwany» diýen kitabyny açyp, goşudan biriki setir okamda, «bu Magtymgulyñky, bu Gylyç Mülliñ bereni, bu Molla pürliñki, baý, bu goşgy Görogly-da bar, bu Molla nepesde-de bar, bu goşgy Seýdi hojañ «goşa pudagyndan» diýp goşgulary ýekän-ýekän bellik etdirip çykdy. Men Sapar aga Türkmenistana gaçyp gitjekdigimi aýdamda, başyny ýaýkap: ”wah, oglum, ýalñyşma, sen bu ýerde ”erkin gazaksyñ”, gitmegiñi sala bilmeýärin” diýdi. Garaz bu geliş-gidişleriñ netijesinde mende Magtymgulyny öwrenmek höwesi günsaýyn artdy. Nirdesiñ Jergelan diýp, Gerkez obasynda Ata işan we onuñ Magtymguly hakynda köp rowaýatlary bilýän merhum Gara işan (Muhammedi) bilen tanyş boldum. Şahyr barasynda kän zatlary öwrendim. Ata işanyñ aýtmagyna görä olar Magtymgulyñ dogany Gahyýr guluñ nebireleri eken. Olar Eýrana geçmezden ozal Garrygalanyñ Gerkez obasynda ýaşapdyrlar. Bolşevikler gelende Eýrana aşmazlaryndan öñ, bir sandyk doly kitaby, şol sandan Magtymgulyñ golýazmasyny obañ ýanyndaky depäñ üstünde gömüp, yzy belli bolmaz ýaly üstünde goýun sürsüni ýatyrypdyrlar. Türkmenistan garaşsyz bolandan soñra Ata işan her ýyl diýen ýaly Türkmenistana baryp gelýär, şol gömülen hazynanyñ tapylyp tapylmandygyny bilmedim.

  Seýdip Türkmensährada işläp ýördim. Şol wagtlar Aşgabat radiosyndan «Meniñ watanym» diýen gepleşik berilýärdi. Şonda daşary ýurtlarda ýaşýan Türkmenler hakynda söhbet edilýärdi, diñleýjileriñ ýazan hatlary okalýardy. Ony Muhammet Muratlyýev alyp barardy. Bir gezek radio hat ýazyp, Aşgabatda Göroglynyñ ýadigärliginiñ bolup bolmanlygyny soradym, şonda ýokdugy aýdyldy. Geñ galdym. Soñra Gaýybynyñ goşgusy bolup, Magtymgula berilen «Saz bilen söhbete ýaman diýmäñler…» goşgunyñ kimiñkidigini soradym. Abdyrahman Mülkimanov gelip, ol goşgunyñ Magtymgulyñ-kydygyny aýtdy, ýene geñ galdym.

   Garaz, ýatsam, tursam hyýalym Türkmenistandady. Kitabym çap bolandan soñra, Türkmensährada il arasynda köp tanalyp başladym. Şol wagtlar toýlarda bagşy aýtdyrmak gadagan edilipdi, onuñ ýerine goşgy aýdylýardy, ýaş şahyrlar täze ýazan şygyrlaryny okap bererdiler. Şonda Settar Sowgy, Aýdy Ownuk dagy belli şahyrlardy. Soñra gezegi maña bererdiler, menem başardygymdan Türkmenleriñ taryhy, köneki däp-dessurlary hakynda, sazlaryñ gelip-çykyşy barasynda bilýän zatlarymy aýdyp bererdim. Dura-bara tamdyra öwrenmäge gyzyklandym, hatta «Arzuwum» diýen sazy çalmagy başarypdym.

   Şol ýyllarda Türkmenler we Türkmensährada bolup geçen wakalary görkezýän diwardan asylýan kalendary taýýarlardym. Ony, oñat reñekli suratlar bilen bezedim, ýöne kä ýerlerini el bilen reñkli çyzmalydy, şoña görä Bendertürkmenli Hangeldi diýen tanyşymyñ ýanyna bardym. Ol mugallymçylygyñ ýany bilen toýlarda akardeon-da çalýardy, el çyzgy/ nakgaşlykdan-da habary bardy. Seýdip onuñ bilen dostlygymyz uzap gidiberdi. Dostlar bolup kämahal biziñkide, käte olarda üýşerdik, çaşardyk. Bir gün Gapbar diýen dostum: ”Eşitdiñmi, Hangeldi, ýitrim bolup ýör, gaýrak geçen bolmagy ahmal diýýärler, çagalary bolsa bärde, Benderden Hojanepese göçüp bardylar” diýp, maña geñ zady gürrüñ berdi.

   Meniñ at gazanmagym bir tarapdan zyýanyma-da boldy. Yslamy rejimiñ belli günlerinde, Bendertürkmen we Akgala ýaly şäherlerde geçirlýän ýörite dabaralarda çykyş edip hökümetiñ Sährada alyp barýan işlerini öwmek üçin çagyrlardym. Ýöne her gezek bir zady bahana edip, beýle dabaralara gitmekden saklanardym, şol sebäpden adym, rejimiñ gara sanawuna alyndy. Indi Türkmensährada ýaşamak diýseñ güzap bolup başlady.

  Bir gün Kümmetgowuzdan giýewimiz Kaka.M geldi. Gürgen akarynyñ kenaryna gidip, gürrüñdeş bolanymyzda ol maña Türkmenistana sygnan Jelil Salak diýen birsiniñ ölendigini we onuñ aýadynyñ Kümmetgowuzda alnandygyny aýtdy. Kaka, onuñ sowuklap ölendigini, ýöne bu gürrüñiñ şüphelidigini-de sözüne goşdy.

Etrege tarap…
                                                                       ”Magtymguly huş eýläp, gezgin didäñ ýaş eýläp,
                                                                        Däli köñül joş eýläp, ýüz müñ hyýaly gözlär.”
                                                                                                                      Magtymguly

   1986-nji ýylyñ Julaýynda Bir gezek Kaka gelende, Türkmenistana geçmek barasynda köp oýlandyk. Ýoly-yzy tanyýmak üçin Kakañ motory bilen serhet ýakasyna ugradyk. Obalardan esli saýlandyk. Bir ýerde «serhet ýakasy, mundan beýläk geçmek gadagan» diýen bellik oturdylypdyr. Biz oña garamazdan ýolumyza dowam etdirdik. Uzakdan, depäñ üstündäki «Seññerdefe» serhet postuny gördük, şoña ýetmänkäk, motormiz pençer bolup, tigiriniñ ýeli boşady. Yndi ne öñe, ne-de yza gidip bolýardy. «Aý, näme bolsa şol bolsun», Kakany motoryñ ýanynda goýup, ýeke özüm posta tarap ýöräberdim. Depäñ üstüne çykdym. Binanyñ üstünde eli ýaragly bir esger garawulçylyk edýärdi, ýöne onuñ arkasy maña bolany üçin meni görmedi, gapyñ agzynda düýrlip ýatan bir eti gördüm, biçäre üýrmeden ýüz esse biýzar, açlykdanmy, nämemi, zordan gözüni açyp, ýumýardy. Salam berip içerik girdim, birbada meni geñirsemediler, her kim öz işi bilen boluberdi. Men, motorymyñ pençer bolandygyny we nasus/tulama gerekdigini soradym, olaryñ birisi bolýar diýen bolup, ol jaýa geçdi welin, yzyndan alagalmagal bolup, gara syýraty zabully bir Gurhban/onbaşy gelip: «Bu ýerlerde näme bolup ýörsiñ, gelmegiñ gadagan däldigini bilmeýärmisiñ» diýip üstümden gygyrdy. Men oña bu ýerde ýaşaýan çopanlaryñ durmuşyndan surat almaga gelendigimi we motorumyzyñ pençer bolandygyny aýtdym. Olar soñra Kakany-da alyp geldiler. Birki sagatlap mazalyja sorag edip, kagyza geçirdiler. Soñra aç-suwsyz, bir maşyna mündürip, Inçeburun serhet postuna getirdiler. Ikininara bolsa ellerimizi dañip, başga bir maşynyn ardyna mündirip, Kümmetgowuza alyp gaýtdylar. Ýolda Akgaladan geçip barşymyza tanyş dostlar bizi gördüler. «Heý, biýçäreler» diýp, başlaryny ýaýkap galdylar.      

    Agşamara Kümmete baryp ýetidik. Köçeden barýan bir tanyşyny gören Kaka, daýzasyna habar bermegini we iýer ýaly bir zat getirmegini aýdyp ýetişdi. Soñra maşyn «Merzbaani dereje ýek Etrek مرزبانی درجه یک اترک» ýazgyly serhet garawul edarasynyñ merkezine girdi. Bir salymdam Kakañ tanyşy nahar alyp geldi we «gaýgy etmäñ, hiç zat diýmezler» diýp, göwünlik berip gitdi. Nahar iýip oturşymyza, Kaka: «wah, men seni gaýgy edýärin, sebäbi meniñ ozalky geçmişim bilinse, agyr boljak» diýp, uludan demini aldy. «Kümmet urşuna gatnaşdy» diýp, Kaka yzarlanýardy. Bu dogurdanam hem onuñ, hem-de meniñ üçin howpdy. Agyr jeza berilip biljekdi. Garnymyza bir zat oklanymyzdan soñra, zabylly bir gruhban gelip−Türkmensähra göçürlip getirlen zabyllylaryñ okan oglanlarynyñ köpüsi jandarmada işe alynýardy− ýanymyza gelip: «ýalla» diýp, ýerimizden turmagy buýurdi. Ol bizi, ýerzemindäki darajyk ýerde zyndan etjek boldy. Men oña: «dur, how, men goşunda ofiser bolup gulluk etdim, senden derjäm ýokary» diýp, soñra kartimi/şyhadatnamamy görkezdim. Ol derrew çes berip: «bagyşla, jenap servan» diýdi, soñra howlyñ ortasyna iki sany tagt/kravat getirip, sergin howda ýatmagymyza rugsat berdi. Ýatmazdan öñ, bir istekan çaý alaýyn diýp, binayñ içine girdim. Bir jaýdan «tykyr-tykyr» telegraf çekilýän sesler gelýärdi. Onda biziñ serhet ýakasynda ele salnanymyz hakynda merkeze raport berilýärdi. Dañdan birsi gelip: «jenap oýanyñ, säher nyzam başlanjak, siz şu salona geçip ýatyberiñ» diýdi.

   Sagat sekizde, olar bizi soraga çekmezden, men olardan öñürtiýläp, ýokary derejeli ofiseriñ ýanyna baryp: «jenap, serhet ýakasynda ýaşaýan çopanlaryñ durmuşyndan surat almak üçin, şol ýerlere gitmäge rugsat hat bermeñizi haýyş edýärin» diýdim. «Bolar, göreris» diýp-diýmänkä, bir esger çes berip, ýuwaşdan oña bir zat diýdi. «hä, beýlemi» diýp, maña naynjar seretdi. Soñra: «bar, ol otagda bir näçe soraga jogap ber» diýdi. Men görkezilen jaýa girdim. Grajdan/ şahsy eşikde, ak köýnekli, orta ýaşly bir adam stolyñ añyrsynda otyrdy. Maña oturgyç görkezip, sorap başlady. «adyñ, işiñ, ýaşaýan ýeriñ, Türkmenistanda tanyşyñ barmy, daşary ýurtlarda garyndaşyñ barmy», garaz, «ölüñ soragyny» berdi. 7-8 sany uly sahypany doldurdy. Men serhetçiler tarapyndan tussag edilmän, öz aýagym bilen posta barandygymy, ynanmasañyz, sorañ diýp, olardan üstün gepledim. Şonda olar, biziñ baran serhet postumyza telegram çekip, ýagdaýy soradylar. Bagtymdan, şol postuñ jandarma başlygy, dädemiñ tanyşy bir türkmen çykyp, ýagdaýy boluşy ýaly aýdyp beripdir. Şonda ozalam bir beladan dädemiñ halas edendigi ýadyma düşdi. Bu wakadan bir ýyl öñ, aýalym bilen bile, Marawadefäniñ ýokary ýanynda Gaazangaýa, surat almaga gidip, öwürlip gelşimize, bir çopan durmagymyzy haýyş etdi. Maşyny sakladym. Ol: «şu gelin kesel, ony Marawanyñ keselhanasyna aşyrsañyz» diýdi. Bizem kabul edip, ony özümiz alyp gaýdyk. Ýolda jandarmanyñ jipini gördük, «dur» diýdiler, durduk, birsi gelip, kellesini maşyñ içine sokup, içindäkileri barlady. Maşynyñ arkasynda oturan aýaly görüp: «ohoo, sen nädip ýörsiñ» diýdi, soñra, bize «öñe düş, merkeze gitmeli» diýp buruk berdi. Barşymyza: «gelin, ýanyñda neşe dagy bolsa şu mahal taşla» diýp ýalbardym, olam: «ýok bally, mende hiç zat ýok» diýýärdi. Garaz şeýdip Marawadefäniñ jandarma postuna bardyk. Jandarmlar aýaly içerik alyp gidip, bize-de: «siz şu ýerde garaşyñ» diýdiler. Biraz salymdan aýak ýoluna gideýin diýp, postuñ howlusyna giremde, meni yzarlap eli tüpeñli bir esger nirä gitsem meni kölge kimin yzarlaýardy. Toaletden çykamda, ozal obamyzyñ goñşulygyndaky Omçaly obasynda gulluk eden postuñ baştutanyny gördüm. Olam maña tarap gelip, gyzgyn salamlaşyp: «bu ýerlerde tanamadyk adamyny maşyña mündürme, bu gelin belli neşe satýan toparadan, biz ony ele salyp bilmän ýördük, gaty habardar bol, bar gidiber, seni we dädeñi ýagşy tanaýaryn» diýp, bizi ýola saldy. Bizem haý diýmän, Akdokaýa gelip, Magtymgulynyñ guburynyñ başynda naharlandyk. Howa, indi Kümmetgowuzdaky waka dolanyp gelsek.

  Menden soñra Kakany sorga çekdiler. Kakada gowý sapalak atyp: «oba baramda, bu meni goýman, motorym bilen araçäge gideýli diýp, haýyş etdi, men-de onuñ bilen gitdym» diýp, soragdan ýeñillik bilen sypypdyr. Öýleden soñra bizi azat etdiler. Kakalaryñ tanyşlaryna gelip, çaý-nahar edinip, oba tarap ýola düşdim. Kakañ motory bolsa serhetde galypdy. Yndi ony baryp almagyñ özi güzäpdi.

  Erkinlige goýberilmegimden iki gün soñra, öýümiziñ palynda otyýrkam, ynkylabyñ sakçylary/ pasdarlaryñ ýakynlap gelýän maşynyny gördüm, öýümize golaýlaberende, onuñ yzyndan birsi böküp, düşüp galdy. Hojalar obasyndan bu habarçy/jasus, bir mahal özüni öldürjek bolup üstünden nebit guýup odlaýar, ýöne ölmeýär, şoña görä oña «ýanyk» diýýärdiler. Pasdarlaryñ birsi howlymyza girip: «hany plany» diýp menden, meni sorady, meni tanamaýardy. Men: «ol penşenbe bazara gitdi» diýdim. «Gelse, Bendertürkemiñ pasdarhanasyna gelsin» diýp, öte gitdi.

  Ertesi 26-njy Julaý güni maşynymyz bilen dädem meni Bendertürkmeniñ pasdarhanasyna alyp gaýtdy. Ýolda maşynyñ tigiri pençer boldy. Bendere gelip dädem meni garawulhananyñ öñünde düşürip, tigiri düzetmek üçin şol ýere ýakyn ustahana gitdi. Ynkylabyñ sakçylary/pasdarlar, Bendertürkmeniñ belli baýy Arazjan Şomalynyñ ogulunyñ kanfikatsiýa/ musadere edilen binasynda ýerleşipdi. (Şomaly diýmek Gaýraly. Arazjan, Balkandan bu ýere göçüp gelipdi, ilki başda arabaçy bolup işlänmiş, soñra işi tutup, traktor, kombaýyn satýar, garaz 60-njy ýyllarda Sähranyñ belli baýlarynyñ biri bolýar. Birki sany uwun karhanasy bardy. Yslamy ynkylap ýeñiş gazanandan soñra ýurduñ hemme ýerinde boluşy ýaly bularyñ zatlaryny ynkylabyñ bähbidine ellerinden aldylar. Şolardan birisi-de şäheriñ merkezi felekesiniñ ýanynda ýerleşen owadan jaýdy. Ynha şol jaýam soñra pasdarlaryñ merkezine aýlandy. Bir mahal aýal, oglan-uşak girip çykýan öý, indi eli ýaragly, ýüzi-gözi sakgally pars ýerlerinden getirlen pasdarlaryñ ketegine öwürlipdi. Men içeri giren badyma, ýörite sorag-iýdeg edilýän otaga alyp gitdiler. Olar soñra, «seniñ işiñ Gürgene geçýär» diýp, bir maşyn bilen arka gapydan şähere alyp gitdiler. Dädem pahyr, çykaryma garaşyp, ikinnine çenli gözzeşipdir. Soñra çäresiz oba dolanyp gaýdypdyr. Ol mahal her kim bularyñ eline düşse guýa düşen ýalydy, gideniñ özünden bir habar gelýänçä, garaşmak başga etjek alajyñ ýokdy.

   Meni Gürgeniñ pasdarhanasyna tabşyrdylar. Giñ howlusy bolan bu garawulhana ynkylapdan öñ, «Emlak» diýen edaranyñ binasydy. Onda Türkmen daýhanlaryñ başyna musallat bolan Timsar/polkovnik derejeli Mensur Muzaýýeni höküm sürüp geçdi. Bu bina ekerançylyk ýerleriniñ alnyp, gelmişeklere berilmegine garşylyk görkezen daýhanlaryñ bir giýçe-gündüzläp lokga buwzuñ üstünde aýaklary ýalañaç durmagy höküm eden adamyñ ýawuz edarasydy.

   Howlunyñ ortasynda birsiniñ gelip, halymdan habar alaryna garşyp durdym. Bu ýerde ynkylaba garşylar tutulyp getirilip, gynaga çekilýärdi. Gözleri dañygly bendileri, mysaly kör ýaly eýläk, beýläk iýdip, süreşdirýärdiler. Ahyry bir pasdar gelip: «sen şol gaçmaga synanşan mujahidmyñ?» diýdi. Mujahidlar iñ howply topar saýylýardy, olaryñ köpüsine ölüm jezasy berilýärdi. Men: «ýok, Bendertürkmenden getirlen tussag» diýdim. Ol meniñ gözümi dañyp, jaýyñ içine alyp gitdi. Gözüm dañygyly basgançaklardan idilip çykaryldym, kämahal, idip barýan, çyndanmy, ýa-da oýun etjek bolupmy: «egil, kelläñ demire degýär» diýp, hezil edip, meni bir ýere eltdi. Giñ bir salon bolmaly, sebäbi, töweregimde gümür-samyr edýänleriñ seslerini eşidýärdim. Biraz salymdan birisi gelip, sorag edip başlady, edil şol mahalam ses ýazýan magnitafonyñ işledilendigini-de duýup galdym. «Näme diýp, ýurtdan gaçyp gitjek bolduñ, siýasy hereketleriñ hakynda aýt, dostlaryñdan kimler serhetden geçdi…» diýen ýaly soraglar berildi. Ýöne hernäme-de bolsa ol meni gaty daramady. Bir sagatlap soragdan soñra elime kagaz, galam berip, siýasy geçmişim hakynda ýazmagy buýrup, meni izilýatora/kamera getirdiler. Otagyñ içi diýseñ garañkydy. Garañka gözüm öwrenende, görsem ýanymda ýene birisi-da bar. Pahyr ses-üýnsiz ýatyrdy. Men-de kagazy ýanymda goýup, ykbalym hakynda oýlanýardym. Birden ýañky ýanymdaky:«Berader/dogan, menden haçan sorag edip başlajak, men bilýän zatlarymyñ hemmesini aýtdym» diýdi. Men oña, onuñ özi ýaly tutulup getirlen biridigini aýtdym. Soñra haýsy sebäpden getirlenimiz hakynda aýdyşdyk. Ol görgüliniñ doganymy, doganoglanymy mujahid toapryndan bolup, tussagdan gaçyp giden ekeni, onuñ ýerine bolsa muny getirip, tussag edipdirler. Meni ol ýerde 2-3 gün sakladylar, şonda men umumy türkmenleriñ ynkylaby göreşleri, şanyñ wagtynda ekerançylyk ýerleriñ alynyp, gelmişek feodallary berilşi hakynda ýazdym. Muny okap gören soragçy, gelip olary maña garşy zyñyp: «bular hakynda däl, siýasy ýoldaşlaryñ hakynda ýaz» diýp gatyrgandy. Üçünji gün meni çagyryp, başga bir otaga alyp gitdiler. Şonda gözümi açyp, uly depderde adymy ýazyp: «ynha, bellik nomeriñ 133, häzir boş, öýüñe git, ýöne her penşenbe güni gelip, şu depdere gol çekip git, özüñ-de Gürgenden uzaga gitmäge hakyñ ýok» diýdiler.

   Heniz tomus dyýnçalyş tamam bolmandy. Men her hepde Gürgene gelip, belli depdere gol goýup giderdim. Şol pursardan peýdalanyp, Gürgen radiosyna baryp, Türkmen dostlarym bilen duwşuşýardym. Bir gün Azym Lukmany diýen dostum: «Türkmen taryhy diýen gepleşigi berip başlasana» diýdi, men: «eger ýolbaşçylar razy bolsalar, men taýýar» diýdim. Yndiki hepde radio baramda, Azym şeýle gepleşige razyçylyk berilendigi aýtdy we şondan takmyýn bir ýyllap «at çapan» sazy bilen başlanýan «Türkmen taryhy» adly gepleşigi efire berildi. Ony özüm alyp barýardym. Bu gepleşik Türkmenistanda-da diñlenýänmiş. Sebäbi Aşgabatda we Daşoguzda ýören Türkmensähraly bosgunlar ony diñläp, kämahal kagaza-da geçirendiklerini gürrüñ berdiler. Şol wagt Gürgen radiosynyñ Türkmen gullugynyñ müdüri. Ybraym Hasanbeýgi diýen ýarym türkmen, ýarym pars birisidi. Onuñ atasy Hojanefesli, enesi bolsa parsdi. Ybraýym bu wezifäni, Halymberdi Adel diýen türkmenden alypdy. Halymberdi, biraz wagt türkmen bölümine baştutanlyk etdi. Ol özüni aşa diýndar edip görkezip− belki-de aslynda şeýle bolsun, yslamy hökümetiñ ynamyna giripdi. Onuñ radionyñ arhyvyndäki gadymy türkmen aýdymlary ýok etmäge syýnaşandygy aýdylýar, şonda ozalky iýşgärler  ýalbarka-ýakara ony bu pälinden gaýtdyrypdyrlar, nämemiş, ol aýdymlar yslamy däplerine gabat gelmeýänmiş. Halymberdi, soñra Eýranyñ baş weziriniñ Sünni musulmanlar boýunça geñeşçisi wezipesine bellendi, ýöne bir ýyl bolup, bolmanka onuñ ýerine bir Blujy bellediler.

   Garaz, şol gidip-gelişime taryhy roman ýazmak, ylaýta-da Annageldi Aç barasynda roman ýazmaga syýnanşýan Hasanbeýgi, meniñ bilen ýakynlaşyp, dostlaşyp ugrady. Oktiýaber aýynda magaryf ministerligi, okuw kitaplarynda reforma geçirmeli diýen konferensiýany Tehranda açjakdygyny yglan edip, her welaýatdan bilermen mugallarymy çagyrdy. Olaryñ arasynda mende bardym. Ýöne Gürgenden çykmaga hakym ýokdy. Bu problemany, özi-de ozal pasdar bolan Hasanbeýgi bilen maslahatlaşdym. Ol haýal edmän, ozaly bilen Gürgeniñ pasdarhanasyna, soñra bolsa ynkylaby suda/dadgah telefon etdi. Soñra maña: «bar, işiñ dogurlandy» diýdi. Men şol iki edara baryp, yzarlanmaly däl diýen haty alyp, geziberdim. Işleýärdim, Tehrana konferensiýa gitdim. 1988-nji ýylyñ 1-nji Sentýabrynda Kerim Gurbannepsiñ aradan çykan habary ýaýardy, bu habar ony tanaýanlaryñ hemmesini gaty gyýnandydy. Men-de bir goýun soýup, merhumyñ hormatyna sadaka berip, aýat-towfyr okatdym. Ýöne hemmelere Kerim şahyra sadaka berýärin diýmekden çekinýärdim, «aý, plan kakamyñ ölen ýyly» diýp, sorýanlara aýdardym.

Eýranyñ merkezi televidniýesi tarapyndan Türkmenler barasynda surata düşürljek filim üçin baş geñeşçisi edilip saýlandym, medeni ugurlardaky aladalar togtamazdy, Eýranyñ dürli şäherlerinden gelip, biziñ halkymyz hakynda teater ýa-da film aljak bolsalar, gelip meniñ bilen geñeşerdiler. Şeýdip ýene bir tomusa ýetdim.

Ajaýyp myhman

  Bir gün öýlän nahar wagty 3 sany myhman geldi. Ikisi ýaş oglan, birsi, hor ýagyz, olardan ulurakdy. «Geliberiñ, geçiberiñ myhmanlar» diýdim. Çaý başynda olar Bendrtürkmenden Akgala barýandyklaryny, ýolda ýer ýüzünde näçe million türkmen ýaşaýandygy hakynda jedelleşendiklerini, bu soragyñ jogabyny bilse, bilse megerem men bilerin diýp, maşyndan düşüp galanmyşlar. Gürrüñ edip oturşymyza olaryñ ulusy− adynyñ Nurmuhammet S.digini soñra aýtdy, Türkmenistana gidip gelendigini, ol ýerde bosgunlykda ýaşýan oglanlary tanaýandygyny gürrün berip başlanda, beýleki ikisi: «ohoo, bu kim aýt, biz mundan çekinýäris» diýp, gaçyp giden ýaly gitdiler.

   Nurmuhammet özüni bir agşam myhman almagymy haýyş etdi. Türkmenistan we oglanlar barasynda bilmek isleýänim üçin ony myhman aldym. Ykinniara ol: «tirýejik emelim bar, maña tirýek tapyp ber» diýdi. Oba arasyna aýlanyp ýörkäk, ol Türkmenistana sygnan oglanlaryñ iki topara bölnendigini, birsiniñ ”Halkyñ Fedaýylaryna bagly ”Ylgüýji” beýlekisiñ bolsa olardan aýrylyp, erkin gurama gumak maksadyna gulluk edýän ”Türkmenistan-e Yran” diýen neşriýäni çykaryp başlandyklaryny aýtdy. Gara belany satýan bir gojadan şol zeheri alyp berdim. Agşam Akgaladan iki sany dostum-da myhmançylyga geldi. Çaý başynda Türkmenistana geçen oglanlar hakynda soradyk. Akgaladan Gaýrak geçeni soradylar, Nurmuhammet-de dop-dogry onuñ ýüz keşbini we beýleki häsýetlerini aýdyp berdi. Men doganoglanym Halymberdi hakynda soradym, ýene aýdan zatlary dogry çykdy. «Allajan, bu kimkä» diýp geñ galyp, «sen olary nädip gördüñ» diýp soradyk. Ol bolsa üç-dört ýyl mundan ozal Türkmenistana geçendigini we ýañy golaýda Türkmensähra dolanyp gelendigini, ýöne ýene bir gezek Deñiz ýakasyndan Gaýrak geçmäge syýnanşandygyny, emma Türkmenistanyñ özüni kabul etmändigini aýdyp berdi.

Ertesi gün ony Bendertürkmene getirip, dilän puljagazyny-da berip, Kümmede ugratdym.  

Hoş gal mähriban Sähram

                                                                                  ”Aýralyk oduna ýanyp-bişmeýän
                                                                                  Zalymlar zulmundan dolup, daşmaýan
                                                                                  Watandan aýrylyp, garyp düşmeýen
                                                                                  Ülkesinde iliñ gadryn hiç bilmez.
                                                                                                                                    Magtymguly

 Türkmenistana geçmek barasyndaky arzuwum ýüregimde ýatyrdy, hernädip geçmeli diýp, giýje-gündüz oýlanýardym. Bir gezek serhet ýakasyndaky «Kellepost» obasyndaky Baýram çopan diýen tanşymyza baryp, meni serhetden aşyrmagyny haýyş etdim. Ol: «biz hökümete dil haty berdik, eger şeýle edenimi bilseler, maña agyr jeza bereler» diýp, meni raýymdan gaýtarmak isledi.

  Tomusda, bir dostumyñ toýunda Wekil.M. diýen birisi bilen tanyş boldum. Soñra onuñ bilen içgin tanyş bolamda, olam meniñ ýaly Türkmenistana geçmek hyýalynyñ bardygyny aýdyp, geçirmek üçin adam gözleýändigin dile getidi. Ýöne onuñ gelini, Ýevropa aşmagy ýüregine düwenmiş. Muny soñra onuñ özi-de mälim etdi. Garaz biz Wekil bilen köp duwşuşyp, geçmek barasynda oýlanýardyk.

   Güýz günleri ýakynlaşýardy. Bir gün Bendertürkmende bir toýda Wekil meni çola çekip, serhetden aşyrmak üçin adam tapandygyny aýtdy. Begenjimden ony gujaklanymy bilmän galdym. «iki sany balykçy oglan bar, güýçli motorlar-çuppasy bar. Birisi öýlenjek bolýar. Pul ýetmezçiligi bar, eger adam başyna ýigrimi müñ tümen bersek geçirjekdigini aýtdy. Men «bolar» diýp, onuñ bilen ylalaşdym. Bir giýje şol iki oglan oba gelip, taýýarlyk görmegimi duýdurdy. Men iñ zerur kitaplarymy uly bir halta/kiýsä dolduryp, olara berip goýberdi. Olar kitaplary, bizden öñürti serhet ýakasyna eltmelidigini aýtdylar. Geçmek üçin biz Duşenbe gününi mahul gördük.

Okuwlar täze başlanypdy. Şenbe güni soñky gezek klasa girip, sapaga başladym, näme añladýanymy özüm-de bilemokdym. Ýöne bir zat ýadymda, olam: «oglanlar, eger bir mahal meni görmeseñiz, menden razy boluñ, uzak sapara gitmegim ahmal didim». Soñra arakesme bolanda, mugallymlar otagynda çaý wagtý, barlanma depdere, hiç kime duýdurmazdan «Hoş gal Sähram» diýip ýazdym.  Ýekşenbe güni, Türkmenler hakynda bir filmi surata düşürmek üçin dört-bäş adam bütin aparatlary bilen maña geldiler. Men olara kömekleşeýin diýp, ozal söz beripdim. Dañ atýança gözüm ýummany geçirdik. Gitjegimizden diñe aýalym habarlydy. Ne dädem, ne ejem, ne-de doganlarym bilýärdi. Üçünji doganym Halylyñ adyna bir hat ýazyp, öýümi we içindäki goşlara eýeleik etmegini aýtdym. Bir kitabyñ arasynda birnäçe müñ tümen pul goýandygymy ýazdym. Şeýle-de bir kagyz puly gyýşyklaýyn ikä bölüp, ýarysyny goýup, ýarysyny ýanyma aldym.

  Duşenbe güni-1989-njy ýylyñ 5-nji oktýabr güni irden aýalym Ejegül, kiçi doganym Nurjanyñ gelini Änjäni çagyryp, oña barýandygymyzy aýdyp, ertire çenli bu barada hiç kime zat aýtmazlygyny tabşyrypdyr.

  Seýip, biz myhmanlara «işimiz bar» diýp, öýden çykyp gitdik. Ykini-agşama çenli köp wagt bardy. Ýanymyzdaky pulumyzyñ biremesine gyzyl aldyk. Günortan bir ýerden naharlandyk. Soñra aýalym, öýleri bilen hoşlaşmak üçin obasyna gitdi. Menem, bizi geçirjek oglanlaryñ öýlerine bardym. Olar ilki bizi geçirip, soñra Wekili geçirjekdiklerini aýtdylar. Biz hemme zat hakynda ylalaşdyk. Soñra olar motorlarynyñ birsini maña berip: «sen gelnejemi al-da sagat ýedi bolup şamak aralaşanda Kümüşdefäñ gaýrasynda bize garaş» diýdiler.

   Motory münüp, minibuslaryñ garajyna bardym, görsem aýalym, öýleri bilen hoşlaşyp, maña garaşyp oturan eken. Ony alyp, Kümüşdefä tarap ýola düşdük. Ganat açan ýaly begenýärdim. Tamdyrlarda çörek bişirip duran daýzalar, buluşymyza geñ galyp bakýardylar, käleri bolsa: «aý, bular mes-da nätjegini bilenoklar» manyda bize bakýardy.

   Garañky aralaşmazdan öñ olaram gelip ýetdiler. Yki motorly bolup araçäge tarap ýola düşdük. Biraz ýöränimizde öñden barýan oglanlar motorynyñ başyny ýoldan sowup, başga tarap gidiberdiler. Meniñ ardymda aýalym bardy. Biz geñ galyp, motory sakladyk. «näme, bular dändilermyka» diýp, ýüregimize howsala düşdi. Bir salymdan dolanyp geldiler. Motoryñ öñüne bolsa bir halta bardy. «Bular seniñ hazynañ, ony unudup bolarmy» diýp, gülümsirediler. Görsem ol, biriki gün ozal bu ýerede goýup gidilen kitaplarym eken.

   Howa mazaly garaldy. Oglanlar durdular. «mundan beýläk, bu motory-da biz sürmeli, sen ýola belet dälsiñ» diýdiler. Şeýdip men birsiniñ, aýalym bolsa beýleki motoryñ ardyna münüp, ugradyk. Olar ýene bir gezek saklap, motoryñ sesiniñ gaty çykmazlygy üçin egzozlara kiçi agaç dykdylar. Motor «tüñ-tüñ» edip, ýuwaşjadan barýardy. Mende ajaýyp duýgy bardy, bir tarapdan ele salynmakdan gorkýardym, aýry tarapdan näbelli sapara barýardym, eden işim dogrumyka diýp oýlanýardym. «Gorkanyñ gözüne goşa görneri» diýleni, mahal-mahal bir otuñ düýbünden bir yşyjak ýalpyllap, ýanyp, sönýän ýalydy. «bu näme» diýp soramakdan-da çekinýärdim. Çagalykda gören projektorym-da indi ýanmaýardy. Eslije ýöränimizden soñra oglanlar motorlary söndürip, «mundan beýläk motori iýdip gitmeli» diýdiler. Ýene biraz ýöredik, olar motorlary ýere ýatyrdylar-da hersine bir ýüp dañyp, ýüpüñ uwjuny-da ellerine alyp, bize-de «yzymyza düşüñ» diýdiler. Ýöräberdik. Araçägiñ simlerine geldik, olaryñ arasyndan sümülip geçdik. Simlerde elekterik ýa-da signal berýän zat görmedik. Men oglanlardan: «simi elledik welin ondan hiç ses çykmady» diýp soradym. «Bu Eýranyñ simi» diýdiler. 10-15 ädimden ýene dört-bäş gat edilip çekilen sime geldik. «Bu-da Şureviniñ simi» diýdiler. Olar arkaýyn geçiberdiler, simler sallam-sajam bolup, böwsülip durdy, göýe ondan köp adam geçen bolmaly. Simden geçenimizde, azal bilen sürlen ýoly gördük, serhetden geçeniñ aýagynyñ yzy galsyn diýp, ony uwun ýaly edip sürermişler, ýöne soñky günlerde sürülmänsoñ, ol ýer gatap ýatyrdy. Aýak yzy-da galmaýardy. Oglanlar ýene biraz ýöräp durdular: «Agam, ynha, myradyñ hasyl boldy, Türkmenistana geçdiñ. Seniñ bilen geçirenimiziñ sany ýedi boldy, planlary…görseñ menden salam aýt, hool görünýän yşyk Esengulydyr, şoña tarap gidiberiñ, ynha bu tarapyñyzda-da Gürgeniñ yşygy, ýagşy serediñ, kim bilýär ýene haçan görersiñiz» diýp, biz bilen gujaklaşyp, hoşlaşyp, ýüpüñ ujuny tutup dolandylar. Motorlarynyñ goýan ýerini tapmak üçin ýüpden peýdalanýardylar. Şonda men sagadyma seretdim; Eýran wagty bilen 21-di. Gyşyklaýyn kesilen ýarpy kagyz puly olaryñ birsine berip: ”Şuny doganyma gowşur, ol meniñ sag-aman serhetden geçenimi şundan biler” diýdim.

Yşyga tarap…

   Begenjimizden arkamyzdaky ýüküñ agyrlygyny duýmaýardyk. Kitaply halta meniñ gerşimdedi, egin-eşiklerimizi bolsa Ejegül daşaýardy. Aýagymyzyñ aşagynda otlaryñ «şygyrdy» sesleri gelýärdi, kä mahal batgalyga basanymyzy bilmän galardyk. Bir sagat mezenne ýöredik, maksadymyz, jahan ýagtylmazdan, Eýranly serhetçileriniñ gözýetiminden uzaklaşmakdy.

   Mazaly ýöredik, halys ýadadyk, kä wagt oturyp dem-dyýnç alýardyk. Ýene ýola düşürdik. Birden ötüp barýan maşynyñ yşygy göründi: «aý, şu-a Türkmenistanyñ maşynlary bolamly» diýp, bir bölek gazeti, çakmagym bilen otlap, olaryñ bäri gelmegi üçin salgaýardym. Gözleri gapylan ýaly geçip gitdi. Ýene ýöräberdik. Görünýän yşyklar-da uzaklaşýan ýalydy. Dañ yrañ atyp başlady. Uzakdan serhetçileriñ postynyñ vişkasyny/diñini gördüm, añyrsynda bolsa bir oba görünýärdi. Ýakynlaşdygymyzça howa ýagtylaşyp başlady. Mallaryny örä kowýan adamlary gördük. Obada birsiñkä baryp, çaý-suw edinip, soñra özümizi görkezeris diýp, ýüregime düwdüm. Olam boş hyýal bolup çykdy. Sebäbi birinjiden gorkusyndan hiç kim bizi kabul edip bilmez diýp oýlandym, ikinjiden bolsa, oba bilen bizin duran ýerimiñ arasynda 7-8 gat sim çekigilidi, diñe obalylar añyrdan ötüp bilýändigini soñra görüp galdym.

  Indi serhetçileriñ postyna has ýakynlaşdyk. Howlynyñ daşyna çekilen simlere geldik. Simleriñ arasynda inçejik akja simi gördüm: «megerem signal berýän sim şu bolsun» diýp, ony güýjüm bilen çekdim welin, gopup elimde galdy. Şondana-da Soviet rejiminiñ uzak gitmejegine göz ýetirdim. mundan peýda bolmansoñ, garawulhanadan çykyp gelýän esgerleri daşaýan bir maşyny gördüm. Böke-böke oña elim bulaýladym. Meni gören esgerler itleri bilen bilelikde ýanyma gelip, elimi arkama towlap, «aýaklaryñy aç» diýdiler. Rusça sözüne düşunmänim üçin, ädigi bilen iki aýagymyñ arasyna depdiler, arslan ýaly it bolsa buýruga garaşýan ýaly meniñ üstüme bökmäge taýýar ýalydy. Şol wagt Ejegüli-de alyp geldiler. Ykimiziñ-de gözüni dañyp, kör ýaly idip, garawul postyna alyp gitdiler. Eltip kiçi bir jaýa saldylar. Elmiz-aýagymyz palçykdy, ýuwunmaga rugsat berdiler. Soñra çaý çörek berdiler. Yýýän zatlarymyñ tagamy ilkinji gezek başgaça geldi. Şol wagt bir rus saldaty gelip penjiräni adýol bilen çüýläp, daşaryny görmez etdi. Postda gulluk edýän bir täjik ofiseri biziñ dilmajymyzdy.

 Biraz soñra bir rus ofesiri geldi, ony gören beýlekiler hormat nyzamda ýaly gymyldaman durdular. Ol biziñ näme üçin serhetden geçendigimizi sorady. Menem özümiñ ýazyjydygymy we mundan artyk Eýranda ýazmaga mümkinçiligimiñ ýokdugyny düşündirdim. Rus ofiseri kän zat soraman çykyp gitdi. Soñra aýry-aýrylykda meñ bilen Ejegülüñ üst-başymyzy dökdüler, bir bada Ejegül «waý» diýp gyýgyrdy. Men ol jaýdan näme bolanyny soramda: «boýun asgy altyn zynjyram gaçypdyr» diýdi. Men täjik ofisere meseläni düşündirdim. Ol hiç zat diýmedi. Soñra gezek ýanymyzdaky goşlara ýetdi. Ähli kitaplarym, kagazdyr, suratlarymyñ hemmesini diýen ýaly bellik edip çykdylar, bu iýş öýläne çenli dowam etdi.

  Öýleden soñra ak eşikli bir türkmen şyfagat uýasy geldi, ýanynda bir türkmen ofiseri-de bardy. Ýuwaşjadan özüniñ Keltelerdendigini we bizi saglyk syýnagyndan geçirmek üçin Esengulydan getirlendigini aýdan gelin, bizi ýagşy bakyp, keselimiziñ ýokdugyny sorady. Ejegül özüni oñat duýmaýandygyny aýdyp, ol gelin biriki agyz gümür etjek boldy, ýöne ol bir zatdan çekinýän ýalydy. Ol soñra bir kagyza bellik etdi. Men ol türkmen ofiserinden niýräk gelendigimizi soradym, ol bu obanyñ «Ajyýap»dygyny aýtdy. Şonda men giýje gelşimize azaşyp, Esengula gitmegiñ deregine Ajyýaba gelendigini bilip galdym. Men ol ofiserden  türkmençe gazet-jurnal tapyp bermegini haýyş etdim. Birnäçsini getirip berdi. Men gökden gaçan ýaly ne işdäm bardy, ne-de okamaga höwesim, hemmesinden beteri, ykbalymyzyñ nähili boljakdygy-da belli däldigidi. Biziñ geçmezimizden birnäçe aý öñ Bendertürkmenli bir tanyşymy yýzyna dolapdyrlar, ýöne rus saldatlary ýagşylyk edip, göýe ony Eýranyñ jandarmalaryna bermän, serhetden geçirip goýberipdirler. Bu zatlar ýadyma düşende ýüregim has tiz urýardy. Özüm bilen getiren bir-iki päket sigary yzly-yzyna çekýärdim, gapymyzda sumalyp duran rus saldatyna-da birnäçe sigar hödürledim. Daşary çykyp, toalete gitjekdigimizi aýtdyk. Bu gezek gözümizi dañmadan toalete salgy berdiler. Allajan, gözüñ ýaman görmesin, ömrümde şeýle hapa we pis toalet görmäpdim. «Aý, garawulhañky şeýledir, Soviet adamlary arassa ýaşaýandyr» diýp özümi ynandyrdym. Dogrusy, soñra köp ýerlerde toaletleriñ şeýledigini gördüm.

   Bize jaýymyzdan daşary çykmaga rugsat bermeýärdiler. Agşam ýatjak bolanymyzda bizi aýry-aýry ýatyrjak bolanda, Ejegül kes kellämi men ýeke ýatmakdan gorkýaryn, diýp, ýat ýerde, adamsyndan aýry ýatmagy ret etdi. Bularam kabul edip, şol jaýda bile ýatmagymyza rugsat berdiler.

  Ertesi gün ýene şol bir jaýyñ içinde, soraglar we zatlarymyzy bellik etmek bilen meşguldylar. Birden bir rus ofiseri gelip, Ejegülüñ ýolda gaçyran gyzyl zynjyrasyny getirip berdi. Soñra şahsy zatlarymyzy şol sandan Ejegülüñ baş daragyny saklaýan el kifiniñ daşayna möhür urup, açmaly däldigimizi aýtdylar. Ol altyn zynjyrany biziñ gelen aýak yzlarymyzy yzarlap, bir rus esgeri bolsa maşynyñ daşynda, öñünde oturyp, ýuwaşdan sürüp, şeýdip tapanmyşlar. Men ol esgere sowgat diýp bir gap Winiston sigar berdim.

  Öýleden soñra daşary çykyp açyk howluda gezmelemäge rugsat bermeklerini haýyş etdik. Olaram kabul etdiler. Şeýdip Ajyýabyñ serhetçiler postynda ikinji giýjämizi geçirdik.

  Çarşenbe güni 7-nji oktiýabrde öýleden soñra howluda gezmeläp ýörkäk, bir oglanjyk ylgap postyñ gapysyna geldi, haşlap: «daýy, daýy ol ýerde bir maşyn batgalykdan çykyp bilmän dur, kömek soraýar» diýdi. Menen biziñ ýanymyzda duran eli ýaragly ýalñyşmasam özbek esgere, oglanyñ aýdan zadyny gaýtalap berdim. Olam, gaýtam gahary gelip, bizi jaýa tarap, idirdedik ugrady, nämemiş biz oba adamlary bilen gepleşmeli dälmiş. Şeýlelik bilen gezmele hakyndanam mahrum etdiler. Agşam obadaky toýuñ şagalañyny eşidip, «wah, toýa gidip bilsek» diýp, ahmyrlandyk.

  Ertesi gün günortanrak 45 ýaş töweregi ýaşly gözi gök, garynlak ýokary derejeli harby çinli bir rus ofiseri gelip, mazaly bizi soraga çekdi: «näme diýp geçdiñ, kim geçirdi, geçeñizde Eýranly jandarmalar gördümi» diýp sorag baryny ýagdyrdy. Men Türkmen ofiseriñ dilmaç bolmagyny haýyş etdim, olar meniñ bu islegimi kabul etmän, täjik ofiseriñ dilmaç bolýandygyny aýtdylar. Men öz geçmiş halymy bir-bir gürrüñ berdim we özümiñ hiç bir siýasy partiýa bagly däldigimi aýtdym, soñunda Ata Berdiýev we Gurban Aganýazov diýen tanyşlarymyñ bardygyny we olar bilen bile düşen suratymy hem-de Eýrandakam olardan alan hatymy oña gowşurdym. Birki sagat sorag-jogaplardan soñra men: «Jenap, biziñ ykbalymyz nähili bolar» diýp soradym. Ol: «muny Aşgabat çözýär» diýdi. Şeýdiýende, nämedir ýüregime bir aramlyk aralaşdy. Rus ofiseri bolsa Gurbanyñ maña ýazan hatyny hem ýollan suratyny özi bilen alyp gitdi.

   Ýene giýje, ýene asmanyñ üstüñden agyr basýan pursatlary, wagt duran ýaly, sagatlar giç geçýärdi. Aýal maşgala bolany üçin, hem ruhy taýdan hem-de ýadawlykmy, nämemi Ejegülüñ ýagdaýy oñun däldi. Bir hili gyzdyrýan ýalydy, üşütýärdi. Men doktaryñ ony görmegini haýyş etdim. Görsem oña-da gadagançylyk girizenmişler, sebäbi Ejegül oñki gelin şifagat uýasy bilen bir zatlary! Gepleşenmiş. Garaz ol agşamy oña göwünlik berip, mañlaýyna gyzgyn ýalyk tutmak ýaly bilýänje emlerim bilen gyzdyrmasyny köşetjek bolýardym.

  Ertesi- Anna güni Ejegülüñ haly ganymatlaşdy. Birnäçe günläp, suwa düşmänimiz üçin, üst-başymyz yslanypdy. Hamama düşmegmi haýyş etdim. Kabul edip, binanyñ howlusynda bir uly otaga eltdiler. Hamam diýleni sowuk jaýdy. Depäñden onçakly ýyly bolmadyk, zordan jorlaýan suwuñ aşagynda aý, ýuwundykmy, ýuwundyk edinip, ýene jaýymyza geldik.

Keýmir diýen kapasda

  Hamamdan gelip ýañy gurunyp, gurunmankak şarkga gapylar açyldy. Jaýyñ içine eli ýaragly iki sany saldat girip, gözümizi dañyp, elimizden tutup, daşaryk, howla tarap alyp getdiler. Gözümi onçakly berk dañmanlary üçin biraz töweregimi görüp bilýärdim. Bizi getirip, üsti çadyrly uly harby maşynyñ yzyna mündürip, ýola düşdüler. Ýanymza bolsa eli ýaragly iki sany saldaty oturtdylar. Niýräk alyp barýandygyny-da aýtmaýardylar. Mazaly goşlarymyz-da ýanymyza beripdirler.

  Maşyn dynaman barýardy. Birdenem gözüm mawy Hazara düşdi, maşyn soñra bir obanyñ daşyndan aýlanyp, deñze tarap gönükdi. Saldatlaryñ birsi «Çekişler» diýp, ýanyndaka aýdanda, bu obanyñ Çekişlerdigini añyp galdym. Maşyn deñze ýakynlaşdykça ýüregim darygyp başlady: «wä, bular bizi yzymyza berjeklermikä» diýp, howsalanyp başladym. Biraz salymdan soñra maşyn ýüzüni gaýrak öwrüp, ýene ýoluna dowam etdirdi. Men şol pursatda Ejegülüñ küýünden nämeleriñ geçýändigini bilemokdym, ýöne onuñ özüni arkaýyn alyp baryşy maña güýç-kuwat berýärdi.  Ýarym sagata ýetip, ýetmänkä bir harby gazarmanyñ howlusyna girdik. Gözümizi açyp, maşyndan düşürdiler. Getirip bir kiçiräjik howlynyñ gapysyndan girizdiler. Hudaý mundan ýamanyñ ýüzüni görkezmesin. Howlynyñ içinde iki-üç otagdan ybarat bir jaý bilen daşynda bir toalet bardy. Yni-boýy iki metre-de ýetmeýän howlyñyñ belentligi 3-4 metere ýakyn diwary bardy, onuñ üstünden bolsa hatar-hatar tikenekli simler çekilipdir. Mahlasy bu ýerden gaçyp çykmagy küýüñ köçesinde getirmeli däl, dadyña Alla ýetişäýmasa, başga ýetişjek ýok.

  Näderimiz bilmän, jaýyñ daşynda basganjaklaryñ üştünde oturyp, başymyza nämeleriñ geljegine garaşýardyk. Biraz salymdan eli kagazly kiçi derejeli bir ofiser bilen eli foto aparatly bir esger geldi. Rusça bir zatlar aýtdy, dadman galdyk. Soñra özi gelip, biziñ hem ýüz hem-de ýan tarapymyzdan suratlarymyzy alyp, adymyzy, familýamyzy sorap, bellik etdi. Soñra yzyna düşmegmizi buýurdy. Ol bizi jaýyñ otaglaryny görkezip, herimizi bir gapynyñ öñünde dikip ýene rusça bir zatlar aýtdy. Düşünmänmiz üçin, keşbi bize meñzeş eli ýaragly bir saldat gelip: «men özbek, bu jenap, heriñiz bir otagda ýatmañyzy aýtýar» diýdi. Men birinji gezek bir özbek bilen gepleşýänim üçin zordan düşündim. Bu buýrugy eşiden Ejegül ýene urdy dat-bidada: «öldürseñiz-de ýeke başyma ýatyp biljek däl» diýdi. Hernä bu ýerde-de bu haýşymyzy kabul edip, bir otagda ýatmagyza rugsat berdiler.

   Otagy güýçsizje lamp ýagtylandyrýardy, penjireler bolsa demir gözenekler bilen berkleşdirlipdi. Jaýyñ içinde biri-birinden aýra iki künçde tagtadan ýasalan kravat/tagt edilipdir. Gapyñ kiçi gözeneginden bolsa, garawulçylyk çekip ýören saldat, mahal-mahal bizi jyýklap giderdi. Bu jaý, göýe harby postyñ zyndany bolmaly. Garaz, guş bolup uçaýmasañ bu kapasdan çykjak gumanyñ ýokdy. Men soñra bu harby postyñ adynyñ ”Keýmir”digini bilip galdym.

   Ykbalymyza razy bolup, ýatak jaýlarymyza geçip gyşardyk. Ýadawlygyñ derdinden süýji uwka gidipdirin, bir bada Ejegüliñ çyýgyrşyna oýandym. ”Näme boldy” diýemde, elini bir zadyñ dişländigini, oýanyp görse syçandygyny aýtdy. Soñra dañdana çenli gözümize uwky girmedi.

   Ertesi Şenbe güni, kiçijik howlynyñ içinde ýaşajyk, rus keşpli bir esgeriñ garawulçylyk edýänini gördük. Ertirlik üçin bir hil sowuk çaý bilen gara çörek we ömrümizde görmedik bir hil zatlar getidiler. Hiçisinden dadyp bilmän, ozlky açlygymyza dözüp geziberdik. Biziñ bu ýagdaýmyzy añan rus esgeri jübsünden 2 sany şoklat çykaryp, herimize birini berdi. Dilini bilmesekde, sag bolsun aýdyp, ony aldyk, süýji, janymyza, jan goşdy. Ol soñra biz bilen bir zatlary gepleşmek isleýärdi. Men inglisçe ondan şu gün heptäniñ haýsy güni diýp soradym, olam maña rus dilinde heptäniñ atlaryny öwredip başlady, soñra sanlary öwretdi. Garaz bu oglan-Sergeý bilen gepleşip bu güni-de ýaşyrdyk, ýene agşam, ýene öñümizdäki näbelli geljege oýlanmak. Belki meniñ hiç bir siýasy topara degişli bolmadygym üçin bular bizi bu ýerde saklaýarlar diýp oýlanýardym. Bir gün jaýyñ içinde bir şokladyñ kagazynyñ daşyna parsça ýazylan hata gözüm düşdi. Onda bizden ozal şu ýerde bolan 2 sany Türkmensähralynyñ ady ýazylyp, indiki geljege: ”Hoş geldiñiz” diýen sözüñ ýazylandygyny gördüm. Men soñra ol oglan we gyz bilen duşuşamda: ” howa biz ýazyp goýdyk” diýdiler. Men muny görüp, bu ýerde köp galman, barmaly maksada aşjagymyza biraz umyýtlandym.

  Şeýdip ýene iki güni geçirdik. Biz özümizi uzakdaky ada-da unudylan adamlar hasap edip başladyk. Duşenbe güni, Keýmir postynyñ kamandirini görjekdigimi bildirdim. Olam ýanyna şol özbek esgeri alyp geldi. Men oña: ”Biz haçana çenli bu ýerde galmaly, bize näme üçin zyndandakylar ýaly bendilikde saklaýarsyñyz” diýdim. Rus ofisseri: ”Siz hakynda derñew işi dowam edýär, golaýda çözüler” diýp, çykyp gitdi. Ýene uzak gün we atmaýan dañ.

   Sişenbe güni 13-nji oktobr. Sagat 11-lerde howlynyñ gapsyndan iki sany türkmen keşpli kiçi derejeli ofiser girdi. Biziñ ýanymyza gelip, salam berip, ellerini uzatdylar: ”meniñ adym Baýram, meniñ adym Durdy” diýdiler. Bizem özümizi tanadyk. Soñra jaýyñ içine geçdik. Bularam tañrynyñ soragyny berip, şol bir zady gaýtalaýardylar, näme diýp geçdiñiz, haýsy siýasy topara degişli, yzyñyza kowsak näme bolar we şm. Bu duşuşykda meni diýseñ geñ galdyran zat olaryñ Kümüşdefäni şeýle bir oñat tanaýandyklarydy, men ýuwaş-ýuwaş olaryñ Türkmenistalydygyna şek edip başladym, ”plan köçede plan mekdep bar, dälmi, plan ýerde harby post bar, dälmi” diýip, şäheriñ köçelerini sanaýardylar. Eýranda ýörgünli bolan we pars diline giren sözleri-de bilýärdiler. Mysal üçin Eýranda orta mekdebiñ biriniji ýarymyna ”Rahnemaýyراهنمائی ” diýýärler, bular hatta şuny-da bilýärdiler. Bu zatlary eşidip, agzymy açyp, geñ galdym. Olar soñra, ”Türkmenistana sygnan Türkmensäraly ýigitleriñ arasynda iki dürli siýasy düşünjäñ bardygyny aýdyp, senem olaryñ arasyna goşulsañ birisinden birsine goşulmaly bolarsyñ” diýdiler. Boýy uzyýnragynyñ ady Baýram: ”size ýagşy bir habar bereýin; sizi Türkmenistan döwleti kabul edýär, hoş geldiñiz” diýp, elimizi gysdy. Soñra ýanlary bilen getiren gawun bilen türkmen çöregi berip: ”ýene iki günden sizi bu ýerden Nebitdaga alyp giderler” diýdiler.

   Sorag-jogaplar tamam bolandan soñra, zatlarymyzy möherläp goýandyklary üçin, bir hepdeden bäri saçyny darap bilmeýändiginden Ejegül şykaýat etdi. Şonda men ilkinji gezek ýan-ýoldaşymyñ ejizläp, gözüne ýaş tegeläp, şeýle haýyş bilen ýüzlenendigini gördüm.

   Olar: ”beýle etmeklik dogry däl, gerek zatlaryñyzy alyberiñ, munyñ rugsaty bolarmy” diýp, gatyrgandylar.

Hasrat bitdimi ýa-da başlandymy?

  Serhetden geçenimize dokuz gün bolupdy. Penşenbe güni oktýabryñ 12-inde bellenen möhlet gelip ýetdi. Biz bu günüñ gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşdyk.

  Ol güni irden ördük. Darajyk howlunyñ içini gezmeläp, ýol edipdik. Sagatlar diýseñ ýuwaş geçýärdi. Günortan ýene şol dadyp bolmaýan esgerleriñ çorbasyny berdiler. Bogazmyzdan zat geçmeýärdi. Günortadan soñra sagat ikilerde howlynyñ gapysy açylyp, türkmen keşpli inçeräjik bir serjant (parsça: گروهبان) girip: ”Taýýar boluñ, ýola düşmeli” diýdi. Muny eşidip, begenjimizden ýere-göge sygmadyk.

  Dört adam sygýan kiçiräjik harby jip maşyna münüp, Keýmir garawulhanadan, has dogrusy zyndandan uzaklaşdyk.

   Bu türkmen serjanty adynyñ Arazmuhammet Mürze ogludygyny, özünyñ bolsa Esengulydan, Tumaç tiresinden bolýandygyny aýdyp, biz bilen Çärjewe çenli ýoldaş bolup, ýolda-yzda kömek etmek üçin bellenen-digini bilen sözüniñ üstüni ýetirdi. Men dogrusy Çärjewuñ adyny eşitýärdim-de onuñ nirde ýerleşýändigini doly bilmeýärdim. Aljyraññy: ” Arazmuhammet, Çärjew nirede?” diýp sorapdyryn. ”Ýola düşeýli, belli bolar” diýp, gyýtaklaýyn jogap berdi.

  Ylkinji gezek Türkmen topragyna gadam basanyma begenip, iki bolup bilmeýärdim. Majaristanly alym Vamberiniñ baryp 1760-nji ýyllarynda geçen ýolundan barýardym. Boýdan başyna göge bürelen Türkmensährasyndan bu ýerde nyşan ýokdy, hemme ýer tozap ýatan gumdy. Hatta darajyk asfalt ýoluñ üştüne-de gum topbagy üýşip, mahal-mahal, şafýorymyzyñ elinden ruluñ çykmagyna sebäp bolýardy, ýöne ol çakganlyk bilen öz işini oñarýardy.

   Yki sagat ýörenimizden soñra bir oba baryp ýetdik. Maşyny bir dukanyñ öñünde saklap: ”bu oba Çaloýuk diýýärler, suw dagy aljak bolsañyz, şu ýerden alyp bileris” diýp, Arazmuhammet bize ýüzlendi. Bizem düşüp, dukana girdik. Bu dukan biziñ obamyzdaky dukanlar ýaly däldi. Diýseñ geñ, içinde kitap we gazýetde satylýardy. Zat alara pulumyz ýok diýsem, Arazmuhammet: ”sizi eltip tabşyrýançam, ýörite ýol harjyñyzy berdiler, alyberiñ” diýdi. Şonda men ”Türkmenistanyñ tebigay” diýen kitaby bilen bir gazet aldym, Ejegül bolsa süýji köke aldy.

   Ýene ýola düşdük. Obamyzdaky Annameret çarwa ýadyma düşdi, ol özüniñ Çaloýuk obadandygyny aýdypdy. Obanyñ durky Türkmensähradaky obalardan tapawuty ýokdy, ýöne iki parh bardy, birisi obanyñ içinde we töwereginde düýäniñ köpdügi, ikinjisi bolsa gögerip oturan bag-bagçanyñ ýoklygydy. Biraz ýöränimizde bu gezek ulurajyk oba, has dogrusy kiçiräjik şäherçä baryp ýetdik. Arazmuhammet onuñ Gumdag şäherçedigini aýtdy. Gumdag, diýseñ gumlykdy. Entejik ýel ösende, şäher tutuşlygyna guma basyrylýardy. Gumdagdan çykyp, ugrumyza gidiberdik. Nebidi gazyp alýan nasuslardan(pomp) ýüzleçesi, irmän-arman diýen ýaly, ýeriñ teýinden nebidi sorýardy. Men bu baýlygymyzyñ Moskva tarapyndan talaýandygyny, SSSR diýen äpet kolonistiñ, sözüñ doly manysynda orta Asýa jemhuriýetleriniñ çiýg mallaryny talaýaşyna soñra göz ýetirdim. Mundan ozal dostluk siýasaty esasynda şeýle bolmaly diýp, bizi ynandyrypdylar.

   Agşamara Nebitdaga baryp ýetdik. Arazmuhammet baryp Demirýol stansiýasyndan biletlerimizi aldy. Soñra ”ugramaga bir sagat bar, garymyzy doýuraýly” diýp, şol golaýda ýerleşen resturana bardyk. Onda işleýän çiýşik bir rus aýal: ”nahar gutardy, ýöne ojuk-bujuk galan zatlary getirip bereýin” diýdi. Arazmuhammet çäresiz muña razy boldy. Birzatlar iýşdirdik. Dogrusy begenjimden açlygymyny onçakly duýmaýardym. Biz şafýor bilen hoşlaşyp, odlynyñ duralgasyna tarap ugradyk. Köp adam odlynyñ gelerine garaşýardy. Odly, Şagadamdan gelemelidi. Uzakdan odlynyñ çyralary görnüdi. Haçanda gelip, duralgada duranda adamlar hümmerlenşip, odla münmek üçin ylgaşdylar. Bizem münip, kupemizde ýerleşdik. Üç bolup bir kupede ýerleşdik. Arazmuhammet ýadaman bize hyzmat edýärdi; çaý diýsek, çaý, suw diýsek suw getirip bererdi. Goñsy kupelede türkmençe gepläp, degişip, gülüşýänler, arak içip, keýp edýärdiler. Men, bu ýerden türkmen dilinde gürlenýänligine, ýolagçylaryñ hemmesiniñ diýen ýaly türkmenlerdiginiden buýsanmak buýsanýardym. Edil arzuw edişim ýaly, öz ilime gelipdirin diýp, çeken horluklary unutýardym. Odlynyñ içinde käbir adamlar bilen salamlaşyp, özümiñ Türkmensähradan gelenimi aýtýardym. Birisi: ”hä- ýagşy, hoş gelipsiñ” diýýärdi, ýene birisi geñirgäp: ”Etregiñ ilersindäki türkmenleriñ ýagdaýy barasynda aýdyp bersene” diýýärdi, başga birisi: ”mundan birnäçe ýyl öñ, dört-bäş maşgala bolup, Türkmenistana sygnyp gelenleri eşdipdik” diýp, menden ozal bärik geçenler hakynda aýdyp berýärdi. Soñra ýerime geçip ýatdym.

   Ala dañdan Arazmuhammet bizi turuzyp: ”Aşgabada geldik, bu ýerde düşüp, indik odla garaşmaly, olam 2 sagatdan geler” diýdi. Aşgabadyñ adyny eşiden badyma ýerimden zoññkga galdym, soñra goşlarymyzy alyp odludan indik. Aşgabadyñ odly duralgasy diýseñ owadandy. Salonyñ içinde ýolagçylar, odlularynyñ gelerine garaşyp, irkilşip oturdylar. Kä bir aýallaryñ eşikleri meni geñ galdyrýardy, soñra görüp otursam, Çärjewliler şeýleräk geýýänmişler. Garaz, meniñ üçin her zad täzelikdi, üýtgeşikdi. Binanyñ şähere tarap açylýan gapysyndan Aşgabada bakdym: ”düýşümdemi, huwşymdamy” diýp, gözlerimi owkalaýardym. Howa diýseñ temizdi, oktýabriñ dañynyñ sergin şemaly, janyña jan goşýardy. Ýanymda özüm ýaly birisi çilim çekýärdi. Menem çilim odlap, onuñ bilen salamlaşyp, hownyñ oñatlygy barasynda söhbet açyp, soñra özüminiñ uzak ýerden arzulap, iklinji gezek Aşgabada gelendigimi gürrüñ berdim. Ol özüniñ Gyzylarbatlydygyny işiniñ bolsa mugallymçylykdygyny aýdyp berdi.

  Aşgabat-Çärjew odlusyna münip gündogara tarap ýola düşdik. ”Ol obanyñ ady näme, bu şäheriñ ady näme” diýp, Arazmuhammet pahyry bizar-peteñ edýärdim. Hernä ol ýadaman jogap berýärdi. Uzakdan Änew obasyny gördüm, soñra Tejen, sagat iki töwereklerinde bolsa Mara baryp ýetdik. Bu ýerde odlynyñ ýarym sagat eglenjekdigi aýdyldy. Ýere düşüp, bir hili süýji suwy satyn aldyk, onuñ adynyñ ”sok” ýa-da ”kvas”dygyny soñra bilip galdym. Bu ýerde pepsi ýa-da şoña meñzeş içgilerden nyşan ýokdy. Bizde adat bolşy ýaly buwzly suwda ýokdy, içgileri gyzgynrak içýärdiler.

   Odly ýadaman ýol aşýardy. Duraba gumlyk çöli görnüp başlandy. Demir ýoluñ kenaryna gum üýşmez ýaly ýylgyna meñzeş bir hil ösümlik ekipdirler. Howa garaldy, odly-da dinman bir syhly barýardy. Dura-bara ýüregime howsala düşüp başlady: ”How, Arazmuhammet, biz ýeriñ ol uwjuna barýarsmy, bu ne bitmez ýol” diýp soraýardym. Olam: ”howlugma, ynha birazdan bararys” diýp, göwünlik berýärdi. Asmanyñ ortarasyndaky tes-tegelek aý giýjäni ýagtylatýardy. Kalindara sertsem bu gün dört tirkeşik aýyñ başkysyñy 12-sidi. Aý diýseñ ýakynlaşan ýalydy, olary elim bilen tutaýjak ýalydym. Gije sagat 8-lerde Çärjewe baryp ýetdik. Arazmuhammediñ yzyna düşüp, stansiýanyñ uly salonyna girdik, ýetimçelerdik müzzerşik duwrys, Arazmuhammet neresse-de bir zadyñ yzynda eýläk-beýläk çyrpynýardy, arasynda biziñ ýanymyza gelip: ”wah, bular näme habarlary ýokmuka, näme diýp giç galdylar” diýp, birlerine zeýrenýärdi. Sagat dokuz boldy. Bizi garşy alýan bolmady. ”Aý onda men KGB telefon edeýin” diýdi. KGB-niñ adyny eşiden badyma: ”Arazmuhammetjan, nirä jañ etseñ, et, şol edara jañ etme” diýp ýalbarmaga başladym. Biz Eýranda siýasy bendileri gynap, horlaýan SAVAK bilen KGB-ni bir edara diýp düşünýärdik. Arazmuhammet hem: ”ýok, agam, olaryñ gelip, sizi garşy almaklary wezipeleri ahyryn” diýp, bir zady maña düşündirmäge syýnanşýardy. Ahyry baryp bir ýere telefon etdi. Aradan bäş, on minut geçip, geçmänkä 2 adam gelip, bizi ýerden tapan ýaly, gujaklap: ”ýoldaşlar, Sovietler ýurduna hoş geldiñiz” diýp, ýüklerimiz alyp, gapyda duran ýeñil maşyna tarap alyp gitdiler. Biz Arazmuhammet bilen hoşlaşyp, gijäniñ içinde belli bolmaýan ykbalymyza tarap ýola düşdük.

Seýdiñ mekany Çärjewde

   Çärjewiñ demirýol stansiýasyndan Ergiş diýen birisi hem şafýorumyz Jumabaý bilen ýola düşdük. Birden ýañky Ergiş ”Gürgen radiosyny” açyp: ”ynha siziñ ýurduñyzyñ sesi, muny diñläsiñiz-ä gelendir” diýp, maşynyñ yzynda oturan bize gañyrlyp seretdi. Biz: ”ýok, onda halkyñ sesi däl-de rejimiñ propagandasy edilýäni üçin diñlämizok” diýp jogap berdik. Soñra maşyny, hatar-hatar duran 4-5 gatly jaýlaryñ ýanynda sakladylar: ”bu raýona, ”Uçpunkt diýärler” diýýärler. Ergiş, şafýora ýüzlenip: ”Juma, myhmanlar bu agşam sizde galsyn, ertir komnalika aşyrarys” diýdi. Men şondan soñra Ergişi görmedim.

   Jumabaý diýseñ ýagşy ýigitdi. Bizi güler ýüz bilen kabul etdi. Aýaly bilen iki sany balasy bardy. Biz ýuwnup-ardynyp, nahar idik. Ýadaw bolanymyz üçin irräk ýatjakdygymyzy aýdanymyzda, olar öz ýatýan kravatyny bize berdiler. On, onbir günden soñra ilkinji gezek arkaýyn uwklapdyrys.

   Biz turmazdan ozal, Jumabaý bazara gidip, ertirlik üçin ýagşy taýýarlyk görüpdir. Çaýyñ başynda, Gafur. S diýen ýigidiñ bizi görmäge geljegini aýtdy. Ejegül gyrmyzy ketenisi bilen lowurdap otyýrdy. Ýañky Gafur diýen oglan gapydan girip, biz bilen salamlaşdy: ”Hoş geldyñ ýoldaş, men bu ýerde dört ýyldan bäri ýaşaýaryn, aslym Kümmetgowuzly” diýdi. Menen özümi tanytdym, soñra: ”bu-da aýalym Ejegül” diýemde, ol: ”wi, bagyşlañ, men sizi Aşgabatdan gelen myhmandyr diýp oýetdim” diýdi-de Ejegül bilenem tanyşdy.

  Çaýdan soñra çilim çekmek üçin, ýere düşdük. Şonda Gafur birsiniñ ýanyna baryp, meni görkezip bir zatlary aýtdy. Soñra ýanyma gelip: ”men krasni krestiñ/ gyzyl haçyñ bu ýerdäki müdüri Baýram Baltaýev bilen gepleşdim, bu ýerde boş kvartira/öý bar diýdim, sizi komnalika ibermezligi teklip etdim” diýdi. Men: ”komnalik näme ol nirde” diýdim. ”şäherden 30-40 km-liginde ýerleşen bir ýer, ol ozal, kommunitlaryñ dynç alýan ýeridi, häzir bolsa bosgunlary ýerleşdirilen kampa öwrüldi. Biziñ hemmämizi ilki gelenimizde şol ýerde ýerleşdirdiler. Ýañy geçen birki ýyldan bäri, şähere getirip, şu mähellede ýerleşdirdiler. Komnalikda oglanlar berk kontrol astynda saklanýardy” diýp, Gafur gürrüñ berdi.

   Bagtymyza Gafur diýseñ ýagşy ýigit bolup çykdy, ol bizi komnalika ibertmän bir hepdeden gowrak öz öýünde saklady. Ol Çärjewli Dürzadeh diýen gyz bilen öýlenip ondan Änin diýen ogly boludy. Ykisem biri-birinden oñat adamlardy. ”bärde boş jaý bar, oglanlaryñ köpüsi Aşgabada, Mara, Daşhouza göçüp gitdiler. Baýram Baltaýevden bir jaý diläp alýançam, sen bizde galyber” diýp, Gafur bize arkaýynlyk berdi. Onuñ ýaşaýan jaýynda bir otagy özlerinden artykmaçdy. Biz şonda ýerleşdik.

   Öýleden soñra bu ýerde ýaşaýan Türkmensähraly türkmenler bilen tanyşdyrmak üçin Gafur käbir jaýlaryñ gapysyny kakdy. Oglanlar işe gidenmiş, köpüsi öýde ýokdy. Bir gapyny kakanda, ýaş gelin gapyny açdy: ”Mawşa, seni iki sany myhman bilen tanyşdyraýyn” diýende, gelin: ”giriñ” diýp, bizi içerik aldy. Bir görsem, bu gelin Bendertürkmende görenim Hangeldiniñ gelini Mawşa. Salmalaşyp, hal-ahwal soraşdyk. Öýde ýene bir gelin bilen iki sany garry mama bardy. Bu geliniñ hem Bendertürkmenlidigini bildik. Ol bäş aý mundan ozal ýoldaşy bilen geçip gelipdirler. Mawşa bolsa bizden iki aý öñ gelipdir. Ykisem biziñ geçen ýolumyzdan geçipdirler. Garry mamalar bolsa Çelekenden, garyndaşlary bolan Hangeldilere gelipdirler. Şonda bu iki gelin tukat bolup oturandyklaryny, yzlaryny göresleriniñ gelýändiklerini aýtdylar. Men kämahal olaryñ gözlerinde ýaşyñ tegelenýändigini gördüm. ”nesip bolsa azat erkin bolan topragymyza dolanyp bararys” diýp, olara göwünlik berdim. Ýöne Ejegül diýseñ mertlerçe häzirki ýagdaýy ýüregine siñdirip, çagajyklar ýaly eñegini sallap, yzyny küýsemedi, küýsänem bolsa dile getirmedi.

   Garry mamalaryñ birisi gazet okaýardy. Ejegül, şeýle garry adamlaram hatly-sowatly diýp, olara geñ galyp bakýardy. Men olara ýüzlenip: ”biziñ Çelekende Paşmyradov Hally diýen agalarymyz bolmaly, olara biziñ gelenimizi aýtsañyz” diýp haýyş edemde, birisi okap oturan gazýetini bir ýana goýdy-da olaryñ adresini göçrüp aldy. Olaryñ hatlý-sowatlydygy we biziñ Sähramyzda aýallaryñ köpüsiniñ sowatsyzlygy bilen deñeşdiremde, bu ýerde ösüşiñ bardygyna göz ýetirip galdyk.

  Çärjewde on onbir Türkmensähraly türkmen imigranty/bosguny ýaşaýardy. Komnalikda olary bölüp, Fedaýylaryñ äkseriýet toparyna ynanýanlary Daşhuza, Tudehleri Mara, beýlesini bolsa Çärjewde ýerleşdiripdirler. Onlarçasy bolsa Aşgabatda ýokary okuw jaýlaryna kabul edilipdir.

   Gafur oglanlaryñ başdan geçiren ýagdaýlary hakynda köp gürrüñ berdi. Bir gün Gyzyl haçyñ ýerli başlygy Baýram Baltaýev bizi şol ýerdäki edarasyna çagyryp, özbaşymyza bir jaý berilendigini aýdyp, ertir Jumabaý bilen komnalika gidip, oý goşlaryny almalydygymy habar berdi, soñra Ejegül bilen maña kömek hökmünde 100 manaty uzatdy. Men: ” ýok tañyr ýalkasyn” diýemde, ol gülümsiräp: ”al, bu seniñ hakyñyz, muny men däl-de edara berýär” diýdi. Dogrusy pulsuzlykdan gaty kösenipdim. Sag bolsun oglanlar, çilim pul berýärdiler. Aşyr diýen Bendertürkmenli bir ýigit, kömek diýp, 25 manat beripdi, Gafur-yñ-a gürrüni ýokdy, tapany ortady. Biz Baltaýeve sag bolsun aýdyp, edarasyndan çykdyk. Çykyp gelşimize Hajykerim.B diýen başga bir Bendertürkmenlini gördüm. Ol meniñ bilen salamlaşyp, salamlaşmanka: ”Nury däde, seniñ kitabyñy tankyýt edýän syny ýazdy, ýöne seniñ bärik geleniñ eşdilenden soñra ony ”Türkmenistan-e Yran” gazetinde çap etmekden saklanan ýaly boldy” diýdi. Menem: ”ýazyp, çykaran bolsa gowy bolardy” diýdim.  

    Bu ýerde ýaşaýan oglanlaryñ köpüsi diýen ýaly ýerli gyýzlara öýlenipdirler. Iki sanysy bolsa rus gyzlar bilen durmuşlaryny paýlaşypdyrlar. Siýasy taýdan bolsa üç topara bölünýärdiler: bir topar Halkyñ fedaýylarynyñ yzlaryna düşüp, olaryñ guwrukleryndan berk ýapyşýardylar, ikinji topar bolsa ozalky ”Kanuny” gaýtadan diketmeli diýp, Fedaýylardan ýarym-ýamalak aýrylankiş bolup, hereket edýärdiler, üçünji topara ”Türkmenistan-e Iran” gazeti çykarýandyklary üçin, ”Türkmenistany” diýlýärdi. Bularyñ üçüsi-de biri-birlerine ýagy ýalydy. Gafur: ”indi siýasatyñ döwrany ötdi, ideologi, videologi, Marks bolsa Marka/Alman puly/ boldy” diýp, kinaýaly gürrüñ berýärdi. ”walla, Gafur, men-a bu gepleriñden dadman galandyryn, ümrüñ içinde ýörän ýaly gaýrat ediñ-de, gönüsinden gel” diýdim. ”birnäçe gün geçsin, özüñ hemme zady bilersiñ” diýp, ertir komunalika gitmelidigimizi ýatladyp, uwkusynyñ gelendigini aýdyp, jaýdan çykyp gitdi.

Kommunalik diýen zyndan

   Çärjewyñ 20-30 km-liginde, Buhra diýen ýol bilen gideñde, ”Komsomol” raýonynda, ”Partizan” kolhozynyñ ýanynda, Amyderýadan aýyrylan kanalyñ golaýynda, 3 hektar meýdany tutýan ýerde kommunist partiýanyñ ýolbaşçylary üçin niýetlenip, üç gatdan ybarat gurlan dynç alyş ýere kommunalik diýerdiler. Kommunalikiñ müdüri özbeklerden ”Hatyja” diýen aýaldy. Bosgunlaryñ ilkinji toparyny şol ýere getirip ýere getirip ýerleşdiripdirler. Bosgunlar umuman iki topardan ýagny ”Tudeh partiasy” bilen ”Fedaýy”lardan bolupdyr, bulardan başga beýleki siýasy toparlardandanam birnäçesiniñ bardygyny aýtdylar.

24-nji oktiýaber güni Jumabaý meni kommunalige alyp gitdi. Gafur-da maña ýoldaş bolup geldi. Şäherden ýarym sagat töweregi uzaklykda ýerleşen kommunaliga gelip ýetdik. Bu ýerde ol eşdilen goh-galmagallardan, bosgunlaryñ eýläk-beýläk ylgaşlaryndan habar hatyr ýokdy, Türkmenleriñ hemmesi ýa Çärjewde ýerleşdirlipdir, ýa-da Günbatar döwletlerine aşypdyrlar, diñe Yrakdan gelen birnäçe kürt bosguny bardy.  Howlynyñ içinde ýerleşen iki gatlý binanyñ öñünde ulyrajyk suw howuzuny gurupdyrlar, garşysynda bolsa aşhana diýlen uzyýnrak ammar bar. Binanyñ daş-töweregi bolsa pagta meýdany. Jumabaý bilen Gafur binanyñ ýerzemine girip gidiberdiler, maña-da gel diýdiler. Bu ýerde uly bilýard salonyny gördüm. Gapdalyndaky otaga girdik, ol ýer skald/ammar eken, baryp gapyný kakdyk, jogap bolmady, daşarý çykdyk, bir ýerden bir ýaşuly gelip biz bilen salamlaşdy, oña Rejep aga diýp ýüzlendiler. Ol binanyñ garawuly ekeni. Gafur oña: ”Rejep aga, öý-içerler nähili, gyzlary ýerleşdirdiñmi” diýp soranda, ”ýok, siziñkilerdenem derek bolmadý, hiç biziriñiz gyzlara göwün bermediñiz” diýp, degişme äheñinde jogap berdi. Soñra: ”Nina” ýañy çykyp gitdi, ynha dönerin” diýp, birsi hakynda gürrüñ berdi. Gafur: ”çäre ýok, garaşarys” diýdi. Rus aýaly Nina kommunaligiñ hasapçy-bugaltiri ekeni. Jumabaý, Rejep aga bilen bir tarapa, Gafur bilen men bolsa howzuñ başyna baryp çilim otladyk. Gafur howzuñ tolkun atyp duran suwuna bakyp, çuñ oýa batdy. Bir salym dymdy, soñra: ”haýp, bu ýerde geçen günler” diýp, başyny ýaýkady. Men oña: ”näme boldy” diýp ýüzlenemde, ”bu ýerde gören görgülerimizi it görse gözi agrardy” diýp, howlynyñ töwereginde gezmeläp başlady. ”Şu görän ýerleriñ, gadam basýan her bir jaýyñ maña başdan geçiren ajy günlerimi ýatladýar” diýp, Gafur, uludan demini alyp oglanlaryñ başdan geçiren günleri hakynda gürrüñ berip başlady.

1982-nji ýyldan başlap, bosgunlaryñ ilkinji topary Türkmenistana gelip başlady. Fedaýylaryñ ýolbaşçylaryny Özbegistanyñ paýtagty Daşkentde ýerleşdiler. Bizi-de ol ýere ýakyn bolsun diýp, Çärjewe getirdiler. 100-den gowrak bosgun geldi, olaryñ ýarysy diýen ýaly parsdy. Her bir täze gelen bosgun, serhetden ne gün bilen geçendigi, 6-7 günläp serhetçiler tarapyndan sorag-jogap edilendigi, saldatlara berilýän gara çorba bilen gara çörekden başga zat berilmändigi hakda gözlerine ýaş tegeläp gürrüñ berýärdi. Bu ýerde KGB-niñ ofiseri, ärsarylardan bolan Ergiş bilen kömekçisi, gelip-çykyşy täjiklerden bolan ”Öwezev” diýen iki kişi bosgunlardan jogapkär edilip bellenipdir. Bulardan başga ”Çary aga”, ”Durdy”, ”Joraýev”, ”Gara Gurban”, ”Juma” her hepde gezek gezegine gelip, oglanlardan sorag edýärdiler. Olaryñ başlygyna Makarov diýerdiler. Köplenç Yrandaky ýagdaý, siýasy gatnaşykar barasynda soraýardylar. Käbirlerinden Amerikanlaryñ Şah döwründe serhet ýaka Türkmen obalarynda guran merkezleri hakynda sorýardylar. (ýeri gelende aýtsak, Marawadepäniñ ileri ýüzündäki Ýekeçynar obasynyñ ýanyndaký dagyñ üstünde, Amerikanlylar SSSR-i diñlemek üçin uly radar merkezini gurupdylar we ol men Türkmenistana geçen ýylymda-1989-nji ýylda-da işleýärdi-AG)

  Şol görýän ambar aşhanamyzdy. Oña Rahym aga diýen birsi ýolbaşçylyk edýärdi. Gülnara, Jümägül, Zamfyra, Ogulnar diýen gyýzlar aşpez bolup işleýärdi-diýp, Gafur sözüni dowam etdirdi.

”Gelen bosgunlaryñ ýaşy 18 bilen 40 aralygyndady. Sallah oglanlary(18 töweregi) şol gören ýerziminde, maşgalaly bolanlary depeki gatlarda ýerleşdirdiler. Anna.Z diýen Türkmeni ”Fedaýylar-äkseriýet” topary adyna we Feriborz diýen birsini ”Tudah partiýasý” tarapyndan bosgunlara siýasy ýolbaşçy edip, Hajy.T-i bolsa, sosýal meselellerinden jogapkär edip bellediler. Koridorda ýekeje köneräk televizer bardy. Gijelerine onuñ daşyna ýygnanşyp tomaşa edilýärdi. Haýsy tele kanaly seretmegiñ üstünde mahal-mahal goh-galmagal bolardy. Türkmenler Aşgabadyñ gepleşiklerini, Türkmen aýdym-saz diñläsleri gelýärdi, parslar bolsa Moskvanyñ gepleşiklerini tomaşa etmek isleýärdiler. Bir görseñ yzrakdan aýllar eşitmez ýaly edip: ” bu nämesini näme etdigim parsa bak, Eýranda agalyk edenleri az ýaly, indi bu ýerde-de öz hökümlerini ýöretjek bolar” diýp seslenerdi. Daşkentden Fedaýylaryñ ýolbaşylaryndan ”Ahmatjyk” lakamly Dr.Reza Jowşeni bilen Ferýdun dagy gelip, bosgunlar bilen siýasy meseleler hakynda otuşyk maslahatyny! geçirýärdiler. Ýene bir geñ zady aýdaýym. Tomusyñ yssy günlerinde golaýymyzdaky kanala suwa düşmäge giderdik. Mazenderanly Huseýin diýen birsi suwa düşüp ýörkä gark bolup öldi. Onuñ aýal dogany bilen giýewsi-de bosgun bolup gelipdi. Giýewiñ ady Abbas Selimi,di. Soñra ony bosgunlara baş edip, Daşkentden belledir. Ol öz buýruklarynyñ berk ýerine ýetirilmegini talap edensoñ,  Türkmenler oña ”şah abbas” diýärdiler.

  Başda berilýän mümkinçilikler we hyzmatlar diýseñ ýetersizdi. Şol uly märeke üçin diñe iki sany hajathana bardy, olam diñe ady hajathana, ne suw bardy ne-de kagyz, oglanlar gijelerine meýdan gidip täret ederdiler bu bolsa hapalygyñ artmagyna sebäp bolardy.  Her iki hepdeden bir gezek şähere hamamma alyp gitýärdiler. Herkim öz nobatyndan artykmaçrak, ýa-da nobaty gelmänkä, hamamma gitjek bolýardy, bu bolsa oglanlaryñ arasynda dawa-jenjele sebäp bolardy, ýa-da kä mahal süýt getirlende: ”çagam kesel” diýp köpräjik aljak bolýan haýs, garaz şular ýlay ownuk-uşak zatlar, göreşjeñ-revlosiýoner ýigitleriñ bir-biri bilen ýakalaşmagyna sebäp bolýardy. Kä birleri: ” muny KGB ýörite gunaýar” diýýärdi.

   Günler, aýlarý, aýlar ýyllary yzarlaýardy. Günümiz şeýdip geçip barýardy. Yki siýasy topar bolup, garşy-garşy wollibal, ýörtme, bökme we pink-ponk ýaly oýunlar oýnaýardyk, küşütdepdi ýaly oýunlarydyr dürli temalardan teatrlary ýola goýardyk.

 Gyş aýlary gaty sowuk bolardy, jaýlary ýylatmak üçin köne motor bardy, onda Halym.N mekanik bolup aýyna 60 manada işleýärdi, iñ baýymyz-da Halymdy. Pul bermezdiler, manadyñ reñkini görmek bize arzuw boldy. Halym kämahal bize arak alyp bererdi, arak içmegi bize gadagan edenleri üçin ogrynça içerdik. Tomus aýynda uzyýn paltony geýip, oglanlar goñşy kolhozdaky toýa gidip, hödür edilen aragy, jüblerine salyp getirerdiler. Bilse, şah Abbas derrew Daşkente merkezi komitete habar bererdi.  Soñra puly ýetmeýän oglanlara karz pul berip bilmek üçin ýörite sandyk döretdik, oña-da Halymy ýolbaşçy edip belledik.

   Güýz aýynda pagta ýygmaga alyp giderdiler. Her kim işçi-daýhan partiýasyna wepaly boljak bolup, agyr işlerde işlemegi özüne borç saýýardy. Galyñ eşik diýp paýlap beren paltodyr jalbarlary beren günlerinde meýdanda oglanlar bir-biriniñ eşigine seredip, gülmekden ters ýykylýardylar, birsiniñki uzyýn, başgasynyñky gyýsgady. Pomaza köýnek, gara palto bilen bätinke diýlen köwiş berdiler. Türkmen aýallaryñ balaklarynyñ uçgury erezindi, bu bolsa Türkmenistanda ýokdy, ol-da problemalaryñ birsine aýlanypdy. Sport köwşüñ arzuwy bolsa hasyl bolman gitdi. Ýöne özümizi sagdyn saklmak üçin sport ederdik. Eýranda bolup geçýän ýagdaýy diñläýli diýsek, gyýsga tolkunly radio-da bermediler, diñe Aşgabat radiosyny diñlärdik. Rus dil kursuny açdylar, Ýolbars aga diýen oñat mugallymyz bardy.

   Bişirilýän naharlaryñ hili-de onçakly öwerlik däldi. Oglanlar balyk tutup duzlardylar. Parslar özlerine mahsus naharlaryñ bişirilmegini isleýärdiler, bu-da bolmazdy, ahyry -hany onda özüñiz bişiriñ- diýdiler. Parslar gidip düzden selme hem şoña meñzeş otlary getirip, ”gorma sebzi” bişirdiler, ony iýenler ödle bolup ýykyldylar.

   Günlerimiz şeýle geçýärdi diýp Gafur sözüni dowam etdirdi.

  “Bir gün iş ýerlerinden gelen başlyklar, gelende bize hatara duruzdylar. Olar edil gul bazarlarynda gul satyn alýan ýaly biziñ endam-janymyza seredişip, güýçlerägimizi saýlap bir kenera çykardylar. Soñra kommunaligiñ başlygy bilen bir zatlar gepleşik, kagyzlara bellik edip gitdiler. Şonda biziñ nirde işlemelidigimiz bellenen eken. Soñra bizi üç topara böldüler. Fedaýylary “Daşhouza” Tudalary “Mara” galanlaryny bolsa Çärjewuñ “uç-punkt” diýen mähellesyndäki öýlerde ýerleşdirdiler. Şeýdip bosgunlyk döwrümiziñ başga bir tapgyry başlandy. Günde irden turup işe giderdik, kim tekstil kärhanasynda, kim metal/demir zawodynda, kim ustahanada, aýallar bolsa ýeñilräk işlerde işleýärdi” diýp Gafur gürrüñini dowam etdirdi. “Çärjewuñ avtobuslarynyñ içi hym-dykyzdy, hatta dik durmaga ýer bolmazdy, garaz her kim işine aşjak bolup, tutda-basdy. Bir gün biziñ oglanlarymyzdan biri bu ýagdaýa çydaman, avtobusyñ içinde batly ses bilen: “başlyklarda şeýle ýagdaýda işe gidýärlermi, hany sosýalyzym, hany deñlik “ diýp gyýgyrmazmy, ýöne onuñ sözüne gulak beren bolman, gaýtam “däliräpdir” diýen äheñde oña bakypdyrlar.

 Şu taýda Gafur uludan demini aldy, men näme erbet zat ýadyña düşdümi? Diýp soramda ol: howa, Jelil neresse ýadyma düşdi” diýp sözüni dowam etdirdi.

 “Durmuş dowam etýärdi. Şäherde resturanlar, diskotekler köpdi. Dynç günleri olara gidip, oglanlar dura-bara özlerine gyz dost tapýardylar, kimler bolsa iş ýerlerindäki gyýzlar bilen tanyş bolýardy. Şeýdip 4-5 oglan ýerli gyzlar bilen öýlendiler. Olaryñ arasynda iki sany rus milletine öýlelen-de boldy. Birnäçämiz bolsa Türkmenler bilen öýlendik. Şeýdip meniñ kysmatyma “Dürzadah” diýen gyz düşdi, ondanam “Änin” pahyryñ (Annageldi Goklany) adyny göterýän oglumyz boldy. Galan zatlary-da öz gözüñ bilen görersiñ” diýp Gafur sözüni tamamlady. Soñra almaly zatlarymyzy alyp, şähere dolanyp gaýtdyk.

    19-njy oktýabrda Aşgabatdan gaýbana tanyş dostum Ýüsüp.K geldi. Ol maña bosgunlyga gelen oglanlaryñ durmuşy hem-de siýasy hereketleri hakynda köp gürrüñ berdi. “Fedaýilardan” peýdanyñ ýokdugyny, özleriniñ “Kanuny gaýtadan dikeldiş toparyny” döredendiklerini, “Kanuna” ynanýanlaryñ bir böleginiñ Almanda “Türkmenistan” diýen neşriýe çykaryp, özbaşlaryna hereket edýändigini aýtdy. Ertesi Aşgabada ugramazdan ozal men oña: “men bu ýerde galasym gelenok, Aşgabada gidesim gelýär” diýdim. Ol bu babatda maña kömek etjegine söz berdi.

  Soviet soýuzynda bosgunlaryñ işi bilen “gyzyl haç” guramasy meşgullanýardy. Bir gün Guramanyñ Çärjew bölüminiñ başlygy Baýram Baltaýeve: “Baýram aga! Maşhet şäherinde tanyş bolanym Türkmenistanly Ata Berdiýev bilen Gurban Aganyýazovy görmek isleýärin, olar barada bilýän zadyñ bolsa maña bildir diýdim.” Birnäçe günden soñra ol: “A. Berdiýev Täjigistanda işleýär, ýakyn wagtda G.Aganýazov Çärjewe geljek şonda nesip bolsa onuñ bilen duşuşdyrarys” diýdi.

 24-nji oktýabr güni Baýram Baltaýev maña: “aýalyñ bilen hol köçäñ başynda maña garaş, men sizi Gurban Aganýazovyñ ýanyna alyp gideýin” diýdi. Ol bizi Çärjewiñ demirýol stansiýasynyñ garşysyndaky “Jeýhun” oteline alyp bardy. Şol ýerde 6-7 ýyldan soñra Gurban agany gördüm. Ýanynda başy küläli daýaw aýal bardy. Ol bizi gören badyna parsça hoş geldiñ diýp, hal-ahwal soraşdy. Baýram aga onuñ öz aýalydygyny we birnäçe waglap Maşhetde bolandygyny aýtdy. Soñra bolýan otagyna alyp gitdi. Çaýlaşamyzdan soñ birsine telefon edip, rusça bir zat diýdi. Agşam düşüberende bizi bir dostunyñ öýne alyp gitdi we hezzet baryny etdi. Men Baýram aga Aşgabada gidip ýaşasym gelýär diýemde ol: “häzir boş jaý ýok, öý tapylsa gidersiñ” diýdi. Soñra bizi ýaşaýan ýerimize ugratdy. Ony şol görenim boldy, ondan soñra görebilmedim.

Watandaşsyz watandaşlar!

 Çärejewe gelenemizden birnäçe gün geçdi. Gafurlaryñ bir otagynda ýaşaýarys. 27-nji oktýabr güni Gafur bizi “OVIR” diýen edara alyp gitdi. (Eýranda “شهربانی”niñ bir bölümi bolup viza we pasport işleri bilen meşgullan edara) Bir jaýa girdik. Harby eşikli, bütin dişleri kümüşden goýlan semiz bir aýaly gördük. Ady rus dilinde kümüş manysynda bolan Serebryakova-dy. Ol ýüzümize-de seredmän Gafur bilen bir-iki agyz gepleşip, sejillerimizide ýazylan bellikleri Gafurdan sorap, iki sany ýaşyl pasporty çekerinden çykaryp oña ýazyp başlady. Gafur, “bez grajdanstva, polit emigrant” diýp bir zatlary orsçalap oña aýtdy, ol gulagam gabartman, başyny aşak salyp ýazmak bilendi. Soñra bilelikde jaýdan çykyp, biziñ koridorda gaşmagymyzy isläp, özi başga bir jaýa girip gitdi. Bir bada şol ýerde Bendertürkmende bile okan dostum Nurjan.M-ni gördüm. Hal-awal soraşdyk. Gafur oña näme iş bilen geldiñ diýp soranda, ”Almana viza aljak bolýan, bermän kösäp ýörler” diýdi. Şol wagt ýañky aýal gelip, elimize pasportlarymyzy gowşurdy, Nurjana bakyp, ”net, net” (ýok, ýok) diýp jogap berdi. ”Näme üçin berenoklar?” diýemde, “olar maña, sen dälräpsiñ, gidip, oalrý öldürip, ogluñy alyp gaçjak bolýarsyñ” diýýärler- diýdi. Men olar diýýäniñ kim, näme üçin öz ogluñy alyp gaçmalysyñ” diýemde, “bu uzak gürrüñ, soñra aýdyp bererin” diýdi. Pasportlarymyzy alyp öýe tarap gelşimize, meniñ pasportymy gören Gafur gülmäge başlady, näme boldy- diýemde, seniñ kimlik diýen ýerinde erkek ýerine “aýal” diýp ýazypdyr- diýdi. “aý, bu ýerde kim-kime, baş-başdaklyk, diñe menden barýançadyr” diýdi.

    Bir gün Bendertürkmende mugallym bolup işleýän wagty tanyşanym 1987-de işini taşlap Türkmenistana sygnan Hangeldi bilen Çärjewuñ “Lenin ýoly” gazetiñ edarasyna bardym. Ol ýerde Abdyreşit Taşov diýen ýazyjy-şahyr bilen tanyşdym. Ol bizi garşy aldy. Haçanda meniñ taryh ugrundan ylmy işimiñ bardygyny eşidende, “Pedagoki inistitutiñ” (تربیت معلم) studentlerine leksiýa berip bilermisiñ diýdi? Men “bolar” diýdim. Soñra Taşov Çärjewuñ mugallymçylyk terbiýe berýän “Ped inistitutuñ” müdürine telefon edip, bu hakda onuñ bilen gürleşdi. Soñ maña 2-nji Noýabrda çykyş etmäge gün bellenendigini aýtdy.

   Bellenen güni instituta bardym. Eýrandaky ýokary okuw jaýlara garañda studentleriñ sany azdy. Soñra olaryñ köpüsiniñ pagta ýygdyrmaga alnyp gidilendigini bilip galdym. Studentleriñ hemmsini diýen ýaly uly zala ýygnadylar. Ilkinji gezek Türkmenistanly studentleriñ öñünde çykyş etjegim üçinmi nämmi, tolgunyp başladym. Söhbeti Eýran Türkmenleriñ soñky 100 ýylyñ dowamyndaky göreşlerinden başladym, soñra 1924-nji ýyllardaky jemhuriýet gurmak we ondan soñky wakalar barasynda durup geçip, çykyşy Türkmenleriñ Yslam rejimine garşy avtonom hukuguny gazanmakdaky göreşleri bilen jemledim. Gezek sorag-jogaba ýetdi. Bir student özüniñ Esengulydandygyny we Türkmensähranyñ taryhy bilen gyzyklanýandygyny aýdyp, Annageldi (Aç-Kelte) serdaryñ Reza şahyñ goşunyna garşy baş göteren göreşleri barasynda sorady. Men bilýän zatlarymy aýdyp berdim, hem-de Türkmenistanly studentleriñ Eýranly Türkmenleriñ taryhy bilen gyzyklanýandyklaryna begendim. Soñra inistitutiñ direktory meni resturana alyp gidip oñat naharlady hem-de harçlyk diýp, çykyşym üçin 50-60 manat pul berdi. Ol döwürde ol köp puldy.

  Şeýdip Çärjewde ýaşaberdik. Boş bikär, näme etjegimi bilmäni kän kösendin. Şo günler häzirki ýazyp oturan ýatlamalar kitabymy ýazaýyn diýp oýlandym. Ýöne siýasy oturşyklar, dürli jedeller oña pursat döretmedi.

  Dura-bara oglanlaryñ köpüsi bilen tanşyp ugradym. Bir gün Gafur bizi “Dänew” diýen oba alyp gitdi. Ol ýerde onuñ gaýyn topary ýaşaýardy. Onuñ aýaly “Dürzade” diýseñ dür ýaly gelindi gaşyny çytman bize hyzmat ederdi.

Gafurlarda takmyn bir aý çemesi galdyk. Soñra emigrantlaryñ kitaphana diýp ulanýan kvartirasynyñ (apartamentiniñ) ýanynda bir jaý boşady, biz Gafurdan rugsat alyp, ol ýere göçüp bardyk.

  Ýaşaýan jaýymyz iki otagdan ybaratdy. Birsinde kiçiräjik ýatak/kravat bardy, gapdalyndaky jaýda kitapdyr, gazet-jurnallar bardy. Oglanlaryñ aýtmaklaryna görä olara başda gyýsga tolkunly radioda bermändirler, ýöne soñra daşary ýurtlary tutup bilýän radio edinip bilipdirler. Oglanlardan birkisi “Gürgen” radiosini diñläp, Türkmensähra degişli habarlary ýazgy edip, soñra kagyza geçiripdir. Ýazgylaryñ birsinde meniñ Gürgen radiosyndan Türkmen taryhyna degişli gürrüñler hakynda-da bellik edilip, meniñ kimligimi bilmäge syýnanşylypdyr.

Täze durmuşa ugurdaş

   Bosgunlar dura-bara täze durmuş bilen uýgunlaşyp başlaýarlar. Kimse işe, kimi okuwa ýerleşdirilýär. Sekizsi Özbegistanyñ paýtagty Daşkentdäki “Part şkol,a مدرسه حزبی” ýollanýar. Kurslar 9 hem-de 3 ýyllyk bolupdyr. Ýöne ony-da doly tamamlap bylmedikler bolupdyr. Beýle siýasy mekdebiñ Türkmenistanda ýola goýulmanlygynyñ özi-de bir sorag.

Şol döwürde Owganystadaky Nejibollanyñ rejimini goldamak kommunistlaryñ aladasy bolupdyr. Bu alada biziñ bosgunlarymyzyñ arasynda-da ýaýrapdyr. Şol esasda 4-5 sany Eýranly Türkmen bosguny meýletin Owganystana gidýärler. Şu ýerde bir zady ýatlamagy-da zerur gördük. Owganystanyñ üsti bilen Eýrana gidip, ol ýerden bagly bolan siýasy partiýaña habar getirmek-de aladalaryñ birsine öwürlipdir. Şol esasda K.M bilen H.G Eýrana gidýärler. K.M tanalyp ele salynýar we ençeme ýyllap azatlykdan mahrum edilýär, ýöne H.G öz hem-de dostunyñ maşgalasyny alyp gaýta Türkmenistana öwrülmegi başarýar. 1985-nji ýyllarda Türkmensährada polisi rejim höküm sürýärdi. Kümmetgowuzda Hajy Eziz diýen birsi entek şek ýetirilen türkmeni tussag edip gyýnag astyna alýardy, eneçeme türkmen ýigidi zyndanlarda horlandy.

Owganystana giden bir türkmeniñ aýaly fedaýylaryñ pars dilinde gepleşik berýän radiosynda “رادیو زحمتکشان” speaker bolýar. H.N  bir täjik gyýzyna öýlenýär, N.Ý bolsa şol wagtlar Eýrandan Owganystana baran äzeri gyýzy P. Bilen durmuş gurýar. Şeýdip olar 3-4 ýyllap howply ýagdaýda ýaşaýarlar.

Fevral aýynyñ aýylganç jenaýaty

   Heniz ýigrimi ýaşyny-da doldurmadyk, müñlerçe arzuwlar bilen siýasy hereketlere goşulan Jelil Salak-da yzarlanmdan howtyr edip 1983-nji ýylda ilkinjiler bolup Kümmetden Türkmenistana gaçyp atýar we Çärjewde ýerleşdirilýär. Olaryñ arasynda Gurbandurdy Turany diýen birsi-de bolupdyr. Ynçejik, hor ýagyz Jelil, siýasy gaçybatalga almaga Gurbandurdynyñ laýyk däldigini, onuñ siýasy işlerden beter, içgi we şoña meñzeş işler bilen meşgullanýandygyny aýdyp, ony tankyýt edýänmiş, Gurbandurdy-da gazaplanyp, “seni ahyry bir gün öldürerin” diýýänmiş. Onuñ bu sözi 1985-nji ýylyñ Fevralynda hakykat bolup çykýar. Aýdyşlaryna görä içgi içip gelen Gurbandurdy, süýji uwkuda ýatan Jelili pyçaklap öldürýär. Sud ony 15 ýyl azatlykdan mahrum edip, Sibr zyndanyna ýollaýar.

Ideoloji, videolojiýa,
Marks Marka öwrülýär

  Çärjewde galan oglanlar mahal-mahal Alman gidip, özleri bilen video, radio-zebt/magnitafon we saz gurallarý ýaly aparatlary getirip, ýerli halka satýardylar. Birnäçe oglan bolsa dollar alyp-satýardylar, garaz her kim güzeranyny oñatlaşdyrmanyñ aladasynda bolup, siýasy meseleler ikinji, hatta üçünji planda galýar. Degişme bilen indi ideoloji, videolojyýe, Marks,de Marka(alman puluna) öwrüldi diýýärdiler. Oglanlar, Gündogar Berline viza alyp, rugsat berilen bir ötükden Günbatar Berline geçip, söwda satyk edip, yzyna gelýänmişler. Bu ýoly soñra menem geçdim, ýeri gelende gürrüñ bererin. Ýöne häzir maña Aşgaba barmak uly hyýal bolup durýardy.

 

Aşgabada ýolagçylyk

   Mundan artyk Çärjewde galyp biljek däldim, işsizlik, dürli garaýşlar, näme etjegiñi bilmän ýörmek, ömrüñi ýele sowurmakdan başga zat däldi. Şoña görä Aşgabada gaýtmagy ýüregime düwüp, 10-nynjy Noýabrda Anna güni odly bilen Türkmenistanyñ baş şäherine gelip düşdük. Dostum Ýusup bizi garşy aldy. Onuñ aýaly golaýda Berline gidip ol ýerde galmak üçin bosunlyk edarasyna arzasyny berip garaşyp oturan. Soñra görüp otursam oglanlaryñ köpüsi maşgalalary ýa-da ýeke başlaryna şeýle maksat bilen Günbatar döwletlerine giden ekenler.

  Duşenbe güni aýyñ 13-ine Ýüsüp meni işleýän ýeri bolan “Ylymlar Akademiýasyna” alyp gitdi. Ol etnografiýa bölüminde prof. Ata Jyýkyýevyñ ýolbaşçylygynda işleýärdi. Şol ýerde Sapar Ensarynyñ gyýzy Maýa bilen tanyş boldum. Haçanda Ýüsüp oña: “bu Eýrandan golaýda geldi” diýnde, ol orsçalap, zarynlap bir zatlary sorap başlady. Ýüsüp onuñ türkmençe gepläp bilmeýändigini aýdyp, Atasynyñ zyndanda öldürlip, öldürilmänliginiñ habaryny soraýar diýdi. Men oña: “ýok, Sapar aga ýaşaýar, gaýtmakam duşuşdym” diýp, Maýany köşeşdirdim- Sapar aga şondan 1-2 ýyl soñra aradan çykypdyr. Akedemiýanyñ 2-nji gatyndan aşak düşüp gelýärkäk türkmen köýnekli bir gelin Ýüsüp bilen orsça gep urdy. Men bulara geñ galdym. Geñ galanymy gören Ýusup, geñ galma, bu ýerde ene dilini bilmeýän müñlerçesine gabat gelersiñ diýdi. Soñra gapdaldaky uly bina tarap ugradyk. Ol ýer Akedemiýanyñ prezidumy ýagny edary bölümidi. 2-nji gatda Akedemiýanyñ şol wagtky başlygy, dünýä belli çölşynas akademik Agajan Babaýev we orunbasary taryh ylymlaryñ doktory akademyk Myrat Annanepesov,yñ kabinetlerine gözüm düşdi. Ýüsüp meni Myrat aganyñ ýanyna alyp bardy. Tanyşlykdan soñra ýanym bilen alyp baran kitabymy-Tehranda pars dilinde 1987/1366 ýylynda çap etdiren سیری در تاریخ سیاسی و اجتماعی ترکمنها  diýen kitabymy sowgat berdim. Myrat aga meni Akademiýanyñ Şaja Batyrov adyndaky Taryh bölüminiñ Gündogaryşynas bölüminde işe ýerleşdirdi. Sag bolsun. Bu bölüme “Eýran Türkmenleriñ gozgalañy 1916-1924” diýen kitabyñ avtory Hummat Ataýev ýolbaşçylyk edýärdi. Şeýle-de ol ýerde Myrat aganyñ ogly Ahmad, Daşkentden ýañy okuwny tamamlap gelen Şemşat diýen gyz, Serdar Ataýev, Muhammetaman Saparov, Aýna Babaýeva we Maral dagy işleýärdi. Mundan ozal Eýranly türkmenlerden Anna-da bu bölümde işlänmiş- ol soñra Günbatara göçüp gaýdýar. Akademiýanyñ golýazmalar fondunda-da 2-3 sany Eýranly Türkmen işlýärdi. Olardan Aman B, Abdyrahman.G- soñra Nurjan.M- dagy ýadymda. Kitaphanada Almaz Ýazberdiniñ ýolbaşçylygynda Hamyt.T işleýärdi.

  Ol wagtlar iş tapañdan soñra şäherde ýerleşip bilýärdiñ. Soviet kanuny boýunça propiska diýen bela bardy, esasan-da Türkmenleriñ şäherlerden göçüp gelmegine böwet döretmek üçin şeýle kanunlar ýöredilipdir. Aşgabatda ýaşamaga öý tapsañ hany işiñ, iş tapsañ hany ýaşaýyş jaý rugsatyñ diýp, bir-birine düwülen bu alasarmykdan çykmak mümkin däldi. Ýöne ýüzläp-ýüzläp Ermenistandan ýa-da Azerbegjandan göçüp gelenler añsatlyk bilen Aşgabatda ýerleşipdirler. Myrat aganyñ ýene bir kömegi-de meniñ Akademiýanyñ umumy ýaşaýyş jaýynda hasaba alynmagym boldy. Şeýdip men işli hem-de ýaşaýyş jaýa rugsatly adam boldum.

Aşgabadyñ ileri ýüzünde Berzeñi diýen mähelläniñ golaýynda täze gurlan Mir diýen raýon bardy. Mir(rusça parahatçylyk/dünýä).  Biziñ oglanlarymyzyñ köpüsi Mir 1-de ýerleşipdirler. Olaryñ aglabasy medisin, dil-edebiýat, taryh we...ugurlarynda okaýardylar. Türkmen döwleti olara aýratyn hukuk berip, universitetdir fakoltetlerde ýerleşdiripdir.

 

Aşgabatda yzarlanyp başlanşym

    17-nji noýabr güni “Dostlyk jemgiýeti” diýen edara baryp, ol ýerde işleýänler bilen tanyş boldum. Dostlyk jemgiýeti şol wagtky Lenin/häzirki Türkmenbaşy şaýoly bilen Magtymguly köçesiniñ çatrygyndaky Türkmenistanyñ daşary işler ministerliginiñ birinji gatynda ýerleşýärdi. Ol ýerde işleýän  Baýram aga (familýasyny unudypdyryn) özüniñ Etrek derýasynda bent gurmak proýekti bilen Maşat şäherinde bolandygyny gürrüñ berdi. Beýleki işgärleriñ ady ýadymda däl. Olar meniñ jemgiýete ýazyp, Türkmensähradan ýollan hatlarymy görkezdiler. Gaýbana tanyşdygymyzy ýatlatdylar. Bir salymdan soñra uzyn boýly orta ýaşly bir adam geldi. “Muhammet aga hoş geldiñiz” diýp ony garşy aldylar. Meni tanyşdyrdylar. Onuñ Muhammet Myratlydygyny we Aşgabat radiosynda daşary ýurt Türkmenler üçin “Meniñ Watanym” diýen gepleşik taýýarlaýandygyny aýtdylar. Ýanynda gök gözli, pars dilini Owgan urşuna gatnaşanda öwrenendigini aýdan Dörtguly Baýsähetov diýen ýigit-de bardy. Bularyñ ikisi-de Türkmensähradan rus hatynda ýazylyp ýollanan hatlaryñ köp ýalñyşlyklarynyñ bardygyny aýdyp, ony göwün ýetmezçilik äheñinde ýañsytdylar. Men olara Türkmensähranyñ ýagdaýy, Yslam döwletiniñ alyp barýan zalym siýasatlary hakynda gürrüñ berdim. Sözümiñ bir ýerinde henizem Türkmenistany diñlemek üçin Amerikanlaryñ guran Radarynyñ işläp durandygyny aýtdym. Soñra hoşlaşyp gaýtdym. Şondan iki gün soñra Akademiýa işleýän ýerime telefon edip, Aman! diýen birsiniñ meniñ bilen edil sagat 12-de Magtymgulynyñ heýkeliniñ ýanynda duşuşjakdygyny aýdyp, hökman gelmelidigimi nygtady.

   Hiç zatdan habarsyz duşuşmaly ýere bardym. Uzyn boýly bir ýigit maña garaşyp duran eken. Ol meni çolarak ýere alyp gidip, Eýran hakynda köpräk gürrüñ bermegimi isledi. Men onuñ ýörite gullukdandygyny-KGB-dendigini bildim. Ol gepiniñ bir ýerinde Radar hakynda gürrüñ bermegimi isledi. Men, Dostlyk jemgiýetde aýdan zatlarymyñ muña ýetirlendigini bilip galdym hem-de ol ýeriñ “Dostlyk” däl-de KGB-niñ öýjügidigini añdym. Bu agent her birnäçe günden öñünden bellenen ýere çagyryp, bir gezek Aşgabatda ýaşaýan bir gezek Ýevropda ýaşaýan Türkmenleriñ siýasy hereketleri hakynda soraýardy, şeýle-de ikä bölnen “Kanun ferhengi کانون فرهنگی و سیاسی ” hakynda maglumat berip, olardan “gaýtadan dikeldiş هئیت بازسازی کانون” toparyna goşulmagymy maslahat berdi. Garaz bu adam menden elini çekmän geldi, menem oña diñe oglanlaryñ arasynda ýaýran hemmelere belli bolan zatlary aýdip, başymy gutarardym, soñabaka menden täze bir gürrüñ eşdip bilmejegine göz ýetiren Aman! menden elini çekdi.

Ýapyk Zona Çelekene sapar

   Bir gün iş ýerime telefon edip birsi meni sorady, Ahmat telefony maña uzatdy. Añyrdan birsi rusça meniñ adymy tutup birzatlar aýtýar. Ol wagt rusça bilmeýärdim, Ahmatdan düşündigip bermegi haýyş etdim. Ahmat: kimdir birsiniñ Çelekenden telefon edip seniñ garyndaşlaryñdygyny aýtýar diýdi. Ahmadyñ kömegi bilen düşünşip olary Aşgabada çagyrdym. Şondan birnäçe gün soñra Aşgabadyñ uçarlar meýdanynda garyndaşlarymy garşy aldym. Gelenler ýaşuly bir aýal Solobike, ogly-takmyn meñ ýaşdaş- Saparmyrat we ondan birki ýaş kiçi, gyzy Arazgül. Olar özlerini Hally dädemiñ aýaly hem ogul-gyýzlarydygyny aýtdylar. Öýe geldik, gözüñ ýaman görmesiñ Solobike gelnejemizden başga, bu ikisi-de Türkmençeden şermende- ata dillerinde kelam agyz sözläp bilmeýär. Solobike gelenejemizem Tatar milletindeigini aýtdy. Ol maña bir suraty görkezip bu kim diýp sorady. Meniñ özleri bilen hakyky garyndaşdygymy ýa-da däldigini syýnajak bolýan ýalydy. Men suratdaky adamy tanadym. Ol, Garagaşly obasyndan Hally dädemiziñ dogany Gökje dädemiziñ oglý Paşmyratdy. Myhmanlaryñ göwni jaýlaşdy. Olar 1-2 gün bizde galyp, Çelekene gaýdyp gitdiler hem-de bizi myhmançylyga çagyrdylar.

   Çelekene gitmek üçin uçar biledini almaga baramda rugsat hatyñ barmy diýp soradylar. Men “nämäniñ rugsaty” diýdim. Olar gülüp, “bu pahyryñ hiç zatdan habary ýok-ow” diýdiler, soñra “Çeleken serhet ýaka- ýapyk zona, ol ýere gitmek üçin polisden ýörite hatyñ bolmaly” diýdiler. Ol haty ne gün bilen aldym, şonda maña “Çelekene baryp düşen badyña ýerli polise möher basdyrmalysyñ” diýdiler.

Täze ýylyñ öñ ýany, howa diýseñ sowukdy. Kiçiräk “AN” kysymly uçar bilen Aşgabatdan howalandyk. Nebitdagda gondy we biz Bakua barýan başaga bir uçar bilen Çelekene ugradyk. Şol döwür uçaryñ biledi autobusdanam arzandy. Sagat iki töwereklerinde Çelekeniñ airoportyndan taxi bilen şähere ýola düşdük. Ejegül ikimiziñ ilkinji işi şäher polisine baryp, kagaza möhür basdyrmak, kimlerde we näçe wagt galjagymyz hakyndaky soraga jogap bermek boldy.

   Aýlanyp-dolanyp, Hally dädemiñ öýüni tapdyk. Olar şäheriñ 25-nji kvartalynyñ 28-nji öýüniñ 1-nji jaýynda, deñziñ gyrasynda bir gatly tagta jaýda ýaşaýardy. Gapyñ agzynda Paşmuradov Hally diýen ýazylgy bardy. Solobike gelnejemiz bizi mäherli garşy aldy, bir az salymdan Saparmyrat Arazgül ýene-de 3 sany nätanyş adam geldi. Olary tanatdylar: “ynha bu uly gyýzym Täşjan-postda işleýär, bu oglum Igor öñki adamymdan, bu-da gudamyz- adyny unudupdyryn- Arazgülüñ gaýyn atasy- oglý balykçy, Taşjan ärinden aýryşdy, ol köp arak içerdi. Täşjan arassa türkmençe gepleýärdi. Arazgülüñ 10-12 ýaşlarynda uzyn saçlyja owadanja gyýzy bardy.

Biziñ hormatymyza agşam ähli garyndaşlary ýygnap, Solobike gelnejemiz ýörite nahar taýýarlady. Soñra ol Hally dädemiñ ykbaly hakynda giýje ýaryna çenli gürrüñ berdi. Onuñ serhetden geçende tussag edilip 10 ýyllap Sibre sürgün edilşi, agyr şertlerde işledilip, sowuk jaýda ýatyp, ýürek romatizmine duçar bolup keselläp Nebitdaga öwürlip gelendigini soñra bir türkmen aýala öýlenendigini ondan bir oglunyñ bolandygyny ondan aýrylşandan soñra oglunyñ Orsýete göçüp gidendigini, ondan harbarlarynyñ ýokdygyny aýdyp berdi. Men: “howa soñra näm boldy” diýp, dyýnman ýaşuly zenana sorag baryny ýagdyrýardym.

   Soñra Hally dädeñ iş gözläp Çelekene geldi we balykçylyk edarasynda ýerleşdi. Men şol wagt çörekhanada işleýärdim. Hally her gün işden soñra gelip çörek alardy, şonda onuñ bilen tanyş boldum soñam durmuş gurduk, iki gyzymyz bilen bir oglumuz boldy. Hally “Ak aş” toýuny berdi- howa ol bu barada Gökje dädelere hat ýazypdy” diýp men onuñ sözüni böldüm. Şondan 1-2 ýyl soñra Hally aradan çykdy, onuñ ýüregi Sibrde ýolugan romatizme çydamady. Ony Çelekenden biraz uzagrakdäki gonamçylykda jaýladyk- diýp Solobike gelnejem az salym dymdy-da, “bolýa-da, giýç wagt boldy, ýataýly” diýp, ýerinden turdy.

   Ertesi gün dogan oglanym Saparmyrat bir dostunyñ maşyny alyp, gonamçylyga ýola düşdük. Gonamçylyk takmyn 20 minut Çelekenden uzakda ýerleşýärdi. Hally dädemiziñ mazarynyñ başynda onuñ ruhuna doga okap, dolanyp gaýtdyk.

Çelekene ýakyn obada, Hally dädemiziñ gudasy ýaşaýardy. Ol bizi myhmançylyga çagyrdy. Doganymyz Arazgül bu öýüñ gelnidi, olar diýseñ bize hyzmat etdiler, ellerinden gelen sylag-hezzeti etdiler. Bir giýje alyp galdylar, oba adamlardan birnäçesi gelip, çaý başynda Türkmensähradaky garyndaşlaryny, ol ýerdäki hal-ýagdaýdan soraýardylar. Menem bildigimden aýdyp bererdim. Ertesi gün bir merhumuñ ýyl dönümine sadaka berdiler. Edil Türkmensähra ýaly, adamlar üýşüp doga-towfir etdiler.

   Agşam nahary Arazgülleriñ Çelekendäki öýlerinde iýenimizden soñra Solobikeler öwürlip geldik. Howa sowuk hem ýeleñlidi, Ejegülüñ bokurdagyndaky agyrsy artdy, “löwze لوزه ”leri çiýşdi.

 Çelekende üç galyp, Aşgabada dolanyp geldik.

Ozalam aýdyp geçişim ýaly oglanlaryñ aglabasy Günbatara-Almana we Swedene göçüp gaýdypdyrlar ýa-da gaýtmaga taýýarlyk görýärdiler. Şolardan birsi-de Gafur T.di. Gafur Mir 2-de üç otagly jaýda ýaşaýardy. Ol öýüni bize tabşyryp, goşlaryny düwüp nirdesiñ Berlin diýp ýola düşdi. Soviet Soýuzynyñ soñky lideri M.Garbaçovdan ozal bosgunlaryñ daşary ýurtlara göçüp gaýtmaklaryna rugsat berilmändir. Ýöne 1988-nji ýyllarda bosgunlaryñ birnäçesi Moskvada Gyzyl meýdanda protest hereketini geçirip, daşary ýurtlara göçüp gaýtmak hukugyny gazanypdyrlar. Şondan soñ göçhä-göçüñ 2-nji tapgyry başlanypdyr.

   Ylymlar Akedemiýanyñ Taryh inistitutynyñ Gündogary öwreniş bölüminde işläp ýörün. Ylymlaryñ kandidaty bolmak üçin bir temanyñ üstünde işlemelidi. Hummat Ataýev: “sen Eýranda ruhanylaryñ roly hakynda işleseñ Türkmen halkyna peýdaly bolar, biz bu hakda az bilýäris” diýdi. Men kabul etdim. Kärdeşim Muhammetaman degişip: “habardar bol, Selman Roşdynyñ ýagdaýyna düşäýme” diýp, söz kakdyrdy.

   İlkinji gezek täze ýyly Aşgabatda garşy alyp, 1990-nji ýyla gadam basdyk. Universitde okaýan gyzlar hem oglanlardan birnäçesi bilen tanyşypdym, olar mümkin bolsa täze ýyly sizde garşy alsak diýdiler. Menem: “ bolar, geliñ” diýdim.

  Şowhunly agşam boldy. Ylkinji gezek Türkmen ýaşlarynyñ bir ýere üýşüp, gyz, erkek diýmeden arkaýyn gatnaşýandyklaryny görüp begendim. Gyzlardan birisi Nebitdagly ýene birsi bolsa-Häjigül- biziñ serhetden aşyp gelen ilkinji obamyz-Ajyýapdandy. Ol meniñ asla ýadymdan çykmajak öz başyna gelen bir ýagdaýy gürrüñ berdi:

“Gyş ýa-da tomus dynçalyş başlananda obamyza giderdim. Ajy ýap, ýapyk zona hasap edilýärdi. Ol ýerde ýaşaýanlara eýläk-beýläk gatnamak üçin ýörite rugsat hat berilýärdi. Ol mende-de bardy. Bir gezek onuñ möhletine seretmezden Aşgabatdan obamyza ýola düşdüm. Obañ golaýynda rus garawullary meni saklap, seniñ bu hatyñ rugsaty tamam bolupdyr, seni oba goýberip biljek däl diýdiler. Howa garañkyrap barýardy, özem gyş günidi. Hernäçe ýalbarsamam peýdasy bolmady, gyz oglan halyma nätjegimi bilmän durkam, oba barýan birsi geldi, ondan öýmüze ýagdaýymy aýtmagyny haýyş etdim. Haýal edmän dädem geldi we meni öýe alyp gitdi” diýp gürrüñ berdi. Men: “Adamlaryñ öz ýurdunyñ içinde arkaýyn eýläk-beýläk gidip bilmeýänligine diýseñ geñ galdym. Nebitdagly gyýz bolsa bizi öýlerine çagyrdy. “howa biraz gowlaşanda, nesip bolsa Nebitdaga bararys” diýdik.

Mart aýynda Gafur, Berlinde bosgunlar lagerindäki ýagdaýa çydap bilmän Aşgabada dolanyp geldi. Şol binanyñ 4-nji gatynda T.S ýaşaýardy, ol universitetde okaýardy, ýöne aýaly we ogly Berline gidip, ol ýerde galmak üçin “haýym”da- bosgunlaryñ galýan ýerinde garaşýardylar. Täze ýylyñ öñ ýanynda dogan oglanym Halymyñ-da aýaly bilen Owganystandan Daşkende gelip, ol ýerden bolsa Berline geçendigini eşitdipdim. Türkmenleriñ köpüsi Berilnde ýaşaýardy. Birnäçesi otrum alypdylar, bir topary bolsa garaşýardylar.

  T.S. ýeke başyna üç otagly jaýda ýaşaýardy. Gafur dolanyp gelenden soñra, bizi öz ýanyna alyp, bile ýaşap biljegimizi aýtdy. Bizem kabul etdik. Bir gün T. maña: “ertir Gorkut Ata hakynda sapagymyz bar, eger isleseñ senem goşul, bilýän zatlaryñdan gürrüñ ber” diýdi. Ol wagtky Maksim Gorki, häzirki Magtymguly adyndaky döwlet universitetiniñ dil-edebiýat fakoltetiniñ ikinji gatyndaky klasa baryp, mugallyma garaşdyk. Ol gün ilkinji gezek hormatly mugallym Haýdar Muhyýevy gördüm. Soñra Gorkut  Ata hakynda Eýranda öwrenen zatlarymy aýdyp berdim. 

Ilkinji gezek Türkmensähraly bilen duşuşyk

   Mart aýy bolsa gerek, anyk ýadymda däl. Eýran-Şurevi arasynda serhetler biraz ýumşaşyp başlan wagtynda Türkmensähranyñ Ak gala şäherinde doktor bolup işleýän tanşym Nejmetdin Gany Çowgan دکتر نجم الدین غنی چوگان Aşgabada geldi. Ol Ahmad. T-niñ myhmany bolup gelipdir. Ahmad bolsa daşarý ýurt diller inistituti-Aprialda okaýardy, ol kursdaşy, Daşoguzly Aýna diýen gyz bilen täze durmuş gurupdy. Nejemtdin, Ahmada: “ejeñ viza işi dogrulandy, basym geler” diýdi.

Şondan ýakyn wagt soñra Ahmadyñ ejesi-Gurbantäç, Türkiýe-Gürjüstan üsti bilen Nebit daga geldi. Men, T. we Ýüsüp üç bolup onuñ bilen görüşmek üçin Aşgabatdan Nebitdaga gitdik. Oñat duwşuşyk boldy. Türkmensährany gören ýaly bolduk, üstesine Gürbantäç daýzany we olaryñ maşgalasyny tanamaýan ýokdy, olar Türkmensährada meşhur adamlardy. Şol saparymda belli satirik ýazyjy Pyýhy Tagan bilen tanyşdym. Ol nahardan soñra towfiri türkmençe aýdyp, hezil berdi.

 

Serebryakova bilen 2-nji duşuşyk

Çelekenden Aşgabada öwürlip gelenimizden soñra käbir dostlaryñ maslahaty bilen Berline gidip gelmegi, hem ziýarat hem tejarat diýlşi ýaly- taýýarlyk işine girişdim. Başda Gündogar germanýa-Berline viza almalydy. Ony almak üçin OVIR,e- شهربانی bardym. Görsem ol ýerde Çärjew,de bizi hasaba alan rus aýaly Serebryakova harby eşiginde bir jaýda otyr, meni görer, görmez galmagal edip başlady, ýanymdaky Abdyrahman,a bu näme diýýär disem: “siz Çärjewde hasaba alyndyñyz, rugsatsyz Aşgabada geldiñiz, derhal yzyñyza öwrüliñ” diýýär-diýdi. Men: “nätseñizem Çärjewe gitjek däl” diýdim. Soñra meni başga bir- garaýagyz türkmen milisýesi-ploisi başga jaýa alyp gidip, nirden gelenmizi, näme iş edýänligimi sorap kagaza ýazyp alyp, etir gelmegimi isledi.

Ertesi baramda şol milisýa özüniñ Nebitdagdandygyny aýdyp, Aşgabatda galmak üçin maña kömek etjekdigini bildirdi. Sag bolsun. “Sen 20 manat jerime tölemeli bolduñ, ýöne bosgun bolanyñ üçin şony-da bagyşlaýarys” diýp, bu problemamyzy çözdi. Soñra meñ bilen Ejegüle Gündogar Berline iki kişilik vizany berdi. Ol döwürde Soviet Saýuzundan daşary ýurta gidilende, pasportlar alnyp galynýardy, ýerine 3 sahypadan ybarat, surat ýelmenen kagyz berilýärdi. Biz şol kagyz bilen Aşgabadyñ merkezi bankyndan 300 manat pul alyp bilýärdik. Şeýdip Berline sapara taýýarlandyk.

  Çärjewden Aşgabada gelemden soñra, Ý.K-iñ ýolbaşçylyk edýän “Kanuny gaýtadan dikeldiş topary” bilen hyzmatdaşlyk edip başladym we “Ylgüýji- Aşgabat bölümini” neşir edip başladyk- ondan jemi 3 sany neşir edildi. Şol wagtlar Swed we Almanda-da Kanunyñ adyna siýasy hereketler göze görünýärdi. “ترکمنستان ایران” neşriýesi-de yzygiderli çap bolýardy. Bu topar ýagny “kanuny gaýtadan dikeldiş” bilen “Türkmenistanliler” bir-birine ýagydylar. Kanunçylar, namartçylyk edenlikde ýagny Türkmenistanda kabul edilen beýan-namany, ýaýratmak üçin H-den Almana iberlende, onuñ başgalary bilen birleşip, Kanunyñ adyna däl-de “Türkmenistan-e Yran” edip çykaranlykda aýplasalar, “Türkmenistanlylar” Kanunçylary henizem Fedaýylaryñ guýrugy bolup ýörendiklerini öñe sürýärdi. Bir gezek 25-nji Martda “Knunçylaryñ” Aşgabatdaky mitingine beýleki topar hüjüm dagy edipdir.

Berline ýola düşmezden birki gün öñ apandisim azar berip başlady, bakdyraýyn diýp hospitala baramda, meseläniñ örän çynlakaýdygyny, haýal edmän operatsiýa etmelidigini aýtdylar. Göz açyp ýumunçam operatsiýa edip, kesel-hanada ýatyrdylar. Özüme gelemde başujumda Nur däde-Nurmuhammet Aşyrpur- oña Türkmenistanda Aşyrpur Meredov diýýär. Hospitalda bir hepde galdym, Nur dädäniñ aýaly Tamara daýza her gün çorba bişirip getirýärdi- sag bolsunlar. Bizi öz oglanlary ýaly söýýärdiler. Bir gün ýatan kravatymyñ düşeklerine seredemde onuñ hapalygyny görüp, üýtgedilmegini isledim, gulak asan bolmady, gygyryp-bagyryp başladym, hospitalyñ müdüriniñ gelmegini isledim, müdür gelip, ýagdaýy görüp, derhal meni bir adamlyk jaýa geçirip, ýagdaýdan ötünç sorady.

   Bir gün hospitalyñ koridorynde gezmeläp ýörşime görsem aýllar bölüminden Ejegülde hastahana eşigi bilen maña tarap gelýär. Görüp galsam olam bokurdagyndan rahatsyz bolup keselhana düşüp, anginasyny operatsiýa etdiripdir.

Bir hepdeden soñra keselhanadan çykyp öýe geldik. Ýene birnäçe gün dynç alyp, Gafur bilen bilelikde Berline gitmek üçin Aşgabatdan Moskva uçduk.

   Moskavanyñ Domodedovo airoportyndan merkezi vokzala(demir ýol stansiýa) baryp, Minskiñ üstünden Berline gidýäñ odla bilet aldyk. Odly öýleden soñra ýola düşdi. Bize her bir görýän zadymyz täzelikdi. Ýol diýseñ uzakdy. Ertesi gün Belarusuñ paýtagty Minske baryp ýetdik. Bir bada gümrükçiler gelip goşlarymyzy barlady, azar bermezden çykyp gitdiler. Birazdan soñra vagonlaryñ tigirlerini çalyşdylar- sebäbi 2-nji jahan urşunda Almanlar Şureviniñ demir ýollaryndan peýdalanmaz ýaly demir ýollaryñ arasyny giýñeldipdiler. Şeýdip, serhet ýaka şäheri Brestden Polşanyñ topraklaryna girdik. Ýene bir gün ýol ýöräp, Gündogar Almanyñ Frankfort şäherine ýetdik. Agşamara bolsa Berline bardyk. Gündogar berlinden Günbataryna geçmek üçin bir metro stansiýada ötelge bardy, ondan geçip, azat dünýä diýlýän Berline bardyk. Zatlarymyzyñ bir bölegini metronyñ amanat zatlar goýulýan sandygyna tabşyryp, Begmirat G.lere tarap ýola düşdük. Türkmensähraly Begmyrat biriki ýyl öñ Daşoguzdan, Berline gelip, otrum alyp bu şäherde ýaşaýardy. Onuñ bilen gaýbana tanyşdym. Ol bizi gyzgyn garşy aldy. Onuñ iki ogly bilen bir gyzy bardy. Şol günler Aşgabatdan T, Muhammed.D, Ýüsüp şeýle-de Swedenden Dr.M we Jepbar-da Berlindedi. Olar öñden yglan edilen bir siýasy maslahat gatnaşmak üçin gelenmyşler. 

 

Berlin maslahaty

  “Kanuny gaýtadan dikeltmek” topary öz tarapdalaryny Maslahata çagyrdy. Edil şol bir wagtda, “Türkmenistan-e Yran” toparyndan başga “Fedaylara” ynanýan “IL GÜÝJI”-de öz topary bilen Berlinde maslahat geçirjekdigini yglan etdi. Men “Kanuny...” toparynyñ maslahatyna gatnaşdym. 3 günläp dowam eden maslahatda umuman Türkmensähraly Türkmenleriñ siýasy ýagdaýy we biziñ daşary ýurtlarda edip biljek işlerimiz hakynda maslahat edildi. Soñunda komitetiñ agzalary saýlandy, şonda men-de Kanunuñ ýolbaşçylar toparynyñ bir bolup seçildim. 2 hepde Berlinde galyp, Aşgabada dolanyp geldik.

Magtymgulynyñ günleri

  Maýyñ 19-yna milli şahyrymyz Magtymgulynyñ şygryýet günleri bütin Türkmenistanda şowhunly dabara bilen bellenýärdi. Aşgabadyñ köçlerinde ak öýler gurlupdy. Televidniýadan şahyrymyz hakynda dürli reportajlar berýärdi. Onda golaýda prezident Saparmyrat Nyýazov we 30 adamdan ybarat ýokary derejeli Türkmenistanly resmileriñ şahyryñ mazary ýerleşen Ak-dokaýa zyýaraty hakynda maglumat berilýärdi. Şonda men bir zat meniñ gaharymy getirdi, televidniýede ikide bir “ýat ýerde ýatan Magtymguly” diýp, göýä Ak-dokaý Türkmen topragy däl ýaly edip görkezilýärdi. Men TV habarçysyna: “beýle diýmeseñiz-de, Ak-dokaýda Türkmen topragy ahyryn” diýemde, ol: “eger bu hakda aýtjak zadyñ bolsa plan güni taýýarlanjak gepleşige çagyrýarys, studio gel” diýdi. Bellenen güni bardym we ilkinji gezek Türkmen TV-sinde çykyş edip Magtymguly hakynda bilýän zatlarymy aýdyp berdim. Şol wagtlar Türkmensährada Aşgabat Televizýon gepleşiklerini görüp bolýardy.

Magtymgulynyñ günleri üçin geçirilýän dabarnyñ ýany bilen “Dünýä Türkmenleriniñ Gumanitar /ynsanperwer Bileleşiginiñ” maslahaty-da geçirilýärdi. Oña Türkmensähradan Anna Garrawy, Britanýada ýaşaýan Dr. Ýusef Azmun, Owgan Türkmenleriniñ adyndan Akmurat Nurek/baý bilen Abdulkerim Magsum we dünýäniñ beýleki döwletlerinde ýaşaýan Türkmenlerden wekil bolup gatnaşdy. D.T.G.B şol ilkinji maslahatynda Nyýazov başlyk, akademik Agajan Babaýev, Ý.Azmun dagy orunbasary edilip bellendi.

Şonda ilkinji gezek dilçi alym Dr. Azmun bilen tanyş boldum. Onuñ bilen bir saçagyñ başynda naharlaşmak miýesser etdi.

Aşgabatdaký ýaşuly bosgunlar bilen tanyşlyk

    Ylymlar Akedemiýasynda işläp ýören wagtymda Safar Hatyby bilen tanyş boldum. Bir gün Ýüsüp.K: “ýör, seni ajaýyp bir adam bilen tanyşdyraýyn” diýdi. Aşgabadyñ merkezine ýakyn bir mähellede iki gatly jaýyñ gapysyny kakdyk, jaýyñ içinden ýetmiş ýaş töwereginde, gözi gara äýnekli birsi çykdy. Ýüsüp: “salawmaleýkim Safar däde” diýdi. Salam-äleýkden soñ öýe girdik. Ondan başdan geçiren wakalaryny gürrüñ bermegi haýyş etdik. Iş ýerimden ses ýazýan-magnitafon getiripdim. Ol özüniñ Omçaly obasyndandygyny we  çaga wagtynda Osman ahun we beýleki aksakgallaryñ maslahaty geçen gurultaýy görendigini ýatlaýandygyny aýtdy. Harby fakulteti tamamlap polkovnik/serheng bolan bu ajaýyp adamyñ ýatlamalarýný kitabyñ goşmaça bölüminde getirdik.

S.Hatyby we Nury Aşyrpurdan başga Aşgabatda 1947-njy ýyllarda Türkmensähradan sygnan Rejep Rahmany, Sary Göklany-da ýaşaýar diýp eşitdim, ýöne olar bilen duşuşmak meýesser etmedi. Olaryñ ikisi-de edebiýatçy bolup, hyzmat edipdirler. Rahmanov Rejep ady bilen tanalan Rahmany ençeme pars eserini şol sandan Sagdynyñ we Hafeziñ goşgularyny türkmençä terjyme edipdir. Sary däde bolsa Ylymlar Akedemiýada işläpdir.

Käbir oñaýsyz pursatlar

   Türkmenistana sygnanlaryñ arasynda parslaryñ bardygyny-da aýdyp geçipdik. Käbir ganý gyzgyn türkmen bosgunlar olara: “siziñ, Eýranda bize agalyk edeniñiz besdir, bu ýerde size beýle etmäge rugsat bermeris” diýp, parslar bilen süsüşýärdi. Parslaram Partiýalarynyñ Merkezi Komitetlerindäki başlyklara arka diýräp, öz geplerini gögertmäge synanşýardylar. Hatta türkmenleriñ arasynda-da: “sen ol topardan, men bu siýasy herekete ynanýaryn” diýp, jedeller höküm sürýärdi.

1990-njy ýylyñ baharynda düze-piknike- سیزده بدر çykylan mahaly türkmenler bilen parslaryñ arasynda ýakalaşyp, urşulandygyny eşidip galdym.

1989-nji ýylyñ 11-nji fevralynda Kanun Ferheny we Siýasy guramanyñ we Şehitler güni mynasybetli Aşgabadyñ Gyzyl Haç guramanyñ edarasynyñ zalynda geçirilen dabara iki dürli siýasy topra ynanlaryñ arasynda dawa-jenjel turup, geçip duran ýygnagyñ bulaşdyrlandygyny-da aýdyp geçeýin.

Türkmenistandan depertatsiýa/çykarylşym

  1990-njy ýylyñ maý aýynda milli şahyrymyz Magtymgulynyñ günleri mynasybetli Türkmenistan TV-siniñ “Ýedigen” diýen edebi-medeni gepleşigine myhman hökmünde çagyrlyp, Şahyryñ Türkmensährada öwrenilşi hakynda gürrüñ berilmegi islendi. Gepleşik oñat geçdi, ony dogan-garyndaşlarym-da görüpdirler. Soñra aýallar programmasynda çagyryldym, onda Türkmensähraly gelin-gyzlaryñ dakynýan şaý-sepleri barasynda-düşüren suratlarymy görkezmek bilen oñatja gürrüñ berdim. Şol gepleşikleriñ ýaýylmagyndan 1-2 hepde geçip, geçmänkä bir gün birsi iş ýerime-Akademiýa telefon edip, aýalym bilen daşary işler ministerlige gelmegimi isledi. Men: “aýalym Gyzyl-arbada gitdi” diýdim. Onda: “aýalyñ öwürlende hökman bile gel” diýp buýurdy.

Unutmadyk bolsam awgust aýydy. Hepdäniñ 1-nji güni Ejegül bilen 1-nji parkyñ garşysyndaky Türkmenistanyñ Daşary Yşler Ministerligine (DYM) bardyk. Şonda Eýranyñ daşary işler ministerliginiñ SSSR-iñ DIM-rligine ýazylan haty görkezip: “seniñ dädeñ seniñ yza berilmegi isläp, Eýran hökümetine ýüz tutandygyny” aýtdylar. Men: “bu mümkin däl, öwrülip barsan dädem başyma nämeleriñ geljegini ýagşy bilýär, ýa bu isleg düýbünden ýalan, ýa-da dädemi beýle hat ýazmaga mejbur edilen bolmagynyñ ahmaldygyny” aýtdym.

Bu gepleşiklerden soñra Aman Berdinyýazov diýen türkmen bizi başga bir jaýa alyp gitdi. Ol ýerde bir rus öz dilinde bir zatlar aýdyp, sesine bolsa barha bat berýärdi. Biz onuñ bir zada gaharlanyp bize ýüzlenýändigini añýardyk. Soñra Aman türkmençeläp, onuñ sözüni terjime edip: “näme üçin TV-de çykyş etdiñ, sen bu ýere bosgun bolup geldiñmi, ýogsa propaganda etmäge geldiñmi, näme üçin dostumyz Eýran bilen SSSR-iñ arasynda çöp atjak bolýarsyñ” diýdi. Men: “ 1-njiden-ä men diñe türkmen medeniýeti hakynda çykyş etdim, 2-njiden Türkmensährada dilimi kesdiler, galamymy döwdüler, indi öz watanymda gepläp, ýazyp bilmesem, onda nirä gideýin” diýdim.

Men sözümiñ terjimesini eşiden ýañky KGB-çi rus: “ men bilemok, seniñ üç ýoluñ bar, ýa bu ýerde ýok ýaly bolup ýaşa, ýa daşary ýurda çykyp git, ýa-da seni yzyña-Eýrana bereris” diýdi. Bulary eşiden Ejegül ýerinden ör turup: “ biz bu ýere watanymyz diýp sygyndyk, siz iki adamy-da saklap bileñizokmy?” diýende, Aman, orsden beter: “näme diýp äriñ televizorda çykyş edýär” diýp gyzmaşlady.

Bu duşuşykdan soñra biz DIM-ligiñ binasyndan çykyp gaýtdyk. Edil şol wagtlar Almanda otrum işi uzaga çeken Rogiýa Aşgabada dolanyp geldi. Men-de Almana gitmäge viza alypdym. Rogiýa: “Swed-de añsatlyk bilen otrum berýärler diýp eşitdim, geliñ Swede gideýliñ” diýdi. Biz makul görüp, Alman vizasyny Swed vizasyna öwrüp, nirdedirsiñ Swed diýp iki maşgala bolup, ýola düşdük.

Swede gidişimiz we ýolumyzdaky kynçylyklar

  1990-njy ýylyñ 19-njy Sentýabry ertir sagat 9-larda Aşgabatdyñ uçarlar meýdanyndan howalandyk, 2.5 sagat uçup Moskvanyñ Domodedovo airoportynda gonanmyzda howa ýagyşly hem birazrak sowukdy. Awgustyñ ahyrky hepdesi bolsun gerek.  Gyzyl haç edarasyna baryp, ýerleşjek otelimizi kesgitledik. Ol VDNH diýen golaýynda “Zarýa” diýen oteldi. Ertesi gün Dubai-dan gelýän we Stokholma gidýän rus uçaryndan bilet aldyk. Swetdäki tanyşymyz H.M-de telefon edip ondan: “Swede vizañyz taýyn, Stokholm airoportynda durýar” diýen mazmunynda bir haty ýaşaýan otelimize fax etmegini haýyş etdik, Tañyr ýalkasyn, ol derhal hatý ýollady. 3-4 gün soñra uçmalydyk. 25-nji sentýabrda Moskvanyñ halkara airoporty Şeremetyevo bardyk. Ilki ýüklerimiz geçdi, özümize gezek galanda kes kellämi “sizi geçirip biljek däl, vizañyz ýok” diýp pasport kontrolundaky polis azar baryny berdi. Biz: “ynha vizamyz taýyn” diýsegem gulak gabartmaýardy. Uçaryñ uçmagyna az wagt galanda bize rugsat berdi. Çakym çak bolsa ol bizden puljagaz tama eden bolmaly, bizem rusçany oñat bilmänsoñ onun gytak dilinden añlamandyrys. Gepiñ gysgasy Swede ýola düşdük. Çeken bar kynçylyklary ýazsam belki-de okujynyñ başy agyrar. Garaz sagat 16-larda Stokholmyñ Arlanda howa meýdanyna baryp ýetdik. Pasportlylar, vizalylar arkaýyn geçip gitdiler biz bolsa ýetimler ýaly müzzerip polisiñ gelmegine garaşdyk. Ahyry bir polis geldi. Biz diñe: “No viza, we are asýl- vizamyz ýok, biz bosgun” diýdik. Ol bizi başga bir koridora alyp gitdi. Ol ýerde 1-2 sagat oturdyk. “Bize türkmençe terjimeçi gerek” diýdik. “häzir türkmen ýok, pars bolmaz” diýdiler. Biz çäresiz razylaşdyk. Deslapky sorag-jogapdan soñra bizi bir minibusa mündirip, airoportyñ golaýyndaky Karslund bosgunlar kampina alyp gitdiler.

Uzak garaşyk

  Karslunda-da dürli milletden bosgunlar otrum almaga garşýardy. Bizi ilki ýagşy medisin barlagyndan geçirdiler. Resturandan naharlandyrdylar, her hepdäniñ ahyrynda harçlyk pul-da berýärdiler. Biziñ esasy polis interviewmyz 16-njy oktobrda boldy. Şondan soñra ýadymdan çykmadyk bolsa dekaberyñ ortalarynda biz 3 türkmen maşgalany Stokholmyñ Alfa diýen ýerleşdiler we Swediñ demirgazygyndaky Sundswal regionyñ kiçijik obasyna gitmeli etdiler. Ahmad Stokholmada galjagyny aýdyp, ýola düşmeli gün otele gelmedi. Biz 2 maşgala bolup agşamky otly bilen Sundswala tarap ýola düşdük. Dañ atanda tabşyrlan stansiýada otludan indik. Görsek bir minibus bize garaşyp duran eken. Ýola düşdük. Sagat 10 töwereklerinde Solberg diýen oba baryp ýetdik. Hasaba alynma işlerimiz tamam bolandan soñra iki gatly köneräk bir jaýda ýerleşdirdiler. Üstündäki gatda biz, aşakdaky gatda bolsa Rogiýalar ýerleşdiler. Birnäçe gün sora mekdebe-swed dilini öwredýän kursa başladyk. Her aýyñ soñunda imek-içmek üçin pul berýärdiler, her hepde soñunda bolsa avtobus bilen golaýdaky şähere gidip alyş-beriş ederdik. Avtobus mugtuna alyp giderdi. Şeýle bir gar ýagardy welin kä günler öýden çykyp bolmazdy, daşky gapyny açyp bolamzdy, howa sowuk bolsa-da jaýymyz ýylydy. Garaz 90-njy ýylyñ soñuna çenli şol obada galdyk.

1991-nji ýylyñ fevralynda bolsa gerek ýurduñ ortaragynda bizi bu uzak ýerden paýtagta golaýrak ýere ýerleşdirmeklerini haýyş edenimizde, Falun diýen şäheriñ golaýyndaky bosgunlar lagerinde ýerleşdirdiler.

Her gün Falun komunyñ kitaphanasyna giderdim. Bir gezek Türkmensähranyñ siýasy durmuşyna degişli sergini ýola goýdum we ýagdaý barasynda çykyş etdim. Oña şäheriñ siýasy partiýasyndan ylym adamlaryndan gatnaşdylar. Azatlyk radiosynyñ we Eýrandyr daşary ýurtlarda neşir bolýan gazet-jurnallaryñ habarlaryndan peýdalanyp, el ýazgy bilen “Türkmenistan-habarlar buletini” brüşüri neşir etdim. Soñra taýpe maşyn satyn aldym. Habarlar buleteni bir ýyl dowam etdi. Soñra “Türkmen ilim” jurnalyny çap edip başladym. Bir darajyk otagyñ içinde, bir ýatagymyz bir-de oturgyç bilen stol bardy. Ýeri gelende ýatlap geçeýiñ Swede ilkinji bolup gelen türkmenlerden Atageldi Garrawynyýa we Şahrokh Kamýaby agzap geçemegi zerur gördüm. Ata soñra biziñ terjimeçimiz-de boldy.

Umuman 1987-nji ýyldan soñra Swede köp sanly Türkmen gelýär. Olar 89-njy, 90-njy ýyllarda “Türkmenleriñ Medeni  Jemgiýeti” diýen toparlary döredip, medeni ugurlarda alada edip başlaýarlar, baýramçylyklary ýola goýýarlar.

  Howa, şeýdip günler, aýlar geçdi. 1992-nji ýylyñ 10-nynjy oktýabrynda Swediñ Falun şäheriniñ “Sätter” diýen şäherçesinde bize oturum berdiler we 1996-njy ýylda bolsa bu döwletiñ watadandaşlygyna kabul edildik.

Men durmuşymyñ başdan geçiren her bir pursatyny bu işde getirmegi makul görmedim. 1990-1996-njy ýyllar arasynda Türkmen bosgunlaryñ arasynda her ýylda diýen ýaly täze-täze toparlanşyk, bozlup aýrylyşmalar emele gelip, täze jurnallar neşir bolup, beýlekisi ýapylýardy. Bular baradaky maglumat ýeterlik derejede neşir edildi, islänler daşary ýurtlarda türkmenler tarapyndan çap bolan neşirlere bakyp bilerler.

GOŞMAÇA
Sapar hatybyñ ýatlamasy

“Men 1917/1296ş-ýylynda Omçaly obasynda doglupdyryn. Biz Tumaç tiresiniñ Guşly-kör şahasyndan bolýarys. 6 ýaşyma çenly dini mekdepde okadym. Kümüşdepede Rejep ahun Saýýadynyñ tagallasy bilen bir sany Türkiýeli mugallym jedidçe sapak berýärdi, onuñ 5-6 sany şägirdi bardi-Ahamat Garadagly we Ahmad Saýýady şolaryñ arasyndady. Ahunyñ bu işine garşy bolanlar, Türk mugallymy Gargy obasynyñ golaýynda öldürdýärler. Dini mekdepde Molla Mürze Guşly-da sapak berýärdi. 1927/1306-njy ýylda Halymjan Saýýady, Erejep Nazeri, Nepes Kemaly we Abdyrahman Farzane Türkiýä okuwa gidýärler. Ogalankam obamyz Omçalyda Dywana Pañ diýen birsiniñ howlusynda tuwut agajyñ kölgesinde ýaşullaryñ gurultaýy boldy, şonda men agajyñ üstünde çykyp, olaryñ gürrüñlerini diñledim, şonda “Osman ahuny ýolbaşçy edýäris, razymysyñyz” diýp, 3 gezek sorap eden maslahatlary henizem ýadymda.

  Türkmensähranyñ günbataryndaky obalar şol sandan Omçaly baslyp alyndy. Hojanepesde Hezretguly han atly-abraýly handy, Yrza şanyñ goşuny Omçalyda Nur ahunyñ ogly Köçek-Köri öldürýär, Omçaly-da Nurulla ogly Nasrolla diýen esger-de atylyp öldürildi. Molla Söýüniñ ogly Abdylkadyr-Nyýazy hökümete salgyt ýygnaýan we Gylyçmät Niýazy serbaz-esger ýygnaýan döwlet güllukçylardy. Türkmensährada soñra bar zat düýbünden üýtgedi. Täze hökümet haýal edmän ilki pars dilinde sapak berýän mekdepler açyp. Kümüşdepe mekdebiniñ ilkinji mugallymlary ýaver Menewçeher han emir paşaýynyñ ogly, Mehdi Emir paşaýy, sport mugallym gürjili Myr Azymdy. Türkmen mekdepleriniñ okuwçylaryny öñki okan ýyllaryny hasaba alyp, täze mekdeplere kabul etdiler. Netijede alty ýyllyk başlangyç mekdebiñ soñky examinini 1308/1929-njy ýylyñ başlarynda 3 sany klasdaşlarym Öwez Ensary, Sapar Ensary we Baýrammuhammet Müderresi bilen tamamladym. Hojanepesiñ ökde okuwçylaryndan Gubangylyç Moezzemi, Abdylkadyr Niýazy, Kerim, Nepes ahunuñ ogly Mejitdi. Başlangyç we orta mekdepleriñ soñky synagy Astrabatda alynýardy, şonuñ üçin bizi hem Astrabada alyp gitdiler. Syýnagý üstünlikli geçirenleriñ ene-atalarynyñ razylygy bilen olaryñ paýtagt Tahranda okymaklaryna rugsat berildi. Şol ýylyñ tomsunda Yrza şa Kümüşdepä gelende, Astrabadyñ harby häkimi palkovnyk/serheng Hekimi padyşany garşy almak üçin başlangyç mekdebi tamamlan 13 sany okuçyny getirip, nyzama duruzdy, olaryñ arasynda men-de berdym. Şonda häkim biziñ okuw ýagdaýmyz hakynda maglumat berip, Türkmensahrada orta mekdep bolmany üçin bizi bir ýere okytmaga ibermäge ýardam sorady. Padyşa hem: “bulary Tahranda okadyñ, Türkmenleriñ Tahran bilen gatnaşygy näçe köp bolsa şonça-da bize ýagşy bolar” diýdi. Bizden bir ýyl öñ 4 sany türkmen okuçyny Tahrana alyp gidipdiler. Olar Abdyrahman Farzane (ol soñra diş doktory boldy), Halym Saýýady, Rejep Nazeri we Gara Taagynyñ ogly Nepes Mämiýany (Mämiýany soñra Kemaly familýasyny aldy).

   Bizi gyşyñ ortalarynda Tahrana alyp gitdiler we haýal edmän okuwa ýerleşdiler. Alty ýyllyk orta mekdebiñ soñky syýnagyny 1315ş/1936-nji ýylyñ başlarynda üstünlikli tamamlap, ýokary okuwa başga-da 3 sany türkmen ýoldaşym Sary Gökleñi, Gurbanmuhammet Siveri, Aşurmät Mähşid, Gülmämmedi we Ylýas Magtym bilen harby fakultetde okyýp başlady.”

  Hökümet 1936-njy ýylda bie topar türkmeni şol sandan studentleri milli meseleleri gozgaýanlykda aýplap, tussag etdi. Şonda harby fakultetde okýanlardan Ylýas Magtym bilen Sapar Hatyby uzak saklanman boşadylýar, ýöne başgalar uzak wagtlap saklanýar, şolaryñ arasynda Türkyýede ýokary ylym alyp gelen Hajyhan-Nurgeldy Oguzy bilen Gurbanmuhammet Siveri zyndanda öldürşlýär.

  Biz Sapar däde-den Türkmen studentleriñ siýasy hereketleri we tutha-tutlyklaryñ säbibini soranymyzda ol pahyr şeýle gürrüñ beripdi:

“Hökümetiñ gizlin gulluklary Türkmen studentleriñ bir-birine ýazýan hatlaryny barlap, olaryñ arasynda milli meseleler hakynda bolup geçýän gürrüñlerden habarly bolup: “olary hak soramaz ýaly etmely” diýýär. Şol esasda türkmenler tussag edilýär. Bu hakda ýene-de şeýle gürrüñ ýaýrapdy- hökümetiñ plany boýunça parlamentiñ her saparky saýlawuna Mämet ahun Gürgeni ýeke-täk kandidat görkezlip, wekil bolup girmelidi. Türkmen studentleri bu işe garşy bolup, geljekgi saýlawa Abdyrahman Farzanany kandit etmeli diýp gürrüñ edýärdiler. Olaryñ bu pikri türkmenleriñ arasynda-da ýaýrap, goldanyp başlanýar. Bu hereketi edýänleri milli hak-hukugy ara atýan “pan türkistler” diýp, studentler garalanýar. “olaryñ öñüni wagtynda almasañyz soñra hökümete uly iş bolar” diýp, M.a.Gürgeni hökümete maslahat berýär, hatta para-peşgeş berdi diýen myş-myş gürrüñ-de ýaýraýar.

Şol wagt Eýranyñ siýasy liderlerinden “Dünýä” diýen siýasy-teorik jurnalyny çykarýan, 11-nji, 12-nji klaslarda “Servet” mekdebinde fizik mugallymym bolan we ylmy derejesi Berlinde alan Dr.Tagi Arany-da siýasy garaýyşlary sebäpli egindeşleri bilen zyndana düşüpdi. Olar “53-ler topary “ ady bilen tanalýardy. Olaryñ arasynda türkmenlerden hukukçy Annagylyç Babaýy-da bardy. Olar türmeden boşanlaryndan soñra kommunist garaýyşly “Tudeh” partiýany esaslandyrdylar. Annagylyç ilki şol partiýanyñ hataryndady, soñra ondan çykyp, hökümetiñ siýasatyny propaganda edýän “Demokrat” partiýasyna geçýär. Türmede menden: “Farzanany tanaýarmysyñ, “Ýaş Türküstan” jurnalyny okaýarmysyñ? (Bu jurnalyny Gazagystanly bosgun Mustafa Çokaý parisda neşie edýärdi. AG), Şurevide-SSSR-de bolduñmy we şm-ler soraglar soraglar soradylar. Olar meni uzak wagtlap saklaman okyýan ýerime iberdiler. Ylýas Magtymy iki aý soñra başatdylar, galanlary köp wagtlap sakladylar.” Diýp Sapar Hatyby-Sapar däde 1990-njy ýylyñ maý aýynda Aşgabatda öz öýünde gürrüñ berdi.

Tudeh partiýasynyñ harbylary öz hataryna çekme siýasaty esasynda Safar aga 1950-nji ýyllarda bu partiýanyñ hatarynda aktiv işleýär, ýöne soñra bu guramanyñ üsti açylýar we 1954-nji ýylda azeri aýaly-Patmany hem-de 2 sany gyýzyny goýup, Türkmenistana sygynýar., 3 ýyldan soñra Patma hanym gyzlary bilen Sapar aganyñ ýanyna gelmegi başarýar. Sapar aga Türkmen Döwlet Unyversitetiniñ taryh-hukuk fakultetini tamamlap, ylymlar akademiýada işleýär, taryh ylymlaryñ kandidaty bolýar we şondan pensiýa çykýar. Onuñ Aşgabatda 2 ogly bolýar ýöne olar türkmen dilinde gepläp bilmeýärler-diýp, Sapar aga gürrüñ beripdi.

Men şonda  ýaşy esli gaýdyşan Sapar agdan: “Sapar däde näme arzuwuñ bar” diýp soramda, gözüne ýaş aýlap: “wah, doglan obam Omçalada aýagym ýalañaç eýläk-beýläk ylgasam” diýpdi. Onuñ dädesi belli kümüş ustasy Arazgylyç ustadyr. Sapar däde 1995-nji ýylyñ 15-nji martynda/ 24 esfentde Aşagatbatda aradan çykdy we şol ýerde jaýlandy.

ILIMIN MERDANA ÝIGİTLERİNE!
golia@rferl.org

 

       [ Baş sahypa ]            [ Çap ]             [ Dostuňa ýolla ]

turkmensahra.org